16:05 "Müňkür aga" / hekaýa | |
“MÜŇKÜR AGA”
Satiriki hekaýalar
Magaziniň äpet penjiresiniň deňinden geçip barýan sypal şlýapaly, agaç etli hortaň goja gözi kaklyşan badyna uzyn kirpikleri alma ýaňaklaryna kölege salyp duran görmegeý kassir gelin gyrgy görene dönüp gygyrdy: - Aý-u-u, ägä boluň, Müňkür aga gelýär!.. Magaziniň bölümlerindäki satyjylar, edil buýruk berlen ýaly, terezilerini sazlamak bilen boldular. Onýança-da, sypal şlýapaly hirtaň goja gapydan girip, göni et-ýag satylýan bölüme tarap ýöneldi. Bu bölüme täzelikde işe gelen orta ýaşlaryndaky salpy murtly, garynlak satyjy nobata duran adamlardan üstaşyr boýnuny uzadyp, şlýapaly goja ýaranjaňlyk bilen ýüzlendi. - Annaly aga, näme gerekdi?! Goja onuň sözlerine pitiwa etmedi-de, morta jogap berdi: - Gerek zadymy, inim, nobatym ýetende aýdaryn. - Frontçularyň nobatsyz almaga haky bar. ynha, serediň, ýazylgyja durandyr – diýip, satyjy diwanlaryň ýüzüne tagaşyksyz çüýlenen ýazga tarap ümläp goýberdi. - Nämä hakymyň bardygyny-ýokdugyny sizden sorap bilmeli däl, inim. Onsoňam, binobatlaşar ýaly üýşüp duran adam ýok – diýip, Annaly aga nobata durdy-da, jübüsindäki mikrokalkulýatorlaryny çykardy. Sussy basylan satyjy gaýdyp seslenmedi... ...Tutuş elli ýyllyk zähmet ýoluny Aşgabadyň Lokomotiw deposynda işläp geçiren Annaly aga ýetmiş ýaşy arka atandan soň, pensiýa çykyp, öz dogduk mekanyna – raýon merkezinde ýaşaýan körpe oglunyň öýüne aýaly Ajap eje bilen bileje göçüp gelipdi ol ilki-ilkiler edere iş tapman, uzak gününi gazet-žurnal okap geçirmeli bolýardy işleýän mahallary bildirmän geçýän günler indi oňa tükeniksiz ýaly bolup görünýärdi täze ýurdunda takat tapmansoň, ol kämahallar yzyna – uly oglunyň öýüne göçüp gaýtmagy küýüne-de düwýärdi, emma uly gelniniň gürrüňine galaryn öýdüp çekinýärdi Adamsynyň ýagdaýyna hemişe düşünýän Ajap eje köp oýlanyp, ahyrsoňy çykalga tapdy. - Neme-le, kakasy – diýip, ol bir gün çaý başynda dillendi. - Körpäň bilen gelniň-ä uzak gün işde, agtyklaryňam okuwda. Bu öýüň biş-düşem maňa ýeterlik iş bolýar. indi bazaryň aladasyny özüň edäýmeseň, maňa aňsat düşenok. - Aý, bor-la, onuň näme kynlygy bar, gaýtam maňa-da güýmenje bor – diýip, goja oýlanman razylyk berdi. Bir gap “Kazbegiň” bahasyndan başga harydyň nyrhyny bilmeýän Annaly aga, bu meselede gaty ýalňyşandygyna bazarlamaga giden ilkinji gününde düşünip galdy, ýöne dura-bara öwrenişdi. Ol almaly-goýmaly zatlary sorap bellemek üçin ýörite bloknot, alan harytlaryny salmak üçinem ululy-kiçili tor edindi ýöne oňa bir zat kyn düşýärdi: alýan zatlarynyň bahasyny hasaplamaga gezek gelende onuň duranja ýeridi aslynda ol hasaplajagam bolanokdy. Adam adamy aldar, satyjy kem çekip, puluny artyk alar diýen düşünje işçi gojanyň arassa kalbynda bütinleý ýokdy. Şol sebäpli ol berlen zatlary toruna salyp, soralan puly köpükme-köpük töläp gaýdyberýärdi. Adamsynyň aldanýandygyny aňsa-da, Ajap eje ilki-ilkiler dil ýarmady, ýöne artyk alynýan puluň mukdary bir manatdan geçende welin, ol saklanyp bilmedi. - Ynha, ýene-de özüňi aldadypsyň – diýip, Ajap eje getirilen zatlary el terezisinden geçirip hasaplandan soň zeýrenip başlady - Göni bir manat ýigrimi bäş köpügiňi iýipdirler, ütülmişler Annaly aga göwnüni giň tutup, sypaýyçylyga salyp jogap berdi: - Satyjy bolmak irnik işdir, ýalňyşylman bolmaz Çig süýt emip ulalan adamlardyr-da olaram. Şeýle ýagdaýlar gaýtalanyp duransoň, Annaly aga ýörite synag etmek üçin bir gün öz golaýlaryndaky magazine baryp nobata durdy. Ol çeküwsiz harytlardan aljak zatlarynyň bahasyny içinden hasaplap, kemini goýman jemledi. Nobaty ýetende bolsa almakçy bolan harytlaryny alyp, puly uzatdy. Berlen gaýtargynyň otuz bäş köpügi kem bolansoň, Annaly aga puly yzyna itdi-de, sandyrap duran süýem barmagyny satyja tarap çommaldyp, heniz ömründe agzyna almadyk gödek sözüni aýtdy: - Sen jü-üw-lik – Onuň demi-demine ýetenokdy. – Sen baryp ýatan jüw-lük pula mätäç bolsaň diläp al! Meniň halal hakymy aldap alma! Heý, nebsiniň ýesiri, bidöwlet! Hany, hasapla täzeden! Satyjy ýigit aýdylan sözleri ýüzüne-de alman gaýtargyny gojanyň öňüne oklap goýberdi. Annaly aga gaýtargyny alsa-da, köşeşmedi, şol gahary bilen göni raýon alyjylar soýuzynyň prawleniýesiniň başlygynyň ýanyna bardy, oňa bolan wakalary janygyp gürrüň berdi. Başlyk onuň gürrüňini diňländen soň: - Biz size ynanýas, ýaşuly arkaýyn gidiberiň, onuň çäresini göreris – diýdi Annaly aga ertesi gün, öýleden soň şol magazine bardy. Görse buýra saçlary omuzlaryna düşüp duran saryýagyz ýigidiň gümüni çekipdirler-de, onuň deregine ýaňy gürleşen salpy murtly, garynlak satyjyny goýupdyrlar. Şonda gojanyň ýüregi çöküşen ýaly boldy. Emma ýarym aý hem geçmänkä, buýra saçly satyjynyň golaýdaky oba magazinine işe geçirilendigini eşidende welin, gojanyň ýatyşan gahary täzeden möwç aldy indi onuň üçin satyjylaryň hemmesi uçdantutma birmeňzeşdi: sap ýüerkli ýüzlerçe söwda işgärleri-de onuň gözüne “jüw-lük” bolup görünýärdi... Nobatdaky pensiýa puluny alan güni Annaly aga agtyklaryna oýnawaç akmak üçin medeni harytlar satylýan magazine bardy. Bir burçda ýetginjekler jöwene üýşen serçe wagyrdaşyp, bir zady synlaýardylar olaryň elinde kiçijik priýomnige çalymdaş, ýüzi nomerli bir zat bardy. - Bu näme? – diýip, Annaly aga gyzyklanyp sorady. - Mikrokalkulýator – diýip, oglanlaryň biri jogap berdi - Bütüki, nämä gerek zat? - Munuň bilen hasap çykarylýar, ýaşuly. Goşup, aýryp, köpeldip, bölüp bolýar hany bir zat aýdyň, biz derrew hasaplap bereli – diýip, elinde mikrokalkulýatory saklap duran ýetginjek ýigit goja ýüzlendi. Annaly aga birbada näme diýjegini bilmän, ýaýdanyp durdy-da, soňra sanamaga başlady: - Ynha, meselemki, meň agtyklarym üçin üç köpüklik depderden ýetmiş ýedisini alsam, ýetmiş ýedi köpüklik ruçkadanam ýedisini alsam, jemi näçe pul tölemeli bolýa? – diýip, ol öz beren sowalyna monça bolup ýylgyrdy. Ýetginjek ýigit mikrokalkulýatoryň sifrlerine basyşdyrdyr-da: - Ýedi manat ýetmiş köpük – diýip, şobada jogap berdi. - Bäh, buh-a tüýs maňa gerek zat eken – diýip, ol satyja tarap ýöneldi. Annaly aga öýüne mikrokalkulýatorly gelende agtyklary muňa gojanyň özündenem has beter begendiler. Şeýle bolansoň, Ajap eje-de adamsyny ýazgarjak bolup durman, onuň bahasyny soramak bilen çäklendi. - Ýigrimi bäş manat. - Arzan-a däl eken – diýip, Ajap eje enaýyja zady eline alyp synlady. – aý, zyýany ýok, satyjylara bir aý özüňi aldatmasaň, munuň öwezini dolarsyň. Şondan soň Annaly aga agtyklaryny daşyna üýşürip, mikrokalkulýatory ürç edip öwrendi. Indi ol bazara çyksa, şony ýanyndan aýranokdy, diňe öz alan harytlarynyň bahasyny däl, beýleki adamlaryňam alýan zatlarynyň hasabyny hem derrew çykaryp, nebsöwür satyjykara ili aldamaga ýol berenokdy. Annaly aganyň beýdip ýörmesi oňa arzan düşmedi eli egri, dili duzly satyjynyň biri mikrokalkulýatorly goja “Müňkür aga” diýip at dakdy oturyberdi bu at oňa it siňegi ýaly derrew ýapyşdy-da, sähel wagtyň içinde söwda işgärleriniň arasyna ýaýrap, lakama öwrülip gitdi. “Müňkür agaly” gürrüň gojanyň gulagyna baryp ýetende, ol muny gaty görjek bolubam durmad, gaýtam şeýle ada eýe bolmak bilen alyjylary çürkeýän söwda işgärlerini dogry ýola salandyryn öýdüp, ol öz ýanyndan begenmänem duranok. Adamsynyň şeýle ýagdaýyny aňýan Ajap eje mahal-mahal getirilen zatlary çekip görerdi-de, monça bolup ýylgyrardy: - Şotüki hasaplaýan zady satyn alanyňdan soň seni aldab-a bilenoklar, ütülmişler ynha, bu saparam alan zatlaryň köpükme-köpük dogry çykdy. - Aý, satyjam adamdyr, barlanýandygyny, käýelýändigini duýsa, düzeler-le ýöne olara “haý” diýýän ýok – diýip, Annaly aga bu sapar satyjylaryň arkasyny aldy. Ýöne şu gün welin Annaly aganyň satyjylar barada git-gide oňatlaşyp barýan pikiri tasdanam üýtgäpdi. Ol bazarlamaga çykanda ýük maşynyň üstünde alma satylýandygyny görüp, ş-ol tarapa tarapa sowuldy. Jübüsindäki torlaryň iň ulusyny almadan mazaly dolduryp gapana guýdy-da, almanyň bahasyny sorady. - Altmyş köpükden ýaşuly. Almaň on ýarym kilo çykdy. Alty manat otuz köpük tölemeli diýip, çalasyn satyjy tory gapandan düşüren dessine jogap berdi. Maşynyň üstündäki gapana göz aýlamaga ýetişmedik Annaly aga puluny töledi, toruny göterip, ýola düşdi. Onuň göwünen bolmasa, tor örän ýeňil göründi. Esli wagt bäri satyjylara müňkürlik etmesini goýan goja içini gepletdi: “On ýarym kilo diýilýän zadyň esli agramy bolaýmaly ýaly. Görýän welin, bu sapar-a özümi aldadaýdym öýdýän!” ol arany esli açany üçin yzyna dolanmagy uslyp bilmedi, sebäbi indi satyja gepiňi düşündirmek aňsat däldi. “Ýanymdan aýrylmankaň barlamaly ekeniň” diýip, onuň ters jogap bermegi mümkindi. Annaly aga ortalanda almaly tor esli agralan ýaly boldy. Ol dynjyny almak üçin tory ýerde goýdy-da: “Aý, öz-ä on kilodan az bolmaly däl, aldan bolsa, ýarym kilo çemesi aldandyr. Goluma mazaly agram salýar bu ýük” diýip pikir etdi-de, ýene ýola düşdi Ýoly geçdigiçe, ol demini sojap alýardy, tiz-tizden dynç almaga mejbur bolýardy, onuň ýagyrnysy hem mazaly çygjardy. Öýüne ýakynlaşyp barýarka ol halys ýadady. Onuň kellesine başga bir pikir geldi: “On ýarym diýdi welin, munuň agramy azyndan on bäş kilo çemesi bolmaly. Ýa-da ol meni synamak üçin almany bilgeşleýin artyk çekäýdimikä? Gör, bidöwleti, hemme adamlary özüne osýan bolarly! Bu adamlar iliň gyzyly çaşyp ýatanda-da, aljak gümany barmy?! Öýe bir ýeteýin bakaly, çekip görerin-de, artyk almanyň bahasyny dessine eltip bererin”. Ol şeýle hem etdi: öýüne garader bolup gelenligine garamazdan, almalary derrew asma tereziden geçirdi tordaky alma göni on ýarym kilo çykdy. Adamsynyň bolup ýörşüni keseden synlap oturan Ajap eje: - Näme, ýene-de özüňi aldadaýdyňmy? – diýdi. Annaly aga müňkürlik edenini aýalyna duýdurmady. - Aý, ýok-la, şu etrapda men-ä soňky döwürde alyjyny aldaýan ýekeje satyja-da duşamok – diýip, ol asma terezini alan ýerine eltip goýdy. - Görýän welin indi olar ugurlaryny ymykly göneldipdirler öýdýän. Dogrudanam, goja öz gelen netijesine indi halys ynanypdy. Döwlet ESENOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |