16:09 Terk edilen köne ýurduñ... | |
TERK EDILEN KÖNE ÝURDUÑ...
Terk edilen köne ýurduñ ýolunda, Sal-sal duýgulary gursagma gaplap. Gulply gapylardan haraý gözleyän Akylly pikirleñ üstünden ätläp. Gury baglañ saýasynda saýalap, Ýyrtyk meşikleri atdyrýan hallan. Azansyz minara mañlaýmy diräp, Dogasyz dilegme agtarýan dalla. Nemi kepäp joýalanan ýaplardan Teýimlik topraga kylyp synjamy... Gün öñünde elim serip gygyrýan, "Takdyr ýygna! ýalñyzlykda ynjany" ...Ne-hä ýygnaýan bar, ne-de nem bilen, Ýaryk dodaklarmy öllän jemende. Owal betbagt bolup dogan egsige, Tutyş ömür ýaran bormyş keminden. Syrdaş saýyp, erksiz galan ruhuma, Ýorgutsyz düýşlermiñ basan garasyn... Men henizem ýalñyzlykda otyryn, Saklap terk edilen ýurduñ gyrasyn. Laçyn ÖWEZOWA. | |
|
√ Soltan / Goşgular - 27.03.2024 |
√ Erjellik / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Was-wasylara... / Goşgular - 23.01.2024 |
√ Победителям / Goşgular - 29.02.2024 |
√ Ömrümiñ manysy bolmaly zenan / Goşgular - 05.02.2024 |
√ Dünýe... / Goşgular - 11.02.2024 |
√ Meniñ monologym / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Owadan pyçak hakynda erteki / Goşgular - 09.04.2024 |
√ "Diýdiñ: Gelin bolup görkezeýinmi?.." / Goşgular - 14.02.2024 |
√ Şert / Goşgular - 09.02.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||