16:34 Köçe depderçesi / hekaýa | |
KÖÇE DEPDERÇESI
Satiriki hekaýalar
Biziň şäherimiz gözel şäher. Onuň başlygy bolsa... Gowusy, men ol başlyk hakda doly gürrüň beräýeýin. Hawa, şäher Sowetiniň başlygyna Gaýkyýew diýerler. Ol ýigidiň köçämiz barada edýän aladasyny görseňiz, aňkaňyz aşar. Näme gülýäňiz?! Ynanaňzokmy? Gürrüňime ynanmasaňyz, meniň depderçämi okap göräýiň. Onsoň-a ynanarsyňyz-da görseňiz, içindäki ýazgylar durşuna aladadyr. Men bu depderçä gündelik diýip hem at goýjak boldum. Emmä köçämiz barada edilýän alada her gün bolman, setanda-seýranda bolup, ýazgyny hem setanda-seýranda, ýagny alada edilen güni ýazanym üçin, oňa gündelik diýmän, depderçe diýäýdim sizem näme diýseňiz şony diýiň. Içindäki ýazgylar-a, ine, şu aşakdakylar. 13-nji APREL - Işiň on üçlük san bilen baglanyşykly bolsa, bagtyň çüwmez, edeniň tersine bolar durar, sebäbi ol gün bisähet – diýip, gaýyn enem Anna Pawlowna meni-de ynandyrjak bolýar. – Eger on üçünji reýsli samolýot bilen uçsaň, samolýot hökman azyndan üç sagat giç uçar, otluda ornuň on üçünji ýer bolsa, ýa-ha goşuňy aldyrarsyň, ýa-da barmaly ýeriňe ýetýänçäň, bir kesele uçrarsyň. Toý tutmakçy bolsaň-a on üçünji günüň golaýyna-da ýanaşmaly däldir. Men onuň bolgusyz yrymyna asla ynanamok. Şol sebäpli on üçünji güni haýsydyr bir bähbitli işiň başyny tutmakçy bolsam, gaýyn enem meniň al petimden alýar. Onsoň ikimiz itdepişik bolmasagam, bäri ýany bolýarys. Ýöne men mydama mamla çykýaryn bagtyma ine şu gün, hut on üçünji aprelde maňa jaý beräýmezlermi? Onda-da ne jaý, üç otagly, eýwany bilen kuhnýasam onuň üstesine! Edil jüpüne düşdi duruberdi. Eýsem, bu bagtyň çüwdügi dälmi näme? Gaýyn enem. - Aý, bu tötänden bolaýan bir zatdyr – diýýär. Men onuň beýle delili bilen razylaşmadym. - Şeýle tötänlikler köpräk bolsun, hormatly Anna Pawlowna. Ýöne bir zady hem bilip goý: jaý diýilýän zat hiç haçan tötänden berilýän däldir şeýle dälmi? Gaýyn enem adaty gylygy boýunça jedelleşmekçi boldy-da, ýöne şu sapar utuljagyna gözi ýetdi: - Ataran süýdüm çogan bolaýmasyn – diýip, bahana tapdy-da, ýanymdan gitdi. Köçämiz welin akan-çukan, depe, düz ýüz... Pürküldäp duran tozanam olaryň üstesine! Belki, bagtymyza, ýene-de bir bisähet gün çykaga-da. Köçämiz düzleneýdi-dä!.. 13-nji OKTÝABR Şu gün göçüp gelenimize dogry ýarym ýyl boldy. Agşam öýümize myhmanlar geldi erkekler bolup, preferans oýnajak bolduk welin, aýallarymyz rugsat bermedi. Şu aýallary goýaýyň, ärleriniň tersine gidip bilseler armanlary ýok, aýratynam preferans oýnaljak bolanda. Gaharymyz gelse-de, bialaç. Nätjek? Tersleşäýseň-ä soňy özüňize belli. Içi ýananyň gülküsini etdik-de, küşt oýnamaga oturyberdik. Olaryň gybatyna-da päsgel berjek bolup durmadyk. Agşam sagat on birlerde dargadylar. Daşary tüm garaňky. Myhmanlaryň biri köçede batga batdy-da, şäher Sowetiniň başlygynyň adresine ýaman käýindi (Depderçä ýazar ýaly däl), ýöne men oňa: - Beýdip käýemäweri, zalywat, agzyň hapa bolar – diýdim. - Agzymyň hapa boljagyny-bolmajagyna-a bilemok welin, aýagym-a topugyma çenli batga çümdi. 21-nji OKTÝABR Heýjan elek, jan elek! Köçämize greýder geldi. Ýoldaş Gaýkyýewe ur-ra!.. Köçämiz düzlenip ugrady... 23-nji OKTÝABR “Alňasan aç galar” diýenleri boldy. “Gaýkyýewe urra!” diýip, gaty alňasaýan ekenimiz. Gelen greýder işlemesini kesäýdi. Sebäbimi? Sebäbi ýangyjy gutarypdyr. “Näme üçin ýangyç getirmeýärlerkä?” diýip, anygyna ýetsek, asyl ýangyç daşaýan maşynlary döwläýen bolsa nätjek! - Kireýine ulag tutup, ýangyç getirip bolmaýarmy? – diýip, gelen işçilere maslahat maslahat berdik. Işçiler maslahatymyzy almady. - Beýle zatlary etmegi Gaýkyýew bize gadagan edýär. döwletiň serişdesini saga-sola sowrup ýörmek bolmaz diýýär. - Işlemeseňem-ä hak tölemezler – diýdik. - Biz gymyldasak bolany, hakymyzy üstümize getirip berýärler – diýip, olar gara tüňçäniň çaýyny süzüşip otyrlar Ertesi elleri pilli, lomly, kerkili, teşeli pyýadadan köçämiz doldy. Şäher gazetinde bolsa: “Aulnaýa” köçesi abadanlaşýar. Köçäni düzlemek işinde on dokuzdan gowrak (?) adam işleýär. Köçede greýder hem bar...” diýlip, informasiýa çap edilipdir. Ýöne greýderiň işleýändigi ýa-da işlemeýändigi barada ýekeje agyz sözem ýazmandyrlar. 1-nji NOÝABR Baýramçylyga köçäni düzläp ýetişjek bolup, ellerinden gelenlerini edýärler. Köçäniň ikiýan gapdalynda timarlap ýap çekdiler. Edil oklaw ýaly göni. Onuň boýunda kerkaw (?) Sorag alamatyny goýanymy geň görmäň. Klýonyň kerkawdygyny sözlüge seredip bildim. Şonuň dogrudygyna ynam etmän, sorag belgisini goýaýdym) agaçlary ekildi. Indi keýpine suw tutup ýörmeli. Agaçlar derrew boý aljak. Ýöne ýabyň gazylany bilen suw geläýer öýdüp tama etmäň ýap bir başga, suw bir başga. Men işçilere: - Çaý içesiňiz gelse, öýe geläýiň. Gaýyn enemiz gaýnadyp berer. Gazyň jany sag bolsa, iki minutda gaýnaýar. Çöpleme tütedip oturasy iş ýok – diýdim. Olar begendiler, gelip, hezil edip, burçak-burçak derläp, gök çaý içdiler. Işçileriň üç sanysy öýe gelmedi. Olar köçede ot ýakyp, tüňçelerini oturtdylar. Ikinji gezek yzlaryndan baryp çagyrsam: - Gazda gaýnan suwuň çaýy biziň janymyza ýaranok – diýip, mys-mys gülüşýärdiler. Olar ýer ýassanyp, elleri çişli ot dörüşip otyrlar. Geö adamlar. Hamala, çiş gyzdyryp, mallaryna tagma basjak ýaly. Janlaram sag däl öýdýän, boýunlary ýüplük ýaly, ýüzlerine-de gara ýanyk, asfaltyň reňki çykan ýaly. Çöp-çalam ýakanlaryndanmy-nämemi, bilmedim, otlaryndan şeýle bir ýaramaz ys çykýar, heý, goýaý, edil beýniňi deşip gelýär. Nämäniň ysydygyny bilip bilmedim. Öýde oturanlar: - Ganaw gazýanlar gelýänçä, köçäni doly asfaltlap çykaýmasak, işimiziň gaýtdygydyr. Onsoň bäş günläp burnumyzy dyrmap oturmaly bolarys. Her etmeli-hesip etmeli welin, şolar gelýänçä işi gutarmaly – diýişýärler. Men olaryň ganawly gürrüňlerine düşünmedim. Näme diýdiklerikä? 9-nji NOÝABR Oktýabr toýumyz otliçno geçdi. Keýpimiz bäş. Köçämizmi? Şeýle bir oňaryp asfaltladylar welin, ýagyş çisňäp güni ýüzünde öz ýüzüňi görüp durmazdy. Edil aýnaň barmy! Diçseň oňat, şarňyldap ýatyr. Ýoldaş Gaýkyýew müň ýaşasyn!.. baýramçylyk dowam edýär. Häzir wagt on üç minudy kem üç... 10-njy NOÝABR Çig süýt emlip ulanylynýanlygyndan-da. Işçileriň şol günki ganawly gürrüňineşu gün düşünip galdym. Işden gaýdyp gelsem, köçämiziň orruk ortarasyndan asfalty çapyp, maşyn bilen adam boýy ganaw gazyp gelýärler. Ganawyň gyrasynda Gaýkyýew gaýşarylyp dur. Gördüm-de janym ýanaýdy. - Bu ne bet işdir? – diýip gygyrdym. Gaýkyýew: - Bet iş däl-de, planly iş. Düşünmän gygyrberýäňiz. Şäher Sowetiniň karary boýunça şu ýyl siziň köçäňizi asfaltlamaly hem şu köçäniň üsti bilen demir ýolunyň gaýrasyna agyz suw çekmeli. Düşündiňizmi? – diýdi. - Düşünemok. Suwturba çekjek bolsaňyz, öň çekäge-de, soňundan köçäni asfaltlaýsaňyz bolmadymy? – diýip jibrindim. Ol bolsa: - Hi-hi-hi! Munuň aýdýanyna serediň-le. Görýän welinim, dünýäde her hili samsyk bar-ow... Seniň pikiriňçe, haçan ganaw gazýanlar gelerkä diýip, garaşyp oturmaly-da onda. Asfalt düşeýänleriň planyny eýsem, kim ýerine ýetirjek? Sen ýerine ýetirjekmi?! Näme dymýaňyz! Hi-hi-hi! Biz bolsak, gardaş, plany dolanymyz üçin sylagam alýarys, düşündiňizmi? – diýip, men-ä samsyk, özümem akylly etdi oturyberdi. Gnawdan çykarylan gumlar timarlanyp çekilen ýaby gazylmadyk ýaly edip gömäýipdir. 11-nji DEKABR Trotuarymyza-ha degenoklar diýip, begenip ýördük welin, ol begenjimizdenem dyndyk telefon simini geçirjek diýip, trotuaryň ortasyndan ýap çekip ugradylar. Indi köçämiz ýene-de akan-çukan, depe, düzsüz... bolup galdy. Pürküldap duran tozanam olaryň üstesine! “At çapyşyňdan geçdik”... diýlişi ýaly, indi gazylan ýapdyr ganalaryň asfaltlanmasyndan-a geçdik, şolary gömselerem müň-de bir razy... 13-nji FEWRAL Iki şäheriň arasyndaky ýaryşy barlamaga wekiller geljek gürrüňi ýaýrap başlan badyna köçämize greýder geldi. Iki günüň içinde köçe düzlenip, asfaltlanyp tamamlandy. Gaýkyýewiň kellesine täze hyýallar geläýmese, häzirlikçe hezillik. Hatda şu gün köçämizden suw pürkýän maşyn hem geçip gitdi. Gyş ýagşynyň çisňäp durmagyna garamazdan, köçämize suw hem sepdi. Belki, bu hem Gaýkyýewiň planynda bardyr. Kim bilýär? 13-nji APREL Jaýa göçüp gelenimize dogry bir ýyl doldy. Ir sagat sekizde aragatnaşykçylar ýene-de trotuaryň asfaltyny çapyp başladylar. Bu saparky gazylýan ýap telefon siminiň geçirilen ýeriniň gapdalyndan. - Öňin-soňyn elektrik simlerinem ýer astyna saljak diýersiňiz. Başyňyza döneýin, iş görmäň-de, şo simlerem şu wagt şu gazan çukuryňyza gömüp dynaweriň – diýdim. Etmediler. - Bu biziň edaramyza degişli däl. Elektrik simlerini gömýän ýörite edara bar, şoňa ýüz tutuň. Belki, olaryň planynda bardyr – diýdiler. Gaýyn enem: - Sen näme olar bilen dawalaşyp dursuň? “Beterinden saklasyn” diý-de, Hudaýa şükür ediber. Bu gün aýyň on üçi ahyryn. Bisähet gündügini unutdyňmy? – diýdi. - Beterinden sakla diýer ýaly, şundan beterini etmejeklerine gözüm ýetýär – diýdim. Gaýyn enem: - Dawa etme, isleseler beterinem ederler – diýdi. Men gaýyn eneme eňek bermedim. 24-nji MAÝ Işden gaýdyp, köçämize sowuljak bolsam, öz köçämizee çalym edenok. Töwerekdäki jaýlara siňe syn etsem, öz köçämize meňzeýär. Ýene-de köçä garasam, biziňki däl ýaly. Çaşynyň gözüne garana döndüm. Köçäniň ortarasynda boýy üç metre golaý beýiklikde uzalyp giden depe ýasaýsalar nätjek! Depä çykyp garasam, honha, jaýymyz görnüp dur. Aşaklygyna garadym welin, üç metrdenem çuňrak ganaw gönelip ýatyr. “Kanalizasiýa üçin gazylýar” diýdiler. (Öňküsi suw turbady) Depäni syrdym-da gidiberdim. Baryp görsem, haýatymyzyň gapysyny gum basyp, howly bilen deňlenäýen eken. Hezillik. Gapyny açyp-ýapyp durmaly däl. Hendege towsan ýaly, depeden aşak böküp düşüp, böküp çykybermeli. Maňa-ha hiç welin, dat gaýyn enemiň gününe!.. Ol meni gördü-de: - Ine, beterinden beteri şüdür – diýdi. Tut kesýänler gönenip galdy. Indi baga dyrmaşyp ýörmän, depe çykagada, tutlary byçgylap, paltalasaň paltalap gidibermeli. Men gaýkyýewe telefon edip: - Munça bolanyna görä, biziň jaýymyzy hem kanalizasiýa sapaweriň – diýdim. Ol: - Siziň jaýyňyzy kanalizasiýa sapmaklyk biziň planymyzda ýok – diýdi. Alajyň näme?.. Köçe asfaltlanýança garaşmaly bolar-da... 1-nji APREL Ýene on iki gündengöçüp gelenimzie iki ýyl dioljak. Köçe düzlemäge geljek habaryny gaýyn eneme aýtsam, ol dodagyny çöwürdi-de: - Guşuňy daşda uçur, tapdyň oýnajak adamyňy. Bu gün birinji aprel ahyrty, bilýän däldir öýtdüňmi?! – diýip, üstünden güldi. Her niçik hem bolsa, aýdanym dogry bolup çykdy. Gijöýlänler köçäni düzläp başladylar başlap taşlamasalar, salymyny berenoklar-la. Sähelçe günde köçämiz ýene-de köçä meňzedi. Ýöne öňküsi ýaly owadan-a däl, zolak-zolak ýamaly. Ýaplara suw gelip başlansoň, agaçlar çiňrik ýaly ösüp ugrady. 4-nji MAÝ Elektrik simlerine päsgel berýär diýip, baglaryň köçe tarapyndaky şahalaryny byçgyladylar. Indi olar bir şahy döwlen kelek geçi ýaly betgelşik bolşup durlar. “Öte eşiden öý ýykar” diýenleri bolupdyr. “Elektrik simine agaçlar päsgel bermez ýaly ediň. Ganaw gazyň-da, ýere gömüň” diýip. Gaýkyýewiň beren görkezmesini birinji bölümini diňläp, ikinji ýarymyna esewan bolmadyk prorab agaçlary keläp çykaýan bolsa nätjek. 7-nji MAÝ Ir bilen köçämizde uly şakyrdy peýda boldy. Çykyp seretsem, elektrik simini ýere gömmeli adamlar maşyndan kerkidir lomlaryny, pillerini aşak taşlaýarlar. Olar agaçlary kelenen trotuary kerkiläp başladylar. - Huda şükür, şu simi hem ýeriň teýine salaýsalar, köçede sim galjak dal. Onsoň näme bahana taparlarka? – diýip, gaýyn enem hüňürdedi. Dogrudanam, indi-ä trotuary bozmaga hiç hili sebäp ýok. Köçede ýekeje-de sim galmady. Telewizordyr radiopriýomnikde simiň ýokdugyna oturyp-oturyp begendik. Radiony oýlap tapan rus alymy Papowa şöhrat! Ýogsa-da şu gün onuň öz radioperedatçigini ilkinji gezek synag eden günüdir-ow! 8-nji MAÝ Ir bilen daş çyksam, agaçlary kelenen trotuary hem çapyp başlan ekenler. - Siz kimlerden borsuňyz? – diýip soradym. - Biz aragatnaşykçylardan – diýip, garynlak pyýada ýüzüme-de garaman jogap berdi. - Trotuary çapyp, ýene näme etmekçi bolýaňyz? – diýdim. - Öten ýyl gömüp giden telefon kabelimiziň bir ýerine zeper ýetipdir. Şony tapmak üçin köneje çukurymyzy täzeden gazmaly – diýdi. Trotuarymyzyň ýene-de sansyz gezek söküljekdigine şondan soň gözüm ýetdi. 23-nji IÝUN Zähmet rugsadyndan gaýdyp gelsem, köçämiz eňňere edilen ekine dönüpdir jaýlara bugly turba çekjek diýip, sag tarapyndan iki metre golaý çuňlukda ganaw gazypdyrlar. Gapdalyndaky sekiz otagly jaýyň kanalizasiýasy bozulansoň, şony düzetmek üçin händek ýaly edägeden, üç-dört sany çukur gazypdyrlar. Garşymyzdaky täze salynýan iki gat jaýa suw turbasyny çekmek üçin bolsa ýörite ýap gazypdyrlar. Garaz, köçämiz petir bezelen ýaly bolup galypdyr. Kimiň näme gazyp, näme gömýänine özlri düşäýmeseler, düşer ýaly däl. Köçämiz ýene-de akan-çukan, depe-düz... ýüz... Pürküldäp duran tozanam olaryň üstesine! 26-njy SENTÝABR Köçämiz dura-bara düzelip barýar. Iki çukur bilen bir ýap gömüldi. 25-nji OKTÝABR Bug berýän gazany ýakyp görseler, köçäniň çep gapdalyndaky jaýlara bug baranok. Ýene-de köçe gazyljak diýlen “myş-myş” bar. “Myş-myş” kem işlik goşulmasy bolsa-da, işligiň hökmanlyk derejesiniň goşulmasyndan kem oturanok. “Myş-myş” başladymy, hökman dogry bolup çykar. 1-nji ÝANWAR Köçämiz Keminäniň içmegindenem beter boldy, köne asfaltdan galan zat ýok. Tutuşlygyna ýama-ýama bolup dur nähili ýama gerek bolsa bar: zolagymy, tegelegimi, egrem-bugramymy, süýrüsimi, burçlusymy, garaz, diýeniň tapylýar-ow! Indi köçe asfaltlanjak bolup azara galyp ýörmeli däl. Hezillik. Ýama salyp gidibermeli. Tüweleme, ýamalyk material tapyp ýetişseler, ýama salar ýaly deşik edib-ä ýetişýärler. Ýeriň asty turbadyr simden dolup ýatyr biri bozulmasa, beýlekisi bozulaýýar. Goýberilen pul serişdesini doly özleşdireni üçin, ýoldaş Gaýkyýew hem-de onuň ýaşaýyş jaýlary, radio-telefon, kanalizasiýa, elektrik baradaky orunbasarlary uly sylag alypdyrlar diýen “myş-myş” bar. Dogry bolmagy-da ähtimal. 13-nji APREL Göçüp gelenimiz bäri dogry üç ýyl geçdi. Jaýymyz indi bug bilen ýyladylýar. Wannadyr sanuzel hem etdiler. Köçämizmi? Köçämiz akan-çukan, depe, düz, ýüz... Gaýkyýew hem olaryň üstesine... Döwlet ESENOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |