01:04 "Beletdim. Ol aramyzda ulaldy..." | |
"BELETDIM. OL ARAMYZDA ULALDY..."
Beletdim. Ol aramyzda ulaldy. Güýç görkezip meni etmändi haýran. Ýöne bir çagany otdan alypdy, Başganyñ alarna garaşyp durman. Aýlawda içmegi erbet görmezdi, Hoş söz bilen gutlap atyñ seýisin. Ýöne ýoldan tapyp alan pulunyñ Unutmazdy gözlemegin eýesin. Ol oda-köze-de düşüp ýörmezdi, Biz ýalydy. Muny anyk bilýärin. Ýöne ol birini goramak üçin Öldi gitdi pyçagyndan gandaryñ. Hawa, onuñ şo gidişi, gelmexi, Biz-ä oña, Ol hem bize beletdi. ...Birler samsyk saýyp señrik ýygyrsa, Birler oña "nusga" diýip seretdi. Kadyr MURZALYÝEW, gazak şahyry. Rusçadan terjime eden Gurbanýaz DAŞGYNOW. "Edebiýat we sungat" gazeti, 23.07.1977 ý. | |
|
√ Dünýe... / Goşgular - 11.02.2024 |
√ Soltan / Goşgular - 27.03.2024 |
√ Käbir aýallara melek diýýäñiz / Goşgular - 04.02.2024 |
√ Alabahar / Goşgular - 21.03.2024 |
√ Aldawçynyñ pañ-pañy / Goşgular - 18.01.2024 |
√ Rubagylar / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Ömrümiñ manysy bolmaly zenan / Goşgular - 05.02.2024 |
√ Nädip ýaşamaly?! / Goşgular - 13.01.2024 |
√ Kyrk ýaşa ýüzlenme / Goşgular - 03.02.2024 |
√ Meniñ monologym / Goşgular - 01.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |