14:42 Nika haty / hekaýa | |
NIKA HATY
Satiriki hekaýalar
- Baý-baý-ow, serediň-le! “Ölme-de, ýit” diýenleri-dä. Geleweri, Amandursun eje, sag-gurgun gezip ýörenmisiň? Bu golaýda gara berenok-la?! – diýip, raýon sosial üpjünçilik bölüminiň müdiri Kürre Şaýyrdyýewe gapydan giren kempire äýneginden üstaşyr garady. Elindäki düwünçegini gapdalynda goýup, iç işikdäki stula garry göwresini oklan Amandusrun eje, hasasyny diwara çekdi-de, zeýrenmäge başlady. - Wah, gara berer ýaly edýäňizmi näme? Ony getir, muny getir... “Getir-getiriň” soňy bolmaz oguşýa. Artyp galmyşlaryň her haýsyny aljak bolsaňam, ýedi edarany syryp, ýetmiş gapyny kakmaly... - Azabyň ýerine düşse bor, Amandursun eje. Zeýreniberme! “Giden getirer, oturan nyrh sorar” diýipdirler. Hany gidip getiren zatlaryňy bäri ber, bir göreli? Hemmesini toplap bildiňmi berin? – diýip, Kürre stoluň tahylyndan spisoga çalymdaş bir kagyzy çykaryp, gapdalynda goýdy. Kempir düwünçegini çözüp oturyşyna: - Toplan hat-peteklerim, Kürre jan, äre çykjak bukjasyna döndi. Belki, gutardygy bolaýady-da – diýdi. Ol petde bolup duran kagyzlary düwünçekden alyp, kürräniň garşysyna geçip oturdy. – Ine, ilki soran kagyzyň-a şu bolmaly... - Tä-äk... Munyň-a dogry – diýip, Kürre kempiriň uzadan kagyzyny stoluň bir çetinde arkan öwrüp goýdy. – Hany indi iki sany suratyňy äber? - Ine şujagaz bukjanyň içindedir. Kürre suraty çykaryp seretd-de: - Dogry, edil özüňe çalym edip dur – diýdi. Spisoga meňzeş kagyzyna ýene-de garap, orta barmagy bilen bir setiriň üstünden basdy. – Tä-äk... komsomol bilediň?.. Munuňam geregi ýok... !-hä, ine şu degişli bolmaly. Zähmet depderçäň göçürmesi? - Me... Alty şaýa möhürem basdyrandyryn. - Öý depderçäň göçürmesi? - O-da şu – diýip, Amandursun eje palas ýaly kagyzyň gatyny açyp uzatdy. Kürre berlen kagyzlary gapdalda goýup, soramagyny çaltlandyryp ugrady. - Saglygyň hakynda sprawka? - Al... - Ýaşaýan ýeriňden sprawka? - Me... - Adamyň ölenligi hakynda sprawka? - Al... - Ogul-gyzlaryň bolanlygy hakynda sprawka? - Ine... Başga-da birnäçe sprawkadyr göçürmeler sorandan soň, Kürre: - Tä-äk... – diýip, äýnegini aýyrdy, ýowarda ýadan suwagçy ýaly, ýeňi bilen maňlaý derini syldy. – Ind-ä bolaýdy öýdýän! – diýip, arkan gaýyşdy. Üstünden dag bölegi aýrylan ýaly, Amandursun eje-de uludan demini aldy. - Eý toba, adam ölmese, her hili görgüler görjekow! Äre çykyp, alty çaga dogrup, heniz beýle kösenen däldirin. Gutardygy bolawersin-dä hernä... – diýip, ol gyňajynyň ujy bilen gamaşan gözlerini süpürdi. - O-hho-o, Amandusrun eje, sen-ä, tüweleme, özüň ýadyma salaýdyň. Hany, otüki, esasy zady ýatdan çykarypdyrys-la! Otüki, nika hatyň göçürmesi hany? - Wiý, ol zat nämä gerekdi, Kürre jan? – diýip, Amandursun eje geňirgense-de, sypaýylyk bilen sorady. - Pä-heý, munyň aýdýanyny!.. Ol-a tüýs birinji gerek dökument. Şo bolmasa, gara köpügem pensiýa bermezler. Ýogalan adam seniň ýassykdaşyňmy ýa başga biriniňkimi, kim bilýär? Ony nika hatsyz nädip subut etjek? - Toba-toba, toba-toba... – diýip, Amandursun eje ýakasyna tüýkürdi. – Bilmän näme? Obanyň uludan-kiçisi bilýär. Onuň bilen elli üç ýyl ýaşadyk, ýatan ýeri ýagty bolsun pakyryň, adam-dagy däldi... Alty çaganyň atasydy. Özüňem bilýäň ahbetin, Kürre jan! - Muňa serediň-le, meseläniň keçje tarapyny tutýar. Nika haty maňa gerek däl, delo gerek, delo... – diýip, Kürre gaharly bolsa-da, janygyp gepledi. – Şo kagyz bolmasa, pensiýa belläp bolanok. Başa düşün!.. Meniň bilenim bilen meni delo çatyp bolýarmy näme! Amandursun eje nätjegini bilmän ýaýdandy. - Wah, Kürre jan, o kagyzyň maňa tapdyrmaz, balam! - Gerek bolsa, baý, taparsyň-a! - Nädip tapaýyn? O ýykylmyş Nekelaýyň döwründe nika hat nirede, zat nirede? Sawçy geler, guda bolar. Molla geler nika gyýar. Başyňa bürenjek atyp, agzyňam ýaşmak bilen sararlar welin, tärim bilen äriň arasynda görgiňi görüp oturmalysyň. Nekelaýyň düzgüni şeýledi, Kürre jan... – diýip, kempir jany ýanyp düşündirmekçi boldy. Kürre Şaýyrdyýew nätjegini bilmän: - Boldy, boldy, bes et... o düzgüni menem bilýän – diýip, gürrüňdeşiniň sözüni böldi. Ýeňsesini gaşap, az salym oýlandy: - Onda nät diýsene, Amandursun eje! Men saňa bu işiň aňsatja ýoluny salgy bereýin. Şäheriň gaýra çetinde halk sudy diýen edara bardyr. Sudýasyna Emirguly Körow diýerler. Şonuň ýanyna bar-da, öz ýassykdaşyň hakykatdanam seniň ýassykdaşyňdygy barada suduň kesgitnamasyny al. Şol haty getirseň, bize bolany... Kürre mundan artyk gepleşmek islemänsoň, Amandursun eje hasasyny tyrkyldadyp, çykyp gitmeli boldy. Ol ondan-mundan sorap, suduň edarasyny tapdy. Sudýanyň iş ornundadygyna begenip, gapyny açdy-da içerik girdi. - A-how, kempir, näme gözüň ýok ýaly süssürilip gelýäň? Ýa-da bu ýeri kerwensaraýdyr öýdýäňmi? – diýip, sudýa Körow ör-gökden geldi. Bada ýüzi alnan Amandursun eje: - maňa Emirguly Kört gerekdi, balam. Ugur-ýol bilmämsoň giräýdim – diýip, günäli äheňde gepledi. - Ugur bilmeseň, Allany çagyrar-da, öýden çykman oturarlar – diýip, Emirguly sesini az-kem peseldip, elindäki kagyzlardan gözüni hem aýyrman jogap berdi. Amandursun eje diýere söz tapman dymdy. Yzyna dolanyp gidibermekçi boldy. Emma ýene-de gaýdyp gelmelidigini ýatlap: - Wah, günüme goýsalar, geljek däl-le! – diýdi. Emirguly Körow öňki äheňinde gepledi: - Hany gapydan giren bolsaň, sömelip durma-da, habaryňy ber! - Habarym-a oglum, öňki ýylyň ortasynda adamym ýogaldy. Şonuň yzyndan pensiýe berjek diýseler, ýanwalitleriň edarasyna bardym. Alty aý gatnap, hat-petekleriň barynyň başyny jemledim. Ýekeje kagyzy ýetmedi. Şonam siz bermelimişiňiz. - Nähili hat. - Kesgitli nama... Kürre Şaýyrdy şeý diýäýdi öýdýän – diýip, Amandursun eje aýdanynyň dogrudygyna-da onçakly ynanman sözledi. – Nika hatyň öwezini dolmalymyş. Şo tüki kagyz... Bolar ýaly bolsa düzediweri, balam! Ozalky kagyzlary hem toplajak bolup lütüm çykdy... - Kesgitnama aljak bolsaň-a, kempir, lütüň däl, itiňem çykar. Kesgitnama diýilýän zat puluňy berip alyp gider ýaly göleli sygyr däl. Ol möhüm döwlet dokumenti. Onsoňam, ýaşyň altmyşa ýetendee däl-de, durmuşa çykan mahalyň, bu zatlaryň aladasyny etmeli ekeniň. Nika hatyny şol wagt alyp goýsaň bolmadymy? Amandursun eje içi ýananyň gülküsini etdi-de: - Wah, hemmäňiz şeý diýýäňiz. Molla saňa nika haty berýärmi? Emirguly öz sözüni tasa getirmekçi boldy: - Hemmesi özüňizden. Şol wagt gelin bolan bolup, tärime bakyp, sülmüräp oturansyň. Nädersiň metjide baraga-da, mollanyň sakgalyndan tutup: “Ýa nika hatyny ber, ýa-da sakgalyňy üterin!” diýseň, derrew ýazyp beräýse. - Wa, içimi ýakmasana, balam, o wagtyň metjidinde-de nika haty berenokdylar – diýip, kempir zeýrendi... - Metjitde bolmasa, buthanada-ha berýän ekenler. Şoňa barsaň bolmadymy?! – diýip, Emirguly diline gelen sözi aýdyp goýberdi. Wobşim, näme diýsene, kempir. Ine şu kagyzy al. Şonuň üçin nähili sprawkalar we göçürmeler getirmelidigi ýazylandyr. Şolary toplap bolanyňdan soň, bäş adamdan düşündiriş haty al. Olar seniň adamyň hakykatdanam seňkidigini tassyk etsinler, ýogsam bolmasa: “Meniň ärim pylany” diýip gelýän kän. Barlaberseň, başga aýalyň adamsy bolup çykaýýan mahaly hem bolaýýar. Şo zatlary getireňden soň, görübereris. Bar, indi somalyp durma-da gidiber... Gatnap-gatnap içi gahardan dolan garry elindäki spisoga meňzeş kagyza seretdi-de, näme etjegini bilmedi. Gelin wagty mollanyň sakgalyndan tutmanynyň ahmyryny Emirguly Körowdan çykarmakçy bolýan ýaly hasasyny göterdi. Emma götereni hem şoldy, gahardan ýaňa çişen ysgynsyz ýürek ony heläk etdi. Asmana galan hasa emaý bilen aşak indi. Ol kütelişen mähirli gözleri nemlendi. Burçaklap çykan der onuň maňlaý gasynlaryny bada-bat doldurdy. Ol nirädir uzak-uzak ýerlere garaýan ýaly görejini bir nokada dikdi-de: - Ni-ka... ha-ty... kesgit-li-nama... – diýip ýuwaşjadan seslendi. Birden gözleri garaňkyrap, essi aýyldy-da, köki çapylan gury agaç ýaly arkanlygyna gürpüldäp gaýtdy. Onuň hasasy zyňylyp gitdi. Nika haty almak üçin eline berlen kagyz bolsa gaýmalap baryp, sudýanyň stolunyň aşagyna düşdi. Döwlet ESENOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |