00:01 Bu nä gudrat - tüýkülik! | |
BU NÄ GUDRAT — TÜÝKÜLIK!
Edebi makalalar
Geçmişde tüýkülige biparh garan halk barmyka? Dünýäniň çar künjeginde bir-birinden alysda ýaşan halkyýetleriň, taýpalaryň tüýkülik bilen bagly yrym-ynançlarynyň hetdi-hasaby ýok. Öňinçä şol yrymlar barada berilýän käbir maglumatlara ser salalyň. Men esasan iki alymyň işine salgylanmakçy. Birinjisi, ýewreý asylly sowet taryhçy-arhitektory Ariel Golanyň “Mifler we simwollar” atly kitaby. Alymyň ýazmagyna görä, gadymy rimliler her bir işde tüýküligiň adatdan daşary güýjüne bil baglapdyrlar. Iň bärkisi, oglunyň işiniň rowaç bolmagy üçin enesi onuň ýüzüne üç gezek tüýküripdir. Mongollarda çagalaryň buthana kabul ediliş dabarasy ruhanynyň olaryň ýüzüne üç gezek tüýkürmegi bilen jemlenipdir. Iki saýry halkyň ulanan bu yrymlarynda tüýkülik pata bermegiň nyşany. Hristiançylygyň irki döwürlerinde ozalky ynanjyndan ýüz öwrüp, täze dini kabul edýändigini dili bilen tekrarlan adama tüýkürmeklik emr edilipdir. Bu yrymda tüýkülik äht etmegiň simwolyna öwrülýär. Ariel Golan antiki ýazgylardan ugur alyp: “Has irki eýýamlarda üç gezek tüýkürmek gargyşyň täsirini güýçlendirmek üçin goşmaça serişde hökmünde-de ulanylypdyr” diýip ýazýar. Şeýle-de ol öpmegi, ogşamagy tüýküligiň güýjüne bolan ynam döredipdir diýen pikire ünsi çekýär. Ikinjisi, belli britan antropology Jeýms Frezeriň “Altyn şaha” atly on iki jiltden ybarat kitaby. Alym adamzat taryhynyň dürli döwürlerinde tüýküligiň ýaman niýet bilen ulanylan ýerleriniň giň ýaýrandygyna ünsi çekýär. Täze Zelandiýanyň ýerli taýpalarynda kimdir birini jadylamak üçin onuň tüýküliginden peýdalanmak ýoň bolupdyr. Awstraliýaly aborigen bolsa, duşmanyň elýeterinde tüýkürmäge het edip bilmändir, duşman onuň tüýküligini jadygöýe eltip berer diýen gorky ony hiç mahal terk etmändir. Şeýle gorky Sandwiç adalarynyň serdarlarynda-da bolupdyr. Taýpa ýolbaşçysy nirä gitse-de, ýanynda eli tüfdanly hyzmatçy saklapdyr, diňe tüfdana tüýküripdir, tüýküliginiň duşman eline düşmezligi üçin ony ýere gömüpdir. Edil şeýle yryma Alýaskanyň, Günorta Nigeriýanyň taýpalarynda-da berk uýupdyrlar. Gündogar Afrikanyň käbir taýpalary ylalaşyk mahaly şertnamany özara tüýkülik alyşmak bilen berkidipdirler, taraplaryň biri ähtinden dänse, beýleki tarap girew goýlan tüýkülik arkaly ony jadylap biler diýen ynanç bolupdyr. Adamzadyň durmuşyndaky uly öwrülişikleri hasaba alsaň, şeýle yrymlar bireýýäm ýitip gitmeli ýaly. Ýok, ýitmändir! Bir mysal. Baryp on bäşinji asyrda gazaklaryň arasynda çaganyň agzyna tüýkürmek däbi ýörgünli eken. Yryma görä, bu hukuk ile belli batyrlara, dili çeper suhangöýlere, bagşy-ozanlara berlipdir. Şeýle adamlaryň ukyp-başarnygy tüýkülik arkaly çaga geçýär diýen ynanja uýupdyrlar. Beýle bir giň ýaýrawda bolmasa-da, bu yrym gazak halkynyň arasynda häli-häzirem duş gelýär. Dünýäniň ençeme halky, şol sanda türkmenler-de tüýkülik bilen bagly gadymy yrymlary şu günem işjeň ulanýar. Ýüzugra olaryň käbirine ünsüňizi çekeýin. Türkmençilikde täze dünýä inen çagany ýüze sylýarlar, tüweleme diýşip, tüf-tüf edip, ýüzüne tüýkürýärler. Bu göz degmezligi üçin edilýän yrym. Özi-de diňe türkmenlere ýa kowumdaş halklara mahsus bolman, bizden has uzakdaky ülkelere-de giňden ýaýrandyr. Meselem, Afrika yklymynyň Tanzaniýa, Keniýa ýaly ýurtlarynda ýaşaýan masai taýpasynyň adamlary hem täze doglan çaganyň ýüzüne tüýkürýärler. Diňe bu-da däl, tüýküligiň göz-dilden, al-arwahdan, betpäl ruhlardan gorap biljekdigine mizemez ynamy bolan masailer durmuşa çykýan gyzyň ýüzüne, täze gelniň başyna, täze jaýa girmänkäler onuň dört tarapyna, hatda salamlaşan wagty elleriniň aýasyna hem tüýkürýärler. Türkmen aýallary duýdansyz gorkudan, tisginmeden soň bada-bat ýakasyna tüýkürýändir. Köpüň halamaýan zadyny görüp-eşidende-de: “Geň-taň göremzok, daş edewersin!” diýip ýakasyna tüýkürýän bar. “Türkmen halk yrym-ynançlary” atly kitapda-da tüýkülige degişli yrymlara orun berlipdir. Ine, olaryň käbiri: “Suwa tüýkürmeklik külli günä, “döwletiň gaýdar” diýilýär.” “Oda tüýkürseň, diliňe ýara çykarmyş ýa-da köp basyrganarsyň.” “Gije külüň üstünden geçseň, “Al-arwaha uçrarsyň” diýilýär. Eger geçmeli bolsa, onda sagyňa-soluňa üç gezek tüýkürmelimiş.” Bularyň aňyrsynda anyk nämäniň ýatandygyny bilmesegem, bu yrymlaryň bäri-bärde döremedigi belli. Çünki şeýle yrymlar dünýäniň başga ýerlerinde-de duşýar. Gudrata bil baglaýan, gaýyby güýje ynanýan adamlar çüflemek diýilýän ýörelgä gol ýapýandyr. Çüflemegem tüýküligiň bir görnüşi-dä. Häzirki mahalda Gurhandan aýat-süre okap, yzyndan çüflenýänem bolsa, bu dessur Yslam medeniýetiniň getiren zady däl. Çüflemek baryp-ha bäş müň ýyl mundan öň Mesopotamiýada, şumerleriň porhançylyk ynançlarynda-da bolupdyr. Tüýküligiň güýjüne aýratyn ähmiýet berýän söz düzümleri il içinde has ýygy ulanylýar. Üns berseňiz, edil yrymlardaky ýaly, söz düzümlerinde-de tüýküligiň güýjüniň tekrarlanmasyny, şol bir wagtda-da köpdürlüligini görersiňiz. Ine, ähtini ýuwdan, wadasynda durmaýan, bimessep adama “Tüf ýüzüňe!” diýilýändir. Bu näletiň, ýigrenjiň dil bilen aňladylýan aňrybaşy usuly bolup, başga-da ençeme halklarda edil bizdäki ýaly görnüşde ulanylýar. Munuň tersine, birinji ýöňkemede ulanylýan “Tüf ýüzüme!” diýen sözem bar, ol şertli ýagdaýda ulanylýar. Haýsydyr bir işi bitirmesem ýa-da beren sözümde durmasam, ýüzüme tüýkürmäge haklysyňyz diýen manyny berýär. Ähtinden dänmeýän, ygrarly adamy häsiýetlendirenlerinde “Tüýküren tüýküligini yzyna almaz” diýýändirler. Ýa-da bir çukura tüýkürmek diýen düşünjäni alyp göreliň. Bu bir işiň bitmegi üçin birnäçe adamyň wadalaşandygynyň, ol wadanyň tüýkülik bilen berkidilendiginiň obrazly beýany. Tüýkülik barada halk ertekilerinde-de, dini rowaýatlarda-da az agzalanok. Kysasyl enbiýada şeýle gürrüň berilýär: Şeýtan Adam atanyň entek jan berilmedik keşbine tüýkürýär. Jebraýyl tüýküligi alyp, towky nälet edip goýýar. Şeýtan nälet duzagyna-da tüýkürýär. Ahyrynda öz tüýküliginden bina edilen nälet duzagy Şeýtanyň öz boýnundan ilmeli. Başga bir hekaýatda aýdylşyna görä, bir adam Süleýman pygamberden haýwanlaryň dilini öwretmegini soraýar. Pygamber bu syry öwrenmegiň hatarlydygyny, başga birine aýtsa, ölüm howpunyň bardygyny aýdýar. Ol adam hiç ýerde dil ýarmajagyna söz berýär. Pygamber onuň agzyna tüýkürýär. Şonluk bilen ýaňky kişiniň islegi hasyl bolýar. Mahmyt Zamahşarynyň “Ýagşyzadalaryň bahary” atly kitabyndan şeýle sözleri okaýarys: “Hezreti Alydan: – Sen sowukdan gorkmaýarsyňmy? – diýip sorapdyrlar. Ol hem: – Haýbar gününde Muhammet alaýhyssalam maňa baýdagy berende men gyzgyndan ýaňa çişipdim. Ol meniň gözlerime tüýkürip: “Eý, Allam, oňa gyzgyn we sowuk täsir etmesin” diýdi. Şondan soň maňa gyzgyn we sowuk ötenok – diýip jogap beripdir.” Ýeri gelende aýtsak, Magtymgulynyň belli goşgusyndaky “Ýüzüme tüýkürip turgul diýdiler” diýen setiri-de gönüden-göni erenleriň, pirleriň pata bermekdäki ritual hereketiniň beýanydyr. Diňe adamyň tüýküligi däl, eýsem, haýwanlaryň sülekeýi-de çuňňur öwrenilmäge mynasyp. Entek aýaklanmadyk gölesini, guzusyny ýalap duran sygry ýa goýny göz öňüne getirip görüň. It-pişikleriň endamyna düşen ýarany dili bilen ýalap gutarýandygyny ýada salyň. Guduz keseliniň haýwandan adama diňe sülekeý arkaly geçýändigini ünsüňize alyň. Şonda olaryň agyz boşlugyndaky mäzleriň işläp çykarýan sülekeýinde hem nähilidir bir “jadynyň” bardygyna şübhe galmaz. *** Tüýkülik barada ylym näme diýýär? Ylym agyz boşlugyndaky mäzleriň bir gije-gündiziň dowamynda iki ýarym litre çenli tüýkülik işläp çykarýandygyny aýdýar. Iýmit siňdiriş ulgamynda ähmiýeti juda ýokary bolan tüýküligiň 99 göterimi suwdan ybarat. Galan bir göterimini dürli maddalar, mikroelementler, duzlar, beloklar we beýlekiler düzýär. Iýlip-içilýän zatlara baglylykda olaryň mukdarynyň üýtgeýändigi bireýýämden bäri mälim. On üçünji asyrda ýaşan alym Muhammet Gaýmaz Türkmeniň “Pygamber tebipçiligi” kitabynda şeýle sözler bar: “Aýtmaklaryna görä, oraza tutýan adamynyň tüýküligi içýany dessine öldürýändir.” Bu, elbetde, ýöne ýere aýdylan söz däldir, aňyrsynda degerli sebäp ýatan bolmaly. Men şol sebäbi agzy bekli mahaly adamyň tüýküliginiň düzüminde bolup biljek üýtgeşiklikde görýärin. Häzirkizaman saglygy goraýyş pudagy tüýkülik barada haýran galdyryjy açyşlary etdi. Asyl görlüp oturylsa, tüýkülikde adama degişli ummasyz uly maglumat saklanýar eken. Şol maglumatlaryň esasynda gazanylan öňegidişlikleriň, edilen işleriň aňyrsy-bärsi ýok. Käbir ýokanç keselleri ýüze çykarmakda-da, genetiki barlaglary geçirmekde-de iň ygtybarly serişdäniň tüýkülikdigi bütin dünýäde belli. Hindi alymlary bagyrda döreýän näsazlyklary, olaryň sebäplerini tüýküligiň kömegi bilen anyklap bolýandygyny subut etdiler. Köp ýyllyk barlaglardan soň britaniýaly alymlar adamyň tüýküligindäki immunoglobuliniň derejesine garap, onuň ömrüniň dowamlylygyny kesgitläp bolýar diýen pikiri öňe sürdüler. Ylmy subutnamalar bilen tanşyberseň, tüýküligiň göze görünmeýän güýjüne gitdigiçe maýyl bolýarsyň. Asyl munuň gudrat kemi ýok eken. 17-nji fewral, 2019-njy ýyl. © Kakamyrat ATAÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |