10:29 Kitap agysy | |
KITAP AGYSY
Geçmişde köp bolan dergazap şalar, Olar basyp alypdyrlar ýurtlary. Gyrypdyrlar bir-biregi, Gyrypdyrlar kürtleri, Gyrypdyrlar türkleri... Gyrmak hem gyrylmak däpdir geşmişde, Hemmesini günäläp bor etmişde. Ýöne welin haýran adam oýnuna, Gaty köp zat alypdyr öz boýnuna. Bar eken kitaba talaň salanlar, Misli Bruno deý otda ýananlar. Ýanypdyr lowlap, Ýanypdyr güwläp. Gizläp goýlan diwan üçin, Adam asylypdyr dardan, Han gözi doýmandyr gandan. Dynmandyr kitap hupbatdan, Soraňlar muny hatdatdan. Soranyňyz gözün ýaşlar, Onuň Aly hezretleri kitaby Zibilhana taşlaýarlar. Gördüm ony niçe hajathanada, Eýsem ýer ýokmudy kitaphanada? Kitapda nä aryň köýdümi, oglan? Dälmi kitap adam aýdymy, oglan? Kitap ýakyp, gören ýokdur hezzeti, “Çekmen” diýme, öňüňdedir ezýeti. Harlamaň kitaby, ýakmaň kitaby, Ömrüňiz ötinçä saklaň kitaby. Kalbyňyza guýup säher päkligi, Ene süýdi deýin haklaň kitaby. 19.03.2023 ý. | |
|
√ Gökdepäm / Goşgular - 22.03.2024 |
√ Siziñki / Goşgular - 30.01.2024 |
√ Sumbaryñ kenarynda / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Mähremlikden nyşan sen... / Goşgular - 08.05.2024 |
√ «Превратила всё в шутку сначала…» / Goşgular - 29.02.2024 |
√ "Garrap ýörünmi ýa men..." / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Täjir tanşyma / Goşgular - 16.01.2024 |
√ Gije hem gündiz / Goşgular - 07.02.2024 |
√ Lenç edilen nakyl / Goşgular - 05.02.2024 |
√ Moskwadan görýärler / Goşgular - 30.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |