12:26 "Erkegem däl ekeniñ!" | |
GAPY KAKYLMALAR
Bir arakhor gelip gapymy kakdy: "Hany ýüz gram tap, şol meniñ kemim!" "Içme, saglygyña zyýanly" diýdim, Diýdi: "Sen-ä erkegem däl ekeniñ!" Bir arzaçy gelip gapymy kakdy: "Hiç goldañok, maña düşýär ahyr kyn!" "Aklykdan garany gözleme" diýdim, Gaharlandy: "Erkegem däl ekeniñ!" Bir goşguçy gelip gapymy kakdy: "Goşgular getirdim, et bulara syn!" "Düşünsene, bular has gowşak!" diýdim, Goh turuzdy: "Erkegem däl ekeniñ!" Bir parahor gelip gapymy kakdy: "Haýyş meni ýazma, giç däl-le heniz!" "Mydam hakykaty ýazaryn!" diýdim, Aljyrady: "Erkegem däl ekeniñ!" Gapymy kakdylar ýene-de köpler, (Adamçylyk, gelme diýip bolanok!) Işi düşüp kömek sorap gelýän kän, Ýöne halym sorap gelýän adam ýok... Eziz YKBAL. | |
|
√ Nokat / Goşgular - 28.01.2024 |
√ "Gitdim senden ilerledip ümzügi..." / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Nädip ýaşamaly?! / Goşgular - 13.01.2024 |
√ Günüñ monology / Goşgular - 01.01.2024 |
√ "Garrap ýörünmi ýa men..." / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Ak buýnuzly ak maral / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Kyrk ýaşa ýeteniñde / Goşgular - 03.02.2024 |
√ Ýolbars we Möjek / basnýa / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Ýogaldy / Goşgular - 05.05.2024 |
√ "Bagşylara" / Goşgular - 07.02.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |