23:21 Babyrdan 40 gazal | |
BISMILLÄHI -R-RAHMÄNI-R-RAHYM
GAZALLAR - 1 - Janymdan özge ýary wepadar tapmadym, Köňlümden özge mähremi esrar tapmadym. Janym dek özge jany, dil efgar gör¬me¬dim, Köňlüm kibi köňülni giriftar tapmadym. Ösrük gözüne täki köňül boldy mübtela, Hergiz bu telbäni ýene hüşýar, tapmadym. Naçar pyrkaty bile hüý etmişem neteý, Çün waslyna özümi sezewar, tapmadym. Bary baraý işigine bu nobat eý, köňül, Niçe ki baryp işigine bar, tapmadym. Babyr özüňi örgetegör, ýarsyz ki men – Istäp jahany, munça kylyp ýar, tap¬ma¬dym. 2 Gurbat-u hijrana galdym ah, ol jan, elin¬den, Jana ýetdim imdi gurbat birle hijran, elin¬den. Görseter gäh tygy-ýu gäh ok, halymy bil¬me¬ýin, Ne belalar göredir men, ýary nadan, elin¬den. Il pyganymdan bijan-u men bu jandan eý, ajal – Kyl halas ilni-ýu meni jany-efgan, elin¬den. Babyr ol aý hijrinde işiň, besi duşwar idi, Şükür, kim gutardy ölüm seni asan, elin¬den. 3 Ýar ýüzümi görüp derdi-gamymy bilse gerek, Ýüz görüp derdi-gamym çäresini kylsa ge¬rek. Eý, saba jany-köňülni [onuň] özi teň kyl¬dy, Köňli birle diýe sen, jany üçin gelse ge¬rek. Waslyny ne kylaýyn gaýrydan aýrylmady hiç, Ýar wasly maňa agýardan aýrylsa gerek. Waslynyň gadryny çün bilmedi bu telbe kö¬ňül, Hijriniň tygy onuň ýüregini dilse ge¬rek. Şükür, «Babyry biler men» diýen ermiş ol aý, Lä-jerem bendelerini şalary bilse gerek. 4 Saçynyň söwdasy düşdi başyma, başdan ýene, Tirer boldy ruzygärim ol gara gaşdan ýene. Men hut ol tyfl periweşe köňül berdim we¬li, Hanymanym nägehan bozulmagaý ýaşdan ýene. Ýüz ýamanlyk görüp, ondan telbe bolduň, eý, köňül, Ýagşylyga göz tutar sen, ol periweşden ýene. Daş urar etfal meni, öýde paryg ol peri, Telbeler dek kyçgyrar men, her zaman daş¬dan ýene. Aýagym ýetinçe Babyr dek gider erdim ne¬teý, Saçynyň söwdasy düşdi başyma, başdan ýene. 5 Köňülge boldy ajaýyp bela, gara saçyň, Şikeste köňlüme ermiş, gara, bela saçyň. Başyma çykdy tütün reşkden gara saç dek, Aýaga düşgeli, eý serwi näz, tä saçyň. Miýesser oldy junun mülki, eý, junun äh¬li, Nisary eşgi imdi bu gün maňa saçyň. Saçyň şikestide bardyr şikeste kö¬ňül¬ler, Köňüller açylar, açylsa ol, gara saçyň. Açyldy köňli, çün açdyň saçyny Babyryň, Ne aýyp eger diýse, dilbend-u-dil-guşa sa¬çyň. 6 Belaýy yşk ki, her dem maňa jepaýydyr, Bu yşkdan geçe alman, ajab-a belaýydyr. Hatty lebine tutaş bolsa, eý, köňül, ne ajap, Ki Hydyr çeşmeýi haýwana, rehne¬maýy¬dyr. Ýarar bu hassa köňül derdine oky-ýarasy, Meger ki her ýarasy ýarnyň dowaýydyr. Bahar paslydyr-u meý höwesi başymda, Aýak tut maňa saky, ki, hoş howaýydyr. Ol aý rakyba boldy rafyk-u Babyrnyň – Rafyk-u hemdemi hijrinde ah-u waýydyr. 7 Gözümde muttasyl ol, egme gaş, gerek bolsa, Gaşymda göz ýarugy ol kuýaş, gerek bolsa. Sujut wagtyda mährap bolmasyn hergiz, Ki baş goýarda oşol egme gaş, gerek bolsa. Habyp yşgynda başdan geç, eý, köňül, ýok ise – Bu ýola goýma aýak, saňa baş gerek bolsa. Goýup aýagyga baş, sorsa laglydan her kim, Başyna – toprag-u, agzyna – daş gerek bolsa. Seniň bile bary il nähoş bolsa, eý, Ba¬byr, Ne bolgusy saňa ol ýary hoş gerek bolsa. 8 Ol ki maňa ýary dilnowaz, göründi, Jebrini görkezdi köp-u az, göründi. Boldy başym pest paýy busyda, ahyr, Gerçi burun esru, serefraz göründi. Seniň üçin ol ki başyn oýnamady hiç, Saňa ajaýyp ki [ol] yşk-baz, göründi. Yşk barynda salah-u toba-ýu takwa, Barysy takyk bil, mejaz göründi. Duşmany jan oldy ne kylaý saňa Babyr, Ol ki maňa ýary dilnowaz göründi. 9 Ne göreý Tubyny, kaddy hoş hyramyň barynda, Ne kylaý sünbüli, hatty müşkfamyň ba¬ryn¬da. Kim Hydyr suwun agyzlangaý, lebiňiň ga¬şynda, Kim Mesih elfazydan diýgeý, kelamyň ba¬rynda. Aşygyňny döwleti waslyň bile kyl muh¬te¬rem, Husn ähli içre munça yhtyramyň barynda. Bizden aýry daýym il birle içer sen ba¬da¬ny, Bizni hem gähi sagyn şurby mydamyň ba¬ryn¬da. Eý, köňül, ger gaýry sözi zähri katyldyr ne gam, Leblerinden şerbeti ýuhýil-yzamyň ba¬ryn¬da. Terki namys eýläban betnam bolgul yşk era, Kim seni aşyk diýgeý namus-u namyň ba¬ryn¬da. Babyr, ol gül köýide bilbil kibi tapdyň ma¬kam, Bir nowaýy rast kyl, mundak makamyň ba¬ryn¬da. 10 Seniň yşkyňda eý, nämähriban, bi¬ha¬ny¬man boldum, Diýmen bihanyman, awaraýy iki jahan bol¬dum. Lebiň ger bermese posa, niçik jan elte al¬gaý men, Bu ýolda kim, adem sährasyna imdi rowan bol¬dum. Sorup ol aý lebiňden agzynyň remzini aň¬ladym, Bir agyr söz bile, görüň ki, munça hurdedan boldum. Niçe kim gaşy ýaýlar yşkynda düzlügi gör¬kezdim, Weli, ahyr melamat oklaryna ok-nyşan bol¬dum. Güler erdim burun, Perhady misgin des¬sa¬nyna, Bu Şirindir ki, onuň birle ok hemdessan bol¬dum. Wysalyň döwletine ýetmesem, Babyr kibi ne¬taň, Ki hijriň mähnetinde esr-u zar-u, natuwan bol¬dum. 11 Kim görer hurşydy, ol mahy-sima bol¬masa, Kim sorar şekeri, ol lagly-şekerha bol¬masa. Gül tikendir gözlerime, ol ýüzi gülden ýy¬rak, Serw okdur bagryma, ol serwi bala bol¬ma¬sa. Jennetil-mä’wany eý, zahyt, neteý men za¬ry kim, Is¬terem köýünden özge maňa mä’wa bol¬ma¬¬sa. Diýmegil diwana köňlüme, ki «Ryswa bol¬ma» diýp, Aşyk bolgaýmy idi ol telbe, ryswa bol¬ma¬sa. Ger başyňy kesseler yşkynda, eý, Babyr, se¬niň, Ýardan köňlüň gerek kim, özge katga bol¬ma¬sa. 12 Ýene göz öýünde mä’wa kylyp sen, Köňül kaşanasynda jaý kylyp sen. Ýene söwdaýy zülpüňden nigar-a, Meni aşufta-ýu, şeýda kylyp sen. Gamym ýok, jan eger bersem gamyňda, Özüňni munça biperwa kylyp sen. Gaşyňdan meni ok dek daşlar üçin, Ýaňy aý dek gaşyňy ýaý kylyp sen. Gözümden ýaşynyp, eý, bahry eltap, Gözümiň ýaşyny derýa kylyp sen. Sagynmaz jennetil-mä’wany Babyr, Onuň köňlünde tä, mä’wa kylyp sen. 13 Janyma ot saldy, ol ruhsary zyba, ýene, Köňlüme ol zülp boldy, maýaýy söwda, ýene. Görsedip ruhsar-u zülpün, ol peri-peýker, ma¬ňa, Jany-köňlümni kylypdyr, walaýy şeýda, ýene. Ýar köýündäki tam sen, sen maňa puşty-pe¬na, Saýaýy lutfyňny sal, çün saňa geldim daýana. Şatlygy-ýu parahatny goýup, [men] aşyk bolup, Mähneti-gamy kylyp men özüme peýda, ýene. «Ýara gul men» diýgeç, Babyrny ryswa eý¬le¬di, Taňry men dek bendesini kylmasyn rys¬wa, ýene. 14 Bir peri, men telbäni husnuna maýyl kyl¬gu dek, Gözüm içre ýer tutup, köňlümde menzil kyl¬gu dek. Köňlüm-u gözüm ýüzüne wala-ýu haýran bo¬lup, Janyma ýüz müň gam-u mähneti hasyl kyl¬gu dek. Natuwan janyma yşky-gaýgyny geltirgu dek, Aýşy-eşreti köňülden, gaýgy zaýyl kyl¬gu dek. Kylmady Perhad-u Mejnun özün, ryswa, men kibi, Kim bu nowg iş, iş imesdir, hiç akyl kyl¬gu dek. Ol peri yşkynda Babyr jan berip, eý, ähli yşk, Yşk etwaryny yşk ähline müşgil kylgu dek. 15 Ýaňy aý ýar ýüzi birle görüp, il şady baý¬ram¬lar, Maňa ýüz-u gaşyňdan aýry, baýram -aýyda gam¬lar. Meniň bu tary muý ýaňlyg tenime tablary sal¬dy, Ol aýnyň ýüzünde sünbül kibi zülpündäki ham¬lar. Howaga dudy-ahyn pytradar, yşk ähli gaý¬rat¬dan, Saba tahrykydan her gäh perişan bolsa per¬çemler. Açyldy zülpi-ýu hüýler nemudar oldy ýü¬zünde, Gül üzre çün bolar peýda, gije açylsa şeb¬nemler. Men-u künji gam-u ah-u pygan-u eşki hu¬nalut, Ne hoşdur köşeýi haly, meýi sapy-ýu hem¬demler. Köňülni yşk bozdy, ne yssyg pendi-ne¬si¬hat¬dan, Meniň mejruh köňlüme ýaraşmaz, uşbu mer¬hemler. Ýüzi nowruzy, wasly aýdyny Babyr, ga¬ny¬mat tut, Ki mundan ýagşy bolmaz, bolsa ýüz nowruz baý¬ramlar. 16 Açylyp iki saçy ýüzüne ýaýylmyşlar, Ýaruk jahany gözüme garaňky kylmyşlar. Çakyr bagyr ganydyr, barça yşk ähline, Zehi olar ki bu meýden demi aýylmyşlar. Ne kylsam eýleme, eý, ýar, aýp kim mende, Junun-u yşk-u ýigitlik bary gatyl¬myş¬lar. Salahga, hyrat ähli meni ýawuk diýerler, Görüň ki, uşbu çiçenler ýyrak ýaňyl¬myş¬lar. Ne sud yşky ilden ýaşyrmak, eý, Babyr, Çün halatyňy bary älem ähli bilmişler. 17 Geltürse ýüz belany oşol biwepa maňa, Gelsin eger ýüzümi öwürsem bela maňa. Neteý men, ol rapyk bile, kim kylar besi – Mähr-u wepa rakyba, ki jebr-u ne jepa maňa. Bigäne bolsa akyl, meni telbeden taň, Çün boldy ol peri sypatym aşna maňa. Ah-u ýaşymdan arta turar zagyp, eý, tebip, Bildim ýaraşmaz imdi bu ab-u howa maňa. Derdim görüp mugalyjada zaýyg etme ömür, Kim janda derdi yşk durar, bidowa maňa. Tä, ýar kimi istär-u köňlüne kim ýakar, Teşwiş bijähet turar, ahyr saňa, maňa. Babyr, bolup durar iki gözüm ýolunda dört, Gelse ne boldy gaşyma, bir-bir maňa, ma¬ňa. 18 Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reý¬han¬dyr, Bahary husnda ýüzi ajap gülüstandyr. Iňi meňi aý-u dagy ýüzi, sözi gül-u mül, Kaddy rowan-u teni jan-u erni mer¬jen¬dir. Gaşynda çün gözünde kine, engübin le¬bin¬de, Sözünde zähr-u läkin, tilinde dermandyr. Gaşyňa köp barabilmen, neteý aralykda – Ýaşym dişiň düründen aýry bahry-um¬man¬dyr. Odumy tiz ede sen, her tarapa segredip at, Semendi näz, ynany bir-bäri ýa:ndyr. Ne nowg wasp kylaý suratyň letafetini, Ki husnuňa seniň eý, ruh, akyl haýrandyr. Jepa-ýu jebr eger kylsa Babyra, neteýin, Ne ygtyýar maňa, herne kylsa soltandyr. 19 Kim görüpdir eý, köňül, ähli jahandan ýag¬şy¬lyk, Kim ki ondan ýagşy ýok, göz tutma ondan ýag¬şy¬lyk. Ger zamany nepi kylsam, aýp kylma, eý, ra¬pyk, Görmedim hergiz, neteýin bu zamandan ýag¬şy¬lyk. Dilrubalardan ýamanlyk geldi mahzun köň¬lüme, Gelmedi janyma hiç aramy jandan ýag¬şy¬lyk. Eý, köňül, çün ýagşydan gördüň ýamanlyk es¬ru-köp, Imdi göz tutmak ne, ýagny her ýamandan ýag¬şy¬lyk. Bary ilge ýagşylyk kylgyl, ki mundan ýag¬şy ýok, Kim diýgeýler “Dähr era galdy, pylandan ýag¬şylyk”. Ýagşylyk ähli jahandan isteme, Babyr ki¬bi, Kim görüpdir eý, köňül, ähli jahandan ýag¬şy¬lyk. 20 Ne wepa ömrümde ol jan-u jahandan görgeý men, Kim wepa jandan görüpdir, kim men ondan gör¬geý men. Göz ýolundan ol peri husnun nazar eýlär idim, Gan ýaşym ol ýoly tutdy, imdi kaýdan gör¬geý men. Ýa Rep, ol gün şum täleýden maňa bolgaýmy kim, Janyma aram, ol aramy jandan görgeý men. Göz görer, läkin salar meni belaga bu kö¬ňül, Bu belany nije çeşmi hunfeşandan gör¬geý men. Bertarap kylgyl wepa istärni ilden, Ba¬byr-a, Ol galatdyr, kim wepa, ähli jahandan gör¬geý men. 21 Zagyfdan göýä meniň bu zary jismim nal¬dyr, Kim onuň şerhin diýmekde, hama tili lal¬dyr. Zagyflyk jismim bile bu natuwan köňlüm era, Dert bar erkeniçe uşbu katdym daldyr. Men dem-ä dem gan ýuwtar men hijr aýagyn¬dan neteý, Özgeleriň jamy wasly gerçi mal-a mal¬dyr. Zülpüne wabeste men, waslyna ýokdur dest¬res, Eý, hoş ol azada kim bikaýd-u paryg bal¬dyr. Ol periden men niçik jan elteýin, kim, Ba¬byr-a, Wasly müşgil, hijri mühlik, gamzasy kat¬taldyr. 22 Sen dek maňa bir ýary jepakär tapylmaz, Men dek saňa bir zary wepadar tapylmaz. Bu şekl-u şemaýyl bile hut hüýri, peri sen, Kim husny beşer içre, bu mukdar ta¬pyl¬maz. Agýar göz alnynda-ýu ol ýary aýan ýok, Gam hary köňül içre-ýu gamhor tapylmaz. Eý, gül, meni zar etme ki husnuň çe¬me¬nin¬de, Gözni ýumup açgunça, bu gülzar tapylmaz. Babyr seni çün «ýar» diýdi, ýarlyg etgil, Älemde kişige ýok ise, ýar tapylmaz. 23 Ölüm uýkusyna baryp, jahandan boldum asu¬da, Meni isteseňiz, eý, dostlar, görgeý siz uý¬kuda. Zamana ähli içre eý, köňül, aýa tapylgaýmy, Seniň dek dertpeýma-ýu, meniň dek dert¬peý¬muda. Ne kim takdyr bolsa, ol bolar, takyk bil¬geý siz, Erur jeň-u jedel, renj-u ryýazat barça bi¬huda. Özüňi şat tutgul, gam iýme dünýä üçin zyn¬har, Bir dem gam iýmäge arzymas dünýäýi fer¬su¬da. Ulusdan dynmadym ömrümde hergiz lah¬za¬ýy Babyr, Meger, ölsem bu älem ählinden bolgaý men asu¬da. 24 Hazan ýapragy ýaly gül ýüzüň hijrinde sar¬gar¬dym, Görüp, rehm eýlegil, eý, läleruh, bu çehreýi zer¬dim. Sen, eý, gül, goýmadyň serkeşligiňi, serw dek hergiz, Aýagyňa düşüp, bergi hazan dek, munça ýal¬bar¬dym. Letafet gülşenide gül kibi, sen sebz-u hor¬ram gal, Men erçi dehr bagyndan, hazan ýapragy dek bar¬dym. Hazan dek gan ýaşym, sary ýüzümden il te¬nef¬furda, Beher reňki, bihamdylla, ulusdan özni gut¬gardym. Ne talygdyr maňa, kim ahyr bagtym ta¬pyl¬mady, Pelek owrakyny hernäçe, kim depder dek ag¬tardym. Ulusnyň tagn-u tarypy maňa, Babyr, ba¬ra¬bar¬dyr, Bu älemde özümni çün ýaman-ýagşydan öt¬ger¬dim. 25 Hattyň era yzaryň – sebze içinde läle, Ol çeşmi pür-humaryň – läle dagy gazala. Barça periler, eý, jan, gerdiňde zar-u haý¬ran, Göýä erer nemaýan, aý degresinde hala. Mähr-u wepany agýar köp gördi senden, eý, ýar, Jebr-u jepany bisýar kyldyň, maňa ho¬wa¬la. Hijriňde eý, periroý, gözümden uçdy uky, Her gije daňa dogry, işimdir ah-u nala. Ýüz safhasynda hatlar ýaşdan ki her tarap bar, Yşkynda Babyr, eýlär bu nowg ýüz risa¬la. 26 Köňlümi çün ol peri alypdyr, Diwana bolarga ne galypdyr. Bidil ekenimi imdi bilgeý, Çün bir kişi köňülni alypdyr. Köňlümi alyp tagapylyn gör, Bilmesge özüni ne salypdyr. Zülpüň çerigini ýyg, ki jemgy, Bu pitneden esru gozgalypdyr. Babyr, niçe gün köňli hoş tut, Bu älem işi çü, munkalypdyr. 27 Sorama halymy ki, boldum burnagydan zar¬rak, Jism jandan zar-u janym jisimden ef¬gar¬rak. Bende takryr eýleý alman, bendi bendim der¬dini, Ýüz demir bent bolsa, ondan bu erer duş¬war¬rak. Mest-u bihudlyk bile ömrüňi ötgerdiň, da¬ryg, Eý, köňül, mundan nary bol birneme hüş¬gär¬räk. Gaflat ukysyndan oýan, ger dilär bolsaň my¬rat, Kim, ýeter maksada, her kim bolsa ol bi¬dar¬rak. ¬ Ölgeli ýetdim, meniň janym gamyn iý, eý, ra¬¬pyk, Dähr era çün ýok kişi, senden maňa gam¬hor¬rak. Gelmez ogşar zähmetiň yslaha Babyr, meger, Her dowa kim kyldylar, bolduň taky bimarrak. 28 Waslyn ol aý, maňa muhal kylar, Hijrinden meni hassahal kylar. Bilmeýin halatymy ol bimähr, Özgeler dek meni hyýal kylar. Al ýüzi göz ýaşymy gan kyldy, Görgeç “ok” diýip idim, ki al ky¬lar. Serefraz etse dähr, şat bolma, Kahyrul-emr, paýmal kylar. Men kim-u zuhdy toba kim, zahyt, Niçe endişeýi muhal kylar. Toba işin buýurma Babyra, Kim bu işi oşol osal kylar. 29 Hijr öldürdi meni, aňlasam erdi munça, Dostlar ýardan aýrylmaz idim ölgünçä. Zahyd-a, dowzah odudan meni ne gorkuza sen?! Hijr ody gaşynda görmez men ony uç¬gun¬ça. Ol kuýaş, mährini bir zerre maňa görkez¬mez, Köwkebi eşk döküp, bolsam eger gerdunça. Husunda artyk eger bolsa ýüzi Leýliden, Men dagy bar men onuň yşkynda ýüz Mej¬nunça. Rindeler alnynda haýwan suwuny köp öwe sen, Eý, Hydyr, barmy eken ol suw, meýi gül¬gün¬çe. Babyr-a, şygryňa ger salsa gulak ol şa¬hyň, Bolgusydyr sözüňe gadyr, dürri meknunça. 30 Tekellup herniçe suratda bolsa ondan ar¬tyk sen, Seni “jan” diýerler, emma bitekellup jan¬dan artyk sen. Periniň husn içre gerçe ady binihaýatdyr – Meni diwana gaşyda, weliken, ondan ar¬tyk sen. Peri bu husn birle görse ýüzüňi, bolup tel¬be, Seni taryp eder, läkin, sypat kylgandan ar¬tyk sen. Gadam renjide kyl, köňlüm üçin eý, ýaryň oky, Meniň bu natuwan köňlüme çün dermandan ar¬tyk sen. Ykamat çünki kyldyň Babyr-a, ol hüýr kö¬ýide, Makamyň rowzadan öwla, özüň Ryzwandan ar¬tyk sen. 31 Menden özge hassalara laglydan derman be¬rer, Men berer men jan-u, ol ömür özgelere jan berer. Aşygy men, ol kylar agýara mahbuplyk, Dertmendi men, weli, ol özgäge derman be¬rer. Okunda peýkam imes bir katra haýwan su¬wu¬dyr, Ýetgeç ok jansyz tenime, jan oşol peýkam be¬rer. Gan ýaşymy hijride, şygrymy waspyda gö¬rüň, Kim bu ýaly dürr-u göwher haýsy bahr-u kän be¬rer. Bolgaly kaddyňa maýyl waslydan mahrum men, Babyr-a, ol husn nahly bir meger hyrman be¬rer. 32 Gara zülpüň pyrakynda perişan ru¬zy¬gä¬rim bar, Ýüzüňiň iştiýakynda ne sabr-u, ne ka¬ra¬rym bar. Lebiň bagrymy gan kyldy, gözümden gan ro¬wan kyldy, Nige halym ýaman kyldy, men ondan bir so¬rarym bar. Jahandan maňa gam bolsa, ulusdan ger elem bolsa, Ne gam ýüz munça hem bolsa, seniň dek gamgusarym bar. Eger muslyh men, er müfsit-u ger aşyk men, er abyt, Ne işiň bar seniň zahyt, meniň [hem] yg¬ty¬ýa¬rym bar. Pyganym aşdy bilbilden, gamy ýok zerre bu guldan, Besi Babyr, oşol gülden köňülde har¬ha¬rym bar. 33 Bu ýaly bilsem erdi, hijriniň mühlik gara şa¬myn, Berermi erdim ölgünçä eligden wasl eýýamyn. Jahanda aýş-u eşretden köňül aram tap¬gaý¬my, Kişi tä görmeginçä ýanynda mahweş dila¬ra¬myn. Köňülde hesreti ol aýnyň agzynyň, çü bi¬het¬dir, Köňül göýä ki mundandyr, tutupdyr gunça en¬damyn. Mesih enfasy ýaly jan berer fersuda jis¬mime, Saba getirse nägäh hijr era, ol ýar peý¬ga¬myn. Muwapyk ýarlar birle bu demi hoş geçir Ba¬byr, Neçün kim geler deme bola almaz kişi za¬mun. 34 Beýek nägäh gözüme uçrap ötru, Meni diwana kyldyň eý, peri ru. Jahanda her kişiniň bar myrady, Meniň ýokdur myradym senden aýry. Meger, ukyda ýüzüň görgeý erdim, Weli, hijriňde gözden uçdy uky. Iki saçyň bile ýüzüň kuýaşyn, Gijeler ýat eder men daňa degru. Tarahhum eýle kim, biçäre Babyr, Seniň yşkyňda boldy zary-esru. 35 Telbe köňlüm kim seniň çeňiňdedir ýat eý¬legil, Bir nowazyş bile köňlümi meniň şat eý¬le¬gil. Eşret içre her haçan kim çeň alsaň eliňe, Pyrkatyňda galan egri kamatym ýat eý¬le¬gil. Saz eýläp bir neşat eňňizi çeň, eý, dil¬ru¬ba, Binowa köňlümi gam çeňinden azat eý¬le¬gil. Mejlis içre çeň bile dartyp owaz, eý, pe¬ri, Sabry huşum, jüz-u owragyny bir ýat eý¬le¬gil. Çeňde her kök çalar ýaryň çü ýokdur Ba¬byr-a, Ýere baş çalmak bile özüňi mugtat eýlegil. 36 Goý, eý, a:kyl, nesihat sözlerin kim dil¬bent ermez, Meniň diwana köňlüme nesihat sudment er¬mez. Niçe diwana köňlümi kylar sen nefi, eý, a:kyl, Egerçe telbedir bary, seniň dek hud¬pi¬sint ermez. Kylar sen talh aýşym kämini bihuda söz¬ler¬den, Seraser sözleriň zähridir, eý, nasyh, ki pent ermez. Bolup men bir periniň anbaryn saçyna wa¬beste, Men telbäge imdi hajaty zynjyr bent er¬mez. Jahanda köp geda gerçi lewent etwarlyk bar¬dyr, Welikin, Babyra hergiz seniň dek şah le¬went ermez. 37 Ol periniň tygyndan gorkuzma meni, eý, ra¬kyp, Yşkynda başymga meniň her ne gelse, ýa ne¬sip. Telbe bolmaklykdan özge çäreýi ýokdur ma¬ňa, Ol periroý nägehan er çyksa öýden ýasa¬nyp. Öwrülip başyňa, eý, aý, kylmyşam terki wa¬tan, Rehim kylgyl maňa, kim sergeştedir men hem garyp. Janda berkişen okun çekmek maňa renji tu¬rar, Goýgul, “ol oky çekeý” diýip, renç çekme, eý, tebip. Babyr-a, hergiz gulak şygryňa ol gül sal¬ma¬dy, Gülge ne perwaý, ýüz perýat kylsa andalyp. 38 Ne çemende serwi bar, ol kamaty ragna ki¬bi, Ne gülüstan içre gül bar, ol ruhy zyba ki¬bi. Ne jepa töwründe bar dünýäde ol bimähr dek, Ne wepa babynda bar älemde, men şeýda ki¬bi. Däneýi haly, Mesih asa lebiniň üstünde, Natuwan janyma boldy maýaýy söwda kibi. Eýlesem köýünde mä’wa neýläýin jenneti kim, Bar maňa ol hüýr köýi jennetil-mä’wa kibi. Bezm era, eý dostlar, ne meý ki gan içmek du¬rar, Saky, ger bolmasa ol şowky-bezm ara ki¬bi. Münse abraş ol kuýaş, köýmez neteý Ba¬byr-a, Meni köýdürmäge ýeldir merkep, otdur re¬ka¬by. 39 Gül jemalyn ýapan, ol gülüň iki reý¬ha¬ny¬dyr, Gunça syryn açan, ol iki lebi han¬da¬ny¬dyr. Ol müselsil iki zülpi gül ýüzüniň döw¬rü¬de, Gül üzre agnar, meger ol ikiniň döw¬ra¬ny¬dyr. Oky zahmyny görüp herýan tenimde, il diý¬geý – Kim «Bu kuhy derdiniň ol läleýi nug¬ma¬ny¬dyr». Sil imesdir ýer ýüzün tutan, gözümniň ýaşy¬dyr, Ragd imesdir göge çyrmaşan, köňül ef¬ga¬nydyr. Läjerem bolgaý perişan-u howaýy men ki¬bi – Zerre ýaly, kim ki bir hurşyt ser¬gez¬da¬ny¬dyr. Ol peri yşkynda Babyr, köňlüm andak tel¬bedir, Kim saçy zynjyrydyr [hem] köýi zyn¬da¬ny¬dyr. 40 Gök wesmede ol aý gaşy göýä hyýaldyr, Ýa aý başynda gökde görünen hilaldyr. Ne nowg ogşasyn ýüzüne afytap kim, Onuň zowaly bardyr-u bu bizowaldyr. Agzy-ýu iki zülpi katdy bolmasa maňa, Reýhan-u serwi, gunça görerden melaldyr. Uşşak, ahy ýelinden asyp tapmasyn, Katdyň ki husn bagynda näzik nahaldyr. Köňlüme dert gelgeli ham boldy kamatym, Katdym meger ki dert ýandagy däldir. Gerçi wepa-ýu mähri bilmez meniň aýym, Läkin, jepa-ýu jebirde sahypkemaldyr. Herniçe bienaýat ise, ýar Babyr-a, Sen goýma hyzmatyňy, ony uýaldyr. | |
|
√ Günüñ monology / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Çarwa arabyñ söýgüsi / Goşgular - 10.02.2024 |
√ «Превратила всё в шутку сначала…» / Goşgular - 29.02.2024 |
√ Lenç edilen nakyl / Goşgular - 05.02.2024 |
√ Atsyz goşgy / Goşgular - 31.01.2024 |
√ Sowuk söz / Goşgular - 31.01.2024 |
√ "Gelin jan..." / Goşgular - 26.03.2024 |
√ Şert / Goşgular - 09.02.2024 |
√ Aldawçynyñ pañ-pañy / Goşgular - 18.01.2024 |
√ Mähremlikden nyşan sen... / Goşgular - 08.05.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |