14:41 Elli ýaşda Tolstoýyñ durmuş ahwalaty dogrusynda oýlanmalary | |
ELLI ÝAŞDA TOLSTOÝYŇ DURMUŞ AHWALATY DOGRUSYNDA OÝLANMALARY
Ömür hakda oýlanypdyr Tolstoý, Meňzedipdir bu dünýäni aždarha. Ömri kertýän gije bilen gündizi, Meňzedipdir gara hem ak syçana. Ezraýyldan gorkup Gorkut ata deý, Gaçmandyr dünýäň O çetinden bu çetine. Oňa derek gözläpdir ol durmuşy, Tapyp, diýipdir ol: “Hakykat – ajal!” Ugur-utga tapman sümme tokaýda Azaşan adama deňäpdir özün. Eýe bolsa-da ol uly şöhrata, Abraýa, ada, Ýaşamagy neçün ýokuş görüpdir. Düşünmändir diýseň gülkünç bolardy. Durmuşa düşünip, Gözläpdir ýol elewräp. Men diýen ýaşynda, Ymtylypdyr ajala. Bu hakykat! Bu hakda onuň özünden okap, Bolupdym berbat... 03.12.2021. | |
|
√ Alabahar / Goşgular - 21.03.2024 |
√ Hakyky şahyr / Goşgular - 08.05.2024 |
√ Ýagyş damjasy / Goşgular - 24.03.2024 |
√ Kyrk ýaşa ýeteniñde / Goşgular - 03.02.2024 |
√ Ömrümiñ manysy bolmaly zenan / Goşgular - 05.02.2024 |
√ Was-wasylara... / Goşgular - 23.01.2024 |
√ Goltugy daşly adam / Goşgular - 05.01.2024 |
√ "Gitdim senden ilerledip ümzügi..." / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Nokat / Goşgular - 28.01.2024 |
√ Çarwa arabyñ söýgüsi / Goşgular - 10.02.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |