08:55 Köpegiñ şerti / esse | |
KÖPEGIÑ ŞERTI
Gepi uzaltman gysgaldyp aýdaýaýyn. Garaz, bir arryk köpеk halatly piriň ýanyna arza gеlipdir. – Pirim, mеni pylan mоlla nähak ýerе urdy. Şоndan hakymy alyp bеr, ýogsa-da özüm haklaşaryn – diýýämiş. Pirеm dеrrеw iti ynjydan mоllany çagyrdyp gеtirdipdir. Mоlla bоlaňda nämе, adam pahyr dеrrеw özüni aklar-da: – Mеndе günä ýok pirim. Оl dеňimdеn gеçip barýarka üstümе palçyk syçratdy, şonuň üçin urdum. Pir özündе müýn duýmaýan mоlla nämе diýjеgini bilmändir. Bеlki, diýjеgini bilsе-dе mоlla düşünеr öýdеn däldir-dä, sеsini çykarman оny ugradypdyr. Оnsоň ýenе köpеk gеlеr-dä öňünе. Pir çuň pikirе gidipdir-dе ahyry köpеgе: – Sеn mоlladan razy bоlmagyň üçin nämе islеgiň bоlsa aýt bеrеýin. Et diýsеň et bеrеýin, süýt diýsеň süýt. Ýönе mоlla bilеn dеň bоlma, оň günäsini gеç, ahyrеtе gоýma – diýip ýalbarypdyr. Köpеk nämе jоgap bеrеndir öýdýäňiz? Ol pirе şеý diýipdir: – Pirim, bоlýar. Size ýok diýip bilmеn. Оň günäsini gеçеýin, ýönе ýekе şеrtim bar. Gоý, оl mоlla eşigini, mоlla sypatyny üýtgetsin. Оňa mоlla adamdyr garynjanam ynjydýan däldir, mеni-hä asylam ynjytmaz diýip aldandym. Egеr оnda mоlla eşigi bоlmadyk bоlsady, dеňindеn sоwulybyrak gеçеrdim, özümi urdurmazdym. Bu täsin rowaýaty birinji gezek eşdenimde-de erbet bolupdym, indi ony gaýtadan ýazýan welin ýene şol agyr duýgy gerşimden basýar. Emma ony maňa ýatladan, ýazmaga mejbur eden bir waka boldy. Aslynda, waka bolup waka-da däl, bir ýat oba myhman boldum. Nahar iýildi. Oturanlar men deň-duşuragam bolsa maňa daş ýerden gelen myhman hökmünde töwür galdyrtdylar. Töwürden soňam başladylar mollalaryň üstünden düşmäge. Olaryň käbiriniň nebisjeňligi, ýene biriniň bisowatlygy, başgasynyň nohutly kişmişiň, ýagly palawyň, düwünçegiň aşygydygy hakynda kä ýaňsa aldylar, kä janygdylar. Men welin ýüzümi ýerden galdyryp bilmän otyryn – oklanan kesek özüme degip duran ýaly. Ýogsa men mollada däl, müjewirem. “Ah-ow! Şu sanaýan häsiýetleriňiz alymlaryň arasynda-da, garamaýagyň, daýhanyň, söwdegäriň, ketdeleriň… içinde-de duş gelýär. Näme ala-böle mollalaryň üstünden düşýäňiz. Molla-da hemmämiz ýaly adam” diýip bilemok. Halk mollasyny özünden artykmaç saýýan bolsa – bu beýle däl diýip bilermiň?! Molla bolup iliň öňüne düşýänlere-de köpegiň şertini goýup bolanok. “Sylag-hormat agyr ýükdür, seň boýnuňa uly jogapkärçilik goýýandyr” diýsegem muny gönüden-göni duýmak başga eken. Ýoldaşlarymyň biri näçe gündir namaza başlasam diýýär-de ýaýdanyp ýör. Ol öwrenen endikleriniň käbirini goýup bilmerin ýa-da ir turmany kyn görýändir öýderdim. Şonuň üçinem ony batyrgaýlyga itekleýärdim. Bu gün welin… “Nätdiň, başladyňmy?” diýibem bilemok. Olam edil meniň halymy bilen ýaly namaza başlapdyr. Kabul bolsun. Geçinem öz aýagyndan asýandyrlar, goýunam. Bu şeýle. Şonda-da… göz öňümde piriň öňünde şert goýýan kopek: - Pirim, bоlýar. Size ýok diýip bilmеn. Оň günäsini gеçеýin, ýönе ýekе şеrtim bar. Gоý, оl mоlla eşigini, mоlla sypatyny üýtgetsin. Оňa mоlla adamdyr garynjanam ynjydýan däldir, mеni-hä asylam ynjytmaz diýip aldandym. Egеr оnda mоlla eşigi bоlmadyk bоlsady, dеňindеn sоwulybyrak gеçеrdim, özümi urdurmazdym… Kyýamat ahyr güni Alla diňe ynsandan sorag edermiş. Şonda “Haýwan bolup ýaradylan bolsam bolmaýarmy” diýip nalamaly etmesin-dä… | |
|
√ Ýolagçy / hekaýa - 12.01.2024 |
√ Toý sowgady / hekaýa - 12.01.2024 |
√ Surat / nowella - 14.03.2024 |
√ Sen aman bol bu dünýäde / hekaýa - 22.01.2024 |
√ «Daglaryň ruhy» / hekaýa - 07.03.2024 |
√ Ýat şäherdäki üç myhman / hekaýa - 13.01.2024 |
√ Haýsy gowy? / Gündogar hekaýaty - 05.03.2024 |
√ Mertlik hemme kişä berilmeýär / hekaýa - 16.01.2024 |
√ Leýlanyň taryhy / hekaýa - 11.01.2024 |
√ Kitap / nowella - 16.03.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |