|
SÕÝÜBERERIN
Sen meni kalbyñdan kowup bilmersiñ,
Õmrüñde kuýaş dek parlabererin.
Müñ ýyl garrylyga gideniñde-de,
Seni saba deýin garşy alaryn.
Ýüregimiñ tõrüne salyp suratyñ,
Heýkeliñ sünnäläp oýubererin
Gyzgyn mährin isläp, ýaýyp ganatym,
Alyslarda seni küýsäbererin.
Adyñy daglara ýazaryn diýip,
Gülleñ gunçasynda uklabererin
Ýok, mensiz geljegiñ bolmaz büs-bütin,
Men seni her ýerden gõzläbererin.
Iñ soñky damja men ýeke täk gõrnüş,
Diñe sen iç diyip gyssabererin.
Ýollarymda galdy iñ soñky durmuş,
Õlsemem sõýgiñi isläp õlerin.
Dursunbägül YBADULLAÝEWA.
|
Категория: Goşgular |
Просмотров: 530 |
Добавил: Nurdan
| Теги: Dursunbägül Ybadullaýewa
| Рейтинг: 3.0/1 |
Awtoryň başga makalalary
Goşgular bölümiň başga makalalary
Teswirleriň ählisi: 1 | |
0
1
Boldumsazly
(22.11.2018 07:54)
Nähili şahyr bu?
|
|
|
|