12:54 Ýetim | |
ÝETIM
Goşgular
Köçe bilen tüp yssyda, syryp barýar bir oglanjyk, Deň-duş çagalardan üzňe.... Aryp barýar, haýal ýöräp. Ýolda delje bir zat görse, garbap alýar ol oglanjyk. Bir geňsije, hereketi. Käte togtaýar, aljyrap. Ýüzi salyk, egni gysyk. Hatda çetde adamlardan, Oýnaýmaly wagtydygy, onuň asla piňine däl. Iş buýursaň, höwes bilen kömegini gaýgyranok. Ýöne, welin etjek işi, öz güýjiniň deňine däl. Nebsin agyrdýanam-a bar, bu oglanyň ahwalyna. Käsi başyn sypap geçse, Golaýyndan kowýar käsi. Kim günäkär? Kim jogapkär? Oglanjygyň ykbalyna. ......Oglan welin dileg edýär, ýüregi ak, päk niýeti. - HIÇ BIR KIŞIŇ BAŞYNA ÇEKMESIN ÝETIM KYSMATY. Remezan MÄMETGURBANOW. | |
|
√ «Ha» harpy / Goşgular - 12.12.2024 |
√ Üçlemeler / Goşgular - 14.07.2024 |
√ Soñudagy / Goşgular - 06.07.2024 |
√ Ýar ýüzümi görüp derdi-gamymy bilse gerek... / Goşgular - 03.08.2024 |
√ Ýaşlyk döwrüň ýatlamasy / Goşgular - 03.06.2024 |
√ Ýadyňdamy, ajalyň?! / Goşgular - 19.07.2024 |
√ Мама, туркмена я люблю / Goşgular - 24.07.2024 |
√ Görüp göçmeli dünýedir / Goşgular - 29.05.2024 |
√ Bagş etdim saňa / Goşgular - 12.11.2024 |
√ "Watan howasyndan doýmadym hergiz..." / Goşgular - 02.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |