19:01

Dost waspy

DOST WASPY

Uzyn gije uly öýüň iç-daşy,
Ýüregiňi gyýyp barýan agydy.
Ertesi gün, gün guşluga galanda,
Mazarlyga äkitdiler tabydy.

Dört gerçegiň gerdeninde şo tabyt,
Dört tigir üstünde barýan ýalydy.
Ne bir ynjaýardy, ne bir sarsýardy,
0l howada uçup barýan ýalydy.

Ýöne nämüçindir şol dört gerçegiň,
Birine bu tabyt düşýärdi agyr.
Gözüne der girip, haşlaýardy ol,
Äpet egin bolsa, bolupdyr ýagyr.

Kömege gelene ýaýkaýar başyn,
Guran goluna hem berenok dynjy.
Gussa-ünji hemmeleri maýyrdy,
Ony hasam maýyrypdy şol ünji.

Ýadanlaň ýerini yzkylar tutýar,
Ýadan bedenlere güýz ýeli urýar.
Ses eşdildi: “Wah, bu gerçek iň söwer
Dostun mazarlyga äkidip barýar”.

... Her näme diýsegem, ölýär adamlar,
Yzda eser galýar. Galýar saz, mukam.
Ýöne bizi şeýle ünji-gam bilen
Gerdeninde göterjekler barmykan?

Gurbannazar Ezizow.

Категория: Goşgular | Просмотров: 371 | Добавил: Gurban | Теги: Gurbannazar EZIZOW | Рейтинг: 4.5/2
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Белой ночью / Goşgular - 06.02.2023
Obam bilen hyýaly söhbet / Goşgular - 06.01.2023
Unutdym / Goşgular - 08.01.2023
Kölege / Goşgular - 31.01.2023
Çary Ataýewiň goşgulary / Goşgular - 17.01.2023
Ölmezinden öñ ogluna ýazylan hat / Goşgular - 22.01.2023
«Возможно ли? средь шумна круга…» / Goşgular - 27.01.2023
«Посадила яблоньку…» / Goşgular - 23.01.2023
Süýnen ýyldyzym / Goşgular - 06.01.2023
Ф.Е.Коршу надпись на третьем выпуске «Вечерних огней» / Goşgular - 21.01.2023

Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]