02:17 Yhtylajnama | |
YHTYLAJNAMA
Häzirki döwürde ylym-bilim ulgamynda beýik özgertmeler durmuşa geçirilýär. Taryhymyzy, medeni mirasymyzy, taryhy şahslarymyzyň ömür ýollaryny, olaryň eden ägirt uly işlerini öwrenmek we halkymyza ýetirmek işlerini Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty amala aşyrýar. Bäş müň ýyllyk şöhratly taryhymyzda beýik türkmen alymlary, şahyrlary, edebiýatçylary taryhyň dürli döwürlerinde, dünýäniň dürli künjeklerinde özleriniň bahasyna ýetip bolmajak eserlerini miras galdyryp gidipdirler. Biz hem institutymyzda öz taryhymyzy çuňňur öwrenmek üçin daşary ýurtlardan getirilen golýazmalary arap, pars, köne türkmen dilinden häzirki zaman türkmen diline terjime edýäris. Şol terjime edilen golýazmalaryň biri hem «Yhtylajnama» eseridir. Bu iş «Yhtylajnamanyň» türki dilde ýazylan golýazma nusgalaryndan ýerine ýetirildi. Yhtylaj ylmynyň meselelerini beýan edýän eserler «Yhtylajnama» diýip atlandyrylýar. «Yhtylaj» sözi «titremek», «damar çekmek», «tirpildemek», «gijemek» diýen ýaly manylarda ulanylýar. Köne türkmen dilinde «yhtylaj» sözi «segremek» sözi bilen berilýär. Bu sebäpden türkmenler geçmişde «Yhtylajnamany» «Segernama» diýip atlandyrypdyrlar. Bu kitaby gadymy ýunanlar we hindi hekimleri ulanyp, tejribe arkaly hem synlap görýän ekenler. «Harun Reşid bu kitaby hiç haçan öz ýanyndan aýyrman saklap, bu kitaba buýsanardy» diýen maglumatlar orta asyr çeşmelerinde aýdylýar. Kim ýola çyksa, sapara gitse, bu kitaby ýany bilen alyp gidýän eken. Bir ýeri agyran, gijän ýa-da damary çeken adam kitaby açyp, özlerine degişli ýerlerini tapyp, ondan peýdalanar eken. «Eger bir kişiniň maňlaýy gijese, çekse, onda ol adamyň baýajakdygyny aňladýar, ýagny ol adamyň mertebesi we döwleti artar. Eger ýeňsesi çekse, ol adam biraz gaýgylanar. Eger sag gulagy çekse, ol kişi şatlykly habar eşider. Eger çep gulagy çekse, ol kişi gaýgy-gama batar. Eger kimdir biriniň sag gaşy gijese we çekse, ol kişiniň döwleti artar we şatlanar. Eger çep gaşy gijese ýa-da çekse, ol adamyň mertebesi artar. Eger bir adamyň sag gözüniň içi gijese we gyzarsa, onda ol kişi öz ýaramaz endiklerini taşlar, gowy işleri etmäge çalşar. Eger bir adamyň çep gözüniň içi gijese we gyzarsa, ol arzuwyna ýeter. Eger bir adamyň sag gözüniň gabagy çekse, ol kişä ýakynda bir ýagşylyk garaşýar. Eger bir kişiniň çep gözüniň gabagy çekse, ol adam bir saý-sebäp bilen gaýgy-gama batar. Eger bir kişiniň sag ýaňagy çekse ýa-da gijese, onda ol bir etmesiz iş eder, ýöne soňra özüniň şol eden işine puşman eder. Eger bütin ýüzi gijese, ýagny ýüzüniň hemme ýeri birden gijese, ol adam baý bolar we hiç kime mätäç bolmaz. Eger dodagyň ýokarsy gijese, ýiten kişi tapylar, ýagny bir kişi öz ýitiren, haçandan bäri gözläp ýören adamsyny tapar. Eger dodagyň aşagy gijese, sen hüşgär bol, sebäbi seniň ýanyňa bir duşman golaýlaşýar. Eger iki dodagyň hem bile gijese, saňa bir döwletli adam öz peýdasyny ýetirer. Eger seniň eňegiň gijese, saňa bir gowulygyň boljagydyr. Eger diliň gijese, bir arzuwyň hasyl bolar. Eger bokurdagyň gijese, agzyň aşa ýeter. Eger bokurdagyň sag ýany gijese, ol adam uzak ýaşar» diýip, Hindi alymlary aýdypdyrlar. Eger seniň sag omzuň, ýagny egniň çekse ýa-da gijese, onda geljekde baý bolarsyň. Eger seniň çep egniň çekse, gijese, onda sen bagtly bolarsyň. Eger iki omzuň hem birden çekse, gijese, onda seniň bir adam bilen sözüň alyşmaz. Eger bir kişiniň sag tirsegi gijese, ol gaýgylanar. Eger bir adamyň çep tirsegi gijese, ol kişi şatlanar we öz eden işine buýsanar. Eger seniň eliň sag aýasy gijese, onda seniň rysgal-döwletiň artyp, malyň köpeler. Eger çep aýaň gijese, derdiňden gutularsyň. Eger sag eliň aýasynyň arka tarapy gijese, onda bu gaýgydan nyşan. Eger çep aýasynyň arka tarapy gijese, çekse, bu şatlykdan nyşan. Eger arkasynyň sag tarapy gijese, onda Allatagala oňa rehmet eder. Eger arkasynyň çep tarapy gijese, bir adam oňa bir arzuwynyň hasyl bolmagyna kömek eder. Eger bir adamyň sag aýagy gijese, ol adam bir gaýgydan gutular we aladasy azalar. Eger bir kişiniň çep aýagy gijese, uzak ýere sapara giden ogly gaýdyp geler ýa-da öňden bäri ýitiren dostuny tapar. Eger bir kişi öz ýüreginde agyry tapsa, ol adam bir gaýgyly hadysanyň şaýady bolar. Eger sag injiginiň damary çekse ýa-da injigi gijese, ol adamyň şatlykdan ýaňa gözleri nurlanar. Eger çep injigi gijese ýa-da damary çekse, ol kişi söweşde ýeňiji bolar. Eger seniň sag dyzyň gijese, gaýgy-gama batarsyň. Eger çep dyzyň gijese, bir duşmanyňdan dynarsyň. Eger iki dyzyň hem bile gijese, onda bir ýerden başga bir ýere göçersiň, jaýyňy täzelärsiň. Eger sag topuk gijese, rysgal geler. Eger çep topugyň çekse, gijese, onda sen bir gaýgyly habar eşidersiň. Eger seniň sag ökjäň çekse, gijese, hoş habar eşidersiň we keýpiň göteriler. Eger seniň çep ökjäň çekse, gijese, sen bir gürlemesiz gep gürläp, özüňe duşman gazanarsyň. Eger bir adamyň sag aýagynyň dabany gijese, ol bir uzak ýere sapara gidip, gowy zatlary getirer. Eger çep aýagyň dabany gijese, baýarsyň, rysgalyň köpeler. Eger seniň sag gaşyňdan bir gyl gaçyp, ýüzüňe düşse, bir begençli, şatlykly habar eşidersiň. Eger-de çep gaşyňdan bir gyl gaçyp, ýüzüňe düşse, bir ýere gezelenje gidersiň. Eger bir kişiniň sag gözüniň gaş bilen gabak arasy gijese, çekse, eden işleri oňuna bolar. Eger çep gözüň gaş bilen gabak arasy gijese, onda sen göreşde ýeňersiň. Jennet BABAÝEWA, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň ylmy işgäri. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |