02:14 Durup bilmedim | |
DURUP BILMEDIM
Men, saňa aşygam, gorkaram senden, Köňlüňde, ne baryn, bile bilmedim. Halk aýdymy Başarmadym, saňa hak aşyk bolup, Gorkymdan garşyňda dura bilmedim. Çenendim nyşana, «Ýaýa ok salyp», Çolaşdym barşymda, ura bilmedim. Nagt gerekdi şindi, ýöne, däl taýyn, Heý, nesip etmezmi, almaly paýym, Her günde, her demde, her sekunt saýyn, Şunça görjek boldum, göre bilmedim. Ýatsam, gara basyp, myžžyk der bolup, Tursam huşda gezýän, güň-kör, ker bolup, Sataşsaň synlaýan, has hem terlenip, Arzuwlan döwranym, süre bilmedim. Aslynda, aşyklaň barmy jezasy, Baglydyr özüňe, ömrüm yzasy, Giderlen pursatlaň ýokmy kazasy, Nätsem-de, göwnüňden tura bilmedim. Bilmedim, kalbyňda «näme jogaby», Aňmadym ýüzüňden bir boluş, taby, Günä maňa galsyn, saňa sogaby, Näumyda däldim, yra bilmedim. Ilmämmet, aňyňy aldyrdyň ýa-da, Kim geler düşünip, kim, ýeter dada, Utuldym utanyp, bu ýaman ada, Araýan oýnumy gura bilmedim. | |
|
√ Ýogaldy / Goşgular - 05.05.2024 |
√ Çarwa arabyñ söýgüsi / Goşgular - 10.02.2024 |
√ Rubagylar / Goşgular - 13.01.2024 |
√ Was-wasylara... / Goşgular - 23.01.2024 |
√ Puluň başarnygy barada agymtyl goşgy / Goşgular - 10.01.2024 |
√ Rubagylar / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Dünýe... / Goşgular - 11.02.2024 |
√ Mähremlikden nyşan sen... / Goşgular - 08.05.2024 |
√ Şert / Goşgular - 09.02.2024 |
√ Ak buýnuzly ak maral / Goşgular - 01.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |