02:56 Ýok wagtyñ ýazylan setirler | |
■ MEN OBANY SÖÝÝÄN
Goşgular
Men obany söýýän, oba durmuşy, Säherden başlanýar hemmeler üçin. Ir örmek, gör, neneň lezzet beriji, Tamdyra nan ýapjak ýeňňeler üçin. Men obany söýýän, sebäbi onda Sada ynsanlaryň sada kalby bar. Ýaşuly, ýaşkiçi saýgaryp durman Olaň hemmä salam bermek parzy bar. Men obany söýýän, çünki ol ýerler Çagakam oýundan doýmadyk ýerlem. Ary ketegne çen kesegmiz çenäp, Olary erkine goýmadyk ýerlem. Bişmedik miwäni ýolanym üçin Jeza berlen ýeri ençe gezekleň. Aýakýalaň çägäň üstünde oýnap, Heziller ederdi çaga ýürekler. Men obany söýýän, sebäbi Watan Obaň halal ojagyndan başlanýar. Men Watany söýýän, sebäp bu ýurtda Ýaşaýanlaň mydam kalby ýaş bolar. ■ EJEME «Enäniň ýüregi jomart» diýýärler. Dogry. Şeýle jomart kalply meňem ezizim. Ýigrimbir ýyl yza nazar aýlasak, Tomsuň şu gününde, şu sagatlarda Umytly garaşyp geljek çagaňa Bäbekhana tarap ýola düşensiň, Öz doglan günüňem unudyp şol gün Meň geljegme ganatlanyp uçansyň. Hawa, şeýle bolandyr ol, elbetde, Bar pikiriň gundaglyja bäbegiň. Şoňa ak säherde ak arzuw edip, Dynjyny bir aldymyka gabagyň?! Gözleriň ýellenip gidendir belkem, Aňsat däl seňkem. «Enäniň eli hem jomart» diýýärler Şeýle jomart eliň, meniň ezizim. Doglan günem sowgat almaň deregne Maşgalaňa sowgat beripsiň gyzyň. Şol gyzyň — kiçijek bäbejik gyzyň Mähriňden boý alyp ösüpdir kemsiz. Bu ýagty jahana bereniň üçin Söýýändir çensiz. ■ ÝOK WAGTYŇ ÝAZYLAN SETIRLER Ýene ýada düşdi gara gözleriň, Ýene sebäp tapdy, gözüm ýaşlara. Maňa hiç zat, hiç zat gerek däl welin, Dertlerimi bir tarapa taşlara — Ýardam berjek syrdaş gözleýän diňe, Goý, ýat bolsun, ýatdan zyýan gelmeýär. Nyşana almakda ejiz ýermizi Diňe biziň ezizlermiz gözleýär. Hawa, eje köp zat öwrendim bärde, Utdum hem utuldym, sada boldum men. Ýalansyz ýaşaýşy bereniň üçin, Ýalansyz söýmegi kada bildim men. Ýöne hemme deň däl eken, mähriban, Deň däl eken bu baglaryň boý alşy. Bir howany bagra sorýanam bolsak, Tapawutly aklymyzyň goýalşy. Köp zatlarda dura-bara taplandym, Kä zatlarda hiç kynçylyk çekmedim. Şeýde-şeýde, sapak alyp durmuşdan Dünýä atly bir adanyň başynda Ýalan bilen göreşmäge düşledim. ■ ÝÜREKDE GALAN SÖZLER Paşmajak arzuwlaň gyjalatyndan, Surnugaňda umytlaň bor teselli. Başy bogulmadyk maksatlaryňa Rowa görmän çäresizje keselňi Ýüregiňe diňşirgenseň az salym. Ýer almasa Ýer ýüzünde gedemlik Şol endikden saplanmaga çalyşsaň. Puşman bolup edenlerňe özüňem Päk niýete, ak arzuwa gol açsaň, Yhlasyňy gömmeklige het etmen, Birazajyk saplanaýsa endigiň, Diňe şonda bir pursatlyk özüňi Meň dünýämden idemäge gelginiň... * * * Sen özüňi şeýle gerekledýärsiň, Hatda düýşüme-de girip bileňok. Soraşman kalbyma giren bolsaňam, Neçün öz kalbyňa buýrup bileňok, Belkem, söýeňok. Men bolsa, durmuşy sen diýip aldym, Mysalymda ýalňyşmasam ne ýagşy. Söýgim haýaň saýasynda güllänsoň,Subut edilmesiz ýüregmiň urşy, Ýok indi garşy. Jogapsyz goýsaňam, sebäpsiz goýgun, Meniň kalbym kir-kimirsiz päk dünýä. Takdyr ýazsa, ýagşysyny ýazýandyr, Sensizem men, belki bagtly bolaryn, Kim bilýä?! ■ WAGT GÖRKEZER Men saňa nämeler diýeýin başga, Galmaz ýaly ýüregiňde armanyň. Biz belli karara gelmejek bolsak, Gowy dälmi gaýta meni söýmäniň. Duýgularyň bulutlaşyk howa deý, Ysgynsyz öwüsýän ýeller mysaly. Umytlaryň diňe birine baglap, Menden senem tapyp bilmän wysaly — Çyrpynyp her ýana galgajak bolsaň, Giň dünýäni meniň üçin dar etseň, Bagyşlaman hem seni, hem özümi Çykalgasyz ýoly maňa ýar etseň. Şol sebäpli ýalňyşdyrma, ýalňyşma, Gury söz deý eşdilmesin diýýänim. Wagtyň barka pikirlerňi taplap gel, Wagt görkezer söýmeýäniň, söýýäniň. ■ YNAM Işlerim bir ýana taşlajak şu gün, Şu gün ýüregimiň arzyn diňlejek. Dünýä giňdir, bolsa bolsun onda-da, Ýüregime sygyp, dünýä sygmajak Söýgi döretjek. Gurjak özüm özboluşly ýaşaýyş, Arzuwlarda ýitip gitjek birsalym. Kakabaş duýgymyň soňuna çykjak, Yzyma gaýdamda gyzmasyn ýüzüm. Ruhum, bedenim hem onki süňňüm Täze dünýä inen ýaly bolmaly. Bolmazlygy üçün geljegiň nädürs Diňe öz dünýämiň hany bolmaly. Aňyma guýaýyn bu goja dünýäň Biz üçin ýöne bir oýun däldigni. Dünýäni özümçe üýtgetjek boldum, Ýöne men islegme boýun däldigne Düşündim. Ýene-de hiçden giç ýagşy. Unutdym owarra el bermän eken, Bar zada täzeden başlajak diýseň, Ynamyň eliňe el berýän eken. ■ TEBIGATA Asmandan Zemine damýan damjalar, Gül çemenleň ýaňagyna damyp dur. Şeýle gözellige suwsan Ýer ýüzi Damjalary öz goýnuna salyp dur. Tebigat al-ýaşyl öýmesin ezip, Süýji arzuwlara gark bolup otyr. Gözellikleň münberinden paý alyp, Täsin ýatlamalar göz öňüne getir. Seret, neneň gözel baglaryň ýüzi, Ýagyş ony mähir bilen owkaýar, Hatda, ynsanlaram bu gözellige Başyn ýaýkaýar... Leýla ALLAMYRADOWA. | |
|
√ Pöwrizä / Goşgular - 27.05.2024 |
√ Ata-ene hakynda / Goşgular - 18.05.2024 |
√ Saýhally hem sada / Goşgular - 15.11.2024 |
√ Käbir aýallara melek diýýäñiz / Goşgular - 04.02.2024 |
√ «Be» harpy / Goşgular - 19.08.2024 |
√ Dünýe... / Goşgular - 11.02.2024 |
√ Bagyşla, eje! / Goşgular - 25.08.2024 |
√ "Bir gije düýşüme girdi Pyragy..." / Goşgular - 11.07.2024 |
√ Ýar gara gözli / Goşgular - 15.11.2024 |
√ Ajymdan öldüm / Goşgular - 11.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |