ZEÝTUN AGAJY
Gülaý ahyrsoňy işe ýerleşdi. Oňa bu meselede obadaş gyzy, köpden bäri türklerde işläp ýören Altyn kömek etdi. Ilki bilen «Başkent» okuw merkezinde okap, türk dilini öwrenmegi maslahat berdi.
Gülaý mekdepde-de okuwa erjeldi. Ýatkeşligi gowudy. Şonuň üçinem türk dilini öwrenmek oňa beýlebir kyn düşmedi. Asla, onuň önüp-ösen obasynda uly bir sagaldyş öýüniň gurluşygynda işlän türkleriň gürleýişlerini ol ozal hem ençeme gezek eşidipdi. Sebäbi olaryň öýi şol gurluşygyň edil alkymjygyndady.
Türkçäni düşünişip bilerlik derejede öwrenensoň, Altyn ony haýsydyr bir türk gurluşyk şereketiniň merkezi kärhanasyna işe ýerleşdirdi. Onuň işi başlygyň gapysynda oturyp kätiplik etmekdi.
Başlygyň ýanyna gelip gidýänler, esasan, gurluşyga jogapkär kişilerdi. Olaryň ýaşy durugyşanlary-da, entek ýaňy ýigitlikden saýlananlary-da bardy.
Ine, şol ýigitlikden saýlananlaryň birisi bilen Gülaý nähilidir ysnyşdy ötägitdi. Oňa Aslan diýýärdiler. Zaluwat dilewardy. Ilkinji gezek başlygyň ýanyna gelende, ol Gülaýa içi maňyzly şokolad hödür etdi. Şondan soňky gezek gelende bolsa «Sen aýdym diňlemegi gowy görýämiň?» diýip sorady. Gülaý jogap berip-bermänkä: «Ynha, şu aýdymlary diňläp gör, ýarar» diýip, aýdymly kassetany sowgat berdi.
Ol aýdymlar diňlemezçe däldi. Labzy gowudy. Aýratyn-da bir aýdym Gülaýa ýarady:
Bagymyzda bişdi zeýtun agajy,
Goňşy gyz ýetişdi, gözi aldajy…
diýip başlanýan ol aýdymyň sözlerini Gülaý eýýäm ýat bekläpdi.
Aslan Gülaýa barha we barha yşnak daryşýardy. Öz sowgatjyklary, birhili süýjüleç gürrüňleri bilen aňkasyny aşyryp barýardy.
Altynyň abraýynyň obada gowy däldigini Gülaý bilýärdi. Hatda ene-atasy hem onuň bolşundan nadyldy. «Abraýymyzy ýere çaldy» diýýärdiler.
Gülaý Aşgabada gaýdanda, «okuwa» diýip gaýdypdy. Şonda ejesi oňa: «Altyn ýaly ýüzümizi gyzdyraýmagyn. Agaň gullukdan gelse, ol hem okamaga barar. Onsoň, äbede-jüýje bolşup, arkalaşyp, bileje okarsyňyz» diýip ugradypdy.
Emma Gülaýyň okuwa girmek meselesi birbada başa barmady. Yzyna oba gidesi hem gelenokdy. Şäher ony özüne bendi edipdi. Indiki okuwa girişlik möwsümine çenli bärde işläbermek niýeti bilen iş gözlegine çykdy. Ýöne göwnemakul iş tapmak welin başartmady. Obadan alyp gaýdan sowalga puly hem gutaryp barýardy. Ol indi ýa-ha oba gitmelidi ýa-da ejesiniň «Şondan daş durgun!» diýip tabşyran gyzy Altynyň ýanyna baryp kömek soramalydy.
«Altyndan daş dur» diýilmeginiň sebäbine Gülaý beýlebir düşünibem baranokdy. Nireden düşünsin, ýaňy boýgyzlyga ýetişip, kirpikmen ala gözlerinde özüne imrindiriji jilweli garaýyş indi peýda bolupdy. Ýüreginde bolsa haýsydyr bir bitakat, ýöne älem-jahany nurana görkezýän duýgy döräpdi. Ol duýgy çirksiz tämizdi. Heniz geýilmedik eşik ýaly arassajady. Asla, ol eşige däl-de, ertekilerde gabat gelýän al-ýaşyl ýelekli täsin guşa çalym edýärdi. Ol guşuň keşbi Gülaýa meňzeýärdi. Kä pessaýlap, kä arşa galkyp, ýere düşesi gelenokdy. Belki, nirä gonjagyny bilýän däldir. Gonmaga mynasyp ýer tapýan däldir. Gonjak ýeriniň ygtybarly bolmagyny isleýändir. Birdenem, ynam edip gonan ýerinde onuň owadan ýelegini ýolsalar nätsin? Şeýle täsin ýelek edinmek isleýän ýeser kişiler ýetik ahyryn. Onsoň, ol bütin ömrüne şol ýolduran ýeleginiň ahmyryny çekip ýaşasynmy? Belki, ätiýajy elden berip, jyda düşen ýelegi üçin, ony hem Altyn ýaly ýekirerler. Belki, şol owadan ýelek gyz maşgalanyň abraýydyr.
Gülaý häzir şular ýaly bir görseň-ä sadadan nurana, bir görseňem sowuklaç düşnüksiz duýgularyň täsiri bilen ýaşaýardy. Sowuklaç duýgular oňa ozaldan tanyşdy. Çagalyk döwründen bäri yzyndan galman gelýärdi.
Gülaýyň ulalmasy azaply bolupdy. Heniz kiçijikkä, kakasy başga aýala göwün berip, maşgalany terk edipdi. Dogany Aşyr ikisini obadaky çaklaňja haly kärhanasynda haly dokaýan ejesi kemala getiripdi. Kakasynyň özlerine ikilik etmeginiň sebäbine Gülaý hiç düşünip bilenokdy. Göräýmäge, ejesi owadan aýaldy. Ýöne sadady. Özüni pespäl tutýardy. Belki, bar gepem şondadyr. Kakasynyň ýüregi has erkli, has düşnüksiz, özüni asmandan asyp, bahasyny arşa götermegi başarýan zenanyň golunda mynçgalmak isländir. Mynçgap-mynçgabam, ol zenan kakasynyň ýüregini zir-zibil zyňan ýaly, zyňyp goýberdi. Ejesiniň saklaýşy ýaly aýasynda apalap saklamady.
Kakasy kölegeden kowlan it kibi syňsyrap, birwagt ýaşan öýüniň, ejesiniň iş ýeriniň töwereklerinde köwejekledi. Ötünç sorady. Emma ejesi ony bagyşlamady. Bu onuň öz işi. Belki, ol mamladyr. Sebäbi Gülaýdyr Aşyryň eklenji üçin ol ondan kömek puluny hem almady. Mert durupdy. Aşyr bilen Gülaýa «Ikilik eden kakaňyzy ýekiriň» hem diýmändi. Bu mesele babatdaky çözgüdi olaryň özlerine goýupdy.
Ine, şeýdip, maşgala meselesinde säwlik goýberendigi mesaňa subut bolan ýene-de bir betbagt kişi köpelipdi. Onuň eden ters hereketiniň sowuklaç ýatlamasy Gülaýyň kalbyny häli-şindi dyrnaçaklap durýardy. Ejesiniň ujypsyzja gazanjyna ibaly iýip-geýip hem bilmän ulalandyklaryny Gülaý hiç haçan unudyp bilmese gerek. Bol-telkiligi wada berýän şäher durmuşynyň Gülaýy özüne imrindirmesi-de şonuň üçindi. Gülaýyň bolçulykda ýaşasy gelýärdi. Kaşaň lybaslary geýmek isleýärdi. Altynyň geýnişine hem onuň gözi gidýärdi. Eger pul edinip bilse, ilkinji nobatda, Altynyňky kybap eşikler tikdirmegi ýüregine düwüpdi.
Durmuş meselesinde her bir ädýän ädimiňi oýlanyşykly ätmegiň wajypdygyna, ýogsam gussaly ahwala uçramagyň mümkindigine Gülaý kakasynyň säwligi zerarly göz ýetiripdi. Eger oýlanyşyksyz, bimakul hereket etse, ejesiniň öňdenem ýaraly ýüreginiň azarynyň artjakdygy mälimdi. Şonuň üçinem, Gülaý alasarmyk ýagdaýa düşüpdi. Oba gitmelimi ýa-da şäherde galmaly?
Şäherde okap, oňat adam bolup ýetişse, ejesi, elbetde, begener. Işlemek üçin galmakçy bolsa welin, onda näme diýerkä? Aşyr gulluga gidip, Gülaý okuwa gaýdyp, ýekeje özi galan ejesi görgülä häzir aňsat däldir. Işiniň ýanyndan öýde hem ýüwürden halysyny ürç edip dokamakdan köňlüne bir basalyk tapýandyr-da.
Ahyrsoňy Gülaýyň şäherde galmak höwesi rüstem çykdy. Ejesiniň öwüdine seretmezden, Altynyň ýanyna bardy.
Altyn ony goldady. Geýlen-de bolsa, entek sary gaçmadyk iki sany köýnegini, biraz pul berdi. Köýnekler Gülaýa laýyk boldy. Ol şäher biçüwli eşikde has–da görkana göründi. Şondan soňra Altyn ony türkçe öwredilýän tölegli okuwa ýerleşdirdi. Okuwyny bitirensoňam, işe. Gülaý ejesine til edip türk dili ugrundan okaýandygyny aýtdy. Işe ýerleşendigi, özüne Altynyň kömek edendigi babatda welin, dil ýarmady. Ine, bolany…
Boý-sagtlarynyň deňdigine seretmezden, Altynyň ýaşy Gülaýyňkydan ep-esli uludy, daşyndan görseň, durmuş tejribesiniň bardygy duýulýardy.
Gülaý oňa Aslanyň özüne lak atyp, gününe goýmaýandygyny aýtdy. Nätse gowy boljakdygyny sorady.
Altynyň maslahaty Gülaýy geň galdyrdy. Gülaý onuň «Bir günüm —hoş günüm» diýlip ýaşalýan durmuşy ündemegine garaşýardy. Emma Altyn oňa «Namysyňa bek bol» diýdi. «Eger şony başarmajak bolsaňam, işden çyk-da, oba git!» diýdi. «Gülaýy Altyn bulaşdyrypdyr diýmeklerini islämok» diýdi. «Men ýalňyşyma giç düşündim» diýdi.
Altynyň soňky gezek oba barşy barada Gülaý eşidipdi. Bu ahwaly olaryň etrabynda hemmeler diýen ýaly bilýärdi.
Gülaýlaryň obasy etrap merkezinden alysdady. Awtobus gatnawyndan sowady. Esasan, kireýkeşleriň alyp gidýän ulaglarynda aşmalydy. Ol ulaglar etrap merkeziniň bazar meýdançasynyň ýanynda bolguçdy.
Aşgabatdan baran Altyny gören sürüjiler öz arasynda «Bu haýasyzy oba alyp giden atasynyň ogly däl» diýşip dilleşýärler. Altyn olara ýol nyrhyny iki-üç esse töläýin diýse-de göwnemeýärler. Altyn oba görgi ýamanyny görüp, paý-pyýada aşmaly bolýar.
Gülaý Aşyryň gullugy bitirip gelendigini eşidip begendi. Onuň toýuna ýetişmek üçin dessine ýola düşdi.
Aşgabatdan baran Gülaýa gözi düşen sürüjiler öz arasynda nämedir diýşip hümürdeşýärdiler.
Gülaý şähere hut şu ýerden ugrapdy. Sadalaç geýnendi. Obalarynyň çäginden ilkinji gezek çykyşydy. Ýalňyz özi bu ägirt hem çylşyrymly, bir görseň mähriban, bir görseňem hyrsyz, ýöne özüne juda imrindiriji durmuşyň jümmüşine gidip barýardy. Elbetde, gowulyga garaşýardy. Käbir howp-hatarlara, göz ýaşardyjy ahwallara sataşmagynyň mümkindiginden hem howatyrlanýardy. Bar zatdan beter, ejesiniň kynlyk bilen jemläp beren sowalga puluny ýitirmekden ýa-da ogurlatmakdan gorkýardy.
Gülaý şähere ugranda, bu ýerde adam ýetikdi. Tanyş hem nätanyş adamlar. Häzir hem şeýle. Olaryň hersi öz aladasy bilen başagaý.
Bir çetde duran gyzyň keşbi Gülaýa has-da tanyş göründi. Ol boýurganyp, adamlaryň arasyndan kimidir gözleýärdi. Ine, onuň Gülaýa gözi düşdi. Begendi. Asla, ol Gülaýy garşylamakçy ekeni. Aňyrdan ýylgyryp gelşine Gülaýy gujaklady. Gülaý ony tanady. Aljyrady. Sowuk garşylady. Ol gyz muny aňdy. Onuň ýüzünden ýylgyryş alamaty sumat boldy. Gülaý içinden: «Şonda men, gör nähili sadaja, tämizje ekenim!» diýip oýlandy.
Birdenem, ol gyz ertekilerde gabat gelýän al-ýaşyl ýelekli owadan guşa öwrüldi-de, göge göterildi.
Gülaý oňa «Saklan! Sen nirä? Men seni öýkeletdimmi?» –diýip, yzyndan gygyrmakçy boldy. Ýöne eýýäm giçdi.
Ulaglaryň haýsydyr birinden Gülaýa tanyş türk aýdymy ýaňlanýardy:
Bagymyzda bişdi zeýtun agajy,
Goňşy gyz ýetişdi, gözi aldajy.
Söýgi sözün oňa ýürekden aýdyň,
Bolmaň aldaýjy…
Gülaý zeýtun agajyny hiç haçan görmändi. Olaryň gapysynda erik agajy bardy. Ol hem köplenç ýazyň başyndaky ýyly günlere aldanyp ir gülleýändigi üçin güllerini sowuk kakyp hasylsyz galýardy.
Hemra Şirow.
Hekaýalar