12:52 Yslam çeşmelerinde jynlaryñ sypatlandyrylyşy | |
YSLAM ÇEŞMELERINDE JYNLARYÑ SYPATLANDYRYLYŞY
Geň-taňsy wakalar
I. Aşakdaky ýazgy 36-njy osmanly soltany we iñ soñky yslam halyfy Muhammet Wahdeddiniñ höküm süren döwründe ýaşan Seýit Abdylhakim hezretleriniñ "Keşkül" atly kitabyndandyr: Hakykatdanam "Jyn barmy?" diýip soraýanlara kesgitli jogap bermek gerekdir. Çünki jynlaryñ bardygyna şübhelenmegiñ özi howpludyr. Jogap hökmünde yslam alymlarynyñ ynamdar kitaplaryndan alynan aşakdaky maglumatlary üns berip okamak we dogry netije çykaryp düşünmek gerek. "Jyn", "jinnet", "jinan", "Jennet", "jenan", "jenin" ýaly "J" we "N" harplaryndan dörän sözler "perdeli" diýmegi añladýar. Jennet diýilýän ýer ir-iýmiş, gül-gunça, müşki-anbar yslar bilen perdelenen bolansoñ, oña bu at berlipdir. Dälilere "mejnun" diýilmegi hem olaryñ aklynyñ perdelenmegi sebäplidir. Gijä "Jünni leýl" diýilýär. Çünki tümlük gün şöhlesiniñ öñüni perdeleýär. Jyn diýilýän jandarlary görmeklige gözümiziñ perdelidigi üçin olara "jyn" diýlipdir. Jyn sözi "jinny" sözüniñ köplük sanydyr. Jyn - jinnylar diýmekdir. Peri diýen sözem parsça bolup jyn diýmekligi añladýar. Mahluklar göz bilen görüp bolýan we göze görünmeýän iki topara bölünýär. Şeýle-de mekansyz we madda däl mahluklaram bar. Ymam Mawerdi şeýle diýýär: "Jyn dört esasy maddadan ybarat: Suw, toprak, howa gazlary, ot. Bulardan, ot: alaw, şöhle we dumany öz içine alýar. Oduñ alaw böleginden ýaradylan we "Marid" diýilýän jynlaryñ möminleri we kapyrlary, pasyklary bardyr". Ylymyñ kesgitlemegine görä, bu dört madda 105 elementden emele gelýär. Diýmek, ähli mahluklar elementlerden ýaradylyp, özlerinde energiýa (güýç) saklaýarlar. Adaty fiziki şertlerde gaty we suwuk ýagdaýdaky barlyklary we reñkli gazlary görýändigimiz üçin olardan ýasalan jisimleri-de görüp bolýar. Meselem adamda gaty maddalar we suw (75%) barlygy üçin adam göze görünýär. Ösümlikler we beýleki janly-jandarlar hem şeýledir. Jynlar howadan we otdan ýaradylypdyr. Oduñ alaw bölegi göze görünmeýär, içindäki gaty zerreler, gyzgynlykda ýagtylýandygy üçin ýyldyrap görünýär. Şonuñ üçin jynlaram göze görünmeýär. Alaw iki dürlidir: Biri zulmany (göze görünmeýän), beýlekisi nurana (bulam göze görünmeýär). Zulmanydan jynlar, nuranadan bolsa perişdeler ýaradylypdyr. Adamlar toprak maddalaryndan ýaradylanam bolsa, Allatagala bu maddalary organiki şekile, et-süñke öwrüşi ýaly, perişdelerde we jynlarda alawyñ formasy üýtgäp, olaryñ özüne mahsus şekillere öwrülýär. Aýdyşlaryna görä jynlar we periler oduñ alaw böleginden ýaradylan jisimler bolup, her dürli şekile girip bilýärler. Perişdeler bolsa nurana jisimlerdir. Olaram dürli formalara girip bilýärler. Perişde we jyn ýaradylyş taýdan biri-birine golaýdyr. Perişdeler, muhteremdir, sylag-sarpalydyr. Jynlar yzgytsyzdyr, hormat-sylagsyzdyr. Perişdede nur (şugla), jynlarda bolsa alaw maddasy agdyklyk edýär. Elbetde, nur zulmatdan zyýatdyr. Perişdeleriñ jynlara bolan ýakynlygy adamyñ haýwana bolan ýakynlygy ýalydyr. Adamlaryñ belent mertebä ýetenleri perişdeden ýokarda, jynlaram haýwandan ýokardadyr. Yslam alymlarynyñ aglabasy perişdeleri jisim hasaplaýar. Dogrusy-da şudur. Perişdeleriñ barlygyna ynanmaýan kapyrdyr. Olaryñ jisimdigine ynanmaýan kapyr bolmaz, ýöne dogry ýoldan azaşar. Jynlaryñ barlygyna hem ynanmaýanlar kapyr bolar. Köne pelsepeçileriñ birnäçesi, kaderiýa (mutezile) pyrkasynyñ köpüsi, zyndyklar jynlaryñ we şeýtanlaryñ barlygyna ynanmadylar. Olar "jyn - paýhasly adam, şeýtanlaram - erbet adamlar" diýmekdir diýdiler. Elbetde, dini kitaplardan we yslam alymlarynyñ sözlerinden bihabar kişiler muña ynanman biler. Emma "Gurhanda" aýdylýanam bolsa we yslam alymlarynyñ kitaplarynda ýeterlik maglumatlar baram bolsa, kaderiýa pyrkasynyñ muña ynanmazlygy geñdir. Çünki bu mezhebe uýýanlar "Gurhana" ynanýandyklaryny aýdýarlar. Diýmek, olaryñ ynanjy belli bir möçberde ekeni. Jynlaryñ barlygy akla sygmajak zat däldir. Çünki bu, Allatagalanyñ gudratynyñ amala aşmajak zady däldir. Häzirki wagtda ylym, alymlar, akyl-paýhas eýeleri we din ulamalary akla sygjak zat däl diýlenleri inkär etmeýär. "Gurhanda" aýdylan zatlara sözüñ göni we belli manylary bermek gerekdir. Muhiddin ibn Araby (k.s) jynlaryñ barlygyny şu aýatlar arkaly subut edýär: 1. "Zariýat" süresiniñ 56-njy aýatynda "Ynsanlary we jynlary diñe meni tanap ytagat, ybadat etmekleri üçin ýaratdym" diýilýär. 2. "Rahman" süresiniñ 74-nji aýatynda jynyñ jennete girjekdigi barada aýdylýar. 3. "Rahman" süresiniñ 31-nji aýatynda "Eý ynsanlar we jynlar!" diýilýär. Pygamberimize (s.a.w) berilen "Resul-y sekaleýn", "Müftiýüsekaleýn", "Gawsüssekaleýn" (ýagny "Ynsanlaryñ we jynlaryñ pygamberi, müftisi, welisi" diýmek) ýaly epitetlerem jynlaryñ barlygyna iñ gowy delildir. Surat: "Şährizadanyñ täze ertekileri" kinofilminden / "Täjikfilm", 1986 ý. (Jynyñ rolunda: Gennadiý Çetwerikow) | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |