09:16 Žan-Pol Sartryñ "Fransiýa" bolmazyndan öñ "Russiýa" bolan ýazyjy: Iwan Bunin | |
ŽAN-POL SARTRYÑ "FRANSIÝA" BOLMAZYNDAN ÖÑ "RUSSIÝA" BOLAN ÝAZYJY: IWAN BUNIN
Edebi makalalar
Iwan Bunin / Fotosurat: Wikipediýa Başdan geçiren horluklaryny azat ýazyjynyñ özi gowy beýan edipdir: "Men giç doglupdyryn. Ir doglan bolsam, ýazyjylyk ýatlamalarym bular ýaly bolmazdy... 1905-nhi ýyly, yzyndan birinji jahan urşuny, onuñam yzyndan 17-nji ýyly (1917-nji ýylyñ Oktýabr rewolýusiýasyny göz öñüne tutýar -t.b.) we yzyny, Leniniñ, Staliniñ, Gitleriñ döwrüni başdan geçirmezdim... Iñ uly atamyz Nuha nädip gyýylmaýyn. Onuñ kysmatyna diñe suw joşgunyny görmek düşüpdi". Iwan Buniniñ ýazyjylyk-intellektual ykbaly onuñ önüp-ösen topragyndan zyñylan, sürülen, kowulan ähli ýazyjylaryñ başdan geçirenleriniñ bir bölegidir. Seretseñizläñ, Nobel baýragyna mynasyp bolan bäş rus ýazyjysyndan biri (Boris Pasternak) baýrakdan ýüz öwürmäge mejbur edildi, Iwan Buniniñ, Aleksandr Solženisynyñ, we ahyrynda Iosif Brodskiniñ öñünde dogduk depesini taşlap gitmekden başga çykalga goýulmady. Diñe sistemanyñ ýakyn adamy Mihail Şolohow (1965-nji ýylyñ Nobel baýragynyñ eýesi) bassyr kyrk ýyllap deputat şahadatnamasyny göterdi we ýeñilliklerinden doly peýdalandy. Birmeñzeş ýagdaý şu günüñ diktaturalarynda-da dowam edip dur: Ine, Russiýadan, Azerbaýjandan, Orta Aziýadan, Eýrandan, Hytaýdan gaçmaga mejbur edilen döredijilik adamlaryndan başga-da, ýurduñ içinde galyp, dört diwaryñ arasynda dürli gorkunç ýalan-ýaşryk töhmetlere we myjabatlara uçranlary görüñ... Şol nukdaýnazardan Iwan Buniniñ 1933-nji ýylyñ 10-njy dekabrynda sözlän sözüni men edil häzir Azerbaýjanyñ türmelerinde oturan we hamana öýlerinden ýa jübüsinden çykan 2-3 müñ ýewro sebäpli "bikanun pul aýlamakda" aýyplanan ýaş žurnalistlere ýüzlenendigine ynanýaryn we şol şahsyýetleriñ haýal etmän azatlyga çykarylmagyny Hudaýdan dileýärin. (Azerbaýjanda tussag astynda oturan şol žurnalistler barada "Bizi nämüçin tussag edýärsiñiz?" ady bilen makala ýazypdym). Hiç şübhäñiz bolmasyn, bir gün dünýäniñ iñ abraýly žurnalistlik-ýazyjylyk baýraklaryna mynasyp boljak şol jigitlerimizem Leniniñ, Staliniñ, Gitleriñ... atlarynyñ ýerine şu günüñ diktatorlarynyñ adyny goýarlar. Taryhy aldap bilmersiñiz, adyñyzy nädip ýazýan bolsañyz, taryh şolar ýalam hasaba alýar... • Iwan Buniniñ "Nobel" baýragyny gowşuryş dabarasynda sözlän sözi 1033-nji ýylyñ 10-njy dekabry. "Belent merhemetliler, Hormatly jenaplar, hormatly hanymlar! 9-njy noýabrda uzakdanam uzak posýologyñ horaşaja öýünde jañ üsti bilen maña Şwed akademiýasynyñ karary habar berildi. Bular ýaly ýagdaýlarda aýdylyşy ýaly, munuñ bütin durmuşymyñ maña iñ ýiti täsir eden wakasydygyny aýtsam, ýalan sözledigim bolar. Hatda ekwiwalent gynançly duýgular bilen deñeşdidende seýrek şatlykly duýgularyñ hiç zat añlatmaýandygyny aýdan beýik filosof ýalñyşmandyr. Ýatdan çykmajak ýatlamazyny elmydama saklap gezjek şular ýaly dabaraly güne gynanç zerrejiklerini sepelemek islämogam welin, her niçik-de bolsa soñky on bäş ýylda başdan görem horluklarymyñ şatlygymdan birnäçe esse ýokardadygyny aýtsam gowy bolar. Özem bu horluklar asla şahsy däldi. Asla. Emma özümden arkaýyn bütin ýazyjylyk durmuşymyñ ähli şatlygyndan döwürdeş tehnologiýanyñ bu maýdaja gudratynyñ Stokgolmdan Grassa gelen telefon jañynyñ maña ýazyjy hökmünde çäksiz begendirendigini aýdyp bilerin. Wyždanyñ we mertebäniñ eýesi ildeşimiz Alfred Nobeliñ ýola goýan bu edebiýat baýragy ýazyjynyñ zähmetine berilen iñ uly bahadyr. Şöhratparazlyk her bir adamyñ we her bir ýazyjynyñ tebigatynda bar, bular ýaly professional we bitarap eminleriñ mynasyp gören baýragyny alýandygym üçin çakdanaşa buýsanýaryn. Emma men 9-njy noýabrda diñe öz pikirimi etdimi? Ýok, beýtsem aşa ýekemenlik etdigim bolardy. Ilkinji gutlaglaryñ we dynman gelýän telegrammalaryñ begenjini başdan geçirip durkam, gijäniñ imisala we ýalñyz çagynda Şwed akademiýasynyñ çuññur manysyny pikir edýärdim. Nobel baýragynyñ berlip başlanan wagtyndan bäei ilkinji gezek ýurdundan kowlan birine baýrak beripsiñiz. Hakykatdanam men kimkäm? Hemişe minnetdarlyk duýgusy bilen ýaşaýan Fransiýamyñ myhmansöýüjiliginden peýdalanýan emigrant. Akademiýanyñ hormatly agzalary, şahsy taýdan meni we eserlerimi bir ýana goýup, bu sylagyñyzyñ meniñ üçin nähili ajaýypdygyny aýtmagyma rugsat ediñ. Dünýäde azatlygyñ hemme ugry doly açyk bolmaly. Gürrüñsiz, bu stolyñ daşynda dürli garaýşyn, dürli pelsepäniñ we dini ynanjyñ wekili ýok. Emma bizi birleşdirýän sarsmajak element bar: Siwilizasiýanyñ borçly añ-düşünje we wyždan azatlygy. Bu azatlyk ýazyjy üçin aýratyn gerek, bu azatlyk ýazyjynyñ dogulmagy, aksiomasydyr. Akademiýanyñ hormatly agzalary, ine, siziñ bu sylagyñyz azatlyk söýgüsiniñ Şwesiýanyñ hakyky dini kultudygyna ýene bir gezek güwä geçdi. Bu gysgajyk çykyşymy jemlemek üçin ýene birki söz aýdasym gelýär. Men siziñ korollygyñyza, ýurduñyza, halkyñyza, edebiýatyñyza şu günden başlamak şerti bilen gadyr goýýan däldirin. Tutuş halkyñyzda bolşy ýaly, sungata we çeper edebiýata bolan söýgi Şwed korollygynyñ hemişelik ýörelgesi bolup geldi. Binýady at-abraýly harby gullukçy tarapyndan tutulan şwed neberesi dünýäniñ iñ mertebeli monarhiýalarynyñ biridir. Gelmişek, azat, ýurdundan kowlan we Şwed akademiýasynyñ hormatyna mynasyp bolan ýazyjy tüýs ýürekden çykýan minnetdarlygymy bildirmek üçin belent mertebeli koroldan, merdana halkyñ merdana korolyndan rugsat soraýar". Maýis ALIZADE. Ýekşenbe, 01.07.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |