23:05 Telegramma / hekaýa | |
TELEGRAMMA
Satiriki hekaýalar
Maňa sakaw diýseler, müdirimizden başga hiç kim ynanmaz, sebäbi men adamlar bilen gepleşenimde birjik-de sakawlamok. Müdirimiziň ýanyna baraýdygym welin, dilim tutulýar duruberýär. Adamlar adam ýaly gepleşýärler, emma ol... aý, ony goýaý! Ony öten ýyl biziň raýispolkomymyzyň başlygy yzyna tirkäp getirdi-de: - Ine, ýoldaşlar, şu günden başlap raýon magaryf bölümimiziň müdiri şu ýoldaş bolmaly. Onuň adyna Köşek diýerler, familiýasy hem Bugyrçyýew, Aşgabatdan ýörite iberildi – diýdi. Biz hem öz içimizden: “Aý, Köşek bolsun, Bugurçy bolsun, özi adam bolsa bolýar. bize iş bilýän, oňat ýolbaşçy gerek” diýişdik. Ertesi ir bilen gol çekdirmek hem-de käbir zatlar bilen tanyş etmek üçin, edara kagyzlaryny toplap, onuň ýanyna baraýmarynmy! Girenim hem şoldy welin, ol salamymy hem alman: - Sen kim? – diýip, alarylyp ýüzüme garady. - Menmi? Me... men sek-sekk-sekretar. - Hany, sekretar bolsaň ýeňsäňi göreýin! Daş çyk-da, işigi aňry tarapdan ýap! Öňi bilen gapyny kakyp girmäni öwren. Magaryf edarasynda işleýän bolsaň medeniýetli bolmak gerek. – diýip, ol üstüme şeýle bir gaharly gygyrdy welin, onuň sesi Köşegiňki däl-de, gazaba münen ýolbbarsyňka çalym edýärdi. Daş çykyp, gapyny kakdym-da, onuň ýanyna ýaňadan gaýdyp girdim. - Ine, şeýdipjik girseň, medeniýetli bolarsyň – diýip, ol ýerliksiz ýylgyrdy. – Düşündiňmi? - Dü-dü-dü... - Näme, bozulan patefon ýaly düýdüldäp dursuň?! Kagyzlary goýan bolsaň, bar git, işiň bilen bol. Şondan soň müdiriň kabinetine soragsyz girmeg-ä däl, çagyranda barsam hem, ýolbarsyň penjesine düşen tokly ýaly gepimi düşündirip bilmän “Bo... bo...” edip sakawlaberýän. Beý diýsem müdirimiz hemme kişä şeýle bir zabundyr öýdäýmäň! Ýok, beýle däl. Arada magaryf ministrliginden bir inspektor komandirowka geldi. Raýonymyz çeträkde bolansoň, bize barlagçylar örän seýrek gelýärdi. Mala gezek gelende ýolbars ýaly haýbat atýan Köşegimiz inspektory gören badyna tilkä dönäýse nätjek! Ýallaklap ýylgyranda peträp duran möle gözleri gyýçaryp ýumlara ýakynlaşýar. Inspektor çilim çekmekçi bolup, elini jübüsine eltip-eltmänkä, Bururçyýew: Çilim çekiň, ýaşuly! Moskwa, “Ýawa”. Çilimleriň çilimidir. Üsgürtjek gümany ýok, edil ýag ýalydyr – diýýär. - Azara galmaň, özümde çilim bar – diýip, sinpektor sypaýylyk bilen boýun towlaýar. Bugurçyýew oňa üns bermän: - Azary bolmaz, ýaşuly. Gaýtam jübüňizden çilim çykarjak bolup, siz azara galýarsyňyz – diýýär. Inspektor ýumşak ýigit eken. Ol nätjegini bilmän gyzarýar-da: - Gelşiksiz bolýar, ýoldaş Bugurçyýew. Siziň ýaşyňyz menden iki esse uly. Onda-da “ýaşuly” diýip, dursuňyz – diýip, sypaýyçylyk bilen duýdurýar. Bugurçyýew duýmazlyga salýar-da: - Gep ýaşda däl, gep başda, ýaşuly. Onsoňam ata-babalarymyz “myhman ataňdan uly” diýip, ýöne ýere aýtmandyrlar ahyryn – diýýär... Bir sapar men müdirimiziň ýanyna soragsyz-zatsyz girmeli boldum. Onda-da nähili diýseňizläň! Stolumyň başynda kagyza bulaşyp, aljyrap otyrkam, raýon aragatnaşyk bölüminden bir telegramma getirdiler. Açyp seretsem: “Aýyň bäşinde samolýot bilen barýaryn. TÇK Mülliýew” diýlip ýazylypdyr. Özi hem Aşgabatdan iberilipdir. Ony elime aldym-da, müdiriň ýanyna kürsäp girdim. Meniň batyrgaý grimegim müdiriň aňkasyny aşyran bolara çemeli ol aljyraňly garap, herrelmäge-de ýetişmedi. Şol aralykda men telegrammany onuň eline tutdurdym. Telegrammany okady-da, ýerinden zöwwe galdy: - M... mi... mi... – nistr g... g... gelýär! – diýip, agyr göwresini stula goýberdi. Men hem pişik basyşyny edip, usullyk bilen kabinetden çykyp gitdim. Bir sagat çemesi geçendir-dä, birden ol meni çagyrdy. Gapyny kakyp girsem, Kö Şek ýene-de ýolbasr ýaly gaýşaryp otyr. Ýüregi ýerine gelen bolara çemeli. - Häziriň özünde işgärleriň ählisini ýanyma ýygna! Başymy yrap, çykyp gaýtdym. Işgärler ýygnandylar. Bugurçyýew ýerinden turdy-da: - Ýoldaşlar! – diýip ardynjyrady. – Ýoldaşlar, size möhüm täze habar aýtmakçy. Biziň raýonymyza ministriň özi gelýär – diýip, süýem barmagyny ýokary göterip oturanlara seretdi. Dogrusyny aýtsam, işgärler üçin bu habar täzelik däldi. Men eýýäm iki sapar aýlanyp, olara birin-birin habar berip çykypdym. Şonuň üçin hem olar gözleriniň gytagy bilen bir-birlerine seretdiler-de, ýöne ýylgyryşaýdylar. - Bu gülkünç däl, ýoldaşlar. Bu biziň üçin möhüm waka. Biziň üçin synag! Ministriň özi gelýär. Hawa, hawa, hut özi gelýär. Ine, görüň! – diýip, ol hälki telegrammany ýokary göterip, howada galgatdy. Geçen bir sagadyň dowamynda Bugurçyýew görülmeli çäreleriň planyny düzen bolarly. Ol bu sapar ozalkysy ýaly uzak gürläp durmady-da, edilmeli işler barada işgärlere buýruk berip başlady. Ol ilki bilen maňa ýüzlendi. - Direktorlaryň hemmesini habardar et. “Ministriň hut özi gelýär” diý. Häzir bolup dursunlar. Düşnüklimi? - Dü... dü... dü... - Ýeri, otur, dü-düýüňdenem iripdirin. Sen hem ile meňzeş geplejek bol ahyryn. Ýöne, seret, ministr gelende berin garaň görünmesin. Sakawlarsyň-da, bütin raýony respublika masgara edersiň. Düşündiňmi? - Dü... dü... düş... Oturanlar meniň sakawlap durşumy gördüler-de, geň galdylar. Olar meni beýle ýagdaýda ilkinji gezek görýärdiler ahyryn! Onsoň Bugurçyýew meniň sag tarapymda oturan inspektora ýüzlendi. - Altynjy mekdebe telefon et. Şu günüň özünde mekdebiň ýanyndaky uçastogy tertibe salsynlar. Haçan barsaň ekinleriň içinde eşek aýlanyp ýör. Hawa, şuny hem ýadyňdan çykarma! Sygryny ýorunjanyň içinde örüklemesini bes etsin. Iki gün başga ýerde daňlany bilen sygry haram ölesi ýok! Direktoryň sygrynyň ýanynda Bugurçyýewiň öküzçesiniň hem baka goýlandygyny ozaldan bilýän inspektor: - Onsoň, siziň göläňizi hem aýyrmaly diýeýinm, ýoldaş müdiri? – diýip kakdyryp sorady. - Göleli gürrüňi soň ederis, häzir saňa sygyr hakynda buýruk berilýär. Onsoňam... Wah, men ýaňy näme hakda aýtjak bolýardym-a? Ýok soragy berýäň-dä, adam barynyň başyny çaşyrýaň! Hawa, oňa şuny hem aýt: mekdebiň daş-töweregini ýandak basypdyr. Näçe gezek tabşyrylsa-da, heniz hem çapdyrmandyr. Okuwy ýatyrsynlar-da, agşama çenli ýandaklaryň hemmesini çapdyrsynlar. Onuň ýerine bolsa tal pudaklaryny sançsynlar. Suwuny ýetirseň, bir-iki günläp süllermän saklanar. “Köki barmy ýa ýokmuka” diýip, düýbüni dyrmap duraslary ýok. Ministr diýilýän adam beýle ownukçyl bolýan däldir. Inspektor ýylgyrdy-da: - Bolýar, ýoldaş müdiri, edil aýdyşyňyzdan hem beter ederin – diýdi. Bugurçyýew ikinji inspektora ýüzlendi. - Senem ýedinji mekdebiň direktoryna telefon et Goý, ol Pökgen aga berkräk tabşyrsyn. Togdary ýaly, nasyny gören ýerine pürküp ýör! Arada, ministrlikden gelen inspektoryň ýanynda, şo zerarly masgara bolup, tasdanam gara ýere giripdim. Mugallym diýeniň medeniýetli bolmagy gerek. Düşündiňmi? - Düşündim, ýoldaş müdir, edil aýdyşyňyz ýaly ederin – diýip, bu inspektor hem öňki inspektoryň sözüni gaýtalady. Ertesi ministri garşy almak üçin hemmämiz üýşüp, aeroporta bardyk. Samolýot gelip gondy. Edil iki desse bägülli Bugurçyýew döşüni gaýşardyp, samolýota tarap ýöneldi. Bizem onuň yzyna düşüp ugradyk. Samolýotdan ilki çykan biziň edaramyzyň şofýory Tyrry boldy. Ol ýylgyrjaklap salamlaşmak üçin, ilki bilen müdirimiziň ýanyna bardy. Düýnden bäri oňa gahar edip duran Bugurçyýew salam almagyň deregine: - Sen hem haram ýaragy ýaly, gerekli wagty tapyljak gümanyň ýok. Gümüňi çek, garaň görünmesin! Sen zerarly maşyn gözläp, gedaýa döndük – diýip azgyryldy. (Şofýor bolmansoň, müdirimiz maşyny başga edaradan almaly bolupdy). Tyrry ýüzüne urlan ýaly sesini hem çykarmady-da, aňk-taňk bolup, bukdaklap biziň yzymyza geçdi. Düşjek ýolagçylar düşüp gutarsa-da, ministriň garasy görünmedi. Biz geň galyp, biri-birimiziň ýüzümize seredişip, dymyp durus. Ümüsümligi Bugurçyýew bozdy. - Ministr diýilýän adam biziň ýaly işsiz däldir. Gyssagly bir işi çykandyr-da, gelip bilmän galandyr. Bu gün gelmese, ertir geler. Telegramma beripdir ahyryn. Aşagynda-da öz goluny çekipdir – diýip, jübüsinden telegrammany çykaryp, täzeden okady. Şol wagt garaşylmadyk bir waka boldy. Tyrry telegramma seretdi-de: - Bu telegrammany men iberdim. Samolýota münýän ýolagçy köp bolany sebäpli, bilet alyp bilmän, Aşgabatda üç gün garaşmaly boldum. Rugsat möhletim gutaransoň, sizi habardar etmek üçin telegramma beräýdim – diýdi. - Me-sa-ňa! – diýip, men-ä yza çekiläýdim. Gelen telegrammany Tyrrynyňkydyr öýdüp, hiç birimiziň kellämize-de gelenokdy. Hemmämiz ministr geler diýip garaşýardyk. Şonuň üçin hem müdirimiziň was-wasa düşüp, hozanaklap ýörşüne gülüşýärdik. Bugurçyýew elindäki ter gülleri bir gapdala pyzyp goýberdi-de, gahar bilen ädimläp, aeroportdan çykyp gitdi. Biz wakyrda berip gülüşdik. Köşegiň ýaraly ýolbars ýaly gazaba münüp gidişine däl-de, öz bolşumyza gülüşdik. Sebäbi ministri garşylamak barada müdiriň beren görkezmelerini berjaý etmek üçin başagaý bolup, biz Tyrrynyňam familiýasynyň Mülliýewdigini bütinleý unudan bolsak nätjek! Döwlet ESENOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |