14:00 Çöregiň ysy / hekaýa | |
ÇÖREGIŇ YSY
Hekaýalar
Garagyz daýzanyň tamdyr-peje ýapan çöreklerine gözi düşende, hamyr bölýän awtomatyň başynda duran Eneş ejäniň üstünden gaýnag suw guýlana döndi. - Aýu-u, Garagyz, duraweri! – Ol ylgaşlap baryp, Garagyz daýzanyň eline ýapyşdy. – Edýäniň näme?! Il-günden çekinmeseňem, Taňryňdan gork. Heýem duza beýle kast etmek bolarmy?! Garagyz daýza tamdyryň howrun gyzarýan ýylçyr gara ýüzüni öňküsindenem hyrsyz üýtgedip, elini silkip aldy. - Etjek! Men seniň iliňdenem gorkamok, taňryňdanam. Iki adamyň ýerine işlär ýaly men janymy ýerden tapmandyryn. Päheý-de weli... Eneş eje birbada näme jogap berjegini bilmän ýaýdandy. Soňra ýakasyny tutdy-da, ýazgaryjy äheňde çalaja hüňürdedi: - Toba, toba, çörekde näme günä bar diýsene?! Arzyň bolsa, bar-da smena ussasyna aýt, sehiň naçalnigine düşündiri. - Şu ýapan çöreklem peçden çykyp başlasyn bakaly, onsoň gonçlaryna gor guýlan ýaly bolup, olaryň özlerem ýanyna ylgaşyp gelerler. Hemmesi onuň aýdyşy ýaly boldy. Garagyzyň şaňňy sesini eşiden adamlar ýaramaz bir zadyň bolandygyny aňyp, derrew üýşdüler. Emma indi giçdi. Ýapylan çörekler tamdyr-pejiň beýleki agzyndan çykyp başlapdy. Ýüzi çaňjaryp duran tegelek agymtyl zatlarda çörek sypaty ýokdy. Ýörite bilim alyp gelenden soň milli çörek bişirilýän bu sehe naçalnik edilip bellenen Toýly Ataýew zer-zaýa bolan çörekleri görüp, öz gözlerine ynanmady. Gahardan ýaňa onuň ýüzi gulaklaryna çenli gyzaryp gitdi. - Siz barypýatan zyýankeş adam! – Ol Garagyz daýzanyň üstüne gygyryp başlady – Näme üçin beýtdiňiz? Çöregiň ýüzüne ýumurtga sarysynyň çalynýandygyny eýsem bilmän durmusyňyz? A näm üçin dürtgüç urmadyňyz?! - Sesiňe bat berip maňa gygyrma! Bar-da, öz heleýiň üstüne gygyr. Ras naçalnik diýip aýlyk alýaňmy – düzet, näme, görmän durmuň! Men kesekiň etmeli işini etjek däl. Düşnüklimi? Garagyz daýzanyň keçje dawa tutmasynyň azda-kände jany hem ýok däldi ol awtomatdan çykýan bir çöreklik tokga hamyry ýasylap-tegeläp, belli bir ölçege getirenden soň, ikinji adama – hamyryň ýüzüne ýumurtga sarysyny çalyp, dürtgüç urmaly işgäre geçirmelidi Bu işleriň hemmesinem aslynda bir adam etmelidi. Ýöne tomus aýlary jaýyň içinde, onda-da pejiň agzynda çydamsyz yssy bolansoň, bu işi iki dama tabşyrmak düzgün bolup galypdy. Emma şeýle etmäge häzir mümkinçilik ýokdy: işçilerden zähmet rugsadyna çykanlaram, syrkaw-sökellik sebäpli galýanlaram bardy. Garagyz daýza bolsa şol işi etmäge aýratyn adamyň goýulmagyny talap edip, ýolbaşçylara iki gezek aýdypdy. Olaram “gaýrat ediň” diýmekden başga çäre tapanokdylar, sebäbi adam ýetenokdy. Garagyz daýzanyň häzir ters iş edip başlamagynyň düýp sebäbi hem hut şondandy. Aslynda-da Garagyz daýzanyň gylygy keýpine baglyrakdy, gyş gününiň howasy ýaly günde ençeme gezek üýtgäp bilýärdi. Kämahallar ol durky bilen gahara ýugrulyop ýasalan ýalydy, kämahal bolsa ýaz kimin açylýardy. Şol sebäpli Garagyz daýzanyň ýelesini-ygyny aňşyraýmak onuň iň ýakyn ýoldaşlaryna-da başardyp duranokdy. Ynha, şu günem hut şeýle bolupdy... - Bi kesekiň işi däl, kärhananyň işi şol sebäpli ony hökman etmeli borsuňyz. Bilýäňmi şony – diýip, Toýly Ataýew düşündirmekçi boldy. - Şon-a, han ogul, sen bäbekkäňem bilýädik – diýip, Garagyz daýza keçje jogap berdi. – Etjek däl diýdim, etjek däl! Men janymy ýrden tapamok. Düşnüklimi? Ýaşy altmyşdan agan görmegeý rus zenany – sehiň smena ussasy Anna Pawlowna Zenkina gürrüňe goşulmaga mejbur boldy: - Düşnükli däl, garagyz bajy! Şu işleşip oturanlaram özüni sizçe görýändir. Näme, olar janyny ýerden tapandyr öýdýäňizmi? Garagyz daýza jogabyny iňňän pert berdi: - Keseki bilen işim ýok, men özümi bilýän! - Özüňi bilýäň?! – Köp ýyl bäri şu kollektiwde işleýän Anna Pawlowna Garagyz daýzanyň sözlerini ýaňsylap gaýtalady. – “Özüňi bilýän” bajy, hany aýdyň onda: bu etmişiňizi eýsem näme diýip atlandyrmak bolar? Siz elli bäş çöregi bilkastlaýyn zaýalapsyňyz. Garagyz daýza bu sözleri ýokuş görüp, dodagyny çöwürdi: - Şony ermiş hasaplaýan bolsaňyz, bahasyny aýlygymdan tutaýyň. Tapdyňyz etmişli adamy! - Şeý diý-ä?! – Anna Pawlowna Garagyz daýzanyň alkymyna baryp, dury mawy gözlerini onuň gara göreçlerine dikdi. – Bajy jan, siz çöregiň bahasyndan näme bilen ölçelýändigini bilýädiňizmi berin?! Siz ynsabyňyzdan daş düşýän bolaýmaň! - Söz owadanlap, maňa takal okamaň, Anna daýza. – Garagyz “daşda gez” diýen manyda elini salgap goýberdi. – Öz akylym özüme ýetik. Men kesekiniň akylyna mätäç däl. Äsgerilmän aýdylan kineli sözler Leningradyň açlygyny başdan geçiren rus aýalyna gaty ýokuş degdi. Ýöne ol başardygyndan göwnüni giň tutdy. - Garagyz bajy, siz möhüm meseläniň gürrüňini gedemlik bilen başga ýana çekmäň. Men çörek hakynda aýdýan. Şoňa düşünmegiňiz gerek. Uruş ýyllarynyň yzasyny hakydaňyza getiriň, belki şonda düşünersiňiz çöregiň nämedigine!.. Uruş sözüni eşidende Garagyz daýzanyň gaharly ýüregi larsyldap gitdi. Ol geçen günlerini hakydasyna getirmejek bolup, ýürek ýaralaryny täzeden gozgamajak bolup, dişlerini berk gysdy-da gapdala çekildi. Emma näçe dyrjaşsa-da başarmady. Şol agyr günler onuň gözüniň öňünde heder tutup başlady... Urşuň yzasy Garagyzyň kalbyna ýitmejek tagma basypdy. Ýalňyz ogly heniz göwresindekä onuň adamsy Bekdurdy arza berip, Watan goragyna gidipdi. Göwreli mahalynda-da, çagasy bolandan soňam Garagyz söweşe giden adamsynyň ornuny tutup, ýeke günem galman, kolhoz işine giderdi. Haýsy iş buýrulsa-da, “ýok” diýmäni bilmezdi. Ynha birdenem, kyrk birinji ýylyň aýaklarynda, sygryň dili ýaly akja kagyzda oňa dagdanam agyr ajy habar gelip gowuşdy. Şonda ol ençeme günläp, ulili bilen ses edip aglapdy. Soň-soňlaram uzak gijelerini sessiz gözýaş döküp geçirmeli bolupdy. Ol ýürek ýarasyny ömrylla biter öýtmeýärdi. Ýöne ajy habarlar beýleki öýlere-de ýaýrap başlandan soň, onuň ýüregi düşüşipdi ol agyr ýitgini boýun almaga mejbur bolupdy. Kyrk dördünji ýylyň başlarynda ol çörek kartoçkasyny edinmek üçin raýon merkezine göçüp gelipdi, pagta arassalaýjy zawoda işe giripdi. Şol ýylyň noýabr aýynyň on üç güni bolsa Garagyz özüniňem, oglunyňam çörek kartoçkasyny ýitirip, aý aýaklaýança gözýaş edip aglamaly bolupdy. Ýöne: Ilim-günüm bolmasa, aýym-günüm dogmasyn diýleni – adamlar garaşyk edip, olary açlyk belasyndan alyp çykypdylar... Häzir şol zatlary göz öňüne getirmäge mejbur bolsa-da, Garagyz daýza dişlerini gysyp, göwresini daşa dönderip, aglaman saklanmagy başardy. “Namartlady” diýdirmezlik üçin, ýüregine çydamsyz agram salyp dymdy. Bu zatlardan bihabar Toýly Ataýew Garagyz daýza ýazgaryjy nazar bilen garady, oňa bir zatlar diýmekçi boldy emma dil ýarmady, başga karara geldi. - Anna Pawlowna, siz gidiň-de, maňa okap beren şol gazetleriňizi getiriň – diýip, ol Zenkina ýüzlendi. – Belki, şony okap, janygyp gürrüň berseňiz Garagyz daýza täsir eder. Anna Pawlowna az salym ýaýdanyp durdy. Oýlandy. Ahyrsoňy hem “bolýar” diýen manyda başyny atyp, sesini çykarman , öýlerine ugrady. Onuň öýi zawodyň garşysynda, köçäniň beýleki gapdalyndaky üç etažly jaýda ýerleşýärdi. - Ol nämäniň gazetikä? – diýip, işçilerden kimdir biri geňirgenip sorady. Ýöne onuň sowalyna üns beren bolmady. Birden başlan “hyşy-wyşyly” gürrüňler edil örüzilen arylaryň güwwüldisi ýaly sehiň içini gaplap alypdy. - Garagyz, sen biçak hetden aşýaň! Özüň bilen deň bolunsa-ha, ediläýmelisi belli welin... – diýip, çörek zawodynyň slesar-mehanigi Annaly aga gatyrganyp, gürrüňe başlamakçy bolanda, gahardan ýarylmaga taýyn bolup duran Garagyz daýza onuň sözüni böldi. - Ýeri, nätjekmişiň? Hany aýt, nätjek?! – Ol Annaly aganyň alkymyna dykylyp geldi. – Hany, et-dä näme etjek bolsaň! Ýaşyň ýetmişe ýetip, sakgalyň saňňyldap başlapdyr. Indi seniň bitirtjek goşuň bolmaz. Hm. Ýaranjaň ýal ýagysy! - Toba-toba, adamda haýa bolmasa, gepe düşünmez eken-ow – diýip, Annaly aga yza çekilmek bilen boldy. Aýallar Garagyz daýzany ýazgaryp, onuň üstüne gygyryşyp başladylar. Kimiň näme aýdýanyny aňşyrar ýaly bolmady. Edil şol mahalam eli gazetli Anna Pawlowna gapydan girdi. Adamlaryň sesi şobada tapba kesildi... Anna Pawlownanyň täsin geçmişi bardy. Ýöne ol öz geçmişinden söz açmagy halanokdy, ýürek ýarasyny gozgamak islänokdy. Şol sebäpli göni berlen sowallara-da, ol belli jogap bermän, gürrüňi derrew başga tarapa sowmak bilen bolýardy. Onuň bu häsiýetine her kim özüçe baha kseýärdi. Kimsi “Leningradda ýaşaýarka Anna daýza şol ýere okuwa baran bir türkmen ýigidini ýürekden söýüp, oňa durmuşa çykanmyş, ol frontda ýogalandan soň bolsa, adamsynyň hatyrasyny tutup, ogly Serdar bilen şu etraba gelenmiş” diýse, käbir agzy boşlar: “Onuň ogly çöpdüýbümiş, Baýramalyda ýaşaýarka ony ärsiz dogranmyş. Şony bildirmejek bolubam, biziň şäherimize göçüp gaýdanmyş” diýip gybat edýärdiler. Ýöne adamlaryň aglabasy şeýle çaklamalara ynananokdy. “Anna daýzanyň başyndan çydamsyz agyr günler geçenmiş, belki, şony ýatlamagy kyn görýändir” diýip, olar öz ýanlaryndan çäk edýärdiler. Anna Pawlowna şol gürrüňlere gaty bir gulak gabardyp duranokdy. Ol öz işi, öz güni, öz maşgalasy bilen gümra bolup, sap ýürekden zähmet çeker ýörerdi. Onuň ykbaly edilýän gürrüňlerden bütinleý başgaçady. Leningradda önüp-ösen bu rus zenany ýaňy ýigrimi bäş ýaşa aýak basanda, uruş turupdy. Ol gabawda galmaly bolupdy. Onuň adamsy Serafim urşuň ilkinji günleri Leningradyň etegindäki agyr söweşlerde gurban bolupdy. Garry ejesi bilen iki ýaşlyja gyzy hem kyrk birinji ýylyň gyşynda açlyga döz gelip bilmän, gözlerini baky ýumupdy. Iň ýakyn adamlaryny ýitiren daýanykly ýaş gelin sanlyja günden iňňä sapaýmaly bolupdy. Bu zatlaryň üstesine-de açlyk labyry ony halys çökeripdi. Şol ýylyň gyşynda ol Döwlet Goranmak Komitetiniň karary boýunça Leningraddan awakuirlenen 514 müň adamyň arasy bilen ölüm halynda ýatyrka, uzak tyla ugradylypdy. Şeýdibem, ol Baýramala gelip düşüpdi. Anna Pawlowna Zenkina ilki böwrek sanatorisinde, soňam öz käri boýunça şäheriň çörek zawodynda işläpdi. Birneme daýanyşandan soň ol, özüne höwür üçin, çagalar öýünden garaýagyzja bir çagany ogullyga alyp, oňa Serafimiň adyny dakypdy. Bu ady tutmasyny kyn görenleri üçinmi ýa-da oglan garaýagyzja bolany sebäplimi, garaz, oba çagalary onuň adyny Serdar diýip tutýardylar. Şeýle bolansoň, Anna Pawlowna-da şol ada öwrenişip galypdy. Pasport alanda bolsa, Serafimiň adyny Serdar Pawlowiç Zenkin diýip resmileşdirilipdi. “Şü-ýä kemem bolmady – diýip, Anna Pawlowna öz-özi bilen gürleşdi. – Familiýasy adamymdan nyşan, atasynyň ady menden nyşan, öz ady hem maňa hossar çykan türkmenlerden nyşan”. Serdar Pawlowiç instituty tamamlan badyna, özi bilen bileje okan Nargül atly gyza öýlenipdi. Olaryň ikisem Baýramalydan uzakda ýerleşýän oblast merkezine işe iberilensoň, Anna Pawlowna-da şol ýere gelip, çörek zawodyna işe giripdi şeýdip, rus aýalynyň maşgalasy türkmenleşip gidipdi. Onuň özem türkmen diline suwarady. Serdar bilen Nargül: “Pensiýa çyk-da, agtyklaryň arasynda otur, geçmän duran günüň ýok” diýip, oňa näçe ýyl bäri ýalbarsalar-da razy bolanokdy. “Öwrenişenje kollektiwimden gitsem, men derrew sandan galaryn” diýip, smena ussasy bolup işläp ýördi... Anna Pawlowna dolanyp gelende Garagyz daýza gaýynyndan öýkeläp gelin ýaly, bir çetde tersine bakyp durdy. Zenkinanyň elindäki solup giden sary gazetlere gözi düşende, ol süňňünde nähildiri bir düşnüksiz duýgyny syzdy, howatyrlandy, azgetlerden ýüzüni sowdy. Toýly Ataýew söz aýdybam oturmady. Ol: - Ynha, ýoldaş Zenkina çörek hakda size gürrüň bermekçi. Aýdyberiň, Anna Pawlowna – diýip, çäklendi. Adamlar Anna Pawlownanyň golaýyna üýşdüler. Söz berlensoň gepläp başlabermeli ýalydy. Emma Zenkina gürrüňi nämeden başlajagyny bilmän, gözüni kärdeşlerine aýlap çykdy, ejizlärin öýtdümi-nämemi, uludan demini alyp, ýylgyran boldy. - Çörek hakda men bulara näme gürrüň berip bilerkäm?! – diýip, ol Toýly Ataýewe garady, soňra adamlara ýüzlendi. – Ynha, indi kyrk bäş ýyldyr çörek bişirip başlanyma. Ýöne şonçarak işlänler aramyzda-da bar. honha, Eneş eje dur. Otuz bäş ýyl bäri çörek bişirip gelýär. Garagyz bajynyňam stažy ýigrimi ýyldan geçen bolsa gerek. Käbir ýaşlar diýäýmeseň, hemmämizem köpden bäri işleýäs. Onsoň men size çörek barada näme gürrüň bereýin!? Dogry, daşardakyrk bäş gradus yssy mahaly pejiň agzynda durup işläýmek aňsat däl, oňa gaýrat gerek. Gaýratly bolanymyz üçin ähli adamlar bize hormat goýýar. Bu käre ir zamanda-da hormat goýlar eken. Baryp-ha gadymy Rim gulçulugy döwürnde çörek bişirmek-de aýratyn tapawutlanan gullary gulçulykdan azat edibem goýberýän ekenler. Ýöne men şony däl-de, öz başymdan geçiren günlerimi ýatlamakçy. Anna Pawlowna dymdy, pikirini bir ýere jemlejek bolup ýuwdundy, birdenem sojap gürlemäge başlady. - Şol zatlary ýatlamak maňa aňsat düşmez. Nädeýin! Ýatlamaga mejbur bolýan. Hawa, siz mejbur etdiňiz, Garagyz bajy! Men... meniňem ykbalym siziňkä çalymdaş. Menem ýaş mahalym adamymy ýitirdim... – Onuň bogazy doldy, sesi birhili endiräp çykdy. – Hawa, adamymy ýitirdim. Ol saryýagyz ýigitdi... Leýtenantdy... Serafim diýerdiler onuň adyna... Leningardyň eteginde wepat boldy. Ajy habary alamda, gözümiň ýaşy gutarýança aglapdym... Anna Pawlowna göýä duran adamlara däl-de, özi özüne gürrüň berýän ýalydy. - Soňra açlyk başlandy. Işçilere ilkibada çöregi ýarym kilolap bererdiler. Soň azalyp-azalyp iki aýyň dowamynda iki ýüz elli grama geldi. Gullukçynyňky, maşgala çlenleriniňki has-da azaldyldy – ýüz ýigrimi bäş grama getirildi. Hurşsyz iýlensoň, ojagaz çörek adama ýokam bolmaz eken... Onuňam, gurbany gitdigim, häkibir ady çörekdir. Gyzylyň gyryndysy ýaly edip, agzyňa salarsyň welin, ondan çöregiň ysam gelmez, tagamam. Gömgä çalymdaş gara-gögümtil bir zatdyr. Onuň içine goşulýan zatlaryň nämedigini Alla bilsin! Indi-indiler kitaplardan, gazetlerden okap bilýäs. Ýok zat ýok eken onuň içinde: künjaramysyň, kepekmisiň, gertmisiň, garaz, agaçdan üwelip ýasalan “una” çenli goşulýan eken... Anna pawlowna ýüzüni galdyryp başyny ýaýkady. - Hawa, “açlyk näme iýdirmez...” diýleni çyn eken. Tapylsa, agaç ýeliminden çorba gaýnadynardyk. Dermanhanalarda wazillinem, gliserinem galmady, bary iýildi... Ýöne açlyk belasy köp adamy alyp gitdi... Meniňkilerem alyp gitdi... Durmuşyň şatysyny gören rus zenany artyk çydap bilmedi. Onuň galňas dodaklary müňküldäp, bogazy doldy. Owasyna ajy ýaş çaýyldy. Ol jübüsinden güllüje ýaglygyny çykaryp, gözlerine ýetirdi. Oturanlaram birhili bolup bozuldylar. - Meni bagyşlaň, ýatlasam ýaram gozganýar, onsoň bozulýanam käte. – Anna Pawlona ýaglygyny epläp jübsüne saldy. – Hawa, garryja ejem bardy. Ömründe ýanyny ýere beren adam däldi. Iki ýaşlyja-da gyzym... Ady Nataşady... Kakasyna çalym edipjik durdy. Ýüpek ýalyjak saryja galpaklary bardy, ülpüldär durardy... Hemişe ýylgyrypjyk oturandyr... Uruşdan öň çörek zawodynda işleýärdim. Un bolmansoň, zawodlaryň köpüsini ýapdylar. Şäher boýunça on dört zawod galdy. Deňiz portuna işe gitmeli boldum. Hünäriň bolmasa tabşyrylan işi edibermeli bolýar. Gijämiz-gündizimiz bolmazdy. Portda ýatyp, portdan örerdik. Aralykda çöregiň nobatynda durup, alan badymyza-da öýe ylgardyk... Ilki-ilkiler gapydan girdigim, gyzjagazym: “Eje, çörek getirdiňmi?” diýip, öňümden ylgap çykardy. Soň-soňlar şoňa-da ýaramady. Işigi açan badyma naýynjar gözjagazlaryny tegeläp, maňa serederdi. Çörek dilemezdi. Şol ýagdaýynda-da ýylgyran bolardy. Aglaman zordan saklanardym. Nataşa horlanyp-horlanyp, iňňä sapaýmaly saryja ýüplüge döndi. Dura-bara ejemem, gyzjagazymam haýallap ugrady... Açlyk edil aw agtarýan möjek ýaly adamlary hemme ýerde aňtap ýörerdi. Kimsini öýünde alýardy, kimsini – ýolda. Adamlar ýöräp barýarkalar ýykylyp, jan bererdiler. Çar tarapyňy ölüm gabap alsa, adam pahyr ölüme-de öwrenişer eken. Ine, iki sany ýaş gelin Zenkinanyň gürrüňini ahyryna çenli diňläp bilmän, ýaglyklary bilen ýüzlerini tutup, daşaryk çykdy. Anna pawlowna ara salym berip dymdy. Demini dürsäp, ýene dowam etdi: - Täze ýylyň öň ýanydy. Kyrk biriň ýigrimi dokuzynjy dekabrydy. Çörek normamy alyp öýe gelsem, krowatyň üstünde ikijigem süýnüp ýatyr... Ejem dalak ýaly göm-gök bolan dodaklaryny berk ýumupdyr. Onuň gür gaşlary çytylypdyr. Gözleri açyk. Olen adamyň gözleriniň şöhlesi öçýändir diýerdiler. Ynanardym. Beýle däl eken. Ejemiň sowuk göreçleri içimden geçip gitdi. Ýüregime sanjyldy. Ýanynda-da gyzjagazym. Eýjejik Nataşam!.. Gözlerini ýumup, ýygrylypjyk ýatyr... Ynanmadym... Gujagyma alyp, bagryma basdym. Gatap galypdyr... Bagyrdym. Etjek alajyň näme?!. Anna Pawlowna ýene-de dymdy, ýaglygyny çykaryp, nemli gözlerini süpürdi. Zarynlady: - Ol günler ölmek aňsatdy. Öleni jaýlamak kyndy. Nataşa üçin alan sanimiz bardy. Heniz ulanmandyk. Özüne nesip däl eken. Şol sani tabydyň ornuny tutmaly boldy. Onuň üstüne ýasy fanera goýup, ikisinem şoňa ýerleşdirdim. Garly köçäni syryp, süýräp ugradym... Golaý-goltumda gonamçylyk barmy? Iňrik garalanda ysgyndan gaçyp, zordan ýetdim. Gonamçylygyň töweregi jesetden doludy. Daş ýaly doňan ýeri gazyp, olini jaýlamaga-da gurbat gerek. Menem il deňinde olary eltişim ýaly, saniniň üstünde goýup gaýtmaly boldum. Ertesi barsam, üýşen jesetleri soldatlar jaýlapdyr. Doganlyk mazarlaryny gazyp, toparlap-toparlap ýerleşdiripdirler... Annaly aga sakgalyny sypalaşdyryp, ardynjyran boldy, toýdan düşen ýarym metrlik mata ýaglygyny çykaryp, maňlaýyna ýetirdi, soňam ýaşaran gözlerini süpürip başlady. Frontdan ýaralanyp gelenden soň, kolhozda işläp ýörkä, ol armanly ölen bir ýaşulyny köpünsiz jaýlamaly bolupdy. Kolhozyň samanyndan iki ganaryny dolduran şol şäherli ýaşuly, olary eşegine ýüklemäge ragbaty ýetmän, ganaryna arkasyny berip, gatap galypdyr. Anna Pawlownanyň häzirki edýän gürrüňi şol wakany Annaly aganyň ýadyna salypdy. - Hawa, şeýle agyr günler başymyzdan geçipdi – diýip, Anna Pawlowna aýtdy. – Şoňa çenli “çörek mukaddes” diýseler, manysyny seljermezdik. Şonda düşünip galdyk çöregiň mukaddesdigine. Anna Pawlowna haýal ädimläp, Garagyz daýzanyň ýanyna bardy. - Ynha, serediň şu gazetlere. – Ol könelişen sary gazetleriň sahypalaryny agtaryşdyryp başlady. – Ýürek edip okar ýaly däldir bu gazetleri. Ynha, kyrk birinji ýylyň noýabr aýy. Ynha, okaň! Sowukdan hem açlykdan bir aýda on bir müň segsen bäş adam amanadyny tabşyrypdyr... Ine, bu-da şol ýylyň dekabr aýy. Elli üç müňe golaý adam şeýdip dünýäden ötüpdir. Ejem bilen gyzymam olaryň arasynda bolmaly. Kyrk ikiniň ýanwar-fewraly... Iki ýüz müň adam... Iki aýyň içinde iki ýüz müň adam... Hawa, olar açlykdan öldi... Iş üstünde öldüler... - Waý, bes et! Ýanýan ýüregimi daglama! Köne ýaramy gozgama! – diýip, Garagyz daýza ses edip ýerinden turdy-da, Anna Pawlownany gujaklady. – Günämi ötüň, Anna daýza! Meni bagyşla! Men günäkär, jan dogan... Öz-özünden emele gelen mitinge çalymdaş bu waka başlanyşy ýaly-da tamamlandy. Gözleri nemli aýallar iş ornuna geçdiler. Güne çalymdaş mele çörekler transportýoryň üstüne düşüp, süýşüp başlady. Täze çöregiň ýakymly ysy sehiň içini ýene-de gaplap aldy bu ýakymly ys ýaşaýşyň, bolçulygyň, parahatçylygyň alamatydy. Döwlet ESENOW. | |
|
√ Gyzyl alma / hekaýa - 12.10.2024 |
√ Surat / nowella - 14.03.2024 |
√ Bars balasy / hekaýa - 09.12.2024 |
√ Ketenini ysgamadyk armanlar... / hekaýa - 27.11.2024 |
√ Kitap / nowella - 16.03.2024 |
√ «Dag imesdir, köñlüm içre boldy myhman gözleriñ...» - 26.07.2024 |
√ Ýolagçy / hekaýa - 12.01.2024 |
√ Gudrat / hekaýa - 15.09.2024 |
√ Şahyr / hekaýa - 17.11.2024 |
√ Gamyş köpri / hekaýa - 26.11.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |