DURMUŞA ÇYKJAK DÄL.
Maňa seniň ýaşyň ýetdi,
Durmuşa çyk diýýarsiňiz.
A siz meniň ýüregimi,
Ne halymy bilýärsiňiz.
Ýaşym ýetse ýetipmiş-dä,
Öňýetene bar:aýynmy.
Tanamaýan birleriňe,
Eje, gyzyň beräýjekmi?!
Ýeri bolýar, çykarypsyň,
Näme ýeňil durmuş barmy?
Meniň üçin seň ýanyňdan,
Heý, mähirli ojak bormy?
Eje, meni bermesene,
Özüm göwnäp söýmedigime.
Men söýbem bilemok eje,
Öwret özgän söýmegi-de.
...Wah çaga bolup galsadym,
Seň gujagyňda ýatardym.
Durmuş gurup gitmäň ýerne,
Mama, daýzama giderdim.
Ýöne indi siz aýdýaňyz,
Meniň ýaşym ýetipmişin.
Deň-duş joralarymyň bary,
Hanha gyňaç atypmyşyn.
Olar atsa atsyn gyňaç,
Men-ä ony atynjak däl.
Ejejan hiç gaýgy etme,
Ýigitler kän,
Şonuň üçin, menä eje,
Entek durmuşa çykjak däl.
Bägül ORAZMUHAMMEDOWA.