06:52 Şygyr talañçylaryna | |
ŞYGYR TALAŇÇYLARYNA
“Ýazdym” diýip ýazman, ile ýazdyran, Bilýäs niçe “şahyrlary”. Galjak bolup il ýadynda, Ýitip giden pahyrlary. Bular şygyr gassaplary, Köl däl-de, çöl guwwaslary. Pyragy däl, şaapbaslary, Mülki şygyr talaňynda. Bolupdy, hem bolar belki, Ýöne ile bolar gülki. Ýükleriniň ýüpi selki, Pytrar depe, alaňymda. Bagbansyz bag eňňeredir, Eşek bary aňňyradyr. Wagt geler möňňüredir, Galar şeýtan ýalanynda. 04.06.2023. | |
|
√ Bagyşla! / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Yzany yşkyma ýamag etdim / Goşgular - 15.04.2024 |
√ Rubagylar / Goşgular - 01.01.2024 |
√ "Gitdim senden ilerledip ümzügi..." / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Lenç edilen nakyl / Goşgular - 05.02.2024 |
√ Ömrümiñ manysy bolmaly zenan / Goşgular - 05.02.2024 |
√ Estagfurullaly bentler / Goşgular - 14.02.2024 |
√ At galar / Goşgular - 11.02.2024 |
√ Siziñki / Goşgular - 30.01.2024 |
√ Победителям / Goşgular - 29.02.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |