05:27

Goşgular

Категория: Goşgular | Просмотров: 378 | Добавил: Bilbil | Теги: Bilbil Kakabaýewa | Рейтинг: 5.0/3
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Dostluk hakda / Goşgular - 18.02.2024
Ata-ene hakynda / Goşgular - 18.05.2024
"Garrap ýörünmi ýa men..." / Goşgular - 01.01.2024
Bir ýaşuly hakda / Goşgular - 21.05.2024
Är garrar... / Goşgular - 30.04.2024
Konfusiý / Goşgular - 13.05.2024
"At bilen kowalap gördüler ony..." / Goşgular - 01.01.2024
Puluň başarnygy barada agymtyl goşgy / Goşgular - 10.01.2024
Çarwa arabyñ söýgüsi / Goşgular - 10.02.2024
Tazy / Goşgular - 30.01.2024

Teswirleriň ählisi: 6
0
1 Aksary  
876
Hemişe de goşgylarñyzy okaýan, ikisem gowy.
Ýöne:
Ählije zat üýtgedipdi reňkini,
Ähli kişä buşlap ýörün bagtymy.

ÄHLINI bir topbakda iki gezek ulanypsyñ
Birinjidäki ÄHLIJE ZADY aýryp BÜTIN BARLYK goýsañ gelişmän durmazmyka diýýän

Toý edýär(di) begenip doglan günüňe.
Şu setirem çalaja akgynlygy döwýän ýaly, umuman üstünlik Bilbil hanym ömrüñ bolsun. Döredip duruñ.

0
2 Revo  
484
Bilbil hanym, bagyşlarsyňyzda biraz çyrşaşdyrdym goşgyňyzy...

Bilýäňmi näme...
Seň (Sen) gelen güniň.
Ählije zat üýtgedipdi reňkini (Bütün barlyk üýtgedipdi reňkini),
Görküni senden alypdy göýä.
Bu ýaşaýyş owadandy, ýagtydy
Göwnüme däl...
Men asmanda uçýan-da (pelpelläp)
Ähli kişä buşlap ýörün bagtymy.

Şol güni güllerem tans oýnaýardy
Çalaja öwüsýän güýzüň ýeline (serginne).
Baglaram pişme deý seçip ýapragyn,
Toý edýärdi (tutýardy/toýlaýardy) begenip doglan günüňe.

Hawa...
Seň (Sen) gelenňe (geleňde) üýtgäpdi adym,
hemem
Gözlerime gözlük (äýnek) dakan deý
Ýaşaýyşy görüp bildim başgaça.

Bu Zemine bagt bolup döränim,
Saňa sowgat gyzym
Ýol bilen kitap.

Ýel, ilki bilenä romantiçnyý eşidilmeýär, soňrada ýel bilen apy -tupan suratlandyrylýar. Apy - tupanda ýada ýelli howada bolsa güller tans oýnamajak ýaly. Şemal ýada sergin diýip ulanylaýsa gowy boljak eken.
Gözlük türk sözi bolup, türkmençe äýnek diýilýän bolmaly.
Jemleýji bendiňem üstünde biraz işlenäýse gowy bolaýjak ýaly.

2
3 Елена_Прекрасная  
462
Gowy oglan-laý sen, Haweriş. Şahyrlary köpräk goldañ.

0
4 Bilbil  
938
Köp sag boluň @Aksary, okaýandygyňyz üçin Taňryýalkasyn! Bellikleriňizem göz öňüme tutaryn.

Size-de köp minnetdar! @Haweran, belki, kämilleşýän bolsagam, siziň alyp barýan ýeňil bolmadyk işiňizde kitapçy saýtyňyzyň örän uly täsiriniň bardygyny aýdasym gelýär. Ýerlikli açylýan mowzuklaryňyz, halypalaryň degerli teswirleri meniň ýazyp bilmegim üçin sapak alarlyk ähmiýeti bar diýsem, ýalňyşmaryn.
Goý, siziňem, kitapçynyňam ömri uzak bolsuň!

Revo, köp sag boluň, bellikleriňiz üçin.

0
5 ibrahimbadakhshan  
694
Gowy goşgular, gaýtalap okasyñ gelÿär. Aksaraý hem Revo gowy bellikler ýazan, diñe öz türkmen dilimizde gözlük ÿaly gözel sözüñ ÿerine arap-pars dilleriniñ äýnek sözüni ulanmaly diÿen ÿerini halamadym. Türkmenistanyñ şahyrlaryndan öñem bulr ÿaly gürrüñi az eşitmändim, ýürek sözüniñ ÿerine kalp we ş.m. Alynma sözleri gošguda ulanmak, käýarym gerekli hemem goşga täzeräk bir öwüşgin goşýar, ýöne biz ýaly arap-pars dilleri bilen tanyş okyjylar üçin bu alynmalar köp ulanylsa ýürege düşýär.

0
6 Gumlygelin  
8
Tüweleme, Bilbil uýam. Ylham atyñ bady gowşamasyn.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]