ELEKTRON DOLANYŞYGYNYÑ BITEWI ULGAMY
Dünýä jemgyýetçiliginde uly gyzyklanma döreden we geljekki ösüşleri nazarlaýan bilim özgertmeleri barha ýaýbaňlandyrylyp, ýaş nesliň sagdyn kemala gelmegi, beden we ruhy taýdan kadaly ösmegi, bilimiň döwrebaplaşdyrylmagy boýunça maksatnamalaýyn işleriň gerimi has-da giňelýär. Ylym-bilim özgertmeleriniň oňyn netijeleri ýurdumyzyň öňe barýan ýolundaky esasy daýanjy bolup durýar. Durmuşymyzyň ähli ugurlarynda ylmy esasda uzakmöhletleýin maksatnamalar we meýilnamalar amala aşyrylýar. Döwlet Baştutanymyzyň başlangyçlary bilen bu ulgama innowasiýalar we täze tehnologiýalar ornaşdyrylýar, ol dünýä tejribesine, ylmyň gazananlaryna esaslandyrylýar.
Halk hojalygynyň ähli pudaklary üçin hünärmenleri taýýarlaýan başlangyç, orta hünär we ýokary okuw mekdepleriniň işi talabalaýyk guralýar. Ýurdumyz ylmyň, bilimiň gazananlarynyň durmuşa ornaşdyrylmagy bilen täze üstünliklere eýe bolýar.
Häzirki döwürde durmuş çalt depginler bilen özgerýär. Bilim bermegiň maglumat, elektron, sanly ulgamlary bilen guralýan sapaklaryň hili gowulandyryldy. Bilim bermegiň ähli basgançaklarynda okuw maksatnamalary ýokary hilli elektron göterijidäki maglumatlar (elektron kitaplar, elektron seminarlar we beýlekiler) hem-de degişli usullar (uzak aralykdan bilim bermek we beýlekiler) bilen üstünlikli ýerine ýetirilýär.
Sanly bilim ulgamy — bu häzirki ösen tehnologiýalar döwrüniň bilim ulgamynyň gurluşyndaky özboluşly aýratynlykdyr. Sanly elektron göterijidäki okuw-usuly toplum maglumatlar tehnologiýalar arkaly bilim berliş ulgamynyň düzüm bölegi hökmünde çykyş edýär. Jemgyýetiň sowatlylygynda maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň hyzmaty uludyr. Häzir çalt depginler bilen özgerýän dünýäde bilim ulgamynyň dürli basgançaklarynda maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryndan ýerlikli peýdalanylýar.
Sanly bilim ulgamy ýörite programmaly tehniki serişde bolup, gurluş, mikroprosessor gorunda, hasaplaýyş tehnikasynda we beýleki serişdelerde emele getirilýär. Şonuň ýaly-da, häzirki zaman bilim serişdelerinde maglumatlary toplamak, alyşmak, gaýtadan işlemek, uzak aralykdan bilim bermek ýaly usullary we beýleki hyzmatlary gurap bolýar. Soňky ýyllarda maglumat we aragatnaşyk tehnologiýalarynyň ösdürilmegi bilen maglumatlary alyşmagyň mümkinçiligi artdyryldy.
Elektron öwrediji serişdelere dürli görnüşli maglumatlary saklamaga amatly bolan tanyşdyrmalar (prezentasiýalar), suratlar, çyzgylar, diagrammalar, audio we wideo ýazgylar, tekstler, okuw-usuly türgenleşikler (trenažýorlar) we beýlekiler degişlidir. Okuw-usuly topluma bolsa okuw kitaplarynyň elektron görnüşleri, okuw gollanmalary, tejribelik boýunça gollanmalar, usuly maslahatlar, seminarlar, amaly okuwlar, tejribeler boýunça usuly gözükdirijiler, özbaşdak işler üçin ýumuşlar, gönükmeler degişlidir. Bu topluma orta hünär we ýokary okuw mekdeplerine niýetlenen talyplaryň ýyllyk işlerini ýerine ýetirmekleri üçin usuly gözükdirmeler, barlag işleri üçin test maglumatlary, tematiki hem-de usuly gözükdirmeler hem degişlidir. Hödürlenilýän umumy okuwyň ýazgysy, elektron kitaphana, interaktiw usulda öwretmek üçin usuly üpjünçilik, okuw wideo-filmleri, kompýuter öwrediji programmalar hem sanly elektron ulgamynda berlip, elektron resminama dolanyşygynyň bitewi ulgamynda — merkezi serwerde saklanylyp bilner.
Goşmaça maglumat serişdelerine sözlükler, gysgaça düşündirişler, hrestomatiýalar, döwürleýin hem-de pudaklaýyn neşirler, binýatlyk maglumatlara salgylanmalar, saýtlar, sorag-jogap, tor ulgamlary we beýlekiler degişlidir. Okuw-usuly toplumyň tejribelikdäki esasy görkezijileri tejribeligiň maksatnamasy (tejribeligiň maksady, onuň mazmuny, wezipesi), tertip boýunça geçirilişi, hasabat resminamalarynyň nusgasy we resminamany taýýarlamagyň tertibi bolup durýar. Okuw-usuly toplum diňe bir okuw sapaklaryny guramakda ygtybarly daýanç bolup çäklenmän, eýsem terbiýeçilik işlerini geçirmäge-de, degişli pedagogik usullary saýlap almaga-da ýardam berýär. Bulara sapakdan daşary çäreleriň geçirilişi, maşgala bilen mekdebiň gatnaşygy, ata-eneler bilen arabaglanyşykly işler we beýleki çäreleriň usulyýeti degişli bolup biler. Sanly okuw serişdeleri we enjamlary mugallymlar, okuwçylar hem-de talyplar üçin elýeterlidir. Şu maksat bilen, häzirki döwürde degişli döwlet edaralarynda sanly bilim ulgamy baradaky konsepsiýany işläp taýýarlamak bilen baglanyşykly işler dowam edýär.
Bilim ulgamynda halkara gatnaşyklaryny giňeltmek, ony ykdysady, medeni, ylmy we beýleki durmuş ugurlary bilen sazlaşykly alyp gitmek babatda ýurdumyz halkara hyzmatdaşlygyň baý tejribesini toplady.
Dünýäniň köp döwletleri bilen hoşniýetli gatnaşyklary ýola goýan ýurdumyzyň halkara gatnaşyklaryndaky abraýy täze derejä göterilýär we bu geçirilýän gepleşiklerde köpugurly hyzmatdaşlyk guralýar.
Bilim berlişiniň hil derejesiniň halkara ülňülerine laýyk getirilmegi, ýurtda alnyp barylýan bilim özgertmeleriniň dowam etdirilmegi bilen birlikde, ýaş nesli milli ruhda terbiýelemek işi hem talabalaýyk guralýar. Terbiýäniň döwrebaplygy, onuň durmuş bilen baglanyşygy esasy meseledir. Munuň bilen baglanyşyklylykda, döwlet we halkara derejesinde geçirilýän baýramçylyk çäreleriniň nesil terbiýesinde täsiriniň uludygy hasaba alynmalydyr.
Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen häzirki wagtda ýurdumyzyň ýaş nesli hakyndaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolmagynda galýar. Diýarymyzda ýaş nesliň durmuşymyzy çalt özgerdýän we döwrümiziň barha ösýän talaplaryna laýyk bilimli, terbiýeli, ylmy döredijilige ukyply bolmagy üçin amal edilýän işler bilen ýeňişli belentliklere çykýarys.
Annajemal AGABAÝEWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.