RAHATLYGYŇ GORAGÇYSY
Onuň ady Rahatdy. Uruş gutarandan soň, asuda hem rahat durmuşy küýsän garry ene körpe balasyna “Rahat” dakypdy. Bu oglanam şol “Rahadyň” ady dakylan agtyjakdy. Hemmeler oňa “Atajan” diýip ýüzlense-de, garry enesi Abadan şol “Rahatjan” diýer oturardy. Özünem beýleki agtyklaryndan üýtgeşik görerdi. Ine, bu günem Rahat “rahatlygyň goragçysy” bolup Watan goragyna ugrady.
Balasyny ýeke pursat bagryndan aýyrmaga dözmeýän ene, hamala, agtyjagyny goýberesi gelmän, gidensoňam ony göresi gelip alada galyp bildi. Bolsa-da, tiz wagtdan Rahadyň yzyndan agtyjagyny görmäge ogly ony äkidäýdi. Ýogsa, agtygyny heniz çagadyr öýdüp ýören ene onuň nahar çaýyndan, ýatjak ýerinden howatyrlandy otyrdy. Telim gezek ogullarydyr agtyklary Watan gullugyna gidipdem welin, munuň ýaly alada edilmändi.
Rahat Daşoguz welaýatynda gulluk etmeli edilipdir. Garry ene Daşoguz topragyna gadam basanda içinden: "360 pirli toprakdyr bäri, owal Alla, agtyjagym sag aman ojagyna dolanar" diýip ynjaldy.
Haçanda, agtyjagyny gormäne baranlarynda bolsa, alada edere üýtgeşik zadyň ýokdugyny görüp ynjaldy. Rahat enesine ýaşaýyş şertleriniň, iýmitiň örän gowudygyny gysgaça düşündirdi-de, soňam: “Rahat oturyň, ene, biz sizi goraýandyrys!” diýip dogum bilen enesiniň ýüzüne bakdy. Abadan ejäniň tolgunmadan gözleri ümezlendi, agtyjagyny bagryna basyp, “Sana döneýin, balam!” diýip uludan dem aldy. Abadan eje Beýik Watançylyk urşuny gözi bilen görmese-de,gerdeni bilen çeken aýaldy. Şonuň üçinem parahatçylygyň, rahat durmuşyň gadryna diýseň gowy düşünýärdi. Her gün diýen ýaly agtyklaryny daşyna üýşürip: “Balalarym, Gahryman Arkdagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň bize peşgeş eden bu döwri jennet ahyry. Sizem onuň gadryny bilmeli. Okamaly, öwrenmeli, Watana il-güne gerekli nesiller bolup ýetişmeli” diýip öwüt baryny bererdi.
Rahat bilen görşüp öýlerine dolananda-da, enäniň gulagynda agtygynyň sesi ýaňlandy durdy “Rahat oturyň, ene, biz sizi goraýandyrys!” Hamala, şu pursadam agtygy ýanynda misli, birgeňsi buýsanç bilen baş atyp gelýän enäniň kalbyna rahatlygyň goragçylary, Watan Ogullary Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza çäksiz minnetdarlyk duýgusy doldy.
Maýsa ABDYRAHMANOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby.