21:56 Nebis ýesiri / hekaýa | |
NEBIS ÝESIRI
Satiriki hekaýalar
Sagat iki gezek zyrňyldady. Haky Bekiýewiç Bekiýewiň gözüne heniz hem uky gelenokdy. Ol asmandan hemaýat isleýän taňry bendesi ýaly, potologa seredip pikire bulaşyp ýatyrdy. Gol astynda işleýän bölüm müdiri tarapyndan onuň akyl kädisine oklanan şeýtanly teklip, aç gurçuga öwrülip, Bekiýewiň beýnisini bir ujundan kertip barýan ýalydy. Ol bütin ömrüni ýolbaşçy wezipe ugrunda selpäp, saçyny düşüren hem bolsa, beýle teklibe heniz duş gelmändi. Başyna uly aladalar düşende hem kellesini ýassyga goýdugy hir çekip ugraýan Haky Bekiýewiç, indi şol teklibe jogap tapman, bir omzundan ikinji omzuna dyngysyz öwrülýärdi. Ukudan oýanan Gözel daýza adamsynyň heniz hem irkilmändigini aňyp geňirgendi. - Beýle häsiýetiň ýokdy-la, kakasy, saňa şu gün-ä bir döw çaldy – diýip, ol ýaňyn öwrüldi, ýassykdaşyny horlaýan pikirleri syryp aýyrmakçy bolýan ýaly onuň kellesini emaý bilen sypady. – Näme, täze işiň kynmy beýle?! - Çeksen-äýt kesewiňi!.. – Hajy Bekiýewiç aýalynyň elini tirsekläp goýberdi-de, gaharly hüňürdedi. – Işim agyr bolanda ýüküni sen götermeli däl. Gözel daýza adamsynyň bolşuna gatyrgandy, sesini çykarman, gapdalyna öwrüldi. Haky Bekiýewiç öz etmişiniň telekdigine düşünip, ýaranjaňlyk bilen aýalyny gujaklady. - Işim ýeňil, heleý han – diýip, ol aýalynyň ýaňagyna dodagyny süýkedi, sözlerini süýndürip-süýndürip gürledi. – Stoluny sypdyrman saklamagy başarsaň, işi işgärler eder. Işiň kyny özüňden uly naçalnikleriň ugruny tapmakdyr. Şony oňarsaň, galany hiç... Haky Bekiýewiç şony kössüz oňarýardy, şeýdibem nomenklaturaly wezipä aýagyny ildiren gününden başlap, onuň basgançaklaryndan erjellik bilen ýokary dyrmaşýardy. Ol bu basgançaklardan nädip ýokary çykmagyň ýörite “teoriýasyny” hem özüçe oýlap tapypdy. Onuň pikiriçe, wezipesinde uzak saklanmak üçin özüne gowşak orunbasar saýlap alýan ýolbaşçy, umumy işe zyýan ýetirmek bilen, öz aýagyna palta urýarmyş. Eger orunbasar güýçli hem inisiatiwaly bolsa, ol edaranyň ýüküni öz örküjinden düşürmän daşaýarmyş, şeýdibem naçalnigine abraý getirýärmiş. “Oňar orunbasar ýükçi iner bolmak bilen birlikde, ýokary wezipä ätlemek üçin ygtybarly basgançakdyr, onuň örküjine basyp, ýokary wezipä ätläýmälidir” diýip, Haky Bekiýewiç öz toslama teoriýasyny tasa getirýärdi. Ol şu “akyla eýerip altmyş ýaşy alkymlasa-da, heniz heläkçilige uçramandy. Oblispolkomyň durmuş hyzmaty bölüminiň müdiri Haky Bekiýewiň heläkçilige uçramagyna garaşylmadyk başga bir sebäp boldy. Ol Ýaltada dynç alyp ýörkä, oblasty ýatyrmak barada birden karar kabul edilýärdi. Dynç almaga gelenleriň birinden bu habary ilkinji sapar eşidende, howasy belent Haky Bekiýewiç ýeli boşan sanaja döndi: onuň daýanykly omuzlary sallandy, ýiti göreçleri öçdi, salpy dodaklary müňküldäp başlady, jozzuk ýüzüne çaň çaýylan ýaly boldy. Ol esli salym saňsar ýaly somalyp durdy-da soňra zordan özüne gelip, bu habary anyklamak üçin telegrafa tarap ugrady. Onuň beýik ökjeli kaşaň köwşi indi çygly topraga möhür basanokdy-da, ysgynsyzja çyzyk çekip çybşyldap barýardy. Haky Bekiýewiç telegrafda uzak garaşyp, agşamara iş ýeri bilen gepleşdi. Trubkany edaranyň sakçysy Aman aga aldy. Ýöne ol müdirini sesinden tanap bilmedi, adyny aýdandan soňam başga kişidir öýtdi. Bekiýew ahyrsoňy özüni tanadyp, gürrüňi nämeden başlajagyny bilmän, Aman aganyň halyndan habar alan boldy, howa hakda “gyzyklandy”, soň hem bilmekçi bolýan habaryny osmakladyp sorady: - Edaranyň işleri niçik, Aman aga?! - Iş ýok. - Weý, o näme üçin iş ýokmuş? - Edara ýapyldy. - Onda işgärler näme edýär? - Ir bilen jaýa ýygnanýarlar-da, çaý başynda wezipe paýlaşýarlar. - Näme? - Wezipe paýlaşýarlar diýýän, wezipe... Bu habar Haky Bekiýewiçiň ysgyndan gaçan baldyrlaryny syzlatdy. Ol ýene näme sorajagyny bilmän, ardynjyrady-da, öz ykbaly Aman aga bagly ýaly, ejizlän sesi bilen oňa ýüzlendi: - Aman aga, meni nädýälerkä, bileňokmy? - Näme? - Meniň ykbalym nähilikä, ugrum idelýärmikä diýýän? - Her kimiň özü güni özüne gaýgy, ugruňyz idelme nämişlesin. Haky Bekiýewiç başga sowal bermäge mejaly bolmansoň, ysgynsyz elleri bilen trubkany asdy. “Wezipe paýlaşýarlar” diýen sözler beýnisine berçinlenensoň, şol iki sözi ol eli döwük plastinkaly patefon ýaly, ýolboýy içinde gaýtalady geldi... “Ugruňyz idelme nämişlesin” diýip, Aman aga ynamly aýtsa-da, beýle däldi. Bkiýewiň ugry idelýärdi. Dynç almasyny taşlap, ertesi gün edarada peýda bolandan soň-a, garyndaşlyk “mehanizmleriniň” bökdençsiz işlemegi zerarly, onuň ykbaly uzaga çekilmän çözüldi: Haky Bekiýewiçiň aýaly Gözel daýza wezipeli jigisi Guljanyň ýanyna bardy Guljanda dosty Weljäýewe jaň etdi, Weljäýew Keljäýewi yrdy. Şeýdip, kitabyň nirede çap edilýändigini ýekeje gezek hem görmedik Haky Bekiýewiç Bekiýew neşirýata direktor boldy oturyberdi. Student mahallary institutyň diwar gazetinde dört goşgusy, soňam raýon gazetinde iki goşgusy çykdy diýäýmeseň, Haky Bekiýewiçiň edebiýata galtaşan ýeri ýokdy. Ol syýasy eserleri-de, edebi kitaplary-da okamagy halamazdy, broşýuralara, instruksiýalara duşdugy welin, olary seljermän okardy. Bu endik onda student wagtlaryndan galypdy. Eger mugallym syýasy ýa-da çeper eserleri okamagy tabşyrsa, Bekiýew şol eserler barada ýazylan broşýuralary gözläp tapady. Eseriň özüni okamagy ol biderek wagt ýitirmek hasaplardy. Haky Bekiýewiç gazetleri sypdyrman gözden geçirerdi, soňky sahypada ýerleşdirilýän nekrologlary bolsa galam bilen çyzyşdyryp, çintgäp okardy. Ol muny durmuş üçin örän möhüm maglumat hökmünde kabul ederdi. Eger özi bilen deň wezipeli adamlaryň ýakyn hossary ýogalaýsa, ol şobada ýas ýerine barardy. Özünden uly naçalnikleriň ýasyna bolsa, aýalyny yzyna tirkäp, üçüni, ýedisini, kyrkyny sypdyrman gatnardy. Pes wezipeli adamlaryň garyndaşy-ha däl, özi ýogalaýsa-da, şol gün Bekiýewiň hökman bir “möhüm” işi çykardy... Neşirýat Haky Bekiýewiç üçin ilki bada içi döwli düýpsüz guýa çalymdaş göründi. Onuň göwnüne bolmasa, bu ýerde işleýän adamlaram başga dünýäden gelen ýalydy. Onuň petde-petde kagyzlary gapdallarynda goýup, bir zatlary çyzyşdyryp, bir zatlary pozuşdyryp, uzak gün dümtünip oturýardylar. Bu zatlat täze direktor üçin örän geňdi. Neşirýatda orunbasaryň bolmazlygy oňa has hem geň göründi. Başga “dünýä” düşen Bekiýew öz “teoriýasynyň” dföredijilik edarasyna bap gelmejekdigine bada-bat düşündi. Şol sebäpli ol bu işlerden baş çykarmaýandygyny işgärlere bildirmezlik üçin, ýönekeýje usuly peýdalanmaly boldy: “Döredijilik işgärleri hepdäniň ikinji we bäşinji günleri sagat ikiden dörde çenli kabul edilýär” diýip, ol altyn çaýylan harplar bilen ýörite ýazgy ýazdyrdy-da, ony kabinetiniň gaýyş çekilen gabsasyna kakdyrdy kabul ediş mahallary bolsa, ol gapdalynda baş redaktory oturdyp, işgärleriň sözüni salyhatlylyk bilen başyny atyp diňleýärdi, soňundan “oýlanyp göreris” diýip, gürrüňi tamamlaýardy. Meseläni bolsa baş redaktoryň maslahat berşi ýaly “çözýärdi”. Ol şeýdip, syr bildirmän işläp ýördi. Emma... Emma bir gün neşirýatyň çeper terjimeler bölüminiň müdiri Sylap Mergenow, işikde sekretar gyzyň ýoklugyndan peýdalanyp, iş wagtynyň gutarmagyna bäş minut galanda, direktoryň kabinetine kürsäp girdi. Ol Haky Bekiýewiçe iki bükülip salam berdi-de, onuň stolunyň üstüne içi kagyzly çişik papkany usullyk bilen goýdy. - Bu näme? – diýip, Bekiýew gapdalyna mina goýlan ýaly, salamy hem alman, arkan çekildi. - Gorkiniň “Enesi”... - Näme?! – Bekiýew berlen jogaba düşünmän, gözüni tegeledi. - Maksim Gorkiniň “Ene” romany. Türkmen dilin eterjime edilen golýazma. – Mergenow mylaýym ýylgyryp, ýaranjaňlyk bilen myssyk gepledi. – Işgärler bilen maslahatlaşdyk-da, munuň ýörite redaktorlygyna size teklip etmegi makul bildik. Ýolbaşçyny sylamak biziň däbimiz.. Bölüm müdiri “sylamak” sözüni “synamak” manysynda ulanany üçin ony has batlyrak aýtdy. Bu teklibiň, dogrudanam, direktory synamak üçin edilendigine Haky Bekiýewiç düşünenokdy. - Ýeri, onsoň men muny nätmeli? Okamalymy? – diýip, ol golýazmaly papkany açdy. – Baý-bo-oý, okap aňyrsyna çykar ýaly däl-le... - Okamagyň hajaty ýok. – Mergenow daýaw göwresine bap gelmeýän çalasynlyk bilen ýerinden turup egildi-de, golýazmanyň birinji sahypasynyň ýokary burçuna ýognas barmagyny dürtdi. – Ynha şujagaz ýere: “Redaktirledim” diýäge-de, goljagazyňyzy çekseňiz bolany. Hawa, şujagaz ýerine... - Ýeri, onsoň näme?! - Onsoň kassa baryp, goluňyzy çekäge-de, bir müň bir ýüz ýigrimi bäş manady sanapjyk alaýmaly. Bölüm müdiriniň şeýtanly teklibi Haky Bekiýewi çiň gartaşan ýüregini esrdirdi. “Döredijilik işgärleri dünýäniň puluny gazanýarmyş diýýärdiler welin, şular ýaly tilsimjigi bar eken-ow munuň” diýip, ol içinden pikir etdi, emma başga zat aýtdy. - Ýöne gol çekäýmelimi? - Ýok, öňi bilen “Redaktirledim” diýip ýazmaly, onsoň in-hä, şujagaz ýerine goluňyzy çekäýmeli. - Öz-ä birhili bolýar-aýt. Bir “emmasy” barbolaýmasyn munuň? – Haky Bekiýewiç ardynjyrady-da, takyr kellesini ýaýdanjaňlyk bilen sypap, stoluň üstünde ýatan küti papka gözüniň gytagyny aýlady. Göwnüne bolmasa, onuň içinden on bir sany sary ýüzlük bilen bir ýigrimi bäşligiň çeti çykyp duran ýalydy. - Kanuny zadyň “birhilisem, emmasam” bolmaz, ýoldaş direktor. Ynha şujagaz ýere “Redaktirledim” diýip gol çekiň, wessalam. Öňki direktoram şeýdýärdi. - Şeýlemi?! - Hawa, ynanmasaňyz arhiwden barlap göräýiň. Direktor suw meýilli gurbaga döndi: - Hany onda men bir oýlanyp göreýin, jogabyny ertir bererin... Haky Bekiýewiçi uzak gije ukudan mahrum edenem şu şeýtanly teklipdi. Ol goşa böwrek ýaly pökgi dodaklaryny aýalynyň ýaňagyndan aýyrdy-da, uludan demini alyp, düşegini üstünde çommaldy. Öýkesi köşeşen Gözel daýza stoluň üstünde duran çyrany ýakdy-da, adamsynyň aladaly ýüzüne garady. - Saňa bir zad-a bolýar, kakasy?! Kyrk ýyl çemesi bile ýaşaýas, henize çenli syryňy gizlemändiň ýa-da indi üýtgäp ýörmüň? - Elli ýaşda üýtgemedik altmyşda-da üýtgemez. Munuň başga sebäbi bar. - Ol nähili sebäp, belki, men kömek ederin?! - Aýal işi däl bu. - Aýalam adamdyr, kakasy. Onsoňam, men seniň ömürlik ýanýoldaşyň, maslahatçyň ahbetin. Seniň aýagyňa batan tiken meniň ýüregime sanjylýandyr. Şony bilip goý, kakasy. Menden ileri kimiň bar seniň? Dogrudasnam, onuň aýalyndan ýakyn hossary ýokdy. Şol sebäpli Haky Bekiýewiç edilen teklibi ýassykdaşyna bolşy ýaly gürrüň berdi. Adamsynyň häsiýetine mazaly belet bolan Gözel daýza berjek maslahatyny aýlawly aýtdy. - Özüň gör-dä, kakasy, işiňe goşulyp biljek däl. Ýöne ukyňy ogurlan şeýtany kowmak üçin saňa bir ertekijig-ä aýdyp biljek. – Gözel daýza çep tirsegine daýandy. Sag eli bilen adamsynyň dyzyny sypalap, ertekä başlady. - Bir bar eken, bir ýok eken. Gadym zamanlarda bir hyrsyz gara pişik bilen gorkajyl çalja syçan bar eken... – diýip, Gözel daýza gara pişik bilen çalja syçan baradaky ertekini, äwmän, örän mylaýym ses bilen başdan-aýak aýdyp berdi. Jadyly erteki Haky Bekiýewiçiň kalbynda gamçysyny bulaýlap ýören yzgytsyz şeýtany kowup çykardy: Bekiýewiň akyl çanagynyň içindäki gybyrdy gelip, karbýuratory bozulan köne maşynyň sesine çalymdaş horruldysyna başlady... Haky Bekiýewiç ir bilen keýpi kök, şähdi açyk ýagdaýda oýandy. Ajy gök çaý içip bolandan soň aýnanyň öňüne bardy, diňe çokuly bilen çekgelerinde galan uzyn saçlaryny tersine darap towlaşdyrdy-da, şyr kellesini mazaly örtdi. Işe gelen badyna bolsa ol Mergenowy kabinetine çagyrdy. Küti papkany goltuklap gelen bölüm müdiri keýpiniň köklüginden özüçe many çykaryp, golýazma gol çekdirmek üçin papkany açmak bilen boldy. Emma direktor ony saklady-da, penjiräniň öňüne alyp bardy. - Hon-ha, şol depe bolup ýatan gumy görýäňizmi? – diýip, ol ýer titremesinden soň ýygnalman galan haraba tarap elini uzatdy. – Ýaňy şonuň gapdalyndan geçip gelýärdim welin, täsin bir wakanyň şaýady boldum äpet gara pişik hiniň agzynda ýapyrylyp ýatyr. Geňirgenip aýak çekdim. Seretsem, hinden çykmaga heder edip, bir çalja syçan jyklap dur. “Eý, syçan, eger sen öz hiniňden çykyp, ynha, şujagaz deşige girseň, saňa boýuň bilen gyzyl bereýin” diýip, pişik öz dilinde syçana ýüzlendi. Syçan bolsa: “Pişik dost, ara ýakyn-da, muzdy çakdan kän-le, munuň bir emmasy bar bolaýmasyn” diýip, pişige jogap berdi, soňam yzyna öwrülip, ýitirim bolaýdy... Ertekini başlandan direktoryň näme diýjegini aňan bölüm müdiri syrly ýylgyrdy. Direktor oňa geňirgenip ýüzlendi: - Näme ýylgyrýaňyz? - Biz bu ertekini iki gezek ýygyndyda, bir gezegem aýratyn kitapça edip, suratlyja çykarypdyk. Siz ýoldaş direktor, görýän welin: “Bir emmasy bolmasa, guýruk munda neýlesin” diýmekçi bolýaňyz öýdýän. Eger şeýle bolsa-ha gaty ýalňyşýaňyz. - Näme üçin? - Sebäbi ýörite redaktorlyk örän jogapkärli iş. Jogapkärli işem. Jogapkärli gäre tabşyrylýar. Şu edarada bolsa sizden jogapkärli adam ýok. Dogry dälmi? - Onyň-a dogry – diýip, Haky Bekiýewiç arkan gaýyşdy-da, omuzlaryny ýazdy. – Ýöne öz-ä birhili bolýan ýaly... Sylap Mergenow “ýok beýle däl” diýen manyda başyny ýaýkady. - Siz ýene köne heňiňize tutýaňyz, ýoldaş direktor. Heý, kanuny zadyňam, “ýönesi” bormy? – Ol ýerinden turup, kabinetde duran kitap tekjesinden çelpek ýaly kitapçany sogrup aldy-da, ony direktoryň öňünde goýdy. – Ynha, gonorar tölemek baradaky şujagaz kitapçanyň şujagaz ýerine serediň! Ynha, şu san ýörite redaktor üçin her çap liste tölenýän ýorite gonorar bolmaly. Görýäňiz gerek? - Görýän. - Görýän bolsaňyz, şu sany Gorkiniň “Ene” romanynyň awtor listine köpeltseňiz, göni bir müň bir ýüz ýigrimi bäş manat bolar. Ynanmasaňyzam, hasaplap göräýiň. - Ynanýan-la, ýöne zähmetiňi siňdirmän hak alsaň birhili bolaýmasa?! - Birinjiden-ä, muňa zähmet siňdiresi iş ýok, ony iň ökde terjimeçimiz türkmen diline geçirdi. Ikinjidenem, okamaly, goýmaly zatlar üçin korrektor bar, ýörite aýlyk alýan başga işgärler bar, şolar oňarar. Siziňki diňe jogapkärçilik. Gonoraram şonuň üçi berilýär. Eger okasyňyz gelse, okap çykyň, ýöne düzetjek bolmaň, düzetseňiz terjimäniň hili peseler. Gowusy, şujagaz ýerine “Redaktirledim” diýäge-de, gol çekiň, wessalam. Hem-ä “Ene” romanynyň redaktory hökümnde siz edebiýatyň taryhyna girýäňiz, hemem, otüki, çagalaryň enesine sowgat puly gazanýaňyz. Şeýtanly teklip Haky Bekiýewiçiň nebsini täzeden oýardy. Otuz ýyl çemesi nomenklaturaly kürsüde oturan Haky Bekiýewiç gara nebsiniň goltgusy bilen ömründe ilkinji gezek orunbasarlardan bidin, naçalniklerden bimaslahat meseläni özbaşdak çözdi. Ol gyzyl syýaly ruçkasyny alyp, görkezilen ýere gudratly goluny güzüledip goýberdi welin, Sylap Mergenow syrly ýylgyrdy. Bu ýylgyryşda “Tötänden bellenen direktordan dynmak üçin tutaryk bar” diýen many bardy. Gara nebsiniň buýrugy bilen çekilen gudratly gol bumerang ýaly yzyna öwrülip, Haky Bekiýewiçiň özüne gütüläp degdi-de, pensiýa çykmagyna bir ýyl galanda ony nomenklaturaly kürsüden taýdyryp goýberdi. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |