08:08 Ýylanyñ zäheri bilen sanjym | |
ÝYLANYÑ ZÄHERI BILEN SANJYM
Medisina
Geñ-tañ görerlik galmady. Ylymda pikriñe gelmejek zatlar bolup geçýär. Öñler ýylan zäheriniñ gyzyl pula durýandygy we onuñ medisinada ulanylýandygy eşdilse-de, ýylan zäheriniñ sanjym bejergisinde ulanyljakdygyna welin hiç kim ynanmasa gerek. Emma bu hakykat. Indiden beýläk ýylan zäheri sanjym arkaly ulanylar. Gany nemlendiriji zäher näsaga alty sagada çenli güýç berýär. "Brigham–Womens Hospital" hassahanasynyñ lukmany Galen Hendelson dünýäde alty saglyk merkezinde synagdan geçen we bejergä alternatiwa hökmünde görkezilen ýylan zäheri barada şeýle diýdi: "Bilşiñiz ýaly iññe sanjymynda hamyñ ýüzünde emele gelen gan öýmesi damary petikläp ysmaz keseline ýol açýar. Häzirki ulanylýan iññeleriñ damarlarda döredýän gan öýmesini öçüşdirmek üçin üç sagadyñ içinde "TPA" atly dermany bermeli. Şol üç sagadyñ dowamynda görkezilen dermany ulanmak ikinji iññäniñ urulma howpuny aradan aýyrmak üçin ähmiýeti uly. Gan öýmesi damary petikleýär. Alahöwren ýylanyñ bir görnüşi çakan adamsyny köp gan ýitirip ölmegine getirýär. Bu ýylanyñ zäheri gany suwlandyryp, gan akyşyny hasam güýçlendirýändigi bilen ünsi çekdi. Şeýdibem ony sanjymda synag edip görmegi makul bildik. Netijede näsaga üç däl-de alty sagada çenli güýç gazandyrýar. Gany nemlendirýär, şeýlelikde näsagyñ ysmaz geçirip kemli bolup galmagynyñ öñüni almakda wagt utýarys. Zäher juda ujypsyz dozada ulanylýar. Mundan öñki bir synagymyzda ýarganadyñ sülekeýindäki bir maddanyñ gan öýmesini aýyrýandygyny anykladyk. Indi medisina dünýäsi bu iki synaga ymykly üns berse gerek". Internet maglumatlary esasynda taýýarlandy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |