20:40 Gurhany Kerimiñ täsirinden | |
GURHANY KERIMIÑ TÄSIRINDEN
Bu dünýäde galjak zat ýok, adamzat, Munda bäş gün bagty çüwenler gider. Hak alnanda hasap okar barça zat, Hak adyn ýüregne düwenler gider. Sogap tapar tagam beren gedaýa, Özün Hak ýolunda goýar pidaýa, Hamdy-sena aýtman ýalñyz Hudaýa, Onuñ bendelerin öwenler gider. Ak ýürekden kylan dileg-dogaña, Jebraýyl üstüñe bolar howala, Köñül bermän gury nebsi-hawaga, Nebsiniñ içine çöwenler gider. Bu dünýäñ malyna göwün berenler, Süýthora, husyda elin serenler, Hak tagala şek ýetirip ýörenler, Müşrikler, myrryhlar, böwenler gider. Senem söz aýtmazdyñ bolmasa derdiñ, Köp günä gazandyñ, az yhsan berdiñ, Haky gözlän, dogry sözlän bir merdiñ Elin gañryp, dişin döwenler gider. Ýygnarlar magşarda garyby-baýy, Allanyñ alnyna toplanar bary, Imanly - jennete, dowzaha sary Imandan elini ýuwanlar gider. Şeýtan was-wasyna gidenler galmaz, Bu ak ýüzler, gülgün bedenler galmaz, Näşükürler, şükür edenler galmaz, Uçmaha bir Haky söýenler gider. Atamyrat ATABAÝEW. | |
|
√ "Gelin jan..." / Goşgular - 26.03.2024 |
√ Salam, Türkmenistan! / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Şemally gün / Goşgular - 27.01.2024 |
√ Aldawçynyñ pañ-pañy / Goşgular - 18.01.2024 |
√ Soltan / Goşgular - 27.03.2024 |
√ Ynanarmykan? / Goşgular - 30.01.2024 |
√ Estagfurullaly bentler / Goşgular - 14.02.2024 |
√ "Bagşylara" / Goşgular - 07.02.2024 |
√ Günüñ monology / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Göreş / Goşgular - 11.02.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||