18:56 Ýyldyzdan ýol ýasap... / hekaýa | |
ÝYLDYZDAN ÝOL ÝASAP...
Satiriki hekaýalar
“Alym bolmak aňsat, adam bolmak kyn” diýseler, şoňa ynanar ýörerdim. Asyl bu beýle däl eken. Adam bolmak hem aňsat däl welin, alym bolmak ondanam kyn eken. Men muny öz başyma düşenden soň bilip galdym. Bir gün ýoldaşym gümür-ýamyr etmek üçin öýe gelende: - Pylany hem alym boldy, plany hem – diýip, özüm ýaly birnäçeleriniň adyny sanady – Sen olardan kemmi näme? Adamyň edenini adam eder, bir temajyk alyp işläberseň, dura-bara biter gider-dä – diýdi. Şol wagtlar men oňa: “Oýnajak adamyňy daşdan gözle, dost!” diýsemem, gün geçdigiçe ýoldaşymyň aýdan sözleri meni ynjalykdan gaçyryp, alym bolmak hyjuwy gün-günden joş aldy. Kä gijeler ol pikir meni ýatyrmazdy, böwrümi dürtgülär durardy bir eýläme, bir beýläme öwrülerdim-de, uklaman daňymy atyrardym. Ahyrsoňy men öz-özüme: “Dogrudanam, olaryň menden änme artyk ýeri bar?” diýip, alym bolmaklygy ýüregime düwdüm. Ýöne bi işde iň kyn zat, tema tapmak eken temany tapsaň, galany itiň mugty. (Men başda şeýledir öýtsem-de, onuň beýle däldigine soň gözüm ýetdi). Ilkibada men öz dissertasiýamy Magtymguly-Pyraga bagyşlamakçy boldum her niçik-de bolsa, atly-abraýly adam. Onuň hatyrasy üçin hem eýle-beýle kemçilikleriň barysy bolmasa-da, ýarysynyň geçiljegi belli zat. Magtymguly hakynda ojuk-bujuk okap, oňa-muňa sala salyp başladym welin, asyl şahyryň golaýyna barar ýaly däl eken o hakdaky temalar duw-dagyn edilen bolsa nätjek! - Aý, “Weli bolmasa, Welje” diýipdirler. Magtymguly bolmasa, Kemine-hä bolar-da – diýip, Keminäni öwrenip başladym materiallary birin-birin okaşdyryp ýörkäm, birden Keminäniň: “Magtymguly edebiýat meýdanynyň oragyny orup gitdi. Bize diňe onuň hoşasyny çöplemek galdy” diýen setirlerine duş geläýmerinmi? Men öz-özüme: “Günüň hoşa çöpleýäne galsa, harman ýygnamak aňsat düşmese gerek, gel, ýykylsam-da ulusyndan ýykylaýyn” diýip, ýene-de Magtymgula ýapyşdym welin, tema tapýançam görgi baryny-da gördüm, haýsy temanyň başyny tutsam, ony o ýazdy, muny bu ýazdy bolaýýar Ajap gijeleriň birinde iki elimi kellämiň aşagyna ýassanyp, arka düşüp, Aýa garap ýatyrdym welin, birden Magtymgulynyň “Ýyldyzdan ýol ýasap, aýa sataşdym” diýen setirleri güpbe ýadyma düşäýdi Men edil gyzyl tapan gul ýaly: “Tapdym, tapdym!” diýip, gygyryp başladym. Begenjimden ýaňa howlynyň içinde iki ýana at saldym. Meniň soňky günlerde bolup ýörşümi ozaldan hem geň görüp ýören aýalym tas özünden gidipdi. (Ol meni däliräpdir öýdüpdir). Şeýdip, tapan temamy ýeke-bir ýoldaşlarym däl, aýalym hem makullady. Segsenden öten kakam bolsa, edil meniň pikirimi okan ýaly: - Düşümlisi bolsun, oglum, gökdäki dilegiň ýerde gowuşdy – diýip gutlady. Dogrudan hem şeýledi, sebäbi meniň temamyň ady “Magtymgulynyň astronomiki garaýyşlarydy”. Tema tapyldy, galany aňsat ony ýazmak üçin bary-ýogy üç zat gerekdi: jübüde götermek üçin ýörite çykarylan “Magtymguly” atly kitapça, beýik akyldarlaryň Magtymguly barada aýdan sözleri, iň esasy-da, oňat demini alan çaý. Olaryň ikisin-ä aňsatlyk bilen özüm tapdym, gök çaýyň bolsa, aýalyň kemini goýanok. Ilkibada Magtymguly hakynda aýdylan oňat sözleri, edil özüm aýdan ýaly etdim-de, göçürişdirip ýazdym soňra bolsa, şahyryň Günedir Ýere, Aýadyr ýyldyzlara degişli setirlerini birin-birin özümçe düşündirip ýazyşdyrdym... Işimiň her bölümini bir žurnalda çap etdirerin diýen niýet bilen, ony üç bölege böldüm. Soňra olary maşinkada göçürtdim-de, redaksiýa tarap ugradym. “Ýetimiň agzy aşa ýetse, burny ganar” diýipdirler. Ilkinji baran gapymda bar çeken zähmetim bujagy boşan meşige döndi redaktor beren makalamy agtaryşdyrdy-da: - Baý-bo-oý, ýagşy ýigit, siz piliň gulagynda uklap galypsyňyz. Bu iş öňki ýyl Belliýew Belli atly özüň ýaly ýigit tarapyndan ýazylyp, öten ýyl hem çapdan çykdy – diýdi. Üstümden gaýnan suw guýlana döndüm. Gynanjymdan dilim tutulyp, gözüm garaňkyrap, özümden gidipdirin. Redaksiýanyň işgärlerine iş bolsam nätjek! Ýüzüme suw pürküp, zordan özüme getiripdirler. Görsem, redaktor žurnalyň maketini eline alyp, ýüzümi ýelpäp otyr... Awuny aldyran awçy ýaly, ile masgara bolup, öýümize gaýdyp geldim. Ertesi şol kitaby tapyp agtaryp görsem, edil aýdylyşy ýaly-da! Ak kagyzyň ýüzünde gara harplar bilen “magtymgulynyň astronomiki garaýyşlary” diýlip ýazylypdyr. Awtory hem Belliýew Bally. Makalany okadygymça, öz işimden göwnüm geçip başlady. Öz içimden: “Baý, ýigid-ä ýazypdyr-ow, her sözüni gyzyla gaplaýmaly ylmy iş diýip, ine, şuňa diýäýseň! Meseläniň änigine-şänigine göz ýetiripdir” diýdim. Diýmezçe-de däl! Men: “Magtymguly ahyrzamanyň boljagyna ynanypdyr” diýip, öz ylmy işimde ýazypdym. Özümiň bu tassyklamamy delile getirmek üçin bolsa Magtymgulynyň: “Kaýsy gün goparmyş ahyrzamana”, “Bilmenem, ýakynmy ahyrzamana” diýen setirlerine salgylanypdym. Gaty ýalňyşan ekenim asyl Magtymguly ýeriň, älemiň müdimidigini, şeýlelikde, ahyrzamananyň hiç haçan hem bolmajagyny bäş barmagy ýaly bilýän bolsa nätjek! Muny Bally Belliýew ylmy taýdan kemini goýman tassyk edýär. ol şahyryň “Ata meňzär” goşgusynda “Bu dünýä bir düýpsüz derýa” diýen setiri alýar-da, düýpsüz zat tükeniksiz bolar, tükeniksiz zat hem müdimi bolar diýen netijä gelýär. Şu esasda hem Magtymguly dünýäni hemişelik we müdimi zat diýip hasaplapdyr diýäge-de, ap-aňsat subut edýär oturyberýär. Şondan soň men öz-özüme käýinip: “Alym bolmak ne körüňe gerekdi diýsene pukara günüňe kaýyl bolup, gezip ýören bolsaň, beýle masgaraçylygyň üstünden barmazdyň” diýdim... Has beteri-de: “Jandan umyt üzüp, haýranda eken, Ýyldyzdan ýol ýasap, aýa sataşdym” - diýen setirlere düşünmändigime janym ýanaýdy. Bally Belliýew ýaly düşünýän adamynyň eline düşs, bu setirleriň düşünmesi ap-aňsatja bolaýýar. Asyl ýokardaky setirlerde Magtymguly söýgüli gyzy Meňlini ýyldyza meňzedip, emma oňa ýetip bilmän, aýalyny Aýa meňzetmek bilen, asmanda ýyldyza garannyňda Aýyň Ýere has ýakyndygyny, asman jisimleriniň Ýerden dürli uzaklyklarda ýerleşýändigini aýdyp geçen bolsa nätjek! Ýeri, şu ýerde düşünmez ýaly zat barmy? Günleriň bir güni men Belliýewe duşdum. Ol uzyn boýly, garaýagyz, saçlary selçeňleşen, horumtyk ýigit eken. Onuň gözündäki äýnegi bilen kellesindäki ýaşyl şlýapasyny gören badyna, alymdygy mesaňa-mälim bolup dur. Men oňa ýüzlendim-de: - Gardaş, seniň ýyldyzdan ýol ýasap, Aýa sataşyşyňy okap, agzymy açypdyryn. Magtymgulynyň aýtmadyk zatlaryny nädup bildiň? – diýip soradym. Ol: - Aýdylan zady aýtsaň, alym boldugyň bolmaz. Gep Magtymgulynyň kellesine gelmedik zatlaryň meniň kelläme gelmeginde. Meselem, ol özüniň “Bolarsen” atly goşgusynda: “Garyp, sen ýyglama, şir dek bolar sen” diýipdir. Ine, şu setiri atronomiki taýdan garap, häzirki zamana seplejek bolsaň, onda: “Pyragy baryp şol wagtlar hem biziň ýurdumyzda kommunizmiň üstün çykjakdygyny bilipdir, adamzadyň ýyldyzdan ýol ýasap Aýa uçjakdygyny öňünden görüpdir” diýlen netijä gelmegimiz gerek. Düşnüklimi? Her bir zada ylmy taýdan çemeleşmeli, dost – diýip, äýnegini maňlaýyna göterdi-de, näme üçindir, süýem barmagyny ýokary çommaldyp ýylgyrdy. Men-ä onsoň: - Bally Belli, indi boldy, ýyldyzdan ýol ýasaýşyň maňa-da belli boldy – diýdim-de, onuň ýanyndan süzüberdim. Döwlet ESENOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |