14:49 Ýol | |
ÝOL
Goşgular
Ynha köçe bilen barýaryn, oýnaýan jykyrdap, ylgaýan böküp, Eger ýykylaýsam, birden büdüräp, galdyrlar. Meniñ elimden tutup, Ägä bol diýip, Üstümi kakyp, Başym sypaýar, mähirli eller, barýan, ene-atamyñ elini tut:p, gysga görünsede uzaýar ýollar, Ynha ýene şol öňki köçe, degişýän, gülýärin, tans edýän böküp, indi ene- atañ elini dälde, barýan bir gözeliň elinden tutup, mähirli ýylgyryş, mähirli bakyş, mähirli näz edip, gujagňa dolar, başlaryň direşip barýansyň ine, Gyzykly görünýär gysgalýan ýollar, Ynha ýene-de şol öňki köçe, jykyrdap gülýär, ylgaýar böküp, Eger ýykylaýsa, birden büdüräp, iki bolup, galdyrýas, golundan tutup, oňa guwanýaryn, şatlykly bakýan, ol bolsa, keýpine jykyrdar, güler, barýarys üç bolup, şol köçe bilen, gysgalýar, gysgalýar, gysgalýan ýollar, ynha ýene-de şol öňki köçe, assajyk ýöreýän, dynç alýan çöküp, ýerimden galmaga, berýär kömegi, ygtybarly daýanýan , hasamy tutup, gör nähili? ajaýyp köçe, ýatlap, gidip barýan, göze ýaş dolýar, indi ýeke özüm şol köçe bilen barýaryn, barha gysgalýar ýollar. näçe gysgaldygyça ýeke galýaryn. hany, eliňden tutýan şol öñki gollar. Remezan MÄMETGURBANOW. | |
|
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 2 | |||
| |||