19:44 Ýumurtga gerek, ýumurtga-a! / satiriki hekaýa | |
ÝUMURTGA GEREK, ÝUMURTGA-A!
Satiriki hekaýalar
Dost bilen dostuñ arasy ýer bilen gök ýaly bolýar. Bir dost bolýar baş dosty, ýene biri aş dosty. Ine, şolaryñ birinjisiniñ, ýagny "barsañ depesine täç edinýän" dostlaryñ gurbany bolsañ! Eşider bolsañyz, arada, şeýle dostlarymyñ biriniñ ýarym asyrlyk ýubileýi boldy. Ony mübäreklemek üçin has öñräginden taýýarlyk görüp başlanym gowy bolupdyr. Ýogsam... Hawa, onuñ öler janynyñ tortdugyny men öñdenem bilýärdim. Oña şo bolsa bolany, başga zat gerek däl. Onsoñam, süýji zat yrymy üçinem gowy-how. Diýmek, aýratyn zakaz boýunça, has üýtgeşigräk tort ýasatmaly. Dostuñ günde elli ýaşap duranok. Aý, bu bir ýarasy ýeñil zat-la. Keýplije, hiñlenjiräp bardym, şäherdäki hyzmat edaralarynyñ birine. - Essalawmaleýkim! - Size tort gerekmi? - diýip, başy zömmek ak dañyly bir gelin jiñkerlip ýüzüme seretdi. Be, bi bedibagt meni tanamaýakyn-aý. Baranymdan "tort gerekmi?" diýip soraýar welin. Dagy näme, şu ýerik señ ýüzüñi görmek üçin gelendir öýdýäñmi?! Işimiñ añsat düzeljegine begendim. Ernim bir ýerik gelmedi. - Hawa, keýgim, özem... - Beýle bolsa, onda öz ýumurtgañyzy getiriñ - diýip, ýañky gelin eliniñ hamyr çyrşaklaryny öñlügine süpürişdirdi. Men allaniçigsi boldum. Ör-gökden geldim. Bi, näme samrap dur-aý?! Agzynyñ aýdýanyny gulagy bir eşidýämikä. Ýok, men bular ýalyjaklara üstümden güldürmen. - Öz ýumurtgañyzy getiriñ diýdiñizmi? Men çermegimi çekişdirdim, ýokarrak. Ol öz hatasyna düşündi öýdýän. Çalaja ýylgyrtdy-da: - Bagyşlañ, bizde ýumurtga ýok, hamyra garar ýaly. Şoñ üçinem özüñiz ýumurtga getiriñ - diýip, başky oýlanyşyksyz aýdan sözlerine düşündiriş berdi. Ýüregim ýerine gelen ýaly boldy. Uludan demimi aldym. Aý, näbileýin-how, her hili hokga çykaryp ýören bar. Gaýtdym, şondan göni bazara. Baý-bo-ow, ýumurtga sorasañ her kim geñ görýä. Ör-gökden gelýäler. - Ýañy şu ýerde bir daýza satyp otyrdy. Oñam towsa göterdiler. Ýylçyr kelleli adamyñ aýdan bu sözleri meni ymykly oýlandyrdy. Deputatlar bazar ykdysadyýetine geçmeli diýio jedelleşip ýörler welin, il eýýäm geçen ýaly-la. Maña iki ýüze golaý ýumurtga gerek. Şondan az bolsa hamyr garýan maşyn almaýamyş. Diýmek, diñe ýumurtgañ özüne, onam tapsañ, ýüz ýigrimi manat gerek. Bu-da juldan çykarjak. Näme etmeli? Wiý, şäheriñ etegindäki obalaryñ birine baryp geläýeýin-le, beýdip kösenip ýörmän. Aýagymyñ aşagynda suw ýaly maşyn bar. Minneti şondan çekeýin. Basdym biline "Žiguliñ". Alymny-salymny bermän eltdi, janawar, kolhoza. Prawleniýäniñ jaýynda ýekeje adam oturan eken. Salam-helikden soñ özümiñ näme üçin gelendigimi aýtdym. - Ýumurtga gerek bolsa, inim, diñe başlygy görmeli borsuñ. Onsuz o meseläni çözüp biljek adam ýok. Häzir her bir ýumurtga aýratyn hasapda durýar... Walla, edil ýyldyza ýörän ýaly boldum. Hemişe beýle-beýle zatlar bolanokdy. Şäher köçeleriniñ her öwrüminde diýen ýaly satar otyrdylar, ýumurtgany. Ýa towuklat horazlar bilen tersleşäýdilermikän?! Ah-ow, bi nämäniñ alamatykan?! Gelenime görä, başlygy görmän gitmäýin. Belki, bir zat bolar. Ýagşy umytda bolmaly. - Agam, başlyk bahym gelermikä? - diýip, men goşarymdaky sagada seretdim. Ýañky adam kakyp oturan çotuny bir gapdala süýşürdi-de: - Nirä gidenem bolsa agşamluk kontura köwlener - diýip, gerinjiredi. Maña oturmak üçin ýer görkezdi. - "Bir naharda, bir gaharda" diýipdirler. Çilimiñiz ýokmy? Gözümi ýaşardyp bir çekeýin-le. Ol meniñ soragymy geñ gördi öýdýän. Kinaýaly ýylgyrdy-da, başyny ýaýkady. - Ýýak, senem-aý, inim, beterinden beterini tapýañ-ow. Ýumurtga-da ýok, çilimem. Ýöne towugyñ tezegi garylan gowy nas-a bar, göklärin diýseñ. Görýän welin, bu gün meñki şowlajak däl öýdýän. Kökerlen ýaly bolup, bu ýerde gazarylyp oturmaýyn, gaýdaýyn. Agşamlyk ýene-de geläýerin. Bary-ýogy ýarym sagatlyjak ýol. Gaýtdym, hoşlaşyp. Obañ gaýra başyna ýetip barýarkam, öñümden bir çadyrly maşyn çykdy. Sakladym, başlykdyr öýdüp. - Bagyşlañ, siz şu kolhozyñ başlygy dagy-ha dälsiñiz-dä? - diýip, men oña elimi uzatdym. - Hudaý saklawersin, häzirki döwürde başlyk bolan özüñ bolma... Düşnükli. Her kim öz ýoluna rowana boldy. Ýöne öýe gelibem hezilim bolmady. Ýumurtgaly mesele ynjalyk bermedi. Ýüzümi garañja tutup gaýtdym kolhoza. Gelsem, kontoryñ töwereginiñ mähellesi köpelipdir. - Başlyk bamyka? - diýip, men ilkinji öñümden çykan adamdan soradym. - Kän - diýip, ol geçip gitdi. Kabinetiniñ agzynda ýoñsuzja oturmaly boldum. Brigadirler bilen ýygnak geçirýän eken. Hötjetlik edip garaşdym. Ýumurtga maña gerek ahwetin, oña däl. Onsoñam men dilegçi, ýogsam gözüñ ýok ýaly süssürilip giräýseñem boljak. Ahyry maña-da nobat ýetdi. Ol, näme üçindir, meniñ bilen agras salamlaşdy, ýa bolşy şeýlemikän? - Siz artistmi? Şäherden oýun getirjek bolýañyzmy? Biziñ häzir oýun ýadymyza düşenok... Ol meni artistleñ birine meñzetdi öýdýän. Zordan onuñ sözüni bölüp arzy-halymy aýtdym. Başlyk başga görnüşe geçdi. - Tak, ta-ak, ýumurtga diýseñiz-le. Şu wagt ýumurtga bolsa, baý, pul-a ýasajak. Kolhoz galkynaýjak. Ýöne, towuklarymyzam, edil agyz birikdiren ýaly, guzlanoklar... Ol şeýle bir zeýrenmek zeýrendi welin, pahyra ýüregim awady. Ýumurtga tapsam, getirip beräýesim geldi. Başlygyñ keýpini göterjek bolup, degşen boldum. - Mal dogtoryñyz towuklara spiral-zat goýan bolaýmasyn... Gürrüñdeşimiñ gaýtam myrryhy atlandy. Gaşlaryny bürüşdirip göwünli-göwünsiz gürledi. - Towuklar bizden ar alýalar. - Düşünmedim?! - Düşünmeseñ, şeýle! Biz olara bermeli rasionyny berip bilemizok. Aç saklaýas, onsoñ olaram... Toba, aç bolanyñ bilen şeýdäýmelimikä?! Onda adamlaryñam köpüsi goluny gowşuryp oturybermeli. Olaryñ dürli-dümen zatdan doýa garny doýanok. Nädip doýsun, dükanlar suw çaýkalan ýaly. "Adam başy daşdan gaty" diýleni çyn eken-ow. Görýäñizmi, ol her hal, kynçylyklara döz gelip işlän bolup ýör. Wah, bu zatlar hiç-le, maña ýumurtga gerek, ýumurtga-a! Täçmämmet JÜRDEKOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |