16:50 Klasdaşlarym | |
KLASDAŞLARYM
Saý-sebäpden käte düşýär ýadyma, Ol mekdep döwürlem klasdaşlarym. Didarlaşmak nesip etsin adama, Ýatlama öwrülen klasdaşlarym. Taýýarlyksyz gelip tagta çykamda, Müýnli bordum gözlerine bakamda, Nirede, nä kärde, kim nä lakamda, Ýaşytdaş höwürlem – klasdaşlarym. Gözleri ataşly ýandyryp ýakjak, Göreçler sataşsa ýyldyrym çakjak, Şol gözler mähirli gör, kime bakjak, Diň salan böwürleň klasdaşlarym. Ýiti zehin bardy, bardy kütegi, Kim garagollykdan iýer kötegi, Mugallym ýok wagty klas otagy, Uly goh-gowurlaň klasdaşlarym. Toýdur-ýasda öň hatarda il bilen, Ýaşulydyr bir wagytky ýaş-ýeleň, Ak düşüp, aň girip akyla gelen, Harpygy sowrulan klasdaşlarym. Ýagşylykda ýatlamaga eýerip, Ilmämmet, gatnagyn görmäge baryp, Gelseler garşy al, gujagyň gerip, Ýaşlykdan «howurlam» klasdaşlarym. | |
|
√ Kyrk ýaşa ýüzlenme / Goşgular - 03.02.2024 |
√ "Bagşylara" / Goşgular - 07.02.2024 |
√ Eýdip-beýdip... / edebi ýaňsylama / Goşgular - 12.01.2024 |
√ Ak buýnuzly ak maral / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Puluň başarnygy barada agymtyl goşgy / Goşgular - 10.01.2024 |
√ Sowuk söz / Goşgular - 31.01.2024 |
√ Was-wasylara... / Goşgular - 23.01.2024 |
√ Bagyşla! / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Soltan / Goşgular - 27.03.2024 |
√ Dostluk hakda / Goşgular - 18.02.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |