Y K B A L
Agalynyň ýeňil taksä erk edip ýörenine üç ýyla basalykly wagt bolupdy. Indi-indiler-ä bu işiň abyny-tabyny ele alyp, öwrenişibem gidipdi. Bolmasa, ilkibaşlar bi iş oňa garaňky bolup görnüpdi. Dogrudanam, sürüjilik ýeňil-ýelpaý iş däldi, kyndy, jogäpkärlidi. Gijesi bilen işlenilýän günlerem bolardy. Şonda ol her tüýsli, dürli häsiýetdäki adamlara-da gabat gelerdi. Olaryň arasynda uzak ýoluny dymyp geçirýäni hem bardy, seniň bilen gürrüňe gyzyşyp, ulagyň içini alaýaza öwrüp oturanam tapylýardy. Atalarymyz ýöne ýere “Söhbetdeşlik ýoly gysgaldar” diýmändir. Ýeke özüň içiňi gepledip gitmekden ýaman zat ýok, ýekelik giň dünýäňi daraldýar.
Agaly turuwbaşdan galjaňdy, işine höwesekdi, adamlara hyzmat edip, sag bolsun alyp bilse, armany ýokdy. Arada ak saçly, ýüzi nurana bir enäniň maşyndan düşensoň agyr ýüküni göterip öýüne eltip berende, ol aýaldan eşiden alkyşlaryny, meger ýadyndan çykarmasa gerek. „Biz garryny sylany Alla-da ýalkar! Iň ýakyn zamanda taýyňa sataşarsyň. Nesip bolsa, kaka-da bolarsyň!“. Agaly onuň alkyşlaryny şol günüň özünde ejesine-de ýetirdi. Ejesem bu gürrüňi gowulyga ýazdy. “Garry ene müň bir kerem mamla, taňryýalkasyn.Ýamanlyk ýüzüni görmesin. Hakyt, perişde bolup sataşypdyr-a! Ýüregim bolupdyr! Ýogsam, meniň oglum nire, öýlenmek, ata bolmak nire?“.
Agaly soň-soňlaram garry enäniň sözlerini ýatlap kän gezdi. Haýp, gaýdyp oňa ýolda-yzda gabat gelmedi. Bir günem „Şol garryny idäp, ýanyna baraýyn. Kimmişin ol meniň taýym? Men ol gyza haçan duşaryn? Garry ene muny hökman biläýmeli, bolmasa, ol bu sözleri maňa kakdyryp aýtmazdy. Aý, onsoňam, meniň ony idäp barşym, köneden tanşyň bilen salamlaşyp, halyndan habar alyp gaýdan ýaly bir zat bolar-da. Ol meni tanar. Tanamasa-da, men oňa duşan günümi hemem maňa eden alkyşyny ýatladaryn. Onsoňam garry adamdyr-da, belki onuň odur-budur mätäç zady bolmagam ahmal“ diýip, garryny maşyndan düşüren ýerinde saklandy. Maşyndan düşübem onuň ýüküni göterip äkiden öýüniň gapysyny kakdy. Haýp, içerden ses-seda çykmady. “Kim bar öýde? Adam barmy?“ diýip gygyrdy. Onuň sesine garşydaky öýden gartaşan bir aýal çykdy. Agaly oňa salam berdi hem-de özüniň kimi soraglap gelendigini aýtdy. Goňşy aýal geňirgendi.
--Oglum, siz haýsy enäniň gürrüňini edýärsiňiz? Bu öýde indi telim ýyllar bäri hiç kim ýaşanok. Dogrusy, ilki-ilkiler-ä bu ýerde bir garry ene ýaşapdy. Pahyryň çaga-çugasam ýokdy, bir özüdi. Ýöne onuňam dünýäden ötenine köp ýyllar boldy. Bende, gowy, salyhatly, perişde ýaly aýaldy.
--Daýza, bu nähili beýle bolýar-a? Men ony geçen ýekşenbede maşynyma mündürdim, hut şu gapa çenlem onuň agyr ýüküni göterişdim. Maňa-da köp-köp alkyşlar etdi. Bu barada ejeme-de aýtdym.
--Oglum, sen ýalňyşýaň. Bu mümkin däl. Sen baran gapyň başga ýerdedir. Görýäň-ä, bäride yns-jyns ýok. Jaýyň gulpunyň açaram honha, eýwanyň pürsündäki çüýde asylgy durandyr. Içinde düzüwli öý-goşam ýok. Arada goltugy papkaly bir adam gelip, bu köne jaýyň birmahallar hasapdan öçürilip, ýykylmaga degişlidiginem aýdyp gitdi.
Agaly pyrlandyryp goýberilen adam ýaly boldy. Asyl gulaklarynyň eşidenine ynanmady. Gelibem gören-eşidenini ejesine habar berdi. Ejesem „Oglum, şo gekki ýolda duşdy diýýän aýalyň ýagşyzada bolaýmasyn?!“ diýdi.
...Güýzüň başydy. Agaçlardan tänip düşen ýapraklar ýeriň ýüzüne seçelenip-seçelenip gidýärdi. Agaly maşynyny özüne uly ýoluň gyrasynda elini galdyryp duran gelniň deňinde saklady. Gelniň hamyladygy köre-hasady, ol köýnegini gysybyrap durşuna özi bilen maşynyň öňki gapysynyň açyk aýnasyndan habarlaşdy. Gitjek ýeriniň salgysyny berdi.
--Münüň!
Gelin hyk-çok bilen maşynyň yzky oturgyjyna geçip ornaşdy. Maşyn ýerinden gozganyp, haýallyk bilen ýola düşdi. Asyl ol şondan soňam tizligini gataltmady. Hamala diýersiň, müşderi ondan maşyny ýuwaş sürmegi haýyş eden ýalydy. Ýogsam, olaryň arasynda hiç bir gürrüň bolmandy. Aram-aram maşynyň aýnasyndan gözüniň gytagy bilen gelni synlaýardy. Ol megerem, on dokuz-ýigrimi ýaşdan uly däldi, at ýüzli, uzyn boýly, gyrmyzy köýnekli, başynda gyzyl öýmesi bardy, syratly, görmegeý, göze ýakymly maşgalady. Ýöne onda hiç bir rahatlyk ýokdy, ýüzüni görüp halyny sorabermelidi. Birhili galagoplydy, akmeňiz ýüzüni alada-ünji gaplapdy. Agaly birbada onuň näme derdiniň barlygyny bilmek isledi, ýöne zordan saklandy. „Kesekiň maşgalasy bilen ne işiň bar? Seniň bar borjuň müşderini barjak ýerine aman-sag eltmek dälmi?“. Agaly sürüjiniň borjuna oňat düşünýärdi. Şonuň üçinem gelniň rahatlygynyň bozulmagyny islemedi, ýolugry elini galgap duran adamlaryň hem hiç biriniň deňinde saklanmady. Şo mahalam gelniň el telefonyna jaň geldi. Ýöne näler jyňňyrdasa-da oňa jogap berjek bolmady. Telefon ara salym salyp, ýene jyrlady. Bu gezek Agaly dillendi:
--Dogan, telefonyňyzy açyň ahyryn. Belki bir gyssagly habar bardyr.
Gelin şondan soň telefonyny açdy. Aňyrdan erkek adamyň boguk sesi eşidildi. Gelin sesini gataldyp gepledi:
--Hawa, nirä aýlaýaň? Näme üçin? Saňa menden näme gerek? Men saňa jaň etme diýmedimmi? Ýok, gutardy. Sen bilen gürrüňim gu-tar-dy. Aýrylyşyk hatyna gol çekdim diýýäň?! Sagja bol. Sen meni şeýle bir begendirdiň welin... Indi oňa menem çekdi hasap edäý. Sen ony birjigem gaýgy etme, öz keýpiňe bak. Bäbek bilen işiň bolmasyn, ony men özüm eklärinem, saklarynam. Ertir toýumyz diýýäň?! Kim öýlenýär? Senmi? Wah, günüňe ýanaýyn. Sen tetelli biwepadan dynanyma az begenemok diýsem, haýp, indi meni gaýga goýan başga zat. Bolar-bolgusyz, boş-boş wadalaryňa ynanyp, sen tetellä öz ykbalyny oda atjak ýene bir naçaryň sataşanyna gynanýan. Hawa, hawa, men şol gyzyň betbagtlygyna gynanýan. Maňa bolsa, jaň edişiň, şu gezek, soňy bolsun. Owarra bol, atamyň aňry ujuna git! Men yzyma dolanmaryn. Bu meniň soňky kararym. Saňa sataşan günüme nälet bolsun!
Gelin telefonyny eltorbasyna saldy. Ara dymyşlyk düşdi. Agaly gelniň gürrüňleriniň baryny bolmasa-da, ýaryny-ha diňledi. Ýöne oňa goşulmaga milt etmedi. Ýogsam, gelin häzir bozulypdy, kemiş-kemiş aglaýardy, gözýaşyny öýmesiniň ujy bilen süpürýärdi, göwündarlyga mätäçdi. „Ýigit uýaldy--öldi“ diýleni. Agalyň hemişeki utanjaňlygydy, gelne göwün göteriji ýekeje bir sözem aýdyp bilmedi. Aslynda aýtmak isläpdi, çekindi.
Bu ýagdaýy görüp, dogrusy, Agaly gozgalaň tapdy. Gelne suw uzatdy.
--Uýam, alyň, bir owurt suw içiň. Giň boluň-a. Bu durmuşdyr, muň ajysam bardyr süýjüsem. Geçer, adamdan geçmejek zat ýokdur, sen köşeş diýdi.Asla hamyla halyňyza...
Gelin barybir suw içmedi, köşeşmedem. Ýöne hykylamasy welin güýjemese kemelmedi. Agaly maşyny saklan ýaly etdi. Ine, birdenem gelin dillendi:
--Maşyny saklamaň, meni doktora eltiň, gaýrat ediň, kireýinden gaçman!
--Doktora?
--Haýsy doktora? Nirä?
--Bäbekhana! Men basym şol ýerik alyp baryň! Men...men...
--Häzir, häzir...--Agaly maşynyň ruluny yza öwürdi. Gelniň şondan soň oturyp karary bolmady, ýüzi bir agaryp, bir garaldy.
--Häzir, häzir, dogan, azajyk gaýrat ediň. Ynha, bäş minutdan biz şol ýerde borus. Sen hiç zady gaýgy etme. O ýerde saňa gowy bakarlar. Hemme zat bolmalysy ýaly bolar.
Agaly ulagyny şäher bäbekhanalar öýüniň işiginde saklady-da, baryp doktorlara habar etdi. Gelniň goltugyna girip, içerik saldylar. Agaly hem olaryň yzyna düşdi.
-- Aý oglan, hassaň hossary senmi?—diýip, aýal doktorlaň biri sorady.
Agaly heniz oňa jogap berip-bermänkä beýleki şepagat uýalary hem onuň üstüne çöwjedi.
-- Bu seniň gelniňmi?
--Bu ýagdaýda neneň ony köçä çykaryp bildiňiz? Alla gorasyn, ýolda bir zat bolan bolsa, gorkmadyňyzmy?!
--Beýle-de bir geleňsizlik bor oguşýa!?
--Toba, toba.
--Ýaşlyk edýärler, bular.
Agaly aljyrady, şol aljyraňňylygy bilenem olara jogap bermek isledi:
--Neme, doganlar, aslynda men...
Semiz, gözleri äýnekli ulakan äýnekli başga bir gelniň sesi hasam batly çykdy.
--Sen bolsaň, han ogul, gaty gowy-da!. Siz ene-ataňyzdan aýry ýerde ýaşaýan bolmaly. Ýogsam, olardan birinden-biri, bu bagtly günüňizde, ýanyňyz bilen goşulyp gelerdi. Bildim gerek? Özüňiz getirmän, „Tiz kömege“ jaň edäýmeli ekeniňiz-dä! Hälem sen ony wagtynda getiripsiň. Indem şu töwerekden aýrylman otur, biz özümiz habar ederis.
Agaly lukmanlar töwereginden gidensoň hassahanadan çykdy. Endamy derden ýaňa öl-myžžyk bolupdy. Ol gelip maşynyna mündi, asyl ugradam. Ýöne galagoply, başly-baratly, bulam-bujar pikirler ony öz erkine goýmady. Ol ýene-de maşyny yzyna öwürdi: „Onuň hiç kimi ýok. Ol meniň müşderim. Ony bu ýere getirenem men. Men ony bu halda ýeke goýup gidip bilmerin-ä!“. Ol gelip hassahanaň uzyn dälizindäki oturgyja geçip oturdy.
Şo mahalam, daşary çykan ak halatly lukmanlardan biri göni oňa bakan gaýtdy. Gele-gelmäne:
--Adyň näme?—diýdi.
--Agaly.
--Agaly, ine, hassa şu dermanlar gerek!—diýip, bir haty eline tutdurdy.—Indi nämä dursuň, şu çatrykdan geçäýýän ýeriňde dermanhana bar, baryň-baryň, eglenmäň-ä!
Agaly eline tutdurylan haty alyp daşary çykdy. Ine, şo mahalam el telefony jyňyrdady. Ol ejesidi.
--Oglum, oglum, sen nirede, hany nahara gelmediň-ä. Men seni alada etdim.
--Eje, eje, men işli, dermanhana barýan.
--Dermanhanamy? O nämäniň dermanhanasy? Kim ýaranok?
--Neme, bäbekhanada...
--Bäbekhanadamy? Kimiň bäbegi bolupdyr?
--Eje, men gyssanýan. Soň gürleşeris.
--Oglum...
Agaly telefonynyň nurbatyny basyp, jübüne saldy. Soň ol getiren dermanlaryny doktora gowşurdy. Aradan iki-üç sagat çemesi wagt geçipdi. Ýene-de Agalyň ýanyna ylgaşlap gelen hälki lukman gelin boldy.
--Gözüň aýdyň, Agaly, kaka bolduňyz!
Agaly:
--Men kaka boldummy? Aslynda men onuň..
--Näme begenmediňmi? Olaryň halyny soraňo-ga?
--Ýagdaýlary gowumy? Ýogsa-da, ojagaz çaga oglanjykmy-gyzjagaz?
--Sen, näme, buşluk bermän ähli zady biljek bolýaňmy?
--Buşlukmy? Buşlugyň haýyrla welin...-- Agaly goltuk jübüsinden çykaran puluny oňa uzatdy.
--Ikisiniňem ýagdaýlary gowy. Bäbjigem oglanjyk, özem hakyt saňa meňzäp duran garaýagyz, pälwansypat oglanjyk! Olary haçan görmek isleseň aýdaý, kömek ederin!
--Sag boluň!—Agalyny şagga der basdy. Ol ýene-de häkli oturan oturgyjyna özüni atdy. Birmahallar ýolda duşan garrynyň „Biz garryny sylany Alla-da ýalkar! Iň ýakyn zamanda taýyňa sataşarsyň. Nesip bolsa, kaka-da bolarsyň!“ diýen sözleri hakydasyna geldi. Ejesiniň perişdä meňzeden nurana ýüzli şol aýalyň keşbi göz atuwynda janlandy. Näme üçindir, ýaňy dünýä inen bäbejigi görmäge howlukdy.
Agalynyň haýyşy bilen ony gelniň ýanyna goýberdiler.
--Mylaýym, yzyňyzdan Agaly kaka geldi, elinde-de bir çemen gül bar. Ol senem, oguljygynam görmek isleýär!—diýip, şepagat uýasy ony içerik saldy-da, Agalynyň getiren güllerini güldana goýup çykyp gitdi.
Agaly gelniň adynyň Mylaýymdygyny şonda bilip galdy. Olar mähirli salamlaşdylar.
--Agaly kaka diýýäni senmi? Meni hassahana getiren sen-ä?
--Hawwa, hawwa, men.
--Ullakan taňryýalkasyn. Sen bize hydyr bolup sataşdyň. Sen bolmadyk bolsaň... Sen bizi görmek üçin geldiňmi?
-- Hawa, hawa. Men seni bu ýagdaýda ýeke galdyryp gitmäge wyjdanym çatmady. Ynanyň, ertirden bäri öýe-de baramok. Gözüňiz aýdyň, gutly bolsun, taňrym oguljygyňyza uzak ýaş bersin.
--Sag boluň, sag boluň! Hany, otursaňyzlaň!—diýip, Mylaýym Agala gabat garşysyndaky boş oturgyjy görkezdi. Olar esli wagtlap oturdylar, gürleşdiler. Aram-aram bilelikde akja ýorgana dolanan bäbegiň ýüzüni açyp gördüler.
Şeýdibem Agaly bu ýerik üç günläp gatnady. Onuň yzyndan başga gelen-giden bolmady. Hawa, bary-ýogy üç gün. Şol üç günem olaryň ykbalyny bütinleý üýtgetdi. Asyl, olar köneden tanyş ýaly, birek-birek bilen sulhy alyşdy ötägitdi. Ýarym sözde düşünişdiler, ysnyşdylar. Agalynyň gara çynydy. Bäbegi öz perzendi hasaplap, olary öz penasyna almak kararyna gelipdi. Muny özüniň takdyry hasap edýärdi. Mylaýym birbada onuň bu teklibine ör-gökden gelip, garşylygam görkezipdi. Soňy bilen onuň hem saly gowşapdy. Agalynyň tükeniksiz sowallaryna diňe dymmak bilen jogap berýärdi. Dymmak bolsa, elbetde, ylalaşygyň alamaty hasaplanýardy, onsoňam ol bu işde häzirki ýagdaýda şundan ybaly çykalga görmeýärdi.
Nurjahan eje bu zatlardan bihabardy. Ýöne soňky üç gün bäri oglunyň durmuşynda nämedir bir zatlaryň bolup geçýändigini onuň ene ýüregi syzypdy. Bäbekli gürrüňi dilinden düşürmezdi. Ol şol günem oglunyň öýe geldigi ylgaşlap ýanyna bardy.
--Oglum, bäbekli gürrüň nireden çykdy? Näme üçin sen bu barada ozal aýtmadyň? Ol kimiň çagasy? Sen olary nireden tanaýaň? Ýa birmahallar, daş etsin, bir zatlar, bir zatlar çöwrüp, indem iş-işden geçensoň, ejeňe aýdyp bilmän ýören bolaýma? Eger şeýle bolsa aýt, ol kimlerden, niräň adamlary, saňa nädip duşup ýör, ejeňden zat gizlemezler, balam. Ejeň saňa ýamanlygy ýokdur.Wah, heniz-henizler öýlenjek däl diýip ýer depip durşuňdanam bir zadyň barlygyny aňýadym-la.
Agaly bu gezegem hemişekisi ýaly sesini-üýnüni çykarman öýünden çykyp gaýtdy. Asyl haçan öýüne dolansa ejesiniň sowaly şol boldy. Agaly welin bolan ýagdaýy aç-açan aýtmady, dymdy, hatda bu syryň hiç kime äşgär bolmagyny-da islemedi.
Başga bir gün welin, hawa, şol sähetli günem bäbekhanaň öňüne ýygnanan adamlar şeýle bir wakanyň şaýady boldular. Agaly gujagy bäbekli gelni gül-pürçekli, dürli oýnawaçlardyr jäjekler bilen birkemsiz bezäp getiren ulagyna mündürdi-de, sen-men ýok, göni öýlerine bakan ýola düşdi. Aslynda bu bolup biljek zatmy? Belki, bu ýaşlara duçar bolan gudratly yşky söýgüdir, ýogsa, täleými-ykbal? Rehimdarlyk diýilýäni bolaýmasyn?!
Barybir, bu pikirleriň dogrusy hiç kese aýan bolman galdy. Ýogsa-da, häzir bu barada Agaly näme pikirdekä? Onuň öýlerine barjagy-ha hak. Barmasyna barar welin... bu wakanyň soňy näme bilen gutarar? Nurjahan eje oglunyň gelen bu netijesine taýýarmy-ýokmy, belki olary häzirlikçe myhman hökmünde kabul eder, belki-de bu pynhanlyk ene ýüreginiň töründen mydamalyk orun alar!?
Öňünden bir zat aýtmak çetin. Ýöne, başga bir hakykat welin hemmä aýan. Sabyr-takatlylyk, söýgi-mähribanlyk hem rahatlyk höküm süren islendik maşgalada akylly-başly hereket edilse, çözülmejek mesele-de ýok, alynmajak gala-da. Galanam näme, adyl terezä—wagtyň çykarjak hökümine bagly.
Hekaýalar