10:21 Eşek tragediýasy | |
EŞEK TRAGEDIÝASY
Bedewsizem däldi biziň obamyz, Bedewliler arzylardy bedewin. Ýöne weli howludaky eşekler, Saklardylar mydam eşek edebin. Mellekden ot ýygyp, öýe daşardyk, Daňdan turup, uzak ýollar aşardyk. Dagdan odun getirmegi başardyk, Ak, gara, gök, goňur eşekler bilen. Dakmasak-da Gyrat, Laçyn adyny, Synardyk aýlawda eşek badyny. Her gezek baglapdyk pellehanany, Ak, gara, gök, goňur eşekler bilen. Ýüki ýeňil bolmasa-da eşegiň, Ýarygije, ýöne tanar işigin. Deň çekişer eýesiniň keşigin, Ak, gara, gök, goňur eşekler bilen. Myhman boldum obamyza arada, Ýatlap, gürrüň açdym eşek barada. Gürrüň alyşmady dara-direde, Ara açylypdyr eşekler bilen. Eşek aňňyrmaýar indi obada, Itiň sesem eşdilmeýär sabada. Gaýtdyk ýolboýy “toba, toba-da”, Eşek görmäge zar köşekler bilen. 14.03.2023. | |
|
√ "Gitdim senden ilerledip ümzügi..." / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Tazy / Goşgular - 30.01.2024 |
√ Göreş / Goşgular - 11.02.2024 |
√ Meniñ monologym / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Şemally gün / Goşgular - 27.01.2024 |
√ "Ulag gidip barýar..." / Goşgular - 28.04.2024 |
√ Garyp köñlümiñ soltany / Goşgular - 21.02.2024 |
√ Düýş hem ýagyş / Goşgular - 09.01.2024 |
√ Gije hem gündiz / Goşgular - 07.02.2024 |
√ Kyrk ýaşa ýeteniñde / Goşgular - 03.02.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |