15:05 Ymam ependi | |
YMAM EPENDI
Publisistika
Aýatlarda wagt aratapawudyna göz ýumup bolmaýar. Makasydy-Kuran - aýatyñ näme maksat bilen aýdylandygyny göz öñüne tutup, sözüñ özüne däl-de, maksadyna garap many çykarmaklyga aýdylýar... Aýatyñ üç etapy bar: - "Wahyý öz inen döwründe näme diýmek isledi" soragyna - "ihýa"; - "Wahyý şugunki gün näme diýdi" soragynyñ soralan döwrüne - "ibda"; - "Wahyý" şu gün gelen bolsa näme diýerdi" soragyna jogap gözlemäge "inşa" ("bina") diýilýär. Soragy şuña getireýin: "Aýasofýa" metjidinde hapyzlygy tamamlan 136 okuwça Prezident Erdoganyñ gatnaşmagynda "diplom" gowşuryldy. Çärede nepagadaky ymam Mustapa Demirkanyñ sözleri howpurgama döretdi: - Şunuñ ýaly ybadathanalar ybadathana bolup galsyn diýip gurlup, sowgat edilipdir. Şeýle bir wagt geldi welin, bir asyr ýaly wagtyñ içi de azan we namaz şu taýda gadagan edildi we muzeýe öwrüldi - diýip, yzyndan "Bakara" süresiniñ 114-nji aýatyny okady we sözüne şeýle dowam etdi: - Hawa, olardan has zalym, has kapyr kim bolup biler... Ýa Rebbi, ol añyýeti bu ymmata baş etme... Nepagadaky ymamyñ döwletiñ birinji belgili adamy Erdoganyñ gözüniñ içine seredip Aýasofýany muzeýe öwren Atatürke nälet okamagy hiç bir ýagdaýda ylalaşyp boljak zat däl. Ah, gynansak-da, bu ýurduñ musulmanlaryna yslamy kimler öwredýär?.. • MEDENI AÝATLAR Kuranyñ 23 ýyllap inendigine ynanylýar. Anyk belli bolmasa-da wahynyñ 13 ýyly Mekgede, 10 ýyly Medinede inipdir. Mekgede inen aýatlara "Mekgi", Medinede inenlere bolsa "Medeni" diýilýär. Aýatlaryñ wakalaryñ yzygiderliligine görä inendigi sebäpli nuzul-inme döwrüni bilmek hökmanydyr... "Bakara" Hezreti Muhammediñ (s.a.w) hijretinden soñ Medinede inmäge başlan birinji süre. Ol Kuranyñ iñ uzyn süresi bolup, 286 aýatdan ybarat... Gysyşlar we zulumlar sebäpli edilen hijretiñ yzyndan Medinä gelen Hezreti Muhammede (s.a.w) inen wahyýlaryñ inme sebäbi jihada agram berilýärdi! Hezreti Muhammediñ (s.a.w) kiçijik yslam-şäher döwletini guran Medinesi şol bir wagtyñ özünde uruş hereketleriniñem dolandyrylýan merkezi bolup durýardy. Jihada degişli hökümler beýan edilen süreleriñ hemmesi "Medenidir": "Bakara süresiniñ inen döwründe - Bedir söweşi (624), Uhut döweşi (625), Hendek söweşi (627), Haýbar ýeñşi (629), Mute söweşi (629), Mekge ýeñşi (630), Huneýn söweşi (630), Taif ýörişi (630), Tebuk ýörişi (631) bolup geçdi… Şol döwür Hezreti Muhammediñ (s.a.w) hristianlar bilen jöhitleri şirkden saplamaga we butparazlyga garşy göreşendigini bilýäris... Şu döwürde-şu şertlerde "Bakara" süresiniñ 114-nji aýatynyñ iniş maksadynyñ nämedigini bilmän bolarmy? Mesele şu: • WAHYÝNYÑ SEBÄBI "Bakara" süresiniñ 114-nji aýatynyñ türk diline geçirilen birnäçe düşündirişli terjimesi bar. Din işleri ministrliginiñ özem terjimäni iki gezek çalşyrdy. Soñky terjime şeýle: "Allanyñ mesjitlerinde Onuñ adynyñ tutulmagyny gadagan eden we olaryñ ýykylmagy üçin jan edenden has zalym kim bar. Bular ýalylar ol ýerler (eger girseler) diñe gorka-gorka girmelidirler. Bular üçin dünýäde masgaraçylyk, ahyretde-de uly azap bardyr." "Bakara" süresiniñ 114-nji aýatynyñ inişi boýunça dürli düşündirişler bar: - Tabarynyñ düşündirişine görä... Keldany hristianlaryñ Ierusalimdäki Beýti-Makdisi ("Mesjidi-Aksa") haraplamagy... (Kyblanyñ ugrunyñ üýtgemegem "Bakaranyñ" aýatydyr. Özem "Bakaranyñ" 115-nji süresi şeýle diýýär: "Gündogaram Allañky, günbataram. Nirä öwrülseñiz, Allanyñ zaty şol ýerdedir.") - Reşit Ryzanyñ düşündirişine görä... medineli musulmanoqe bilen mekgeli butparazlaryñ arasynda 628-nji ýylda geçirilen "Hudeýbiýa" şertnamasynyñ şertlerine garamazdan butlarazlaryñ "Mesjidi-Harama" Hezreti Muhammediñ (s.a.w) we onuñ ýanyndaky musulmanlaryñ girmegine päsgelçilik döretmegi... - Razynyñ düşündirişine görä... Hijretiñ yzysüre Hezreti Muhammet (s.a.w) Medinedäki käbir jöhit taýpalary bilen dostluk şertnamasyny baglaşandygyna garamazdan, jöhitleriñ Käbede namaz okalmagyna içi ýanyp, müşrikleri Käbäni haraplamaga küşgürmegi, özleriniñem Medinedäki "Mesjidi-Nebewä" zelel ýetirmäge çytraşmaklary... Inme sebäbi näme bolanda-da... Musulman dällere garşy 1400 ýyl owal inen aýaty şu gün ýoýup Atatürke ýöñkäp aýtmak nepagadaky ymamyñ we onuñ töweregindäkileriñ içindäki kinäniñ henizem sowap gidibermeýändigini görkezýär. Erdogan "Taksim" metjidiniñ açylyşynda Nazym Hikmetiñ goşgusyny okap durka, "Aýasofýada" onuñ öñüne geçip Atatürke nälet okamak - pitne çykarmakdyr! Eýho… Düýnüñ özi Ysraýylyñ esgeri musulmanlary "Mesjidi-Aksanyñ" gapysyndan salmady, iñ bolmanda şony ýazgarmak üçin "Bakara" süresiniñ 114-nji aýatyny okasañ bolmaýadymy, ymam ependi! Kine - kalp gözüni kör eder... Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 01.06.2021 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |