09:38

NOWRUZ ÝAGŞY

NOWRUZ ÝAGŞY

Nowruz başy gije ýarymdan soňra,
Şybyr-şybyr, ýagyş sesi oýardy,
Meni taşlady-da pikir kölüne,
Bir salym ýagdy.
Peşgeş berip gijä sergiň howasyn,
Ýuwaşady, syp-şyp, ynjaldy-dymdy.
Ýelkenin galdyryp tämiz şemaly,
Hakydamy täze ýoluna saldy,
Ala bulutlary gidermen-ä däl,
Pikirlerim ýaly barha goýaldy.

Soňra bolsa ýene ýagyp başlady,
Ünsümi-de sowup bilemok ondan.
El-ýüzümi ýuwup tämiz damjaňa,
Ertirlik çaýymy içeýin senden,
Ýaşyl maýsa ýagyp duran bereket,
Ak pagta ekiljek pelleri ýuwýaň,
Gyşdan çykan dowarlary doýuryp,
Hydyr gören çopan alkysyn alýaň,
Nowruz ýagşy.
Täze arzuw-hyýallary oýarýaň.

Gaýraky öýde-de görünýär ýagty,
Oýanandyr Hydyr çopanyň ýary,
Ak öýüň ojagnyň oduň ýakandyr,
Ataryp ak süýtli gaýyn gazany,
Nazarny dikendir ojar közüne,
Süýji arzuwlarna siňendir oýy,
Şeýdip öz ýaryny ýylatjak ýaly.

Daň atardan irräk, ýagtylýar jahan,
Ýene pessaýlady, soň diňdi ýagyş,
Töwerek asuda, imisalalyk,
Ýöne daň şemaly-howasy sowuk.
Çopanyň, daýhanyň begenen ýazy,
Saňa ýetireýin bagbandan haýyş,
Degmäwer baglaryň ak süýt pyntygna,
Bahar deý mylaýym bolmaga çalyş.
Ýene ýetireýin şahyrdan haýyş,
Äkit bulutlary, sowuk şemaly,
Käbäm enem, gülçeçegim, halalym,
Bahar baýramyňa beslener ýaly.
Категория: Goşgular | Просмотров: 435 | Добавил: Raýdaş | Теги: Allanazar Rejebow | Рейтинг: 4.3/3
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Уллин и его дочь / Goşgular - 10.01.2023
И опять снега / Goşgular - 08.01.2023
Bagyşla, ezizim! / Goşgular - 06.01.2023
Графу А.В.Олсуфьеву / Goşgular - 14.01.2023
«Скала к скале; безмолвие пустыни…» / Goşgular - 07.01.2023
Sözüň güýji / Goşgular - 07.01.2023
«Ты придёшь и обнимешь…» / Goşgular - 24.01.2023
Вечер в Ницце / Goşgular - 10.02.2023
Men dünýäň aşygy / Goşgular - 08.01.2023
П. И. Вейнбергу / Goşgular - 08.01.2023

Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]