11:34 Düýe familiýaly / hekaýa | |
DÜÝE FAMILIÝALY
Satiriki hekaýalar
Çehowa öýkünip... - Ertir, otüki, seniň oçerkiň nomere girýär. Me, şu grankalary oka-da, üýtgetjek ýerleriňi üýtget, soň gürrüňi bolmasyn! – diýip, jogapkär sekretar elime bir topar ottistki berdi. Men okap düzedişdirdim-de, yzyna eltip berdim. Gazetde iki ýyl bäri işläp ýören bolsam-da, henize çenli makaladan başga zadym çykmandy. Bu meniň ilkinji oçerkimdi, ilkinji edebi eserimdi. Şol sebäpli uzak gije onuň pikirini edip, gözüme uky gelmedi Ertesi, işiň ahyrlarynda meni redaktor çagyrdy. Galamdaşlarym oçerki öwensoňlar, redaktoram ýagşy niýet bilen çagyrýandyr öýdüp, gapydan ýylgyrjaklap girdim-de, salam berdim. Öz içimdn bolsa, häzir ol ýerinden turar-da, elimi gysar, ilkinji üstünligim bilen gutlar, tamasyny ödänim üçin sag bolsun aýdar diýip pikir edýärdim. Emma tamam çykmady. Ol kellesini yrap, salamymy göwünli-göwünsiz aldy-da: - Hany, bäri gel – diýip, öňündäki sahypa barmagyny dürtdi. – Bu näme? Menem geň galyp: - Oçerk – diýdim - Wah, oçerkdigini menem bilýän-le, sen, ine, şuny oka, şu ýerini! – diýip, ol oçerkiň adyny görkezdi. - “Mehanizator Porsy” . Redaktor edil burnunyň astyna aňkap duran alaka eltilen ýaly seňrigini ýygyrdy. - Položitel gahrymana şu tetelli otrisatel at dakylmagy, seniň pikiriňçe, dogrumy? Men näme jogap berjegimi bilmedim. Öz içimden: “Dogrudanam, ýalňyz ogullaryna Porsudan başga at tapmadylarmyka?!” diýip, onuň ene-atasyny içimden ýazgardym-da: - Bilmedim, ýoldaş redaktor, ýöne şonuň ady-ha Porsy. Hut dokumentlerini barlap gördüm – diýip, jogap berdim. - Oçerki bu at bilen-ä çykaryp bolmaz, Annaly Durdyýewiç, okyjylar muny geň görer. Şol aralykda jogapkär sekretar meni çykgynsyz ýagdaýdan çykarjak boldumy ýa-da öz günäsini ýumarlajak boldumy (Oçerki çapa getiren şoldy ahyryn), garaz, redaktora ýüzlenip: - Näme üçin geňmişin, ilde bar at ahyryn. Şeýle ýaly meniň özümem bilýän – diýip, öz gören Porsusynyň gürrüňini berdi. – Bir wagtlar ýanymyza bir goňşy göçüp gelipdi. Şolaryň ogluny ady hem, otüki, Porsudy. Onsoň, otüki, geň galdym-da: “Bu allanäme çaga näme sebäpli beýle ýaramaz at dakdyňyz, başga at tapylmadymy?” diýip soradym. Onuň kakasy bolsa: “Allaberdi dakdyk, Alla aldy, Hudaýberdi dakdyk, Hudaýyň özüne gerek boldy iki ogul elden gidensoň, muňa Porsy dakaýdyk” diýýär. Hamala, çaganyň ölüp-ölmezligi onuň adyna bagly ýaly. Menem, otüki... Redaktor sekretaryň sözüni kesdi-de: - Goýsana sekretar, körlük edip, oçerki çapa geçiripsiň-de, indi özüňi aklamajak bolup, erteki otarýarsyň. Seniň pikiriňçe, men şu Porsulygyna gazete gol çeker öýdýäňmi? – diýip, sahypany stoluň çetine itekläp goýberdi, kabinetinde eýläk-beýläk gaharly aýlanyp, birdenem maňa tarap ýüzlendi. – Ýogsa-da, Porsy onuň ýalan ady bolaýmasyn? Oba ýerinde şeýle-de bolaýgyçdyr. Belki, onuň çyn ady bardyr? - Ýok, Porsy onuň hut çyn ady. - Çyn ady, çyn ady... Şo çyn at bilen oçerkini çykmajagam çyn. Düşündiňmi? – diýip, redaktor ýerine geçip oturdy. Indi çykyp gidibersemem boljakdy. Oçerkiň çykmajakdygy meniň üçin aýdyňdy. Emma şol wagt sekretarymyz redaktora ýülendi: - Eger adyny halamasaňyz, familiýasyny ýazaýmak gerek, “Mehanizator pylany” diýägede... - Ýogsa-da, bolaýjak zat. Adyny üýtgetseň oçerk okamazça-da däl, oňat ýazylypdyr. Hany aýt, onuň familiýasy nämedi? – diýip, redaktor stoluň üstündäki polosany öňüne çekdi - Familiýasymy? Familiýasy... neme.. Porsy... Porsy... - Goý, how, şu Porsuňy. Bir bolgusyz at tapypsyň welini, iki gepiň birinde şonuň adyny gaýtalap otyrsyň. Halys ýürege düşdüň-le. Senden onuň adyny däl, familiýasy soraýan, düşündiňmi? - Familiýasy... Po... Ýoldaş redaktor, obada onuň ýörgünli ady Po... Porsy. Gara çynym Eger familiýasy ýazaýsak tanamazlyklaram mümkin... familiýasy!.. Eger walla, ýaňyja-da dilimiň ujundady, agzymdan şeýtan aldy gidäýdi. Hawa, nemä... Öz-ä-ä... - Bol-how, biziň bar işimiz seniň oçerkiň däl, sahypa okamaly. Düşündiňmi? – diýip, redaktor gyssap başlady. Men aljyraňňy äheňde jogap berdim: - Komsomol biledoňem görüpdim-le. Öz-ä... düýe familiýalydy. Hawa, hut düýe familiýalydy, görüp geň galypdym. - O näme üçin geňmişin. Düýeliwe diýseň, otüki, Porsudan-a gowy-da! Şeýle dälmi, ýoldaş redaktor! – diýip, sekretar ýene-de meni goldamakçy boldy. - Elbetde, gowy – diýip, redaktor sahypany düzetmäge başlady. - Dü-ü-ýe-ýe-li-i... - Düýeliýew-ä däldi, şon-a açyk bilýän. – Men onuň sözüni kesdim. – Ýaňam dilimiň ujundady-la... Bugraýew... Bugurçyýew... Ýok, bular-a däl. - Onda Köşekliýewdir, belki? O-da dälmi?. – diýip, sekretarymyz mydama bolşy ýaly öz başyna hüňürdäp ugrady. – Şu adamlar, otüki, başga at tapmaýarlarmyka? Kellelerine gelen zady dakýarlar-da, adam baryny uly alada goýýarlar. Geçen ýyl, otüki, biriniň ogly boldy. Tokmak ýalyjak bäbejik. Adyna näme dakandyrlar öýdýäňiz? - Tokmak dakaýdylarmyka? – diýenini duýman galypdyryn. - Ýok-la, otüki, Kürre dakdylar oturyberdiler – Sekretar sähelçe-de ýylgyrman sözüni dowam etdi. – Menem onsoň: “Ah-ho-ow, näme üçin beýdýäňiz, çaga ulalar, adam çykar, onsoň öz adyna uýalar ýörer. Häzirem bir pelle, üýtgediň adyny!” diýdim. Onuň kakasy içiňi ýakaýyn diýen ýaly: “Atasynyň adyny ýitirmejek bolup dakaýdyk-da” diýip, kikir-kikir edenem bolýar-a. Heý, şu ýerde güler ýaly zat barmy? Onsoň.... - Hany, bes, häzir kürräniň däl-de, eşegiň... Päheý, başymy çaşyrdyňyz.. hany, dünýäniň gürrüňini edeli – diýip, redaktor sekretaryň hüňürdisini boldi-de, maňa ýüzlendi – Belki, Inerow ýa-da Inerçiýewdir? Ä? Hany mazalyja oýlan! - Ýok, olaram däl Heşdekow... Heşdekliýew... Inenow... Şol wagt hatlar bölüminiň müdiri Mergen aga gapydan boýnuny uzatdy-da: - Mümkinmi? – diýdi. - Giriber, Mergen aga, wagtynda geläýdiň. - Ýoldaş redaktor, ine şu günki poçta. - Poçtany soň görübereris. Häzir has gyssagly iş bar. - Hany otur mergen aga, otüki, Annalymyz düýesini ýitiripdir, şoňa bir yz çalyp ber. Düýe çopany bolupdym diýip, elmydam öwnüp ýördüň – diýip, sekretar Mergen agany öz ýanynda oturtdy. - Çopan bolanym-a çyndyr, ýöne nämäniň düýesi? – diýip, Mergen aga geňirgenip sorady. Men olaryň gürrüňine-de üns bermän Porsynyň familiýasyny ýadyma saljak bolup, öz başyma samraýardym: - Köşekow... Köşekliýew... Inerliýew... - Muňa ne pelek urdy-aý?! – diýip, Mergen aga geňirgenip maňa garady. - Oçerk ýazypdyr – diýip, redaktor kineli ýylgyrdy – Indem hon-ha samrap dur!.. Sekretaram onuň igenjiniň üstüni ýetirdi. - Düýesini ýitiripdir diýýän-ä... Olaryň igençli gürrüňleri gaty ýokuş degdi. Adamyň başyna towky geljek bolsa geler duruberer eken. Öz eden işime indi özüm ökünip başladym. “Oçerk ýazmak ne körüňe gerekdi, şonsuz günüň geçmeýärmidi diýsene?!” diýip, öz-özüme käýindim soňra aga ýüzlendim-de: - Aý, şol düýnki okan oçerkiňiziň gürrüňi-dä... – diýdim. Mergen aga oçerki öň okap halansoň, häzirem: - Men-ä okap oňat görüpdim, nämesini halanoklar? – diýdi. - Porsusy bolanokmyş, familiýasy bolsa ýadyma düşenok. Öz-ä düýe familiýalydy, şon-a açyk bilýän... Bugralyýew... Köşejikow... - Sen-ä tüýs Iwan Ýewseiçiň özündenem geçirdiň – diýip, redaktor ýene-de ýaňsyly ýylgyrdy. - O haýsy Iwan Ýewseiý? Metranpajymyz, o küýki Iwan agamy? – diýip, Mergen aga sorady. - Baý, oňardyň-ow Mergen aga! Görýän welini sen-ä pensiýä gidäýmeli boljak öýdýän. Indi Çehowyň Iwan Ýewseiçinem tanaňokmy? Ho Buldeýewiň prikazçigi-dä! Bileňokmy näme? - Eger walla ömrümde gören adamym däl, ýadyma düşenok. Redaktoram, sekretaram Mergen aganyň bu jogabyna hezil edip güldüler. Menem güldüm. “Dogrudanam, Mergen aga Çehowyň ol hekaýasyny okamadymyka?” diýip, öz içimden pikir etdim. Belki, okanam däldir... Redaktor ýaşaran gözlerini süpürdi-de: - Görmedik bolsaň, Anton Pawlowiç Çehowyň “Ýaby familiýaly” atly hekaýasyny al-da okaý, şonda görersiň! – diýdi. - Päheý, Nekelaý zamanynyň Iwany diýsene? – Mergen aga ýaýdanjyrap gepledi-de, gürrüňi öz üstünden sowmak üçin maňa ýüzlendi: - Hany, tapmadyňmy, Annaly? - Köşekliýew.. Ogşykow... Torymow... Erkek... Erkekli... Erkekçi... Ýok, mundan-a familiýa-da bolanok. Torymçyýew... Örkiçew... Örkiçliýew... - Onyň-a düýäň adam däl – Redaktor meniň sözümi kesdi. – A-how, ýogsa-da, Iwan Ýewseiçiňki ýaly başga bir at bolup çykaýmasyn? Men kesgitli jogap berdim: - Ýok, düýe familiýalydy, ony açyk bilýän-le! Neme... Jogapkär sekretar sözümi böldi: - Oh, ýogsa-da, Maýaýew bolaýmasyn, otüki, iki örküçli maýa? Redaktor oňa elini atyp goýberdi. - Goýsana, sekretar, senem oturýaň-oturýaň-da bir zat tapaýýaň. Maýa aýal ady ahyryn. - Bolanda näme, atdyr-da... Näme daksaň bolubeber – diýip, Mergen aga-da gürrüňe goşuldy. Ol gün men goňşymyz bilen sene-mene etmeli boldum. Olaryň Akbaý atly bir ogullary bar. Ýeke ogul bolansoň daş çykdygy “haý gitdi-de, haý gitdi” diýip, gygyryşyp başlaýarlar, “derrew tapyň-da, derrew tapyň” diýip, uly basgy bolýarlar. Onsoň: “Akbaý, Akbaý-u-u, Akbaý he-e-ý” diýen sesler zenzele berip başlaýar. Gygyryşyp başladyklary biziň itimiz haýatdan böküp, derrew olaryň howlusyna barýar. - Näme üçin? - Wah, itimiziň adam Akbaý-da. Ine, onsoň itimiz bardygy taýaklap başlaýarlar. Bir gezek ýagşy, iki gezek ýagşy, ahyr soňy sene-mene edişäýmeli bolýar. - Şunuň ýaly bir at sebäpli ol gün, otüki, tasdanam ölşük bolupdy – diýip, sekretar Mergen aganyň gürrüňini alyp göterdi – Güjük tşatly bir oglanjyk bar welini, neressejige gün berenoklar köçä çykdygy bes, oglan bary: “Güjük-Güjük, mäh-mäh” diýip, öňüne çörek oklaýarlar ol gün, otüki, Güjük eline ilen daş bilen biriniň kellesini wes-weýran edäýse nätjek! Keselhana alyp gitdiler, tas ölen eken - Baý-boý, kellämiz gyzyp, başga gürrüňe urdug-ow. Hany, Annaly Durdyýewiç, ýadyňa düşmedimi? Belki, agzyňdan alyp giden şeýtanlar mehanizatoryň familiýasyny getirip, agzyňa salyp gidendir? – diýip, redaktor ýene-de öňki meselä geldi Men böwrüme dürtülen ýaly tisgindim-de: - Näme... ol... Arwanaýew... Göherdow... Heşdekow... Heşdekliýew... – diýip sanamaga başladym. Biziň beýdişip durşumyz Mergen aganyň ýüregine düşen bolara çemeli. Ol: - Gazeti saklap durman, şu durşuna çykaraýmak gerek. Porsynyň ady ýazylany bilen gazetimiziň posrap galjak gümany ýok. Içinde oňat material bolsa, il gazeti alýaram, okaýaram. Düýnki sanymyzda Däliýewiň goly bilen informasiýa çykmadymy näme? Onsoňam, habarçylarymyz: Ýirikow, Ýemşikow, Italmazow onsoň... Eşekgulyýew ýoldaşlaryň habarlary häli-şindi çykyp dur şu atlar çykanda Porsy näme üçin bolmazmyşyn? Olaryň Porsudan nämesi gowy? – diýip, redaktora ýüzlendi. Mergen aganyň bu delilleri ýerliklidi. Dogrudanam, şeýle atlar bilen günde-günaşa diýen ýaly her hili informasiýalar hem-de habarlar çykyp durýardy. Redaktor az salym pikirlendi-de: - Onyň dogry, ýöne... – diýip kürtdürdi – Ýöbe şu tetelli atlar barada bir pikir alyşmak gerek. Gazetde çykyş etmelimi, nätmelimi, garaz, bir çäre-hä görmeli – diýdi. - Şular ýaly, otüki, wejera atlary alagada üýtgedäýmek gerek – diýip jogapkär sekretar bada-bat öz teklibini girizdi Redaktor oňa garşy çykdy. - Alyp üýtgedäýer ýaly adam ady makalanyň ady däl ahyryn. Bu meseläni oýlanyşyp çözmeli. - Boldy-boldy-da adm ady. Raýonyň adyny üýtgedýärler, adam ady dagy nämejik! Bir wagtlar, otüki, Porsy diýen raýon bardy. Indi şonuň Porsudygyny bilýänem ýok. Alagada, otüki, üýtgetdiler oturyberdiler, wessalam... Jogapkär sekretaryň bu gürrüňi Mergen aganyň maňzyna batmadyk bolara çemeli, ol ardynjyrady-da: - Onuň haýsy birini “wessalam” etjek – diýdi. – Şu ýyl men “Täze durmuş” kolhozyna komandirowka baranymda şeýle bri waka duş geldim, prawleniýäniň agzynda kontor işgärleri bilen gümür-ýamyr edip otyrdyk welin, sakaldaş bir adam geldi-de, maňa ýüzlenip: “Heý, şu ýerden Sary Öküz geçen-ä däldir-dä?” diýip sorady. Menem: “Sakaldaş, men gelelim bäri şu ýerden janly-janawer geçenok” diýdim. Oturanlaryň bary güldi-de: “sary Öküz ýap-ýaňyja Durdy aga bilen tirkeşip geçdi, ýaşuly” diýdi asyl soň aňşaryp otursam, olaryň gürrüňi adamlar barada bolsa nätjek! Gülüp-gülüp, tasdanam içegelerim gyrlypdy ýeri, bu atlaryň haýsy birini üýtgetjek. Iň bärkisi, öz agtyklarymy alyp görüň! Diňe biziň öýüzmizde üç adamynyň ady üýtgemeli. Bu boljak zatmy näme?! Mergen aga mamlady. Şol sebäpli redaktor oýlanyp: - Öz-ä bir alaç etmeli. Obada aýallar soweti bar, ýaşulular sowet bar, komsomol bar, şolaram çet durmaly däl ahyryn! At dakylanda olaryňam gatnaşaýmaklary gerek. Eger ol “bolanok” diýseler, ene-atasam Porsy dakjak bolup dyzaşyp durmaz, şeýle dälmi? - Dogry aýdýaňyz, ýoldaş redaktor, bu işe, otüki, bütin halk halk bolup gatnaşmaly – diýip, jogapkär sekretar redaktoryň pikirini goldady. Jogapkär sekretaryň “halk” diýen sözüni eşiden badyma Porsynyň familiýasy güpbe ýadyma düşdi. Men begenjimden ýaňa maňlaýyma patyladyp urdum-da: - Tapdym, Halyk... Hawa, Halyk. Porsynyň familiýasy Halykow bolmaly, Ha-ly-kow!.. – diýip gygyrdym. Redaktor ýylgyrdy-da: - Sen-ä tüýs Iwan Ýewseiç ýaly bizi biderek ýere kösäýdiň, Annaly Durdyýewiç! – diýdi. - Wah, bu neressede günä ýok-la... Belanyň körügi Halyk agada indi ogluna, otüki, Porsudan başga dakmaga at tapmadymyka!? – Jogapkär sekretar ýene-de meniň arkamy alyp, öz pikirini orta atdy. – Mende bir teklip bar, ýoldaş redaktor, otüki, Halyk aga hat ýazmak gerek. “Indikiňe berk bol” diýmek gerek. Otüki, biziň Mergen agamyz ýaly agtyklaryna berip şo tetelli atlary dakaýmasyn – diýdi. Redaktor sahypany alyp “Porsy” sözüni çyzdy-da: “Mehanizator Halykow” diýip ýazyp, sahypa gol çekdi. Soňra hem jogapkär sekretara ýüzlenip: - Halyk aga hat ýazmagyň geregi ýok. Iň gowusy, şu günki gürrüňlerimizi hekaýa edip ýazaýmak gerek. Şonda diňe bir Halyk aga däl, eýsem, Mergen aga-da şolara meňzeş beýleki agalaram okarlar. Şeýle etsek peýdaly bolar gerek?! Hekaýany ýazmaklygy bolsa, Annaly Durdyýewiçe tabşyralyň. Bolmaýarmy? – diýdi. Oturanlar bu teklibi makul bildiler... Döwlet ESENOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |