7. Jemgyýet teswiri
Saparmyrat Türkmenbaşy täze türkmen ruhuny döredijidir. Üçünji müňýyllyga geçilýän döwürde Saparmyrat Türkmenbaşy zamany diýip at alan täze döwür kemala geldi. Munuň özi hil taýdan täze zamandyr. Dünýäde akyldar adamlar kän, olaryň, belki, hersi şu zamanyň täze hil aýratynlyklaryny özüçe kesgitlär hem esaslandyrar. Meniň pikirimçe, Saparmyrat Türkmenbaşy zamanynyň esasy aýratynlyklarynyň biri şu zamanda türkmen milletiniň taryhy döredijilik ukyplarynyň iň ýokary derejede ýüze çykanlygyndan ybaratdyr. Millet öz ýurduna, öz ykbalyna eýe boldy. Millet öz-özüni döretmäge bolan mümkinçiligi aldy. Şu zamana çenli durmuş, taryh milleti amal edýärdi, indi millet durmuşy, taryhy amal edýär.
Saparmyrat Türkmenbaşynyň taryhy-döredijilik taglymatynyň esasy ugurlarynyň biri täze jemgyýeti döretmek baradaky pikirleridir. Täze jemgyýet döretmek hakynda Saparmyrat Türkmenbaşy şeýle diýdi:
«Döwlet gurmak ýeňil. Onuň kanunlaryny ýazsaň, döwlet gurup bolýar. Ýöne jemgyýet gurmak iňňän kyn mesele. Sebäbi jemgyýetiň esasy adamlardyr. Jemgyýetiň pikiri – köpçüligiň pikiridir, jemgyýetiň işi – köpçüligiň, halkyň işidir».
Döwlet bilen jemgyýetiň arabaglanyşygy hakda biz köp gürrüň etdik. Herhal, döwletsiz jemgyýet bolmaýandygyny ýene bir gezek ýatlasak, artykmaçlyk bolmasa gerek. Beýik Serdarymyz 2002-nji ýylyň Alp Arslan aýynda Türkmenabatda geçen Halk maslahaty mynasybetli ýazan «Türkmen Ruhubelentlikden we Gaýduwsyzlykdan dörän milletdir» atly ajaýyp makalasynda şeýle diýýär:
«Ilkidurmuş obşina gurluşy gaýyba gideli bäri hiç bir jemgyýet döwletsiz ýaşap bilmeýär. Biziň, hatda türkmeniň sekiz ýüz ýyllyk döwletsiz ýaşan asyrlary diýen pikirimizem şonça wagtyň dowamynda türkmende jemgyýeti dolandyryşyň gurallarynyň bolmandygyny aňlatmaýar. Bu ýerde gep türmeniň milli taýdan ýokary galmagyny üpjün etjek syýasy-jemgyýetçilik bitewüligiň bolmandygy barada barýandyr.
Daragta kök gerek,
Köke suw gerek,
Gül bile miwä daragt gerek.
Edil şonuň ýaly, jemgyýete döwlet gerek,
Döwlete-de jemgyýet gerek.
Çünki daragt bolmasa, köküň ne manysy bar, kök bolmasa, daragtyň ne manysy bar?!
Döwlet jemgyýete serenjam berýär hem onuň ýaşaýşyny dolandyrýar. Emma bu hakykat diňe sözüň doly manysyndaky döwlete degişlidir, Aýratyn hem biziň gurýan döwletimize degişlidir».
Eýsem-de bolsa bu döwletiň öňkülerden näme tapawudy bar?!
Meniň pikirimçe, bu sowalyň sada jogaby bar:
Saparmyrat Türkmenbaşy döwlet gurmak hem ony edara etmek, bu arkaly bolsa jemgyýeti amal etmek işini sungat derejesine ýetirdi!
Her bir sada jogabyň özüne ýetiksi çylşyrymlylygy bolýar. Ýokarky jogabyň manysy nämäni aňladýar?!
Sungat diýmek gürrüňini edýän meselämiz bilen baglanyşyklylykda iki sany many jähetini göz öňünde tutýar. Birinjiden, sungat degişli işde tertipliligi, sazlaşygy, nyzamlylygy hem deň ölçegliligi aňladýar. Döwleti edara etmeklige sungat hökmünde seretmek syýasy tilsimliligi, inçeligi hem parasatlylygy göz öňünde tutýar. Ikinjiden bolsa – özem bu biziň häzirki gürrüňimizde esasy zatdyr – sungat diýmek, döretmek, işe döredijilikli çemeleşmek diýmekdir.
Emma döwlet işi arkaly näme döredilýär?
Şu sowalyň iki hili jogabynda-da oňyn döwlet bilen tersin döwletiň arasyndaky çäk görünýär. Tersin döwlet öz-özüne hyzmat etmek, bir öz bähbitlerini döretmek işine gümra bolýar. Oňyn döwlet işi arkaly jemgyýet, ýurt, millet döredilýär. Tersin döwlet ilat, jemgyýet üçin ýapykdyr, ol soňkulardan göwnüni aýry tutýar, jemgyýetden öz syrlaryny ýaşyrýar.
Döwletiň, gürrüňsiz, ýaşyryn syrlary bardyr hem bolmalydyr. Emma olar jemgyýetiň sazlaşygy hem howpsuzlygy bilen baglanyşykly syrlar bolmalydyr. Galan zatlarda bolsa döwlet öz raýatlary hem jemgyýet üçin açykdyr. Şeýle açyklyk jemgyýeti edara etmäge hem dolandyrmaga ýol açýar, adalatlylygy döredýär. Onsoň döwlet jemgyýeti döretmäge puryja alýar. Saparmyrat Türkmenbaşynyň berkarar eden Garaşsyz hem baky Bitarap döwleti gurlan ilkinji gününden başlap jemgyýetiň aladalary bilen meşgul boldy. Netijede bolsa, taryhy taýdan juda gysga wagtyň içinde täze türkmen jemgyýeti kemala getirildi.
Täze türkmen jemgyýeti – türkmeniň durmuşy hem ruhy bitewüligidir. Biz şeýle gysgaça kesgitleme berenimizde, Saparmyrat Türkmenbaşynyň şu teswiriň başynda getirilen pähimli sözleriniň manysyndan ugur alýarys. Jemgyýet, jemagat düşünjeleri jem diýen sözden emele gelýär, jem diýmek bolsa bitewülik, birlik hem-de agzybirlik diýmekdir. Jemgyýet bitewi bir janly göwredir, jemgyýet diýmek milleti durmuşy bitewülik nukdaýnazaryndan göz öňüne getirmekdir.
Saparmyrat Türkmenbaşynyň Ruhnamasyndaky döwlet bilen jemgyýetiň arabaglanyşygyny düşündiren şol sözlerinden jemgyýetiň özboluşly iki bölegi – iki jäheti tapawutlanyp görünýär. Saparmyrat Türkmenbaşymyz jemgyýetiň işi, durmuşy hem jemgyýetiň pikiri hakynda söz açdy. Jemgyýetçilik durmuşy milletiň maddy-güzeran, eýeçilik jähetidir, onuň göwresidir, jemgyýetiň pikiri bolsa jemgyýetçilik aňynyň şekilleri diýilýänidir, ýagny, milletiň ruhudyr.
Türkmenistan döwleti garaşsyz bolandan soň täze türkmen jemgyýetiniň maddy hem eýeçilik esaslary gysga wagtyň içinde tutuldy, täze türkmen döwletiniň gurulmagy türkmen jemgyýetiniň syýasy taýdan kemala getirilmesi boldy. Saparmyrat Türkmenbaşynyň yglan eden 3 ýyllyk Maksatnamasy, «On ýyl Abadançylyk» Maksatnamasy türkmen jemgyýetini gutarnykly suratda döretdi. Biz sözüň hakyky manysynda Täze türkmen milletiniň esasy goýuldy, dünýäniň içinde Täze türkmen dünýäsi döredi, onuň bitewüligi binýatlarynyň berkligi mynasybetli mizemezdir diýip, aýdyp bileris.
Türkmenistanda täze ykdysadyýet – täze senagat kärhanalary, zawod-fabrikler döredildi.
Jemgyýetiň täze durmuşy-eýeçilik gurluşy kemala getirildi, onuň esasynda hususy eýeçiligiň döwlet eýeçiligi bilen utgaşygy ýatýar, özem şunda esasy agram hususy eýeçilige berilýär. Netijede täze jemgyýetçilik gatlak – täze türkmen baýlary döredi. Döwletiň durmuşy daýanjy bolan täze gatlak sany boýunça örän köpdür.
Garaşsyzlygyň başky üç ýylynda jemgyýetiň syýasy esaslary gutarnykly suratda goýuldy – ýurtda Prezident dolandyryşy girizildi, Ministrler Kabineti, Mejlis, Halk Maslahaty, häkimiýetiň ýerli dolandyryjylary – häkimlikler döredildi. Ýurduň hukuk goraýyş ulgamy, Milli Goşun, Serhet gullugy döredildi. Saparmyrat Türkmenbaşynyň syýasy-döwlet döredijilik işiniň aýratyn möhüm bir bölegi – milli walýutanyň işe girizilmegi amal edildi. Bu Türkmenistan döwletiniň maliýe-ykdysady garaşsyzlygy ugrundaky örän möhüm ädim boldy.
Türkmenistanyň doly azyk garaşsyzlygy üpjün edildi.
Şeýlelikde, türkmen jemgyýetiniň göwresi amal edildi. Jemgyýetiň aň şekilleri Saparmyrat Türkmenbaşynyň irginsiz aladalary bilen kemala getirildi. Şu ýerde jemgyýetçilik aňynyň görnüşlerini ýatladyp geçäýeýin. Olar şu aşakdakylardyr:
– ahlak
– sungat
– pelsepe
– din
– ylym
– syýasy aň
– jemgyýetçilik serhaly.
Geçen ýyllaryň içinde Türkmenistanda jemgyýetçilik aňyň milli mazmunly görnüşleri tebigy suratda kemala geldi. Döwlet tarapyndan yglan edilen dürli syýasatlar, täze türkmen elipbiýiniň girizilmegi, dürli täze milli baýramçylyklar adamlarda täze jemgyýetçilik aňynyň barha çalt döremegine ýardam edýärler. Türkmen gitdikçe bir ruhy-maddy bitewülige öwrülip barýar.
Türkmen barha türkmenleşýär.
Her bir şahsyýet özüniň uly bitewüligiň bir bölejigidigine düşünip ugraýar. Munuň özi örän beýik hadysadyr, bu sözüň hakyky manysynda türkmeniň gaýtadan döreýändigini, täze Türkmen milletiniň esaslarynyň goýulýandygyny görkezýär. Türkmen dili – türkmen dünýäsiniň ýaşaýyş ebeteýi bolan dil döwlet derejesine çykaryldy. Many gatbarlaryňa, duýgy öwüşginleriňe, pikir ýokundylaryňa döneýin, türkmen dilim!
Türkmen dilinde, türkmeniň dilinde şeýle bir çuňňur durmuşy hem adamkärçilik manyly söz bar: Adam sanyna goşulmak. Nähili çuň many!
Saparmyrat Türkmenbaşy türkmeni millet sanyna goşdy.
Biziň Saparmyrat Türkmenbaşymyz dünýäleriň içinde Täze bir dünýä – Türkmenistan diýen dünýäni döretdi. Şol dünýäniň ylalaşykdan hem asudalykdan ybarat bolan altyn guşagy bolsa täze türkmen jemgyýetidir. Şeýle jemgyýeti döretmek üçin Saparmyrat Türkmenbaşy özüniň deňsiz-taýsyz şahsy gujur-gaýratyny sarp etdi, gije ýatman, gündiz oturman, türkmeni Türkmen etmek üçin ymgyr uly zähmet çekdi. Şeýle jemgyýete ýetmek üçin Saparmyrat Türkmenbaşynyň şahsyýetinde türkmeniň ikimüňýyllyk döwlet paýhasy, taryhy-ruhy tejribesi jemlenmeli boldy. Şol paýhas hem tejribe Milli Galkynyş hereketi, «On ýyllyk Abadançylyk» syýasatlary, Ruhnama taglymaty görnüşinde şamçyrag bolup halkyny taryhy belentliklere alyp gitdi.
«Milli Galkynyş hereketi näme?
Bu Garaşsyz Türkmenistany ýakyn ýyllarda dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna çykarmak, onuň halkynyň eşretli, bagtly ýaşamagy ugrundaky ählihalk göreşidir. Bu göreş – parahatçylygy, agzybirligi, jebisligi, tutanýerli zähmeti baýdak edinen halkyň öz bagtyna ýetmek ugrundaky mukaddes göreşdir. Bu göreş ata Watanda – Türkmenistanda ösen ykdysadyýeti, ylmy, medeniýetli, ajaýyp ýaşaýyş we durmuş şertlerini döretmek ugrundaky göreşdir. Bu göreş türkmen halkynyň at-abraýyny, mertebesini arşa götermek üçin alnyp barylýan göreşdir».
Milli Galkynyş hereketiniň yglan edilen geçen ýyllaryň içinde kabul edilen maksatnamalaryň tas hemmesiniň bitirilendigini görýärsiň. Saparmyrat Türkmenbaşynyň 1991-nji ýylda yglan eden «On ýyl Abadançylyk» syýasatynda şeýle anyk maksatlar göz öňünde tutulypdy:
«Biziň ahyrky maksadymyz mähriban Türkmenistanymyzda, eziz diýarymyzda dünýewi, demokratik, hukuk döwletini gurmak we ýakyn ýyllarda iň ösen döwletleriň hataryna goşulmakdyr. Alynky maksadymyz bolsa 2000-nji ýyla çenli ähli babatda garaşsyzlygymyza doly eýe bolmakdyr, imperiýadan miras galan yzagalaklykdan çykyp, iň ösen döwletlere tarap bat almak üçin zerur bolan ykdysady we durmuşy, syýasy kuwwatymyzy düýpli ösdürmekden ybaratdyr».
Şu gün Saparmyrat Türkmenbaşynyň göz öňünde tutan şol maksatlary doly amal edildi diýip aýtmak bolar. Hususanam 2000-nji ýyla çenli ähli babatda garaşsyzlygy gazanmak meselesi. Ähli babatdaky garaşsyzlyk – ykdysady, syýasy we ruhy garaşsyzlykdyr.
Ykdysady garaşsyzlyk – maliýe garaşsyzlygy, milli puluň girizilmegi hem durnukly saklanmagy bilen, azyk garaşsyzlygy – halkyň bir ýylda sarp edýän gallasynyň iki esseden-de gowrak alynmagy, ykdysady garaşsyzlyk – türkmen gazynyň dünýä bazaryna çykarylmagy bilen amal edildi.
Syýasy garaşsyzlyk – Bitarap Türkmen döwletiniň döremegi bilen gazanyldy.
Ruhy garaşsyzlygymyz bolsa Mukaddes Ruhnama arkaly üpjün edildi. Şeýlelikde, sözüň iň adaty hem asyl manysynda biz Garaşsyzlygyň geçiş döwründe göz öňünde tutulýan wezipeleri, Maksatnamany doly ýerine ýetirdik! Munuň özi Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň ýolbaşçylygynda azatlyga hem erkinlige çykan türkmen halkynyň gazanan örän uly taryhy üstünligidir. Şeýle üstünligi diňe beýik baştutany bolan halk gazanyp bilýär.
Täze türkmen jemgyýetini gurmagyň Türkmenbaşyçylyk uslybynda iki sany esasy pursat jemgyýetşynasyň gözünden sypmasa gerek. Şol pursatlaryň birinjisi bir jemgyýetden başga bir jemgyýete geçmekde tapgyrlylygy, altyn geçişi üpjün etmekdir. Şu meselede Saparmyrat Türkmenbaşy şeýle diýdi:
«Jemgyýeti özgertmek, ykdysady modeli, sosial psihologiýany özgertmek üçin belli bir tapgyrlary geçmek zerurdyr».
Ol ýene şeýle diýdi:
«On ýyl – munuň özi jemgyýetiň bir ýagdaýdan hil taýdan başga ýagdaýa geçmeli döwrüdir. Ol kem-kemden, sarsgynsyz we zorluksyz geçmelidir».
Ol ýene-de şeýle diýdi:
«On ýyl Abadançylyk» – munuň özi biziň jemgyýeti ýuwaş-ýuwaşdan, sosial ýitgisiz we sarsgynsyz, bir ýagdaýdan beýleki ýagdaýa geçirmegi göz öňünde tutýan strategik ýolumyzdyr».
Saparmyrat Türkmenbaşynyň jemgyýeti tapgyrlaýyn hem sarsgynsyz özgertmek baradaky taglymatynyň taryhy-serhal, durmuş esaslarynyň netijeliliginiň, bu ugurda bitirilen amallaryň aýratynlyklarynyň ylmy jähetden düýpli öwrenilmegi zerur. Çünki bu amaly tejribeler dünýä jemgyýetçiliginiň pajarlap ösmeginde köp döwletlere oňaýly, amatly sapaklary berip biler. Munda Saparmyrat Türkmenbaşynyň jemgyýetçilik kanunlaryna we ösüşine içgin beletligi hem-de dünýäniň, özgeleriň taryhy tejribesinden sapak alşyny görýärsiň. Galyberse-de, her bir işde, onda-da ýokarkylar ýaly tutumly işlerde oýlanyşykly, ölçäp-döküp hereket etmek türkmeniň milli serhalyna mahsus zatdyr. Saparmyrat Türkmenbaşy halkynyň bähbidini ähli zatdan ileri tutan, öz milletini, her bir raýatyny gözüniň göreji ýaly gören milli baştutanydy. Onuň «Bize adam heläkçiligi bilen gazanylan demokratiýa gerek däl» diýen sözleri bu beýik Ynsanyň şahsyýetinde gaty köp zatlary açýandyr. Jemgyýeti şeýle asuda özgertmek taglymatynyň hem akyl, hem ahlak manylary çuňňurdyr.
Jemgyýetşynaslygyň türkmenbaşyçylyk taglymatynyň ikinji möhüm pursady jemgyýeti ähli halkyň, her bir raýatyň irginsiz zähmeti hem beýik ruhy ýokary göterilişi esasynda özgerdip boljaklygy baradaky pikirdir. Irginsiz beden zähmeti, irginsiz akyl zähmeti – ine, jemgyýeti hil taýdan özge bir ýagdaýa getirmegiň baş esasy:
«Hiç bir ýurt zähmetsiz baý bolýan däldir. Biz öz bagtymyzy halal zähmetimiz bilen hem akylymyz bilen gazanýarys. Ony gorap saklamak bilen gazanýarys».
«Biz nähili işleri ýerine ýetirýän hem bolsak – okasak-da ýa-da işlesek-de, öz zähmetimiziň halk üçin berýän netijeleri barada oýlanmalydyrys».
«Adalatly jemgyýeti gurmagy ýüregimize düwdük. Bu gün men türkmenistanly ýaşlaryň ýüzünde buýsanç alamatlaryny görüp, bu belent maksadymyza ýetjekdigimize we Garaşsyz döwletimiziň parlak geljegine, ertirki gününe ynamyňyzyň berkeýändigine göz ýetirdim».
Taglymatyň şu iki tarapyndan şeýle paýhas gurluşy gelip çykýar: kanagat hem zähmet. Ahlak ölçegleriniň durmuşy-nazary derejä çykarylmagy Saparmyrat Türkmenbaşynyň jemgyýetşynaslyk taglymatynyň Azadynyň hem Magtymgulynyň jemgyýetçilik pikirleri bilen ýakynlygyny görkezýär.