YNSABYÑ EMRI
Talyplar tebigatyň syrlaryny öwrenmekde özlerine berlen ýumuşlar boýunça geçiren tejribeleriniň netijelerini halypalaryna görkezýärler. Halypa bolsa netijeleri bahalandyryp, täze ýumuşlary tabşyrýar. Bir talyp tebigatyň «ýagyn ýagmak» hadysasy boýunça geçiren tejribesinden alan netijelerini özüne aşa göwnüýetijilikli, batly sesi bilen gürrüň berýär. Halypa onuň çykyşyna we taýýarlan tejribe işlerine baha goýup, tabşyryklary berip, beýleki talyplaryň işlerini barlamak bilen sapagy dowam edipdir. Özüniň bitiren işiniň halypa tarapyndan magtalmagyny islän talyp nägile bolýar. Halypa bu ýagdaýy aňryýany bilen duýsa-da, wagty däl hasaplap, oňa üns bermän, beýleki talyplaryň amaly işlerini barlamagyny dowam edýär. Sapagyň ahyrynda ýumuşlary tabşyryp, soraglara jogap bermäge nobat berýär. Häliden bäri gyssanyp duran talyp elini galdyryp, gezegi alýar-da, söze başlaýar.
— Halypam, eger beýleki talyplar meniňki ýaly netije gazanan bolsalar, siz olary has içgin we çuň täsir edýän duýguly sözleriňiz bilen öwerdiňiz. Meniň eden işime bolsa sähelçejik baha berip geçip gitdiňiz. Bu siziň: «Kimligine garamazdan, edilen işe we yhlasa mynasyp baha beriň. Mynasyp bahalar döredijilikli çemeleşmeleriň we yhlaslaryň ýüze çykmagynyň gönezligidir» diýip aýdýan sözleriňiz bilen hereketiňiziň deň gelmeýändigini aňladýar» — diýip, özüniň nägileligini beýan edýär.
Ýyllaryň durmuş tejribesi jemlenen halypa özüniň agras garaýyşlary bilen:
— Lukmanlar keseli haýsy dermanlar we melhemler bilen bejermegiň tärini bilýärler. Halypalar bolsa talybyň kalbynda joşguny döretmegiň ýollary bilen birlikde, «men-menligi» aýyrmagyň dermanyny hem bilýärler. Siziň hakykaty aýtmagy gowy görşüňiz ýaly, meniň hem hakykaty boýun almagym we ony düşündirip, adamlaryň kalbyna ýetirmegim zerurdyr. Asylly kişiler özleriniň eden işine yhlaslary bilen birlikde, hormatyny, kiçigöwünliligini goşup, illeriň görýän we görmeýän ýerlerinde özlerini salyhatly alyp barýarlar. Olar ýoldaşlary hakyndaky aladany özüniňkiden ileri tutýarlar. Elbetde, siziň başarnygyňyz we yhlasyňyz bar. Siz birnäçe gezek öňdebaryjy tejribeleri ornaşdyrmagyň işlerini ilkinji bolup hem ýerine ýetirdiňiz. Hakykatdan-da siziň bu işleriňiz öwgä mynasyp. Emma siziň diňe özüňizi bilmegiňiz, kimdir biri ýalňyşsa, oňa ulumsylyk bilen garap, göwniýetmezçilik etmegiňiz, juda ynandyryjy bahanalary tapyp, köpçülikleýin işlerden gaça durmagyňyz ýaly häsiýetleriňizi görüp duran ynsabym sizi magtamagyma ýol berenok — diýipdir.
Leýla GURBANOWA,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetniň talyby.
Pedagogika we edep-terbiýe