14:52 Kötek / hekaýa | |
KÖTEK
Satiriki hekaýalar
“Kötek güýçli bolsa, ýüň gazyk ýere gider” diýip, ata-babalardan galan nakyl bar. “Kolhozçy” meýletin sport jemgyýetiniň raýon sowetiniň başlygy Şyrty Handurdyýew bu nakylyň manysyna diňe kötek öz başyndan injek bolanda düşünip galdy. Sygryň dili ýalyjak telegramma kagyzy ony suwdan çykaryp, oda taşlana dönderdi. Ol äýnegini dakyndy-da, stoluň üstünde ýatan telegrammany üçünji sapar okamaga başlady. “Eger şu ýyl raýonara ýaryşyna boksýor alyp gelmeseň, gülberiň gerşiňe çykaldygy hasaplaý, Bakyýew”. Handurdyýew telegrammany eliniň tersi bilen stoluň üstüne pyzyp goýberdi-de hüňürdedi: - “Gülberiňi gerşiňe çykaldygy hasaplaý!” Ýeri, men nireden tapaýyn aslynda ýok boksýory! Dilde aňsat tap diýip buýruk bermek. – Ol uludan demini aldy. – Nätsemkäm? Geçen ýyldaky galmagaldan soň, alnan alty jübüt elligini hasaba almasaň, sportuň şu görnüşi barada raýonda edilen iş hem ýokdy, geçirilen çäre-de. Dogrudanam, nätmeli?! Eger Bakyýew aýtmyşlaýyn, onuň gülberi gerşine çykylaýsa, Onda Handurdyýewiň wezipe baradaky ahyrky tamasynyň tala daňyldygy boljakdy. Çünki “Kolhozçy” sport jemgyýeti onuň ýolbaşçy wezipelerden tyrpyp-tyrpyp, halys sürçegi çykandan soň, gelip ýeten pellehanasydy. Soňky sapar ony raýon söwda bazasynyň müdirliginden boşadanlarynda raýon ýolbaşçylary: - Şyrty aga, bu işdenem seniň başyň çykmady. Indi seni raýon sport jemgyýetine geçirmegi makul bildik. Eger şonam oňarmasaň, onda özüňden gör – diýip, edil telegrammada ýazylyşy ýaly kemini goýman düşündiripdiler. Ol çep gapdalynda duran telefon apparatyndan haraý isläp, trubka ýapyşdy, ilki bir ýere, soňra ýene bir ýere telefon etdi. Hiç birindenem jogap alyp bilmänsoň, ol gyssanjyna “Wolidoldan” boşan gutujygy jübüsinden çykaryp, diliniň aşagyna bir atym nasy kakdy. Çykgynsyz ýagdaýa düşen Şyrty agany bu saparam aýaly halas etdi. - Päheý, senem-ä, şonuň üçinem kelläňi agyrdar oturarlarmy? – diýip, aýaly oňa göwünlik berdi. – Ýaryşa äkitmäge adam tapmasaň, Jally ýegeni alar ötägiderler. Bolmanda-da bitirýän işi ýok. Hem-ä ýaryşyňa ýarar, hemem şäher görer... “Döwletli” maslahat makul bilindi. Boks ýaryşyna Jally jalaý gitmeli boldy... * * * - Ringe oba boksýorlary Jally Çaryýew bilen Rahman Gullyýew çagyrylýar – diýen ses meýdançany ýaňlandyrdy. Ömründe boksuň nämedigini hem görmedik, “ring”, “raund”, “nokaut” sözleriniň manysyna, ýaryşyň düzgünlerine we tärlerine diňe otlynyň üstünde “düşünip” galan Jally jalaý tanapdan boşan öküz ýaly, ringe tasap çykdy. Elindäki agyr ellikleri, egnindäki sport eşikleri onuň gaba göwresini diýseň daýaw boksýora meňzedýärdi. Ol garşysyndaky kelte boýly dykyz pyýada bilen elleşdi-de, egninden üstaşyr Şyrty Handurdyýewe tarap garady. Tanapyň daş ýüzünde, treneriň ornunda müzzerip oturan hortaň pyýada makullaýjy äheňde başyny atyp ýylgyran boldy. Ýaryş başlandy. Uruşjak horaz ýaly bökjekleşip başlanlary hem şoldy, birden agyr ellik Jallynyň eňegine degdi… ol äňi ýazan dek, agzyny öweldip durdy-da, birdenem küşgürilen köpek kimin Rahmanyň üstüne topuldy. Sag elini salgady. Sowa geçdi. Badyny gaçyrman, çep eli bilen Rahmanyň çüwdesine şeýle bir jaýdar ýelmedi welin, ol tüwdürilip gitdi. Sudýa derrew jürlewügini çalyp, Jally jalaýy saklady, barmagyny çommaldyp, oňa duýduryş berdi. Olar ýene böjkeleşip ugradylar. Jally jalaý sürünýärdi rahman bolsa towsaklap, yza çekilýärdi. Ol şo barmana amatly pursat tapyp Jally jalaýy çemine saldy-da, onuň tumşugyna sugşurdy, salymyny bermänem gaňşyrawugyna gönüläp gütületdi. Ýaralanan ýolbarsa dönen Jally jalaý gahar bilen oňa topuldy. Emma sag gözüniň öňüne ýaňadandan degen ýumruk ony eşekden ýykylan ýaly etdi. Ol turmakçy bolanda, ýene bir ýumruk datmaly boldy. Ömründe munyň ýaly ýagdaýa düşmedik Jally jalaý şeýle bir aljyrady, hatda näme etjegini hem bilmän: - Bes et, heý, eşek, ýa-da seniň gara çynyňmy, uruşjak bolýaňmy? – diýip herreldi-de, soň Handurdyýewe ýüzlenip zeýrendi. – Şu sudýa satylan bolaýmasyn. Men ursama-a jürlewügini çalýar, ol ýelmäp dursa-da jyňkyny çykaranok. - Nokaut bolmanka, tur basym. Göbekden ýokary, gulakdan bäri diýmänmidim näme! Ýeňsä urmak bolanok... – diýip, Handurdyýew gyssanyp gygyrdy. Jally jalaý nokautyň nämedigine düşünmese-de, ýerinden böküp galdy. Emma turaryna mähetdel bolup duran rahman ony ýene-de kakdy. - Sen nähili-aýt, men birje gezek ursam, sen yzly-yzyna sugşuryp dursuň-la – diýip, ol namartlady. Jally jalaýyň gahary gazaba öwrüldi. Ol: - Häý, seniň bir... – diýip, köçede aýdyp ýören paýyş sözlerini agzyndan sypdyranyny özi hem duýman galdy, böküp bardy-da, sag aýagy bilen Rahmanyň çep böwrüne jaýdar depdi. Sudýanyň jürlewügi ýene-de jürledi. Rahman bolsa demi-demine ýetmän, içini tutup, towlanjyrap ýykyldy. Gapdalda taýyn bolup duran doktor gyz haýdan-haý onuň ýanyna bardy. Tomaşaçylaryň gaharly galmagalyndan sport meýdançasy gyzan bazara döndi. Her kim bir zat diýip gygyrýardy. - Meýdançadan gümüni çekiň onuň! - Huligan! Onuň treniri kimkän-aýt? Orta çykaryň şony, bizem göreli?! - Haýsy raýondan-aýt ol? - Baý, şu adamlaryň erbetdigini. Nädip uranda näme? Urşuň keýpini görseňiz bolýar-da... Oňarsa o-da depibersin!.. - Dogry aýdýaň, şepe! Dep, ýene, dep... Özüňi urduryp durma!... - darykmaň, adamlar, darykmaň! Sudýa häzir jedeli çözer! Sudýa Jally jalaýyň ýanyna gelip, onuň bilen gaharly gepleşýärdi. Märekäniň wagyrdysyndan ýaňa söz alşar ýaly bolmasa-da, Şyrty Handurdyýew sudýanyň öňünde ýallaklap Jalla hem herrelişinden ýagdaýyň oňat däldigini aňmak bolýardy. Ahyrsoňy sudýa elini salgady-da, yzyna öwrüldi, birinji raundyň tamam bolýandygyny yglan etdi. Bu bolsa söweş ýene-de dowam etjek diýildigidi... Naşatyr spirti ysgadylandan soň, rahman ýerinden galyp, eýläk-beýläk gezmelemäge başlady jally jalaýam “haş-haş” edip, Handurdynyň ýanyna geldi. Endamy süpürilip, ýüzi ýelpenenden soň Jally jalaýyň jany ýerine gelen ýaly boldy. Ol: - Äh-eý, Şyrty daýy, men-ä sudýaňka düşünen däldirin. Näme üçin göbeginiň deňine ursamam jürlewügini çald-a? – diýip, henizem eden günäsine düşünmän sorady. - El bilen urmaly, el bilen, sen bolsaň depýäň! Gadagan... - Hm, muňa seret-le!.. Ýelmäp dursalar, el-aýak ýadyňa düşýärmi. Tumşugyňa bir bersinler bakaly, nämäň gadagandygyny şonda bilersiň. Ähli düzgünler kelläňden çykaýmazmyka?! Ýogsa-da, agzyňa urmak bolýarmy? Ä? - Bolýar, bolman näme. Ýöne kelle bilen däl-de, el bilen... - Onda häzir edişime seret bakaly. Men onuň otuz ikisini damagyna ibererin. Eger walla. - At çapyşyndan geçdim, eýeriň gaşyndan berk ýapyş. Şu raundy sag-aman geçirseň, men senden müňde bir razy. Onsoň saňa razrýad beräýmeklerem mümkin. “Razrýad” sözüni eşiden Jally jalaý birbada gomaldy, gaty-gaty ardynjyrap, ringiň sag burçuna tüýkürip goýberdi, goşary bilen burnuny süpürip, töweregine garady adamlar hyryn-dykdyn. - Raund!.. Sudýanyň sesini eşidip, boksýorlar orta çykdylar. Olar bada-bat heşerlenişip durdylar-da, soňra süsüşjek goç ýaly ýeňselerini tüňerdişip, bir-birlerine tarap gaýtdylar. Jally jalaý gele-gelmäne sag elini salgap goýberdi welin, ýumruk Rahmanyň agzyna jaýdar degdi. - Häh, oňardyň, janym bol-a, ýelme ýene birini, dişleri bokurdagyna gitsin – diýip, Handurdyýew oňa meçew berdi. Tomaşaçylaram gygyryşdylar. Beýle zada garaşmadyk Rahman aljyraňňylyga düşüp, yza çekilmek bilen boldy. Emma Jally jalaýyň dykylyp gelmegi onuň üçin amatly pursat döretdi. Ol ony şeýle bir gelşirip urdy welin, Jally jalaý ýüpden syrylyp, çep gapdalyndaky burça gapgaryldy, ýöne ýykylmady. Dikelmekçi bolanda, Rahman onuň eňeginiň aşagyna gülçüldedip goýdy. Jally jalaý diň arkan serpilip, ýere serildi. - Bir, iki, üç, dört... Sudýa, “sekize” ýetende Jally jalaý turup ýetişdi-de, handurdyýewe ýüzlenip zeýrendi: - Wah, daýy jan, şu içigargalaň elligi çykarsaň-a, öňki-soňkymy alaýyn mundan! - diýip, soňra ýaralyň gaplaň ýaly, yzyna öwrüldi-de, Rahmana topuldy: - Häh, seniňmi!.. Jally jalaý soňky sözi aýtmaga ýetişmedi. Rahman ary öýjügine palçyk ýelmän ýaly etdi-de, onuň agzyna palçyldadyp goýdy welin, Jally jalaý ýere seriläýdi. - Bir, iki, üç, dört, bäş... Nokaud... Gaharly telegramma ýoldaş Bekiýew Şyrty Handurdyýewiň gülberini onuň gerşine çykap bilmedi. Sebäbi Şyrty aganyň iýmeli kötegini bu sapar ýegeni Jally jalaý iýmeli bolupdy. Şyrty Handurdyýew bolsa, raýona gelen badyna ýerli gazete makala ýazyp, boks ýaryşyna ilkinji sapar gatnaşan Jally Çaryýewiň çykyşy tomaşaçylaryň, aýratyn-da sport spesialistleriniň ünsüni çekdi diýip, ýegeniniň öwgüsini mazaly ýetirdi. Gazetdäki şol makalany okan raýon ýolbaşçylarynyň biri geň galyp: - Şyrty aganyň sportdan beýle ukybynyň bardygyny bilen bolsak, ony wezipeden wezipä süýräp ýörmän, ilki başda “Kolhozçy” jemgyýetine başlyk edip bellärdik – diýdi. - Hiçden giç ýagşy – diýip, beýleki biri onuň sözüni makullady. Döwlet ESENOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |