14:12 Argyşçy / hekaýa | |
ARGYŞÇY
Satiriki hekaýalar
- Eşitdiňizmi, argyşçymyz gelýärmiş? - Ýüküni nätdikä? - Näder öýdýäň, öz ýany bilen alyp gaýdandyr-da. - Onda Öwelegiň öňünden çykmaly bolar-ow! - Çykmaly bolsa, çykarys, onuň kynlygy ýok... ...Uprawleniýäniň işgäri Öwelek Böriýew uzak ýere komandirowka ugrapdy. Komandirowka baran gününiň ertesi ol huşa getirijide ukudan oýandy. Ol bu “hormatly” jaýa nädip düşendigini hakydasyna getirmekçi bolup näçe dyrjaşsa-da, netije çykmady. Onuň beýnisi lorsuldap, gözüniň öňünde dürli zatlar uçganaklap durdy, tutuş göwresi soka salnan ýalydy. Öwelek huşuna gelse-de, akylyna doly aýlanyp ýetişmändi. Şeýle ýagdaýda galdyrap otyrka, ony huşa getirijiniň naçalnigi çagyrdy. Milisiýanyň kapitany gapydan giren pyýada äýneginiň üstünden garap, başyny ýaýkady. - Oturyň! Elli ýaşy arka atan, garynlak, pyýada çalaran sakar kellesini sypap, ysgynsyz dyzlaryny epdi-de, gapdalynda duran kürsiniň üstüne çökdi. Onuň ýygyrt atan ýüzleri ýellenipdir, gabaklary sallanypdyr, göreçleri öçüpdir, keşbinde adam ruhy galmandyr. - Siziň adyňyz Öwelek, familiýaňyz Böriýew bolmalymy? Öwelek Böriýew başyny yrady. - How-wa Bö... Böriýewe... - Geçen gijeki wakalar hakydaňyza gelýärmi, graždanin Böriýew? Graždanin Böriýew uludan demini aldy. Çalaran başyny ysgynsyzlyk bilen ýaýkady. - Ýok – diýip, ol sandyrawuk ses bilen jogap berdi. - Onda gulak asyň, graždanin Böriýew, men sizi gijeki wakalar beýan edilen dokumentler bilen tanyş etmekçi Milisiýanyň kapitany stoluň üstünde ýatan papkany açyp, sözüni dowam etdi: - Birinji dokument; milisiýanyň seržanty W.Klimenko bilen družinaçy pensioner L.Maýskiniň düşündiriş hatlary. Olar şeýle ýazýarlar. Okaýaryn: “Biz agşam nol-nol sagat 50 minutda nobatçylyk wagtymyzy gutaryp, Oktýabr köçesi bilen barýarkak, 13-nji jaýyň gapdalynda bir horruldy eşidildi. Seretsek köçäniň çep gapdalyndaky çukuryň içinde bir gara zat görünýär biz ilkibada doňuzdyr öýütdik, sebäbi beýle gömgäniň ortasynda adamyň bolmagy asla mümkin däldi. Emma barlag netijesinde, gynansak-da, onuň adamdygy anyklanyldy. Nobatçy maşyny çagyryp, gömgä bulanyp ýatan graždanini alyp gaýtmakçy bolanymyzda, bizi ogşamak isläp gujaklan pursady üstümizi hapalady diýäýmesek, ol hiç hili garşylyk görkezmedi”. Kapitan başyny göterdi-de, Öwelegiň ýüzüne garady. Öwelek Böriýewiň agşamky görgülerden soň, çöwrülen tolarsaga çalym edip duran salpy dodaklary titir-titir edip, gözlerine çyg çaýyldy. Milisiýanyň kapitany okan hatyny gapdalda goýdy-da, başga kagyzy aldy: - Ine, bu-da ikinji dokument: dört adamdan ybarat komissiýanyň huşa getirijide düzen akty. Iki ekzemplýar biri serhoşyň işleýän edarasyna iberilmeli. Aktyň mazmuny: “Çukuryň içinden tapylan şahs anyklanyp görlende, Uprawleniýäniň işgäri graždanin Öwelek Böriýew bolup çykdy. Onuň egin-eşigi tutuşlygyna gömgä bulaşypdyr. Huşy ýok. Penjeginiň çep goltuk jübüsinde komandirowka ugradylandygy bradaky dokumenti hem şahsy şahadatnamasy bar. balagynyň çep jübüsinde şahsy bloknot we ýedi ýarym manat pul, çermek jübüsinde hem segsen bäş manat bir köpük pul tapyldy galan jübüleri boş. Kellesinde hiç zat ýok. Sag aýagy joraply hem köwüşli, çep aýagy ýalaňaç, ýagny iki aýagynda ýeketaý köwüş bar. Serhoşa medisina kömegi berildi. Onuň egin-eşikleri ýuwuldy, ütüklenildi, özi hem ýyly duşa suwa düşürildi. Şu hyzmatlar üçin graždanin Böriýewden on bäş manat pul tutulmaly”. Kapitan elindäki papkany ýapdy-da: - Indi ýadyňyza düşýärmi bolan wakalar – diýip, Böriýewden sorady. Öwelegiň depesinde peýda bolan der düwmeleri ýylçyr gaýa daman damja ýaly şyr maňlaýyndan syrygyp, gözleriniň hanasyna dolýardy. Ol dodaklaryny müňküldedip, bir zatlar aýtjak boldy. Emma başarmady. Ahyrsoňy gözlerinde peýda bolan ýaş gatyşykly derini syldy - Jü... jü.... jübimde iki müňden gowrak pul bardy, amanat pul... ...Şu wakadan göni bir gün öň Öwelek Böriýewiň keýpi-de kökdi, jany hem sagdy. Onuň huşam ýerindedi, pullaram. Emma ol ýekeje günüň içinde şol zatlaryň hemmesini ýitirdi, üstesine, çemçeläp ýygnan abraýyny hem dökdi oturyberdi. Bu şeýle bolupdy. Ir bilen ýuwunyp-ardynyp, myhmanhananyň bufetinden ertirligini edinen Öwelek Böriýew jübülerinden bloknotyny hem-de aýratynja-aýratynja eplenip goýlan pullaryny çykaryp, stoluň üstünde goýdy. Ol bazara çykmakçy bolýan argyşçy ýaly, almaly-goýmaly zatlarynyň hasabyny etmek üçin bloknotyny açyp, oňa göz aýlady. - Gultutdy Dört ýüz manat. Haly bilen üç kişilik pombarhat iki ýüz elli manadam Tyrrynyňky. Iki kişilik simgeçen bilen üç seçekli janmyradyňkam ýüz elli manat. Bir uly fabrik palasy.. Ol uprawleniýäniň şofýory Ysmaýylyň içi burçdan doly gorilka almak üçin beren on manadyna çenli hasaplap, irgözünden şähere çykdy senagat harytlary magazinleri ýapyk bolansoň, Öwelek Ysmaýyl şofýoryň möhümini bitirmek üçin merkezi köçede ýerleşen iýmit harytlary satylýan dükana girdi. Ol magaziniň içgiler satylýan bölümine baranda hatarlanyp goýlan dürli sortly araklary görüp, geň galdy gözlerine ynam etmeýän ýaly, barmaklaryny basyp, sanap başlady: - “Stoliçnaýa”, “Ohotniçnaýa”, “Zubrowka”, “Starka”, “Persowka”... – diýip, ol diňe araklaryň sanyny on sekize ýetirdi. Munuň bol ýerine içgini goýanymdan soň sataşaýşymy diýsene... Öwelek, dogrudanam, indi üç ýyldyr agzyna arak alanokdy. “Ogurlyk iňňeden başlar” diýişleri ýaly, ol ýaş wagtlary ýüz gramdan başlan aragyny barha köpeldip, ahyrsoňy içgä özüni aldyrypdy. Aýaly ony iki aýagyndan tutup, başaşak silkip goýbermese-de, jübülerini barlap, gara şaýysyz işe ugradýardy emma Öwelek şonda-da öýe entäp gelerdi. Ol hünäriniň barlygyna garamazdan, ençeme edarada kül dökmeli bolupdy, ençeme wagtlap işsiz entemeli bolupdy. Şonda-da aragyny taşlamandy. Ol dost-ýarlaryndan saplandy. Mesele maşgalasy bilen arany açmaklyga gelip ýetende welin, oýlanmaly boldy. Ol keselhana-da girmän, edil çöp döwlen ýaly etdi-de, aragyny goýdy oturyberdi şeýdibem, ýiten abraýyny dikeltdi, ýitiren dost-ýarlaryny tapdy, maşgalaly öýe asudalyk aralaşdy... Magazindäki araklary synladygyça, Öwelegiň gözleri oýnaklap ugrady ol ilkibada Ysmaýylyň sargan aragyndan iki çüýşäni alyp gaýtmakçydy. Emma niredendir bir ýerden, onuň kellesine garaşylmadyk pikir geldi: “Delje çüýşeleriň hersinden birini alyp baraýsam, kärdeşlerim monça bolardy öz-ä...” Ol şeýle hem etdi. “Argyşçynyň” ilkinji ýüki arak boldy. Sowgatdan ýüki ýeten Öwelek sargyt edilen zatlary gözläp, magazinden-magazine girip, halys boldy. Ol gojaman daragtyň saýasyndaky skameýkada oturdy-da, ýüküni gapdalynda goýdy. Ýapraklaryň arasyndan tyg-tyg bolup gaýdýan gün şöhleleri çala gyzgylt goňur gyzyl reňkli, limon reňkli, çeşme suwy dek dury çüýşelere düşüp, älemgoşar kimin täsin bir öwüşgin emele getirýärdi. Öwelek muny geň galyp synlady. Synladygyça, çüýşelerden çykýan öwüşginler dürli-dürli reň açyp, onuň üç ýyl mundan ozal tapbadyny beren “jynlaryny” oýatmakçy bolýan ýaly, Öwelegiň kalbyna öz şöhlelerini çaýýardy Öwelek Böriýewiç uludan demini alyp, ýüzüni kesä sowdy emma göreçleri “Piwohana-Žiguli” diýen uly ýazga gabat geldi - Ýýak, şu wagt ýekeje kürüşge içäýsem-ä, ýüregim buz ýaly bolardy – diýip, ol öz başyna hüňürdedi. Gapdalynda gazet okap oturan ýaşuly özüne bir zat aýdylýandyr öýtdi: - Maňa bir zat diýdiňizmi, sakgaldaş?! - Ýok-la, piwo diýýän!.. - Hä-ä, piwomy? Biziň žigulimiz ýaly piwo dünýäde bolmaz. Onuň dörän ýerem şu taýy ähbetin “Žiguli” piwosyny ýüzlerçe zawod çykarsa-da, tagamy biziňkiçe ýokdur dadyp görensiňiz-le? - Ýok. - Päheý, biziň ýurdumyza gelip onuň ýerli muzeýini görmeseň, piwosynam datmasaň bu şähere geldigiň hasap edilýän däldir. Ozaldanam “suw meýilli” Öwelek bu şäheriň ajaýyp muzeýini görmese-de, piwosyny dadyp gördi. Diňe datmagam däl, ilki eňegi degen kürüşgesi ýene-de gaýtalandy. Üç ýyl mundan ozal basylan böwet, dört kürüşge piwonyň zarbyny saklap bilmän böwsüldi. Öwelek Böriýewiç ýolboýy: “Indi içmerin, indi içmerin” diýip, öz ýüregine emir etmekçi bolsa-da, kalbynda oýanýan köne “jynlary” ony gününe goýmady: “Içersiň! Içersiň! Içersiň!..” diýip, böwrüne dürtdi durdy. Myhmanhana gelip, araklary çakyşdyranda, Öwelegiň eli içi gyzyl burçly gorilkanyň bokurdagynda saklandy: - Ysmaýyl muny ýörite sargan bolsa, bir emmasy bardyr. Ýekeje owurtlap göräýsem näderkä?! Ol uzak oýlanyp durmady. Çüýşäni açyp, bokurdagyndan derman dadan dek datdy. Agzyny şapbyldadyp, aragyň tagamyny syzmakçy boldy: - Şofýor bolsa-da, tagam alşy naçalnikleriňkiden kem däl eken köpeý ogly, içmeli zadyn-a saýlap bilipdir-ow. Ol gapdalynda duran stakana arakdan guýdy-da, eňterip goýberdi. Şol eňşine ol ilki myhmanhnanyň restoranyna garbanmak üçin girdi, öýlänlerem merkezi köçede ýerleşýän tomusky restorana naharlanmak üçin bardy. Öwelek Böriýew indi diňe özüňe däl, gapdalynda oturanlara-da arakdyr nahar getirmegi buýrup, amanat pullaryň hasabyna hanlyk satýardy. Ol şo barmaşyna goňşy stolda oturan gelne süýkenjiräp ugrady, lak atdy, konýak hödürledi. - Çal başyňyz bilen şeýdip oturmaga utanmaýaňyzmy? – diýip, ýaş gelin Öwelegi utandyrmakçy boldy. Emma Öwelek bu sözleri ýokuş hasaplady. Ol jübülerindäki pullary petdesi bilen penjeläp, stoluň üstüne patyladyp uruşdyrdy: - Sen meniň başyma seretme-de, puluma seret! - Bolşuňyz şu bolsa puluňyza seredenem tapylar – diýip, ýaş gelin “depegenden daşrak” diýenlerini edip, çykyp gitdi. Sähel salymdan soň Öwelegi hoşamaý sözler bilen köşeşdirip köçä çykaryp goýberdiler. Şondan soň nirä gidip, näme edenini özi hem bilenokdy. ...Argyşynyň öňünden ulagly çykan pyýadalar yzlaryna boş gaýtmakçy boldular: - Alan zatlarymy otly bilen posilka edip ugratdym, basym geler – diýip, Öwelek olardan birbada sypmak üçin kellesine gelen zady aýdyp goýberdi. Emma şol şäherden tiz gelip gowşan zat posilka däl-de, şäheriň huşa getirijisinden iberilen hat bolup çykdy. Uprawleniýäniň naçalnigi bu haty okap, gazap atyna atlandy. Ol profsoýuz komitetiniň başlygyny çagyryp, Öwelek Böriýewi işden boşatmak baradaky meseläni ýerli komitetde goýmagy teklip etdi. Bu habar kollektiwe ýaýran badyna naçalnigiň ýanyna haýyş bilen girenleriň ilkinjisi Tyrry boldy. Soňra Gultutdy gelip, Öwelegiň arkasyny çalyp ugrady. Işiň ahyrynda bolsa Öwelegi ugradyp-garşylanlaryň, Ysmaýyldan öňňesiniň topary bilen gelmegi naçalnigi oýlanmaga mejbur etdi. Ol: - Uly kollektiwiň adyna ysnat getiren adamyny goldamaga sizde nähili tutaryk bar? – diýip, olara göni sorag berdi. Oturanlar “Sen başla-da, sen başla” diýen alamat bilen biri-biriniň ýüzüne garap dymýardylar. Ahyrsoňy Tyrry dillenmeli boldy: - Wah, onuň boşadylmagyny ikelläbem goldajak-la... – diýip, ol janygyp gepledi. – Ýöne bu buýrugyňyzy biraz soňrak çykaraýsaňyz diýmekçi bolýarys. Naçalnik öňküsindenem beter geňirgendi. - Näme üçin? - Häzir boşatsaňyz hakymyz köýjek, algymyzy üzülişip biljek däl, düşüniň ahyry – diýşip, oturanlar ýerli-ýerden seslendiler. - Ä-hä-ä, ahyry düşündim. Beýle bolsa, ertire bir çykalyň. Kimiň boşadylyp, kimiň galmalydygyny şondan soň çözäýeris – diýip, naçalnik ýerinden turdy. Bu onuň häzilrikçe gürrüň gutardy diýdigidi. Işgärleriň gapydan çykanyna ýarym sagat hem geçmänkä telefon jyňyrdady. Heniz köşeşip ýetişmedik naçalnik trubkany gaharly göterdi. - Hä... Diňleýän. – Ol birbada öz aýalynyň sesini seljerip bilmedi. - Böriýewi işden boşadýamyşyň diýýärler, näme iş edipdir ol beýl?! – diýip, gyzyklanyp sorady. - Aý, huşa getirijä düşüpdir. Äkiden amanat pullarynam aldyrypdyr. - Beýle bolsa ony häzirlikçe işden çykarmaweri. Bu meniň haýyşym. – Naçalnigiň aýaly “haýyşym” sözüni “buýrugym” diýen äheňde has batlyrak aýtdy. - Böriýewiň aladasy saňa galypmy? Osnsoňam, näme sebäpli sen bu meselä goşulýaň? – diýip naçalnik gaharlyrak gürledi. - Goşulmasam boljak däl, ol garry köpege, menem palas getirmek üçin üç ýüz manat beripdim. Üzlüşýänçäm şony işde sakla – diýip, aýaly telefony patyladyp goýdy. Naçalnigiň elindäki galamy onuň gazaply gysylan ýumrugyna döz gelmän, jorta döwüldi. Ol kabinetiniň içinde eýläk-beýläk ädimläp, gaharly ýelini ýatyrdy-da, profsoýuz komitetiniň başlygyny ýene-de çagyrdy. - Ýaňky meseläni nätdiňiz? - Siziň aýdyşyňyz ýaly etdik; boşatmaly diýip karar çykardyk. - Päheý, sizem-ä walla! Men-ä sizi barlamak üçin aýtdym. Adamy boşatmak aňsat, terbiýelemek kyn. Siz bolsa, aňsadyna bakýaňyz. Adamy terbiýelemek gerek, düşünýäňizmi, terbiýelemek gerek. Şo-da ozaly bilen profsoýuzyň borjy. Gidiň-de, ýalňyşyňyzy düzediň! Düşnüklimi? Döwlet ESENOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |