23:42 Kepjebaş / hekaýa | |
KEPJEBAŞ
Satiriki hekaýalar
Ozal iş bilen oba düşäýseň, alajyň ýokdur, birine myhman bolaýmalysyň. Indi hezillik, haýsy kolhoza barsaň, myhmanhana bar. Soňky ýyllarda-da il gözünden sowarak ýerde, bag-bossanlygyň içinde ikinji myhmanhana salmagam ýoň boldy. Onsoň olaryň täzesi-hä birinji, könesi hem ikinji sort hasaplanylyp, baran myhmanlaram wezipesine göräräk ýerleşdirilýär. Gizlap oturjak däl, özum-ä mydama ikinji derejeleriň hataryna düşýän: wezipäm şeýleräk – gazetiň ýönekey habarçysy. Asly kärim magaryfçy bolansoň, mekdepler bilen baglanyşykly arza-şikaýatlar redaksiýa geläýse, redaktorymyz: “Ýaşuly, ýurdy belet çapar diýipdirler, gaýrat et, özuň git-de, özuň barla!” diýip, arzany maňa tutdurýar. Tabşyrylan ýumuşdan boýun towlap bolýarmy näme?! Mekdepden gelýän şikaýatlaram, nämesindendigini bilmersiň, galapyn golsuz. Bardy-geldi, arzanyň aşagynda gol goýlaýanam bolsa ýa-ha kesekiniň familiýasydyr ýa-da toslama zatdyr. Onsoň görgini göryp; kösenip ýormeli. Iň ýaramaz ýeri hem ähli azabyň puç çykar. Düşündiriş baryny ýygnarsyň, sprawka toplarsyň, adamlary işden goýarsyň, özüňem möhum işleriňi taşlap gelersiň, ahyrsoňy, hem sygryň dili ýaly kagyza: “Faktlar tassyk bolmady” diýip ýazarsyň-da, arzany ýaparsyň. Anonimkaça garganyp, gaýtmaly bolarsyň. Iň ýaman ýeri-de tohumy kesilmiş töhmetçiler, näme içindir, köpelmeseler, azalanoklar. Ynha, ýokuş degýän zat. Bu saparky gelen arza hem golsuz bolup çykdy. Şikaýatdaky faktlar diňe mekdep hakynda bolsa-da onuň bir ujy. Onda-da ýiti ujy kolhoz başlygyna baryp degýärdi. Ýöne bu gezek baran badyma meni birinji derejeli adam hökmünde kabul etdiler-de, täze myhmanhana alyp bardylar. Şeýle myhmanhanany ilkinji gezek görşüm, onun içi jennet ýaly, töweregi bolsa ir-iymişli baglardan, ter gunçaly bägullerden dos-doly. Myhmanhananyň hyzmatçy “hojaýyny” ýaşuly adam eken. Onuň adynyň Aşyrdygyny soň bilip galdym. Ol myhmanyň gelerine mähetdel bolup oturan bolarly, gapydan giren badyma içene patiy-puty dykylan owadan gaýyş portfelimi gördi-de, meni uly naçalnikdir öýtdi, iki elini uzadyp salamlaşdy. Aşyr aga daýaw pyýada. Onuň gözleriniň hanasyna kölege salyp duran ösgun gür gaşlary palçykdan ýasalana çalymdaş popuş ýüzüne bap gelse-de, jaýtaryp duran inçejik murtlary, kesekiden alnyp, äpet burnunyň aşagyna ýelmenen ýaly. Men Aşyr aga bilen şol agşam içgin tanyşdym. Ol menden, takmynan, on ýaş çemesi uly eken. Ir wagtda batroçkomda işläni üçün den-duşlary onuň adyny Aşyr batrak ýa-da Batrak diýip tutýan ekenler. Soň ol Aşgabada göçüp gidipdir, bütün ömrüni aragatnaşyk edaralarynda işläp geçiripdir. Pensiýa çikandan son göbeginiň gömlen ýerine gelip, kolhoz myhmanhanasyna serenjam beriji bolupdyr. Aşyr aga meniň näme mesele bilen gelendigimi bilen badyna başyny ýaýkady-da, netijesiz kösenjekdigimi ýanzytdy. -- Name uçin? – diýip gyzyklandym. Ol jogap bermegiň deregine, özume sowal berdi: - Arzanyň aşagynda gol barmy? - Ýok dien ýaly. “Kolhozçylaryň bir topary” diýlip ýazylypdyr. - Aý, onda Kepjebaşyň işidir bu. Men duşunmedim. - Obamyzda bir ýigit bar. Kepjebaş diýýärler. Oňa iliň dakan ady şeýle. Ady ýitmişiň ad-a Ýegengeldi. Öň mekdepde okuw mudiridi. Işini oňarmadymy, töhmetçi diýdilermi, garaz, wezipeden boşadyp, mugallym edip goýdular. Şodur-da-şodur, onuň kesbi golsuz arza ýazmak boldy. Ile awusyny pürküp bilse, armany ýok. Tüýs zäherden doly ýylanyň bardyr. Asyl mysalasam kepjebaşa çalym edip durandyr: kellesi çagalykdan gysaja salnan ýalydyr, ynha görersiň, jäjek ýaly ýylpyldap duran gözleri bardyr, gözlerem edil maňlaýynda goýlana meňzeşdir... Golsuz arzany üç gün iş edinip barladym. Gutardym edip, agşamara myhmanhana dolanyp gelsem, Aşyr aga maňa garaşyp oturan eken. - Hä, inibatyr, işler birýüzli bolanokmy? – diýip, ol jogabyma-da garaşman, sözüni dowam etdi. – Nahary häzir getireýninmi ýa-da öňünden togsan bäşlik çaý işjekmi? - Işler esasan gutardy, Aşyr aga, nesip bolsa, erte-birigün ugramakçy. Kyn görmeseňiz, çaý getiräýiň, berseňiz naharyňyzam iýäýeris, ýöne öňürti ýuwnup geleýin. Hawa, Ýegengeldini, Kepbebaş diýýäniňi ýene görmeli boljak öýdýän. - Aý bolubilýä, inibatyr! – Aşyr aga stoluň üstünde duran çäýnegi eline alyp ugramakçy boldy-da, ýene aýak çekdi. – Ýaňy sen Kepjebaşy gördüm diýdiňmi, görjek diýdiňmi? Aňşarman galypdyryn. - Gördüm. Arzany men ýazamok diýýär. Onsoňam Ýegengeldiniň haty arzadaka meňzeş däl, bütinleý başga. - Ýogsamam boýun almaz-la! Arzanam kesekä göçürdýär-ä ol. Tüýs satyn alyp öldüräýmeli adamdyr ol. Ýazylan zatlardan ýapa degýäni berin barmy? - Okuwçylary okuw wagty kolhozda işledýärler diýleni-hä dogry galanlaram öň barlanyp, tassyk bolmadyk faktlar eken. – Men Aşyr aganyň sowallaryndan sypmak üçin polotensamy egnime atyp, ýuwunmaga ugradym. - Çagalary sowatsyz goýup ýörmeler-ä bolanok şu kolhoz ýolbaşçylarynyň – diýip, Aşyr aga hüňürdäp galdy. Myhmanhananyň tutuş öňüni aýnalanan eýwan tutýardy. Eýwanyň sag çetindäki otagjykda Aşyr aga ýaşaýardy, çep gapdalyndaky otagam aşhana hasaplanýardy. Jaýlaryň penjireleri demir gözeneklidi. Aşyr aganyň otagynda bolsa, gözenegiň üstünden sim setka hem çekilipdir. Munuň sebäbini men soň bilip galdym. Ýuwunmak üçin ýaba tarap barýarkam, ýodajygyň ugruna kimdir biri çaganyň bilegi ýaly turbamy ýa-da taýakmy, bir zat kakypdyr. Äýnegim jaýda galansoň, saýgaryp bilmedim. Ýöne ol günortan geçenimde-de ýokdy. Garagol oglanlaryň işidir-dä diýip, içimi gepledip barýardym welin, birden elhenç haşşyldy eşidildi. Şol sesiň ýelginine ýaňky taýak yranan ýaly boldy. Iki-üç ädim ädendirin-dä, haşşyldy täzeden gaýtalandy. Ol kepjebaş bolsa nätjek. Inim tikenekläp ysygynym topugyma geldi. Kepjebaş yraň atyp, üstümden gülýän şekilde çalaja haşşyldady-da, ýere ýazylyp, ýabyň boýy bilen sag gapdala tarap süýşüp gitdi. Awçydan ürken gulana döndüm: ökjäni göterdim-de, yzyma garaman, jaýa kürsäp urdum: - Kepjebaş! – diýip, demim-demime ýetmedi. Aşyr aga öz otagyna ylgap girdi-de, tüpeňini alyp: - Indi-hä menden sypmarsyň – diýip daşaryk okduryldy. Men aljyradym: - Aşyr aga, duruň, saklanyň! Meniň kepjebaş diýýänim Ýegengeldi däl, hakyky kepjebaş ýylan – diýip, onuň yzyndan gygyrdym. Mn öte geçen ekenim. Aşyr aga-da Ýegengeldiniň däl-de, hakyky kepjebaşyň yzyndan ylgan eken. Ýaşuly derrew dolanyp geldi. - Eýýäm çöpe siňipdir, deýýus – diýip, tüpeňini alan ýerine eltip goýdy. – Kepjebaş meni aňtap gelendir, saňa zat degmez, inibatyr ondan gorkup oturma! Aşyr aga hiç zat bolmadyk ýaly, käseleri çaýkaşdyryp, demläp getiren çaýyny gaýtarmaga oturdy. - Hawa, düýnki gürrüňimi soňlaman goýdum – diýip, ol ýolbaşçylaryň biri gelende “Žiguli” diläp alşyny, şol maşyn zerarly ilki iki gelniniň, soňam iki oglunyň arasyna tow düşüşini gürrüň bermäge durdy. Sähel wagtyň içinde bolup geçen bu wakalar meniň aňkamy aşyrdy. Şol sebäpli ýaşulynyň gürrüňleri gulagymyň ýelesindenem geçenokdy. - Men “kepjebaş” diýip gygyramda, siz Ýegengeldi diýip düşünensiňiz öýtdüm. Dogrusy, göwnüme her hili pikirler geldi – diýip, men aljyrandygymy oňa aýtdym. Aşyr aga demini bermek üçin üsti basyrylan çäýnegi öňüme süýşürdi-de: - Aý, ýok-la, ylgap geleniňden, kepjebaşa sataşanyňy derrew aňdym-la – diýip ýylgyrdy. - Nädip aňdyňyz? – diýip, geňirgenip soradym. - Ol meni indi iki ýyl bäri aňtap ýör. Ýöne häzire çenli-hä deňme-deňlik. Ol menden sypýar, menem ondan. Men hiç zada düşünmedim. - Ol näme üçin sizi aňtaýar? - Onuňam bir sebäbi bar, inibatyr. - O nähili sebäp? - Aý, bolmasyz bir iş boldy-da. - O nähili iş? Aýdyp dynaýmasa sypmajagyny aňan ýaşuly demini alan çaýdan käsesine guýdy-da, gürrüňe başlady. - Bu wakanyň bolanyna şu gün göni iki ýyl. Iýun aýynyň on üçüdi. Dört-bäş ýaşlyja çaganyň elinden tutup, bir zenan süýrgünortanlar, ine, şu ýerden, eýwanyň öňüni syryp, geçip gitdi. Menem, hon-ha, şol söwütleriň bir şahasyny kesip, pil sapy ýasap otyrdym. Birden ýaňky zenan jynssyz gygyrdy, yz ýanyndanam çaga lägirdi ýonup oturan pil sapymy alyp ylgap barsam, äpet kepjebaş dim-dik bolup, haýbat atyp, haşlap dur. Badymy gowşatman barşyma, pil sapyny oňa çenäp saldym. Ýylan iki eplenip, ýere ýazyldy. Oňurgasyny ýazdyrypdyryn. Başyny galdyryp urunýar, ýöne süýrenmäge welin mejaly ýok. Oýlanman eden işime şol bada ökündim. - Näme üçin? – diýip, ýaşulynyň sözüni bölenimi özümem duýman galdym. - Aý, onuňam bir sebäbi bar, inibatyr. Oglan çaglarym bir kepjebaşyň ar almak üçin bir ýigidi aňtap, uzak ýoly geçendigini öz gözüm bilen gördüm. Şol sebäplem, bu saparky eden işimiň telekdigini boljak iş bolandan soň bilip galdym: “Munuň ýoldaşy bar bolaýsa, dat günüme” diýip gaýga batdym, öz-özüme käýindim. Ýöne indi etjek alajym ýok. Pil sapyny alyp, kepjebaşy öldürdim-de, şo ýerde gömdüm. Edil pikir edişim ýaly bolup çykdam... Aşyr aga boşan käsesini çaýdan doldurdy-da: - Nahary häzir getiribereýinmi? – diýdi. - Ýok, ýok, gürrüňi gutaryp, onsoň iýäýeris. Ol naharyň oduny öçürip geldi. - Hawa, edil pikir edişim ýaly bolup çykdy – diýip, ýaşuly gürrüňini dowam etdi. – On-on iki gün çemesi geçendir-dä, şondan bir gün eýwanyň gapysyny açsam, kepjebaş öňümde dim-dik dur. Äwmezekdirinem welin, gapyny jarka ýapdym. Inim tikenekläp gitdi. Indi nätjegimi bilemok. Myhmanlara nahar atarmak üçin skladdan ony-muny almaly. Kepjebaş gidäýer öýdüp, esli salym garaşdym. Duran ýerinden butnanogam. Ony gorkuzmak üçin gapyny çalarak açyp, aýagymy tapyrdatdym, kepjebaş haşşyldap gozgandy. Gapyny zordan ýapyp ýetişdim. Dogrusy, ätiýaç edip içinden gulpladymam. Indi nätjegimi bilemok. Eýwana tarap ýönelsem, olar süýrenip, şol ýere barýar, beýleki tarapa gitsem, dilini ýalmandyryp gapdallap ugraýar. Penjireden çykaýyn diýsemem, olaryň ählisi demir gözenekli. Birden Babaly mergen ýadyma düşdi. Ol babasyndan galan tüpeň bilen aw eden bolardy. Ýöne men-ä onuň öýünde aw etini dadan barmyş diýip heniz eşidemok. Şonda-da babasynyň ady dakylansoň, “mergen” lakamlydy. Onsoň başga alaç tapman, şoňa jaň etdim. “Arkaýyn oturyber. Batrak, häzir baryp, ganyny gotura derman ederis” diýip ulam gepledi. Şondan soň ýüregim ýerine gelip, ýüzümiň reňki durlandy. Arkaýynlygymy aňdymy ýa-da Babaly mergeniň aýak sesini eşitdimi, bilmedim, ýaňky kepjebaş süýndi-de gidiberdi. Menem ýalan sözlän adam bolup galdym. “Ah-ow, oýun edemok, höwrüni öldürenim üçin ol menden ar almaga geldi. Ýap-ýaňyja-da durdy şu ýerde” diýsem, Babaly mergen hiç ynananok. Gaýtam içiňi ýakaýyn diýen ýaly: “Gözüňe görnen bolaýmasyn?” diýýär. Şondan soň göni bir ýyl geçdi. Kepjebaş gara bermedi. Ony gördüm-bildim, pylan ýerde öldürdim diýenem bolmady. “Diýmek diri bolmaly” diýip, öz ýanymdan çak edip, onuň ýene peýda bolaryna garaşyp geziberdim. Aşyr aga egninden üstaşyr garady-da, gaýra gapdaldaky uzyn jaýa tarap elini uzatdy: - Hon-ha, şol jaýy görýäňmi, inibatyr?! Ol biziň köne myhmanhanamyz bolmaly. Geçen ýyl şonda ýapyk drenaž gurýan işgärler bir aý çemesi ýaşady. Bir gün ýaňky kepjebaş olaryň otagyna giripdir. Gurluşykçylaryň arasynda Aşot atly bir ermeni ýigit bardy. Şol ýigit ýatmak üçin ýorganyny serpende ýaňky kepjebaş düşekçäniň üstünde düýrülip ýatan eken. Adamlar-a gapydan çykyp gaçypdyrlar, kepjebaşam penjireden çykyp, gürüm-jürüm bolupdyr. Şondan soň howatyrlanyp, öz otagymyň penjiresine demir setka kakdym. Ýeke nil tüpeňimem oky bilen şu ýere getirdim. Kim bilýär, gije gelip göräýmegi mümkin. Ýatana ýylan degenokmyş diýselerem, ätiýaçlygy elden bermezlik ýagşy. Şeýle dälmi, inibatyr?! Ar aljak ýylan hem adamy sylarmy? - Hawa-la – diýip, ýaşulynyň sözüni makulladym. – Onsoň kepjebaşyň şol gidişi boldumy, soň gara bermedimi? - Geldi. Şondan soňam iki kerem geldi. Geçen ýyl iýun aýynyň on altysyna öýdýän. – Aşyr aga çaýyň soňuny käsesine sarkyrdy. – Özüňe belli, myhmanyň şäherli bolsa, daşarda oturmany halaýar. Şonuň üçin, eýwanyň daş ýüzüne, hon-ha şol çynaryň aşagyna stoldyr stullary çykardym. Myhmanlar ýokka öýe baryp gaýtmak üçin welosipedimi idip, ýola çykdym, birden çagalaryň gykylygy eşidildi: “Şyr aga, ýeteweri, seniň kepjebaşyň geldi. Çynaryň şahasyndan sallanyp dur”. Welosipedimi ýabyň köprüsine söýäp goýdum-da, baglaryň içinden geçip myhmanhananyň ýeňse ýüzünden aýlanyp, tüpeňimi alyp çykdym. Niýetimi syzypdyr, zaňňar. Men barýançam agaçdan syrylyp düşüpdir-de, hol garalyp ýatan çukura inipdir. Tüpeňime ok sürüp, ýakynlaşdym Görünýän zat ýok. “Hine girdi” diýip, çagalaryň biri gygyrdy. Indi nätmeli? Gazyp alyb-a boljak däl. Ätiýaçlyg elden bermän, tüpeňi hine tarap çenäp durdum. gykylyga ussa Iwan geldi. Ol kolhozyň garažynda mehanik bolup işleýärdi. Aýaly Marusýa-da çagalar bagynyň terbiýeçisi. Ikisem türkmen dilini suw ýaly bilýär. Öýlerem hon-ha, hol jaý. - Aşyr aga, sen arkaýyn bolaý. Häzir ony hininden çykarman öldüreris. Soň maslygyny gazyp alarys – diýip, ussa Iwan öýüne tarap ýelk ýasady. “Bu emeldar ussa hininde ýatan ýylany nädip öldürjekkä?” diýip, gözümi hinden aýyrman içimi gepletdim. Iwan üç litrlik bankany salýarkadan dolduryp, ýany bilenem ýoňsuz letdäni alyp geldi. Ol letdäniň üstüne solýarkany guýup otlady-da, güwläp başlan letdäni ýaňky hiniň agzyna oklady. Dünýäni gara tütün gaplap aldy. Muňa goşy-golamlaram ýygnandy. - Ýene on minutdan öler, onsoň ony gazyp alarys-da, spirtli banka salyp, myhmanhanada goýarys – diýip, ussa Iwan sözni soňlap-soňlamanka, oduň içinde mine ýarylan elhenç pöwhüldi boldy. Ýalyn çar tarapa seçelenip gitdi. Oduň içinden atylyp çykan kepjebaş uçup barýan snarýada döndi. Çenäp mäşäni gysdym. Ýylana çenelip atylan ok hökman degermiş diýýärler welin, dereksiz gürrüň eken. Eger-eger ýekeje seçme degsin-le... Garaz, şeýdip sypdyrdyg-ow ony. - Bu kepjebaş gaty biž ýylan, bizi aldady. Ýöne ony gaty gorkuzandyrys, Aşyr aga. Indi ol gaýdyp bu ýerlere gara bermez – diýip, ussa iwan hem-ä özüni aklamaga çalyşdy, hemem meni köşeşdirjek boldy. - Siziň bu aýdan zatlaryňyz edil erteki ýaly, Aşyr aga – diýip, men hä bermek manysynda gürrüňe goşuldym. – Gaty täsin, ynanar ýaly däl. Aňtap ýör diýmäň birhili. Onsoňam adam bar ýerinde ýylan duranok, tüpeň sesinden bolsa bijaý gorkýar. - Ilki bada ynanmadyk adamlar obada-da köp boldy. Iň bärkisi, Babaly mergenem ynanmady. Diňe gözi ýetenden soň: “Görýän welin, Batrak, sen şu obadan göçüp gidäýmeli boljak öýdýän” diýip, maňa masalahatam beren boldy. Göçsemem, gaçyp gutulmajagyma ýigdekçe wagtym göz ýetirenim üçin, onuň bilen sanaşyp durmadym. “Ýazgytdan gaçyp gutulyp bolmaz. Babaly mergen, başa gelenini görübermeli bor-da” diýdim-de oňaýdym Telefonyň jyňňyrdysy Aşy aganyň gürrüňini böldi. Ol göreşe çykjak pälwan ýaly agras-agras ädimläp bardy-da, trubkany göterdi: - Hawa, men. Gurgun. Myhmanam oňat. Çaý içip otyr. Çagyraýynmy? Bor, aýdaýaryn! Ýöne siziň bilen gürrüňjigim-ä bardy meniň. Hawa-la, şol motorly meseledir-dä... Gaýrat etjek bolaweriň. Häzir aýdaýaryn. Hoş sag boluň!... Aşyr aga trubkany goýdy-da, maňa ýüzlendi: - Raýkomyň sekretary Aýzada Gaýypowa sizi sorady. “Çaý içip oturan bolsa, azar berme ýöne gaýtmanka görnüp gidewersin” diýdi. Ynha, meniňem şony saňa aýtdygym bolsun. - Bor, Aşyr aga, raýkoma hökman baraýaryn. - Durmuş täsin zad-ow – diýip, Aşyr aga ýerine geçip oturdy-da, ösgün gaşlaryny sypalap, uludan demini aldy. – Her zadyň öz ýagysy bor. Men-ä öz kepjebaşymdan howatyrlanyp ýörün. Ýaňky Aýzada-da obamyzyň Kepjebaşy Ýegengeldi iş bolýar. Bu ikisiniň haýsy biriniň hatarlydygyny öz başyndan inmese, biljek gümanyň ýok. Eý, toba! Şolardan daş edewersin! - Ýegengeldili meseläni özümiz çözeris, Aşyr aga, ýöne siziň kepjebaşly wakaňyz nähili gutardy? – diýip, men onuň gürrüňini ýene-de ýylanly meselä sowdum. - Ussa Iwanyň sözi telek çykdy. Ýylan gaýdyp gara bermez diýse-de, göni bä=ş aýdan soň peýda bolaýdy – Aşyr aga meni daşaryk alyp, çykdy-da, öz ýaşaýan otagynyň fundamentinde şemal çalmak üçin goýlan deşigi görkezdi. – Ynha, şu deşige ýarty göwresini sokup ýatan eken şol ýylan. Maňa garaşyp-garşyp, yssa çydamansoň, kellesini şoňa sokan bolarly. Gören badyma pişik basyşyny edip, yzyma girdim-de, tüpeňi alyp çykdym. Özümem, eger topulaýsa, jaýa gaçyp girmek üçin amatlyrak ýerde durdum. “Indi-hä ajalyň ýetendir” diýip, ýylanyň bilini gabatlap, mäşäni gysdym. Gümpüldiniň deregine şyrkyldy peýda boldy. Jübime salanym öten ýyldan bäri stoluň gözünde ýatan köne peşeňlerden bolup çykdy. Ýa därisi çyg çekipdir, ýa-da misi poslapdyr. Jübimden ikinji peşeňi çykaryp, oky sürdüm-de, nazaly çenäp, ýene-de mäşäni gysdym. Bu-da göçmedi Peşeňlerden derek ýokdugyna gözüm ýetensoň, gyssanjyma içerik girip, Babaly mergene jaň etdim. - Öňki sapar sataşmanyma ahmyr edip ýördüm. Indi ol meniň elimden sypmaz, ganyny gotura derman ederin. Kepjebaş nämemiş, gaplaň görenimde-de, meniň ýeke gylym gymyldaýan däldir – diýip, ol sesine bat berip, telefonda öwünmäge başlady. - Babaly mergen, sen gürrüňiňi soňlaýançaň, ýylan gaçyp gider, gop basymrak – diýip, ony gyssadym. - Häzir barýan, gyssanmaçlygym özm bilen diýip, ol şobada trubkany goýdy. Menem onuň gelerine irikge bolup, penjireden garap otyryn. Ol derrew geldi. Ýöne gaplaň görende gymyldamaýan Babaly mergen kepjebaşa ýakynlaşdygyça ädimlerini gowşatdy. Göwnüme bolmasa, onuň çenäp başlan goşasynyňam, nili saňňyldaýan ýalydy. Asyl Babaly mergeniň özüniňem eli-aýagy titräp, jany göwresinden çykyp barýan ýalydy. Ol tüpeňini hasam oňaýsyz tutdumy, tüpeň depip arkan serpildi,. Seçmeler dik ýokaryk gümpüldäp gitdi. Babaly mergen birsellemden soň, näme diýjegini bilmän, ýeňsesini gaşady. - Aý, şu ýylanyň ajaly seniň eliňde bolmaga çemeli, Batrak, ýogsam çeneme, kemini-hä goýmadym - diýip, ol öz emelsizligini aklajak boldy. - Ýa-da onuň ajaly meniň elimde, ýa-da meniň elimde, ýa-da meniň ajalym şonuň elinde, ikisinden bir-ä bolmaly – diýip menem hüňürdedim. - Gaýgy edip oturma, deşige giren bolsa, indi onuň gitjek ýeri bolmaz, hany bar-da, bişen kerpiçden birnäçesini getir, deşikleri jaýdar edip petikläli. Onsoň kepjebaşyň özi şo ýerde haram öler, porsap başlansoň deşigi giňelder-de, maslygyny çykaraýarys – diýip, ol maňa ýumuş buýurdy. - Ýarty bedre dusty içine sepip, deşige sementläli – diýsem hem gepimi diňlemedi, öz eňegine tutdy durdy. Ol getiren kerpiçlerimi ýeke-ýekeden ýondy-da deşiklere dykdy. - Indi kepjebaş aždarha öwrülse-de, şu ýerden çykmaz – diýip öýüne gaýtdy. Şondan soň on-on iki gün geçdi. Haçan porsy ys burnuma urarka diýip, yzçy it ýaly ysyrganyp ýördüm. On üçünji gün diýlende, ir bilen seretsem, dykylan kerpiç hol ýerde ýatyr. Deşigem hoňkaryp dur. Kepjebaşyňam şol gidişi boldy. Ölendir öýdüp ýördüm, ynha, ol ýene-de peýda boldy hwörüni öldürenime bolsa şu gün göni iki ýyl. Men Aşyr aga “hä” berip, onuň gürrüňini gyzyklanyp diňlemesem-de, aýdylan zatlara ynanjagymy bilmedim. “Eger diýilýän zatlar çyn bolsa, onda bu ýaşuly örän giň göwrümli, parahat adam bolmaly” diýip, öz ýanymdan pikir etdim. Şu gije şu jaýda ýaşamalydygym ýadyma düşende bolsa, bütin bedenim jümşüldäp gitdi. - Ýagyň ýanyňda bolsa, däriň gury bolmaly, öten ýylky kösenenim besdir. Häzir peşeňlerimi bir barlap göreýin, ýene öňküsi ýaly göçmän kösendiräýmesin – diýip, Aşyr aga ýekenil tüpeňini aldy-da, daşaryk çykdy. Tüpňe peşeňi salyp, çakmagy çekdi. Çar töwerek ýaňlanyp gitdi. * * * Nahar iýmäge oturdym. Aşyr aga ilki günler maňa nahar getirip, özi çykyp giderdi. Indi öwrenişenimizden soň, nahary ikimizem bile oturyp iýýäs. Men ondan oglan çaglary sataşan kepjebaşy barada soramakçy bolup, ebeteýini tapman otyrdym. Kepjebaşly gürrüňi birden özi başlaýdy. - Inibatyr diýýän-ä, ynha, siz uly gazetde habarçy bolup işläp ýörsüňiz – Ol çorbasyndan bir omaçany çykaryp, ýalpak tarelkada goýdy. – Bütüki Kepjebaşy töhmetçi diýip jogapkärçilige çekip bolanokmy? - Ýegengeldinimi? - Hawa. - Jogapkärçilige çekmek üçin delil gerek, subutnma gerek, Aşyr aga. - Aý, subut edilen ýaly-da. Biziň obamyzda şondan başga golsuz arza ýazýan ýok. - Ol subut edildfigi bolanok, sypalgasyz faktlar gerek. - Beýle bolsa, onda golsuz arzalary asla barlamagyň hajaty ýok. Özm bolsam-a olary zibil gutusyna taşlap goýberjek. - Menem şeýle pikirde. Ýöne barla diýilse, barlamaly bolýar-da! - Aý, “bolýa” diýseňem bolanok öz-ä... – diýip, ýaşuly meniň jogabymdan kanagatlanmady. Şonuň üçinem men arzalaryň barlanmalydygyny delillendirmekçi boldum. - Golsuz arzalar barlananda uly kemçilikleriň üstüniň açylýan halatlaram bolýar, Aşyr aga. Ýaşuly meniň delilimi unamady: - Uly kemçiligi goluňy goýubam açyp bor, inibatyr. – Ol çorbadan birki çemçe owurtlady-da, sözüniň üstüni ýetirdi. – Düýä münüp, hataba bukmak aslynda halanýan zat däldir. Biziň zamanamyzda-ha şeýle zada ýol bermek düýbündenem bolanok. - Onyň dogry-y, Aşyr aga, ýöne barla diýilse, hökman barlaýmaly bolýar. düşünäý-dä meň diýmekçi bolýan zadyma. - Wah, şeýdip düşündirip aýtsana – diýip, ýaşuly sözümiň manysyny aňandan soň, hezil edip güldi – Indi düş-nük-li... Nahar iýlenden soň irräk irkiläýin diýip, Aşyr aga bilen hoşlaşdym-da, otaga girdim. Ätiýaçlyk edip jaýyň içini birlaý gözden geçirdim, gapyny, penjiräni mazaly petikledim. Usullyk bilen ýorgany galdyryp, içinde hiç zadyň ýokdugyna gözümi ýetirenimden soň, çyrany söndürdim-de ýerime geçdim. Kepjebaş baradaky ýaňky gürrüňleri eşidenimden soň, garaňky jaýda ýeke galsaň, kelläňe her hili samsyk pikirler geler eken. Gözüme uky gelmän, esli salym şeýdip ýatdym. Birden penjiräniň depesinde üýtgeşik ses peýda boldy: “Hyş-ş-y, wyj-j-j...” Diñşirgenip, penjirä gözümi aýladym. Şemal öwsüp başlan eken. Bagyň bir şahasy jaýyň şiferine degip, şeýle ses edýändigine gözüm ýetensoň, ýüregim birneme köşeşdi. Emma ukym gelenokdy turup, çyrany ýakdym. Gaýyş portfelimden tanyş şahyryň goşgular ýygyndysyny alyp okamaga başladym. Daňdanlar ymyzganypdyryn. Birden ýanyp duran çyranyň daş-töweregi saralyp giden ýaly boldy. Soňam dürli reňkdäki halkalar çyranyň daşyna tegelenip, älemgoşara çalymdaş täsin zat emele geldi. Älemgoşaryň ortasyndan sogrulyp gaýdan kepjeb ýakynlaşdygyça ulaldy-da, heniz görlüp-eşidilmedikelhenç bir zada öwrülip, maňa ýakynlaşyp ugrady. Howatyrlanyp synladym: onuň göwresi kepjebaşyňkydy, kellesem Ýegengeldiniňkidi. Üstesine-de, ertekili kitaplarda suraty çekilýän aždarhanyňka meňzeş iki sany penjesi bar. ol gözlerini uçganakladyp, dilini ýalmandyryp, uçlary naýza ýaly penjesini gerip, üstüme topuldy. Jynssyz ses bilen gygyrdym... Öz sesime özüm oýandym. Penjirä gözümi aýladym, howa ýagtylyp başlan eken. Tomsuň yssysynda, petiş jaýyň içinde howa ýetmän garader bolupdyryn. Meniň sesime Aşyr aga eli tüpeňli ylgap geldi. - Näm boldy, inibatyr? Eýgilikmi? – diýip, ol aljyraňly sorady. - Hiç zat bolanok, basyrganypdyryn – diýip, maňlaýymyň derini syrdym-da, gören düýşümi oňa gürrüň berdim. Aşyr aga inçejik murtlaryny titredip, garaçyny bilen güldi: - Wah, beýle bolsa hiç-le. Men-ä hälki kepjebaş ýene-de dolanyp geläýendir öýtdüm – diýip, tüpeňiniň okuny boşatdy-da, jübüsine atdy. – Hany tur, sakal-murtuňy syryp, ýuwnup-ardynýançaň günem esli ýokary galar, arzaçy Ýegengeldi bilen ýene duşuşjak bolsaň, işiň ýetik seň. Sen şony bir ýanalyk etseň, kepjebaş bilen özüm haklaşaryn. Döwlet ESENOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |