14:19 Ýetmişdörtlükde irkilseň.../ hekaýa | |
ÝETMIŞDÖRTLÜKDE IRKILSEŇ...
Hekaýalar
Jöwza. Ýetmişdörtlük. Ugrajak-ugrajak-da. Günüň ne eýläk, ne beýläk pursady bolandygy üçin, ýolagçy seýrek. Halys lüti çykyp gelýän gyz, ýüzüniň ugruna awtobusa girip gitdi. Güzaýdaky boş orunlaň birine ýerleşdi. Kellesini aýna ýaplady. Ymyzgandy... ***** Awtobus näçe emaýly ugrasa-da, löňküldewükde az-maz silkindi. Bimazalyk tapan gyz, gözüni açalak-ýumalak edip, töweregine nazar aýlady. Gapdalyndaky orunda, ýüz-keşbinden-ä özi bilen ýaşytdaşrak görünýän bir ýigdiň oturandygyny gördi. Özem ol, nämüçindir, çakgyň çüýi deý içiňden geçip gelýän garçgaýbakyş gözlerini jüýjerdip, oňa siňňitli seredýär. Gyz muňa birhili boldy. “Äý, bü-de bir tiktokçy bisum pikaperlerden ylham alyp, peşewi depesine urup ýören, çylkasyz süwümsiziň biridir-dä!” diýen, çyn ýürekden däl-de, öz-özüni köşeşdirmäge niýetlenen, kiçi dilden bärdäki oýlanma bilen ýüzüni terse sowdy. Emma, beýdeni bilen ünsi sowulmady. Dagy nä? Kim-de bolsa bigäne biri ýeňseçukuryňda siňek şapalaklajak ýaly bolup, çiňerilip otursa, senem şony mese-mälim duýup otyrkaň, ünsüň sowlarmy diýsene?! Gyz, demsalym, gaýratyny jemläp, içinden özüne meçew berip oturdy-da, birdenem ýalta bärisine bakdy. “Nä seredýäň? Ejeňi ýa bajyňy gördüňmi?” diýmekçi bolan sözlerini, soňky pursatda birneme ýumşagrak jümlä çalyşmaga ýetişdi: -Näme seredýäň? Tanajak bolýaňmy? -Jykk,-diýip, bihaýa oturdaşy henizem oňa mäzerilip oturmasyny bes etmän, göwnübir jogap gaýtardy. Onuň bolşy gyzyň hasam çetine degdi: -Näme “jykk”? Ýa nä, sorag berlende düzüwje jogap gaýtarmany ejeň-kakaň öwretmedimi? -Öwretdi. Şol bir biperwaý bakyş. Parhsyz äheň. -Öwreden bolsalar nä, ibaly jogap bermiýäň, hä?! -“Jykk” diýdim-ä. -Nä: “jykk” diýeniňden jogap bolýamy? -Howwo. -O nähili “howwo-aý”? -“Howwo” bolsa “howwo” bor-da. Nä dagy, “howwaňam” nähilisi bolar ýaly, “howwo” diýilýän zadam sort-sortmy? Garaçygyna jiňkermegini ýekeje pursadam kesmeýän bi bihaýaň bolan bolşy, gyzyň janyna batdy. Ol: -Sen-ä wara, barypýatan sammygyňam “kançita” diýilýän gömüginiň biri ekeniň-le! Ýa-da wäpşe tükenen ku-kuw bolaýmasaň...-diýip, eşidiler-eşidilmez hüňürdedi. Süýem barmagyny çekgesini eltip, eýläk-beýläk towlady. Soňam: “Özüňem göwnüme bolmasa, şuwunjyk dälihanadan birküç günlük kanikula goýberilen bolmagyň ahmal” diýip, içinden öňki sözleriniň üstüni ýetirdi. “Seň bilen gep gutardy” diýýän terzde, siltenjiräp tersine döndi. ***** Şo pille-de, gyzyň öňündäki dikdurma meýdançajykda duran erkek kişi, hiç kimiň ýüzüne-de äňetmän, hamana öz-özi bilen gepleşýän ýaly edip, temegini ýokaryk tutup durşuna hüňürdedi: -Şü zamanyň maladoýlaram sapsym sapsym-laý! “Yzwinite-pažalyssaň” nämediginem bilmeýän sähneler-le, bular! Iň bolmanda göwreli aýallara-da orun berjegem bolmyýalar. Gyz assyrynlyk bilen gürläne tarap gözüniň gyýtagyny aýlady. Kelles-ä şyrky çykan kepkaly. Jalbary - göleçeýnän, reňňi solak-çal jinsi. Egninde-de şo matadan, ýeňidir-etegi ütüm-ütüm jilisge. Sesem edil ýöne, azyndan iki ýüz elli ýyllap çilimzäwutda dadyjy bolup işläniňkä çalym edýär. Ütük görmedik türsik ýaly eplik-ýaplyk ýüzündenem näçe ýaşyndadygyny çen eder ýaly däl. Gabak astyndan ogrynça ýakyn töweregine garanjaklan gyz, golaýynda hamyla hatyn görmänsoň, geňirgendi. “Bih! Golaý-goltumda aýagy agyr aýalam-a görünmeýär welin, bü daýy kime diýip diýýäkä?!”. Onýança-da gyzyň töwereginde tyrpýan nazary, şol türşekkeşp erkek kişiň deriň deşigine meňzeýän gözleriniň yşyrawuk-garaýyşy bilen pete-pet geldi: -Saňa! Saňa diýýän, dewyçka! Nä, wo-perwyh-a özüňden starşylara, wo-wtoryham položenýadaky ženşynalara awtowuzda meste bermegiň abýazatelnydygyny tebe raditelleň aýtdy ýokmy? Ýa barmy?!-diýip ol, gyzyň göni garaçygyna dikilip, üstüne abanyp durşuna, edil bogazynda çäge bilen çagyl garýana dönüp, gyryk sesini gyjyrdatdy. Gyz aljyrady. Şo sebäplem näme diýjegini bilmän, boýnuny içine ýygryp jyňňyldady: -Daýy...bi...neme...men ýerimi berjek-le welin...hany bü...hamyla gelni göremog-a... Türşekýüzüň keşbiniň gasynlary hasam mürşerdi: -Smatrite kakaýa sen, naglaýa, bessowestnaýa gyýyzjagaz keniň! Wapşe utandyňam ýok keni! Prýamo lisoma smatrit bar edip, maňa: “dýadenka” diýip dur-a, bi utandysy ýok dewyçka! O Gospodi Hudaýym žan Allahym! Mürşükýüzüň diňe şu sözlerinden soň gyz, ilk-ä onuň jilisgesiniň astynda güberipmi ýa salparypmy, aý garaz, tümmerib-ä duran döşüne, soňam, gabaryp öňe çykýan garnyna üns berdi. Onuň ýüzi uýalmakdan ýaňa boz-ýaz boldy. Ol oturan kürsüsinden zompuldap çüý çykan dek, ynjalyksyz oýkanjyrady-da, başagaý bolup dikeldi: -Geçäýiň daý...wiý, bagyşlaň, daýza! Men görmändirin... -Hä-ä, seň ýaly newaspitannyý dewyçkalar, görmersiňiz...-diýip hüňürdeýän, erkek käşir kamatly:g, kürşükkeşp ýolagçy, diksöýegiň daşyndan aýlanyp özüne berlen orna geçmäge başlady. Ýaňy münende gowuzam bolsa, eýýäm haçan dyknyşyk bolmaga ýetişen awtobusda dik duranlary iteleşdirýän gyzam, çyr-çytyr çykjak bolup dyzady. Şol müddetem, ýaş ýigit halyna gapdalyndaky orunda, hamana bu zatlaň özüne jinnekçe-de dahyly ýok deýin, biperwaý oturanyň, henizem özüni gözleri bilen burawlaýandygy, aljyraňňy gyzyň gözüne ildi. Jany dagy ýanaýdy. Bü-ýä gyz halyna öljek bolup, ýaňky erkeksypat kişä ýer bermäge çytraşýar. Bü nekgende bolsa, boýun-a syryk ýaly, gözünem aryň neşderi ýaly edip, azaryna-da däl. Gaýta şo bihaýalygy bilen, müýnürgemän, ýene-de oňa jiňkermeginem dowam eden bolup otyr-a... Gany depesine urup, girre gahary gelen gyz, gözünden ot syçradyp, ol süwümsize jabjynmak üçin kükregini howadan doldurdy. Oň ýüzüni demir darak bilen darana dönderäýjek: “Öýüňe bar-da, ine şeýdip ejeňe jikjer, bajyňa jikjer! Bolýamy?!” diýene kybapdaş awuly sözleňem birnäçesini tapyp, diliniň ujuna mündürip goýdy. Emma, ýetişmedi. ***** Gözüniň içine dikilip oturan haýasyz ýigit, birdenkä, göwresine gelişmeýän inçejik aýal sesi bilen seslendi: -Gyzym! Gyzym diýýän-ä! Sen-ä ýaman arkaýyn ýatyrsyň welin, düşmeli duralgaňdan geçip gidäýme, birden! Dessine-de kimdir biri ony yralady. Ol allaniçigsi bolup oýandy. Ukyň arasynda özüniň nirededigi birbada ýadyna düşmedimi nämemi, heniz ukudan doly açylmadyk howsalaly gözlerini çar ýana alakjatdy. Awtobusda oturandygyny, gapdalyndaky özüni yralaýanyňam orta ýaşlaryndaky aýal maşgaladygyny saýgardy. Howul-hara daşaryk nazar oklanda-da, awtobusyň nätanyş bir ýerde durandygyny aňşyrdy. “Geçip gidipdirin!!!”. Depesinden gaýnag suw guýlan ýaly boldy. Hasyr-husur ýansebedini gujaklady-da, özüni oýaran daýzany iteleşdirip, oňa hatda “sagbolsun” aýtmagy-da huşundan uçuryp, oturan ýerine ýakyndaky awtobusyň ortaky çykalgasyna dyzady. Çykdy. Ynjaldy. Birdenem aňk-taňk boldy. “Wah-heý! Geçip gitmändirin eken-ä! Awtobus heniz ýaňywir şäherden çykypdyr-a! Düşmeli duralgasyna çenli ýene-de ýarymsagatlyk ýol bar-a...”. Ol täzeden ala-başagaý bolup, gapylary ýapylyp ugran awtobusa ylgady. Onuň yzky gapysyndan aslyşyp, pişiksygar yş galanda zordanjyk sümülmäge ýetişdi. Diksöýegden ýapyşyp, itinişip durşuna, göwnüne bolmasa hemme kişi kinaýaly ýylgyryş bilen özüni synlaýan ýaly boldy. Gyzardy. Uludan demini aldy. “Toba etdik, Hudaýym!” diýip içinden ýeňillikli oýlananda-da, bada-bat hyýalynda, şuň ýaly birzatlar bolanda hemişe ýakasyna tüýkürmäge howlugýan enesiniň keşbi peýda boldy. Dessine-de ol keşbe, edil multfilmlerdäki ýaly jan girdi. Enesiniň multik-şekili, munuň çagalygyndan hakydasynda galan endikli hereket bilen göwşüllän köýneginiň ýakasyna elini ýetirdi-de, “tüf-tüf” diýip, üç mertebe gülkünç tüýkürdi. Awtobusyň girelgesinden öňe süýşmäge mümkinçiliksiz, demini dürsäp duran gyzam, nädip multik-şekiliň hereketini aňynda gaýtalanyny, özem duýman galdy. “Tüf-tüf-tüf...Gara basan ýaly bolaýdym-la, gyz!...Bolsa-da şeýtan oýnap, jokrama epgekde ýolda galmadym. Yzyma münmäge ýetişdim. Ýogsa, indiki awtobusa garaşyp, esli durmaly bolardym”. Birdenem, ýaňky bihaýadyr, türşekýüz ýadyna düşdi. Ol janyny barlap görmekden ötri, boýnuny süýndürip, özüniň ilki oturan ornuna tarap seretdi. ***** Öňki orny gözüne kaklyşan dessine geň galmakdanam beter elheder almakdan ýaňa, depe saçynyň dikgerýändigini aýdyň syzdy. Ýaňy özüni oýaryp, awtobusdan düşmäge iteren ak mapraç aýalyň ornunda-ha, şol öňki bihaýagöz bisyrat otyrdy. Oň gapdalyndaky oturdaşam kürşükkeşp, erkeksypat zenandy. “Bih! Men entegem oýanman ýatyrmykam...” diýen ünjüli oýlanma bilen, ol süňňüni gaplan ysgynsyzlyk zerarly, şo tarapdan nazaryny sowjak bolanam şoldy welin, birdenkä, ýaňky bihaýa oturdaşy bärisine bakdy. Ýüzüniň ugruna-da, gözlerem göz däl-de, lokatormy ýa-da radar ýaly köpüň arasyndan onuň ýüzüni tapdy. Bada-badam birek-biregiňkä bakyşlaryny ilişdirip-çigişdirip taşlady. Demsalymlyk gyzyň nazaryny özüniňkä ýüpsüz örkläp saklandan soňam, ýeserlik bilen gözüni gypdy-da, öňlügine öwrüldi. ***** Özi bilen bolup geçýän alasarmyk hadysadan uç çykaryp bilmän, äm-säm haldaky gyz, heniz oýadygyny ýa ukudadygyny kesgitläp ýetişmänkä-de, birdenkä, özüniň pugta ýapyşyp duran diksöýegini kimdir biriniň özüne tarap, bar güýji bilen dartýandygyny duýdy. Geň ýerem, awtobusyň astyna mäkäm berçinlenen, demirden diksöýeg, ojagaz-bujagaz güýç görkezilenini piňine-de alman, butnaman durmagyň deregine, şol dartylýan tarapyna ýeňillik bilen süýşýärdi. Oslagsyzlykdan ýaňa näme edýändigine-de düşünmedik gyz, içeriligine garşy süýşýän diksöýegi goýbermegiň deregine oňa hasam berk ýapyşyp, ony nämüçindir özüne tarap çekdi. Şol müddetem diksöýegiň dartylýan tarapyndan erkek kişiň nägile sesi geldi: -Kim oýun edýänem bolsa-haw, mazgini trambowka etmäň-de-haw, goýweriň-haw! Meň kuhny garnyturymyň stoýkasy bilen näme işiňiz ba-haw?! Nä, ýa size stoýkadan başga güýmenje tükendimi-haw?! Gyzyň ýüzi şugundyr çalnana döndi. “Wiý-ý, masgara! Bir bendä-hä aşhanasynyň söýegini dikligine saklap äkidip barýan ekeni. Menem ony awtobusyň diksöýegidir öýdüp, aslyşyp durupdyryn...”. Ýyldyrym çaltlygynda şu pikiri kellesinde aýlap, elini sypdyranam şoldy welin, bu gyzyňkam “ýeser ýerde gaý tutdy” diýilýänine döndi. Öňüne ulag çolaşdymy ýa-da başga bir sebäpdenmi, häzire çenli endigan taýyp barýan awtobus birdenkä silkinip gitdi. Beýle herekete garaşmadyk gyzam, tas, öňündäki kürsüde, köne papagyny başyna çümrüp, myrlap ýatan gartaşan adamyň arkasyna hopba bolýardy. Hernä, onuň çigninden penjeläbem bolsa, zordan saklanmagyň hötdesinden geläýdi. Ýogsa, bü wejeralygam öňki oňaýsyzlyklarynyň üstüne urna boljak. Ýa, bu bolup geçýän zatlar düýş bolsa, onda bärde näme edeňde-de, nähili bolaňda-da, masgaraçylagam, abraýçylygam ýokmuka?! Gyz, öz-özüne içinden beren bu sowalyna jogap tapmaga ýetişmedi. Onuň çigninden penjelän kişisi tisginip oýandy-da, töweregine gözlerini elek-çelek etdi. Birdenem onuň çar ýana alakjaýan nazary, gapdalynda, onuň kürsüsine direnip diýen ýaly duran, takmynan dokuz-on ýaşlaryndaky ekiz oglanjykda büdredi. Oýaly-ukuly ortak haldalygy zerarlymy nämemi, o kişi, ojagaz oglanjyklara gözi kaklyşandan, yllabir dogup-döräp görmedik geň-enaýy mahluklaryna sataşan dek, göreçleri hanasynyň içinde giňäp, petredi. Ojagazlaň sypaty-keşbi, birneme täsinräk diýäýmeseň, şu derejede haýranyň hekgererlik zat ýokdy. Ikijigem, gözi lokga äýnekli. Ýiti saryreň, ýeňsiz, tyrryk köýnek, ýiti bägülreň, gysbygonç, tyrryk balak, jim-ýaşylam köwüş. Ikisiniň saçam, syrmaň bäri ýanynda edilip, tekiz deňlenen. Ikisiniňem çekgedir ýeňse saçynyň ýüzüne möýüň şekili çyzylypdyr... Emma: “dünýäň her bir zady şahsy kabul edişiňe bagly” diýilýäni çyn bolmaly. Üstesine-de o kişiň agzyndan, üsti-başyndan aňkap duran aragyň, der gatyşykly ýürekbulanjy ysam, onuň bu mahal diňe bu oglanjyklaň sypatyny däl, eýsem başga-da gaty köp zatlary iňňän we iňňän özboluşly “kabul edýändigini” aňladýardy. Papakly kişi, oglanjyklardan nazaryny sowup bilmän gözüni mäzerdip oturşyna, sähelçe-de gymyldamaga milt etmän, guran agzynda çişen dilini pakgyldadyp, howatyrly pyşyrdady: -Eý! Siz uçýan tarelkaçylarmy-y-y, hä-ä-ä?!... Bärisinden seretseň, lokga äýnegiň aňyrsyndaky gözjagazlary bolşundan bäşbeter äpet görünýän ekizjeler, bu gapdallarynda oturan papakly, porsy daýy:ň özlerine näme diýýändigine gulak gabartjagam bolmaýardylar. Şoň üçin olaň ikijigem sesini çykarmady. Ýöne, olaň depesinden garap duran, ýüz-keşbi olara çalymdaş, daýaw pyýada – megerem, zanny-ýasawy boýunça henekçil, degişgen adam bolara çemeli – papaklyň sowalyny jogapsyz galdymady: -Howwa, biz başga planetaly! Olara tiňkesini dikip oturandygy sebäpli, ojagazlaň agzynyň gymyldamaýandygyny görýän papakly, bu geplemezden diýlen, özem gabat-garşysyndan däl-de, niredendir bir ýokardan eşidilen owaza, hasam haýykdy. Ol düýrügip, papagyny gözüne çenli sümürdi. Soňam kürsüde aşagrak çümrüldi-de, takdyryna ten berip, janyndan ymykly umydyny üzeniň äheňinde, deramatsyz jyňňyldady: -Haýsynnan?! -Alfa Sentawra ýyldyzlar toplumynyň Sirkoniý planetasyndan. Serhoş kişi munuň bilenem lalyny açyp oturaýmady: -Onna bizem şumat uçýan tarelkada barýasmy? -Howwa. -Onna, nä bi munymyz awtowuza meňzeýä? -Sebäbi bi uçýan tarelka, Zemin saýýarasy bilen Sirkoniý planetasynyň arasynda yzygiderli gatnaw ugry boýunça ýolagçy gatnadýan älem gämileriniň biri-dä. Bu gepleşigi diňleýän daş-töwerekdäkiler “kikir-de-kikir”, çasly gülmekden zordan saklanýarlar. Papakly kişi bolsa, halys depesine uran meýiň humaryndanmy nämemi, hiç zady duýanogam, görenogam. Gaýta sesini endiredip, ýene-de sorag bermegini dowam edýär. -Nomury näçelik? -Ýetmişdörtlük. -Gopdy-y-y!!! Papakly serhoş, şol oturyşyny üýtgetmän maňlaýyna şapylatdy: -Inni öýe haçan dolanarys-ow! Bäh! Baraňsoňam-a öýdäki: “Şumad-a çenli haýsy çüýşedeşiň ýanynda güm bolup gezziň!” diýip, etimi iýer-o-o-ow!!! “Uçýan tarelkaçylaň ýetmişdörtlügi ogurlap äkitdi-ow, meni-i-i...” diýip, näçe käkeleseňem, ölse-de ynanmaz-o-o-ow!!!... Ol şeý diýip naýynjar hümürdedi-de, ýene-de kellesini aýna ýaplap, myrlamaga başlady. ***** Bu bolýan zatlary dykgatly synlap duran gyz: “Bäh, bu düýşüň jikme-jikdigini-i-i! Hemmeje zat edil oýalykdaky ýaly düşnüklije-laý, walla!” diýip oýlananam şoldy welin, awtobus nobatdaky duralgaň deňesinde togtady. Hiç kim düşmedi. Onýança-da awtobusyň öňdäki gapysyndan täsin sypatly, takmynan otuz-otuz bäş ýaşlaryndaky pyýada girdi. Täsinligem, boýnundan üsti açyk, mejimepisint, agaç guty asylgy. Onuň üstünde-de mazaly ütülip-arassalanyp, gowrulan möjek kelleleri düzüm-düzüm. Gire-girmäşe-de, burnuna salyp, myňňyldap harydyny mahabatlandyryp mübäreklemäge başlady: -Hanymlar we jenaplar! Ýoluňyz haýyr bolsun! O kadar büýakga kelip duruňlar! Eger-de gurt ýaly gurgun bolaýyn diýseňiz! Eger-de böri deýin batyr, möjek deýin mert, sagdyn bolaýyn diýseňiz! Onda, o kadar munda kelip duruňlar-da, çişlige düzülmiş möjek kellesini alyňlar! Onam merhemet eýläňler-de, symyşlap duruňlar! Hanymlar we jenaplar! O kadar noşlar olsun, kardaşlar!... ***** ...Gyz düşünmedi. Düşünjek bolup beýnisine agram salyp ugrandanam kellesi agyryp oýandy. Gözüni açalak-ýumalak edip, aýnaň aňyrsyndan kera-mara ýüzüp barýan dünýä sereden dessine-de heýýaty uçdy. “Hiýh! Ýetip barýan-a!”. Sebediniň sapyny gysymyna gysdy-da, dikelip, çykalga garşy süýşüp ugrady. “Toba etdik, Hudaýym!” diýibem, awtobusdan düşüp barýarka oýlandy. Şo pille-de, ýene-de hemişekisi ýaly enesiniň “tüfleýänçi” multik-şekili hyýalynda emele gelip, ýüzüniň ugruna-da herekete girdi. Eneli-agtyk ikisi, gyzyň hyýalynda: “tüf-de-tüf” bolşup, “tüflemek” keýpinden çykdylar... Gyz köçäň ugry bilen öýlerine garşy uz basyp seýkin ýöräp ugranda, nämüçindir, az-kem sägindi. Gaňrylyp, ýola düşen awtobusyň yzyndan çiňerildi. Birdenem... Belki göwnünedir, belki hakykatdanam şeýledir, awtobusyň yzky aýnasyndan özüne tarap siňňitli garaýan, hälki oturdaş ýigdiniň bihaýa bakyşy bilen nazary çaknyşdy. Gyzyň aýaklaryndan ysgyn gitdi. Hyrra yzyna aýlandy. Nämedir bir zatdan gaçýan ýaly haýdaşlap barşyna-da, öz-özünden nägile pikir öwürdi: “Ine-dä ýetmişdörtlükde irkilseň...”... | |
|
√ Ahmyryň awusy / hekaýa - 13.01.2024 |
√ Gargyş mama / hekaýa - 13.09.2024 |
√ Kakama meňzeş adam / hekaýa - 09.11.2024 |
√ Tagmaly gyz - 09.08.2024 |
√ Başga tarapyndan seret... / hekaýa - 20.12.2024 |
√ Mazarsyz galan adam / hekaýa - 09.11.2024 |
√ Ýolbars / hekaýa - 17.12.2024 |
√ Ýene haýwanam diýjeksiň... - 05.10.2024 |
√ Ynsap bizden aýrylmasyn... / hekaýa - 14.12.2024 |
√ Ýazyjynyň durmuşyndan bir parça / hekaýa - 25.11.2024 |
Teswirleriň ählisi: 2 | |||
| |||