23:16 "Abraýly" adam / hekaýa | |
“ABRAÝLY” ADAM
Satiriki hekaýalar
Şeýle bir gaharym gelendir öten agşam. Heý goýaýyň. Görmeseň ynanar ýaly däl. Onsoň ýazmabilseň ýazma-da felýetony... Hawa, öten agşam aýalym maňa aeroporta gitmek barada görkezme berdi. Doganoglanynyň gyzjagazy gezmäge gelýärmiş. Şony garşylamaly. Özüňiz bilýäňiz, aýalyň bir zat buýursa, tigirlenibermeli bolýar-da. Kejine gaýdaýsaň-a dat günüňe, şo günki aşyňa awy gatyldygy hasaplaý. Olara bir söz aýtsaň, iki söz özüňe şaplap deger. Oýlanyp otursaň, olar telek zadam aýdanoklar, hemmesi erkekleriň peýdasyna. Onsoňam, erkek diýlen milleti berkräk tutaýmasaň, boşan öküze dönäýjek olar. “Ýygnak” diýip gider-de, meýlisden çykar, “häzir geljek” diýer-de, ýaban ýatyp geler. Aýallar bolsa beýle däl. Çagalaryny bagyrlaryna basyp, gapa garap, garaşyp oturandyr. Erkegem erkekligini eder-de, gijäň ýaryndan soň entirekläp geler. Ýeke özi gelse-hä owarram, yzyna adamam tirkäp geler. Şonuň üçin özüm-ä erkekleriň berk tutulmagynyň tarapdary. Olary kökerip saklaň-a diýjek däl welin, duşaklap goýberiläýse, kem bolmajak ýaly... Hawa, aýalymyň doganoglanynyň gyzjagazyny garşylamak üçin öz maşynyma atlanyp, tigirlenip barýardym. Ho-ol öňräkde biri aýagy bişen towuk ýaly köçäniň iki tarapyna ýorgalap, maşyn tutjak bolýar. Işim gyssagly bolansoň, dazlap geçibermekçi boldum. Emma ol adam gözi ýok ýly kürsäp köçä çykdy-da, tasdanam maşynymyň aşagyna düşüpdi. Gözümi ýumup, basdym tormoza. Maşynam doňdy galaýdy. Gözümi açsam, tanyş ýüz. Ýa toýda-ýasda sataşan bolmaly, ýa-da goňşymyzda görenim. Maşyny şeýdip saklaýanlara aýdylýanja sözler aňrymdan müňzäp gelse-de, kiçi dilime ýetip-ýetmänkä yzyna ýuwutdym. Aljyran adam özüňize belli, salamlaşmagyň deregine: - Gurgun otyrmysyňyz? – diýipdirin. Onuňam aljyraňňylygy meňkiçe bar. salam bermän, alkymyma dykylyp geldi-de: - Öýümizde bir abraýly adam otyr – diýdi. - Sizde oturan abraýly adamyň maňa näme dahyly bar? - Şony öýüňe taşlamasaň, abraýdan gaçýan, gardaş. Kyn görme-de, gaýrat et. Maşyny saklanyndan soň “ýok” diýmäniňem ebeteýini tapman, aeroporta howlukmaç barýandygymy tutaryk edinmekçi boldum. Emma ol meniň bu sözümi “bolýar” diýençe gördi. - Tüýs bolaýdy, edil ýol ugry, men häzir gelýän – diýip, mawy gözlerini ýylpyldadyp duran kelte boýly, saryýagyz, dykyzja çala tanşym, jogabyma hem garaşman, zyňlan ýumak ýaly öýlerine tarap tigirlenäýdi. Nätjek, garaşmaly boldum. Sähel salymdan soň gala kimin galdyran howlynyň demir derwezesi jygyldady. Otuz ýaşlar çemesi garaýagyz, daýaw, görmegeý pyýadany, iki goltugyna girip, alyp çykdylar. - Baý-baý-ow... Abraýly adam bolaýşyny! – diýip, başymy ýaýkanymy özümem duýman galypdyryn. Iki adam myhmany südürläp maşynyň gapdalyna geldiler-de, hoşlaşyp başladylar Pýan adamlaryň hoşlaşyşlary iliňkä meňzeş bolýarmy näme? Ilki çarşaklaşdylar, onsoňam gujaklaşdylar. Indi maşyna münäýer diýsem, edil täze çatynjalar ýaly ogşaşmaga durdylar. Her kişiniň öz ýasalyşy bolýandyr-da... Başgalaryň burnuna galyp, kösenişini görenimde, sabyr käsäm pürepür boldy: - Ah-ow, ölüme ýollaňyzag-a, mündüriň maşynyna. Gaşlarymyň tapyşanyna gözi ilen tanşym “abraýly” diýilýän adamy soňky sapar şapyladyp ogşady-da: - Hoş onda, Oraz Alyýewiç, ine, jan ýaly dostumyň maşynydyr bu. Sizi ynjytman öýüňize elter – diýdi. Oraz Alyýewiç diýýänleri özüni maşyna atandyram welin, menem basdym gaza. Çala tanşym elini desmalçynyň ýelpewajy ýaly galgadyp galdy. Ondan sypanyma müňdebir şükür etdim araga aňyny aldyran adamyň kellesinde ne hyýallaryň bardygyny kim bilýär?! Hoşallyk bildirmek niýet bilen garsa gujaklaga-da, ogşabermekdenem çekinjek däl ol. Onsoň ol-a ýapyşyp ýatsa, senem ýapyşdyrmajak bolup, itekläp dursaň, ine, bir masgaraçylyk. Özem, köçäniň orruk-ortasynda. Uludan demini alyp, Oraz Alyýewiçe ýüzlendim: - Ýagşy ýigit, nirä sürmeli?! - Göni... Göni, ýaş-uly, özüm aýdaryn... – diýip, ol dili duşaklanan ýaly gepledi. Esli salym göni sürsem-de ondan ses çykmady. Yzyma garadym. Oraz Alyýewiç buýra saçly gaba kellesini sag gapdala gyşardyp, gözlerini süzüp, harpyk dykylan ganar ýaly çaýkanyp otyr. “Kha, khu...” edip, ardynjyrap oýatmakçy boldum oýanma nirede, gaýtam, bidöwlet, horlap başlady, birdenem “pyk-byk, kh-h-h...” edip, bagyna boglan erkeç ýaly deminden galdy duruberdi. Agyr nahar, ajy arak onuň dem alyş deşiklerini petikläp, birden başyma garamat bolaýmasyn diýen pikir kelläme gelip, tormoza basdym. Şol bada onuň tutulan demi ýarylan böwet ýaly pöwhüldäp gitdi. Öz sesine özi oýanyp, ardynjyrady. Bolşuna utandymy ýa-da irkilse öläýer öýtdümi, garaz, birneme ekezlendi. Daş-töweregine garanjaklady. - Ýaş-şuly, bu ýerler nire, ä? - Uniwersitet. - Kha... könesimi ýa täzesi? - Täze uniwersitet. - Hm... Maňa-a könesi gerekdi... - Beýle bolsa öňräk aýtmazlarmy?! – diýip, kineli iňirdedim. - Ýaş-şuly, näme igenýäňiz. Maşynyňyzyň oçegesi çykaýar öýdýäňizmi? Gaharyma bat bilen çepe öwürdim-de, basdym segsene. Tizräk eltip taşlaýmasam, aeroporta-da gijä galyp barýan. Ýeňil maşyna ýol çydanok. Köne uniwersitetiň ýakynyna baryp, yzyma garasam, “abraýly” adam serlip ýatyr. - Ah-ow, ýigit, turwaeri, gelmeli ýerimize-hä geldik, indi nirä sürmeli? Eger-eger, piňine-de däl onuň. Sanaç körük ýaly “puf-f-f... hr-r-r...” edip hor çekip ýatyr. Maşyny gapdala sowup, ony çalarak yraladym. “M-m-m...” edýär-de, beýle gapdalyna öwrüläýýär. Ezeneginden tutup, dik oturtsam, haýwan kädi ýaly ýene togalanaýýar. Edil dirije maslyk-da... Içinde janynyň barlygyna şükür edäýmeli... Nätjegini bilmän, esli salym ýaýdandym. Öýüni bilmek üçin ondan-mundan soranyňam peýdasy ýok. Şäher adamy öz ýaşaýan jaýyndaky goňşularyny hem doly tanap duranok. “Abraýky adam” diýlip eliňe tabşyrylansoň, ony köçede hem taşlap bolanok. Iň gowusy, amanady alan ýerine gowşuran ýagşy. Şeýle netijä gelip, yzyny ýel çalmanka, maşyny çala tanşymyňka tarap öwürdim. Gidip barşyma ilki özüme gargandym, soňra-da muňa: “Aý petigara, beýle-de bir içmek bormy?! Ýüz gram ýagşy, ýüz elli bar. Munça içseň, abraýyň aşykça-da bolmaz ahbetin. Sen meşik däl-ä tapanyňy garnyňa guýup oturar ýaly. Munça aragy meşige guýsaňam ýa-ha ýarylar, ýa-da bujak bogusy boşap, ähli arak pagşyldar” diýip, içimden edýän pikirimi soňlamankam, birden “pagş-ş-ş...” bolaýdy. - Häý, abraýyň başyňy iýsin, maşynyň için-ä wes-weýran etdiň... Garaz, çydam edip, zordan çala tanşymyň öýüne ýetdim-ow. Ol meniň gürrüňimi soňuna çenli hem diňlemän: - Ýok, ýok, dost, bu durşuna men ony öýe salyp bilmerin. Alşyň ýaly arassalap getir. Onsoňam onluk möhümim eýýäm bitdi. Indi maňa onuň geregi ýok – diýip, demir gapyny jarkyldadyp ýapdy-da, şarkyldadybam gulplady. Menem gaharyma maşynymy dazladyp sürdüm-de, “abraýly” adamynyň näçeräk abraýynyň bardygyny anyklamak üçin ony huşa getirijä gütledip taşladym... Ertesi anyklap görsem onuň abraýy külden tapylan çakyr aşykdanam ýeňil eken. Döwlet ESENOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||