23:57 Nätanyş ýol... | |
NÄTANYŞ ÝOL
Barýadym kenaryň ýakasyn syryp, Alňysaýan, howlukýan deý bir zada, Bolşum meňzäp, birbelalardan dynyp, Ýeke gezip ýörün çola meýdanda, Birden peýda boldy duýansyz ýerden, Y:şk düşüp gözlem diýseň gamaşyp, Ýörän ýolum üýtgäp gidipdir çenden, Nätanyş ýol... gelsem nätjek azaşyp. Muny görüp yza dönmek isledim, Ätdim. peýda boldy bir eýmençli güýç, Aýagymdan çeken ýaly zemine, Gorkdym. beýle zada duşmandym öň hiç Göwräm gitdi nätanyş bir çukura, Ýagty dünýä gara tüme bürendi, Urunsam-da, deşik tapman çykara, Ellem gara ýeri, peşäp sermendi. Älemi ürküzdim çirkin ses bilen Elhenç owaz gelip tarsa oýandym, Gözüm açdym, turdym agyr dem bilen, Bu zatlaryň düýşligne, begendim. Gurbanmämmet MEREDOW. | |
|
√ Rubagylar / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Sowuk söz / Goşgular - 31.01.2024 |
√ Düýş hem ýagyş / Goşgular - 09.01.2024 |
√ Hasap / Goşgular - 18.02.2024 |
√ Goltugy daşly adam / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Gökdepäm / Goşgular - 22.03.2024 |
√ Meniñ monologym / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Garaş maňa / Goşgular - 17.02.2024 |
√ Kyrk ýaşa ýüzlenme / Goşgular - 03.02.2024 |
√ Käbir aýallara melek diýýäñiz / Goşgular - 04.02.2024 |
Teswirleriň ählisi: 3 | ||||
| ||||