men çagalygymdan bäri birzatlar çyrşaýadym, 2-nji synpdakam goşgy düzmek ýaryşy geçirilipdi, mugallymym meniňem goşgymy beripi ýaryşa, etrapda ýer alypdym anyk ýadymda däl ýöne naçinji ýer alanym. soň hemişe ýenede birzatlar ýazýadym garalmalaryma, 6-7nji synpdym, ýone ýazýan zatlarym mana düşnüksiz zatlardy hiç kime okatmaýadym, gizlap goyyadym. 9njy synpda bularyň üsti açyldy, "Sag bol Arkadag" goşgymyň saýasynda, soňra açylyp gidäýjek ýaly welin gaýta tersine kellame gelýan zatlary öň depere geçirýadim indi bolsa ýöne dilden aýdyp başladym. Ýazmagy taşlamak isledim, taşladymam, gelýan setirlere üns bermedim. Emma, 3-4 ýyl wagt geçensoň TDEI-niň mugallymy Abdy Abdyýew meni täzeden döredijilige başlatdy (men 2ýada 3 ýyllyk talypdym, öňki ýazan bir goşgymy okap beripdim, şonda (Sende ýürek ýokmy, başgalaň dilinden ýazypsyň diýdi) ana şol soraga jogap bermek üçin şuny ýazypym: Sende ýürek ýokmy iýip soradyň Mende illeňkiden üýtgeşigi bar diňe bir öz derdin uýýan ýürekden Dogry sözüm aýtsam ýürek bolmaýar
Duýup bilýän özgäň derdin Aýtmasadam dili bilen Gözlerinde gussa görsem Begendirýän duşmanymam
Kimler näme diýse diýsin Mende ullakan ýürek bar Meni şu dünýä getiren Ejemjana köp minnetar.
...ine şeýleräk. şondan soň käte birzatlar ýazdym, ýöne hiç kim bn paýlaşmadym, özüme göwnüm ýetmeýärdi. Bu gün paýlaşsam ertir ýazyp bilmesem näderin diýen gorky meni hemişe saklady.
Men-ä tankyt tapyp bilmedim bu goşgudan, aslynda tankytlabam bilemok, edebiýata doly düňünmämsoň. Ýöne, bu goşgyda aýdylýan zatlar göni ýüregňe jüňk bolup duran ýagdaýlara gabat gelip dur. Mende hem şeýle ýagdaý bolupdy, indi ýatlap otursam şol günlemi biderek wagt ýitirip söýenime gaty gynanýan. Bu goşga diňe başyndan geçirenler düşüner. Tankytçy düşünmez, düşünsede kapiýa sazlamasyna düşüner, bogun sanyna düşüner.
Birinji bentdaki kapyýa sazlaşmaýar.,, kakanyma-berenime". Ikinji bendiň kapyýasam sazlaşmaýar: ,, goşanyma-berenime". Üçünji bendiň rifmasy has çökder bolupdyr. ,, kirledeniňe-bolanyma". Iň bärkisi iki sözüň bogun sany~da deň däl.
bagül jigimize maslahat. yşk diýen düşünjäni çuňňur öwrenmeli. yşkyň derejeleri bardyr.... belki ýokarky setirdäki yşk hasaplan zady (öz aýdyşy ýaly) düýgudyr. aşyk, hakyky aşyk - aşyk bolanyna gynanmazmyka diýýän... garaz, öý işi: yşkyň derejelerini çuňňur öwrenmeli. --- Ýüregimi bedenimden sowuryp Söýgä serpaý berenime gynanýan.
sowurmakmy ýa sogurmak? --- Gijeler kirpigimi kirpigime çalman
çalmak? ---
Ýadymdan çykaryp, sensiz şükrümi Senli boljak bolanyma gynanýan.
"sensiz şükür"-e nähili düşünmeli? --- ol ýürekli goşgudan bir setir:
diňe bir öz derdin uýýan ýürekden Dogry sözüm aýtsam ýürek bolmaýar
uýmak diýlen zat başga zad-a... derde uýulýanyny bilmedim... umuman.... höwesiňiz bar bolsa, entek kän okamaly, öziýem öwrenip okamaly.... öziýem saýlap-seçip okamaly.... üstünlikler bägül hanym.
1.soguryp bolmaly, 2.çalman- sürtmän manysynda 3.sensiz şükür- sen bolmasaňam men bagtly ýöne sensiz bagtsyz bolaryn öýdip, senli boljak bolupdym. şolar un gynanýan.