20:39 Gün ýaşyberende | |
GÜN ÝAŞYBERENDE
Galkynan göwnüñi tumagyn çökgün, Gün ýaşyberende, Ýaşyberende! Egne serpaý alyp seýrana çykgyn, Gün ýaşyberende, Ýaşyberende! Çopanlar mallaryn tükellär sanap, Guzular bökjeklär, goýunlar mäläpn Sygyrlar örüden gaýdarlar molap, Gün ýaşyberende, Ýaşyberende! Garrylar "biş-düşe" güýmener otyr, Gelinler hamyrnyñ ýugrumyn ýetir, Ot ýaly tamdyrdan çykarlar petir, Gün ýaşyberende, Ýaşyberende! Şowhuny köpeler uly syrgynyñ, Senem şatlan, şatlananda il-günüñ, Täze dogan Aýy ýüze sylgynyñ, Gün ýaşyberende, Ýaşyberende! Göwünler göterler, hezillik bolar, Oba durky bilen gözellik bolar, Erte dogjak Güne gönezlik bular. Gün ýaşyberende, Ýaşyberende! Ata TÄZEBAÝEW. | |
|
√ Ömrümiñ manysy bolmaly zenan / Goşgular - 05.02.2024 |
√ "Ulag gidip barýar..." / Goşgular - 28.04.2024 |
√ Garaş maňa / Goşgular - 17.02.2024 |
√ Nädip ýaşamaly?! / Goşgular - 13.01.2024 |
√ Meniñ monologym / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Mürze ýigit / Goşgular - 12.03.2024 |
√ Yzany yşkyma ýamag etdim / Goşgular - 15.04.2024 |
√ Wiswisi lakamly obadaşymyň ömür beýany / Goşgular - 25.03.2024 |
√ Alabahar / Goşgular - 21.03.2024 |
√ Salam, Türkmenistan! / Goşgular - 01.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |