21:58 Peleñzaw oýlanmasy | |
PELEŇZAW OÝLANMASY
Alym dostum Hojamuhammet Meläýewiň ýagty ýadygärligine Ak kagyza ýazylan dek, Ak gaýanyň ýüzünde, Ýazylypdyr gadym döwrüň hatlary, Belki-de, ol Awestanyň harplary? Taryhydyr, belki, gadym Sumbaryň? Ýörüşi hakdamy ýa bir keýseriň? Hiç kim bilip bilmez onuň ýaşyny, Geçiripdir eýýamlaryň gyşyny. Bu ýazgynyň taryhy, Oýlandyrýar alymy, Oýlandyrýar şahyry, Hem zergäri, daýhany... Taryh dymýar, Näme hakda bu ýazgy? Pikir edip, muňa ýetmeýär demiň. Ýöne bir günden bir gün. Ýakarlar taryhyň gadymy şemin! Owadan Peleňzaw, Genji obamyň. Ol mesgeni käbämiň, Ol mesgeni kyblamyň. Nohur daglarynyň bulagy sende, Sözle Peleňzawym, sözle, dymma sen. Sen diýip jan çeken bir sada ogluň, Gulagy sende! Ak kagyza ýazylan dek, Ak gaýanyň ýüzünde, Ýazylypdyr gadym döwrüň hatlary, Belki-de, ol Awestanyň harplary?!. 21.12.2021. | |
|
√ Sowuk söz / Goşgular - 31.01.2024 |
√ Owadan pyçak hakynda erteki / Goşgular - 09.04.2024 |
√ Aldawçynyñ pañ-pañy / Goşgular - 18.01.2024 |
√ Lenç edilen nakyl / Goşgular - 05.02.2024 |
√ Rubagylar / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Nokat / Goşgular - 28.01.2024 |
√ Nar / Goşgular - 22.04.2024 |
√ Hakyky şahyr / Goşgular - 08.05.2024 |
√ Çarwa arabyñ söýgüsi / Goşgular - 10.02.2024 |
√ Düýşgowuran / Goşgular - 08.04.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |